Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekkili iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekkili iş maslahatyny geçirdi

view-icon 699
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň birnäçesiniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Nobatdaky maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň barşy, ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa söz berdi, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň milli medeniýeti we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini göz öňünde tutup, gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýn işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer milli Liderimize 5-7-nji sentýabrda “Awaza- 2012” atly halkara sergisiniň, sungat festiwalynyň we ylmy maslahatyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy. Şonuň çäklerinde Hazaryň kenar ýakasynda türkmen we daşary ýurtly döredijilik işgärleriniň – sazandalaryň, aýdymçylaryň we tansçylaryň, ýazyjylaryň we şahyrlaryň, suratkeşleriň we beýlekileriň gatnaşmagynda dürli medeni çäreler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygyny, dürli halklaryň medeniýetleriniň özara gatnaşygyny işjeňleşdirmek hem-de netijeli hyzmatdaşlygy, ylmy we döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek, türkmenistanlylary häzirki döwürde dünýäde tehnologiýalar, innowasiýalar, sungat we beýleki ulgamlar boýunça gazanylanlar bilen tanyşdyrmak maksadynda beýleki döwletler bilen özara arkalaşykly hereket etmegiň täze ugurlaryny ýola goýmak arkaly geçiriljek bu çäräniň möhümdigine aýratyn üns berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Awaza-2012” atly çäräniň guramaçylyk taýdan göwnejaý derejede geçirilmegi hem-de oňa gatnaşýanlaryň ählisi üçin örän oňaýly şertleriň döredilmegi barada alada etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, bu uly möçberli çäräniň halkymyzyň myhmansöýerligine mahsus bolan gadymy ýörelgeleriň beýany bolmak bilen çäklenmän, döwletleriň arasyndaky gatnyşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjak täsirli, uly we ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrülmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bizde uly möçberli baýramçylyk dabaralaryny geçirmek boýunça baý tejribäniň toplanandygyny, ýöne bu işde täze , döwebap çözgütleri tapyp, olaryň ýurdumyzy medeni taýdan ösdürmek, köpçülikleýin medeni-bilim işini kämilleşdirmek, türkmen ýaşlarynyň döredijilik babatdaky işjeňligini höweslendirmek, milli mirasy öwrenmek, ruhy ösüş bilen bagly maksatlara ýetilmegine gönükdürilmelidigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýhasly halkymyzyň yhlasy siňdirilen ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligini we owadanlygyny, ynsan gylyklylygyny, ýyndamlygyny giňden wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň teleoperatorlarynyň we fotožurnalistleriniň arasynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli döredijilik bäsleşiginiň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, wise-premýere bu babatda guramaçylyk çärelerini görmek barada görkezme berdi.

Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwletiň durmuş syýasatyny hem-de ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem ýurdumyzda her ýylyň 12-nji sentýabrynda bellenip geçilýän Ruhnama gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, sportuň we syýahatçylygyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini we bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagyna gös-göni ýardam bermäge gönükdürilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlaryň ösüşine durmuşdan ugur alýan hem-de adamlaryň ýaşaýşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegine, olaryň mümkinçilikliriniň äşgär edilmegine gönükdürilen syýasaty ýöredýän döwletimiz tarapyndan elmydama aýratyn ähmiýet beriljekdigini we şu ulgamlardaky wezipeleriň berjaý edilmeginiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere muňa geljekde-de berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ruhnama gününi bellemek baradaky meselä geçip, bu edebi-taryhy eseriň üçünji müňýyllygyň iň uly ylmy-pelsepewi işleriniň biri bolup durýandygyny hem-de şonda halkymyzyň taryhy geçmişiniň, onuň durmuşdaky ýörelgeleriniň, milli däp-dessurlaryň, ynsanperwer gymmatlyklaryň öz beýanyny tapandygyny aýtdy. Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň milli medeniýetimiziň aýratynlyklary, türkmenleriň isleg-arzuwlary, maksada okgunlylygy we pähim-paýhasy barada söz açýan Ruhnamanyň halkymyzyň ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri mundan beýläk-de dabaralandyrmak, ýaşlary watançylyk we ynsanperwerlik, belent milli ruhy we ahlak gymmatlyklaryna ygrarly bolmak ruhunda terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, wise-premýere bu şanly senä bagyşlanylan ähli çäreleriň guramaçylyk taýdan göwnejaý derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa täze taryhy eýýamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadynyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň yzygiderli ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, deputatlaryň ýerlerdäki işiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz parlamentarileriň welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, häzirki wagtda ata Watanymyzyň rowaçlygyny, tutuş türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleriň many-mazmunyny we maksatlaryny ilatyň giň gatlaklaryna düşündirmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmalydygyny aýtdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştatunymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň amala aşyrylyşy barada aýtmak bilen, alnyp barylýan desgalara gurluşyk materiallaryny öz wagtynda eltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň okgunly ösüşinde gurluşyk senagatynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň durmuş-ykdysady düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurtda halkymyzyň ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyny ugur edinip gurulýan ähli desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, netijeli ugurlaryň we binagärlik hem-de inženerçilik