Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň ýaşaýyş-durmuş düzümini has-da ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň ýaşaýyş-durmuş düzümini has-da ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

view-icon 713
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýegeleýewiň we H.Muhammedowyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ony abadanlaşdyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okgunly depginler bilen durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň ilkinji nobatdaky meselelerini nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurdaky ähli işler nusgalyk derejede