çözgütleriň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Bu ugurdaky gürrüňi dowam etmek blen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl ulanmaga beriljek, hususan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalara aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň hasabat bermegi bilen dowam etdirildi, ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de maliýe-ykdysady topluma degişli edaralaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şonda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan maliýe syýasatynyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagyna we türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdürilen uly möçberli ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýändigi bellenildi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşy barada gürrüň berdi, şonuň çäklerinde ähli welaýatlarda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ösüşi boýunça pudaklaryň garamagyndaky utgaşdyryjy düzümleriň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň maliýe ýagdaýy boýunça monitoringi yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýerden şol düzümleriň maliýe-hasabat boýunça tertip- düzgünini ýokarlandyrmak we degişli resminamalary işläp taýýarlamagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleri görmegi talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň, hususan-da obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň haýal-ýagal alnyp barylýandygyna, möhüm ähmiýetli binalary we desgalary gurmak işleriniň gijikdirilmän ýerine ýetirilmegine ýeterlik derejede gözegçilik edilmeýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer A. Goçyýewe berk käýinç yglan edildi hem-de emele gelen ýagdaýy jikme-jik seljermek we bar bolan kemçilikleriň ählisini gyssagly ýagdaýda düzetmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi berk talap etdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew bilen Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow bilelikde çagyryldylar. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdayý hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň demir ýol ulaglary düzüminiň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda ýolagçy gatnadylmagynyň we ýük möçberlerini artdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem düzümiň tehniki parkyny netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hasabatyň barşynda ýurdumyzyň çäginde halkara derejesindäki ulag ugurlaryny giňeltmek, olaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hem hasabat berildi.

Ýurduň ykdysady we üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ulag pudagyna möhüm orun degişlidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol ulaglary pudagy ulgamyň möhüm bölegi bolup durýar we onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, degişli düzümiň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemişe üns berilmelidigini aýtdy.

Ýurdumyzyň çäginde gurulýan halkara derejeli ulag ýollary Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ugur bolmak bilen, ol özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine hyzmat eder diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we täze gurulýan desgalaryň depginlerini ýokarlandyrmagy wise-premýerden talap etdi. Ulag ýollarynyň ugrunda gurulýan degişli desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýere halkara ähmiýetli ýollaryň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, pagta ýygymynyň, bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde sebitde durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň gurluşygy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ilatymyz üçin döredilýän amatly şertler barada aýtdy. Mundan başga-da, häkim welaýatyň senagat düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, pagta ýygymynyň depginlerini güýçlenldirmek babatda welaýatda durmuşa geçirilýän çäreleriň derejesini artdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işleri göwnejaý alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Häzirki döwürde dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän şypahana-dynç alyş merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän sebitleýin we halkara derejesindäki çäreleriň ýokary guramaçylykda guralmagy ugrunda taýýarlyk işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Sebitde alnyp barylýan gurluşyklar barada aýdylanda bolsa, desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi hem-de olaryň geriminiň giňeldilmegi barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewiň birnäçe düzümleriň we guramalaryň maliýe-ykdysady işine geçirilen barlaglaryň netijeleri baradaky hasabatyny diňledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty jemläp, döwlet maksatnamalary we ösüş meýilnamalary bilen kesgitlenen umumymilli wezipeleriň çözülmeginde ähli pudaklarda sazlaşykly işiň ýola goýulmagyny talap edýär diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylygyň üpjün edilmeginde, döwlet emläginiň we maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynda, häzirki ýagdaýa we strategik taýdan meýilleşdirme işleri geçirilende döwlet gözegçiliginiň ýokary edarasynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz B.Atdaýewe seljerme ugurlaryny işläp taýýarlamakda barlag-syn beriş çäreleriniň usullaryny önümçilige oranşydrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowy çagyrdy. Ol özüniň gözegçilik edýän pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Adamlaryň saglygy hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygideri kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda pudagyň öňündegoýlan wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmeleriň derwaýysdygyny belledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, lukmançylyk ylmyny höweslendirmek, keselleriň öňüniň alnyşyna we bejerilişine öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, bu babatda dünýäniň iň oňyn tejribelerini öwrenmek ýaly meseleleriň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan pudagyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen “2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň derman senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişinde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi hem-de ilatyň zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjünçiligine gözegçiligi gowşadandygy üçin G.Elýasowyň işine düýpli nägilelik bildirdi we işleri talaba laýyk guramak barada oňa anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň sagaldyş-dynç alyş düzüminiň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ministre bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy M.Balakaýew wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly çykyş edip, pudakdaky işleriň ýagdaýy hem-de döwrebap we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudagyň desgalarynyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, önümleriň, şol sanda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna zerur bolan mineral dökünleriň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp ýurdumyzyň çig mal babatda örän uly binýady bolan hem-de milli ykdysadyýetimiziň geljegine uly umyt baglanýan pudaklaryň biri hasaplanýan himiýa senagatynyň düşewüntliligini artdyrmak boýunça yzygiderli ädimleriň ädilmeginiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz örän uly senagat toplumyny - Lebap welaýatynyň Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag magdanlaryny baýlaşdyrýan toplumyny gurmak boýunça işleriň depginini düýpli güýçlendirmek bilen bagly gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmegini talap etdi, bu toplum diňe bir pudagy däl-de, tutuş milli ykdysadyýeti ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Onuň çäklerinde welaýatlarda şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyzyň ýörite Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, oba ýerlerini abadanlaşdyrmak we häzirki zaman düzümini kemala getirmek ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. Maksatnamanyň düzgünlerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda obalary, şäherçeleri, ertaplardaky şäherleri we etrap merkezlerini ýakyn geljekde ösdürmegiň esasy ugurlarynyň Meýilnamasy durmuşa geçirilýär, şeýle hem sebitlerdäki desgalaryň gurluşygy dowam edýär we bar bolanlarynyň durky täzelenýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurduň ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi, maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, ýerlerde täze iş orunlarynyň döremegi, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň durmuş goraglylygynyň ýokarlandyrylmagy ýokarda agzalan maksatnamanyň ähmiýetli ugurlary bolup durýar diýip belledi. Sebitlerde durmuş-inženerçilik düzümini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ähli meýilnamalaryň bellenilen möhletlerinde ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda onuň depginlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesini gowulandyrmak babatda hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň barşyna ünsi çekip, bu jogapkärli möwsümleýin işiň depginleriniň ylalaşyp bolmajak ýagdaýda juda pes depginlerde alnyp barylýandygy üçin welaýatyň häkiminiň işine düýpli nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz ýygymda ýol berilýän kemçilikleri tiz düzetmek, zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň alyn deri, yhlasly zähmeti arkaly ösdürilip ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ähli zerur guramaçylyk çäreleriniň görülmegini talap etdi we we bu jogapkärli işiň bellenilen meýilnamadan yza galmaly däldigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek, durmuş ulgamyna degişli çäreleri döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sebitde guralýan dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sebitiň ilaty üçin döredilýän şertleriň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýyladyş desgalaryny möwsüme çenli abatlamak bilen baglanyşykly işleriň alnyp barlyşy hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandymagyň zerurdygy barada aýdyp, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamak işleriniň göwnejaý guralmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, gurulýan desgalaryň ýagdaýyna aýratyn ünsi çekdi we welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň derwaýysdygyny hem-de şanly senelere zerur derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow sebitde bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada aýtmak bilen, welaýaty ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde alyp barylýan işler, gurulýan desgalaryň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak baradaky meselä ünsi çekip, bu işde degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýetişdirilen pagta hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagy we kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleriniň göwnejaý guralmagynyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz häkime milli maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikda saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirlýän iş maslahatyna Mary welaaýtynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda gurulýan desgalaryň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, gyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylmalydygyny aýdyp, bu möhüm işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň milli maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen asylly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi häzirki döwrüň möhüm talabydyr.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim hasabatynda paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, hususan-da, şäher gurluşyk-binagärlik maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hemmetaraplaýyn okgunly ösýän paýtagtymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Aşgabatda degişli inženerçilik ulgamlaryny we desgalary, ýollary hem-de beýleki düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz şäheriň arassaçylygyna, abadançylygyna degişli wajyp meseleleriň üstünde durup geçip, paýtagtymyzda ähli durmuş ulgamlarynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen ähli wezipeleriň üstünlikli çözülmegine oýlanyşykly hem-de jogapkärçilikli çemeleşmeleriň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.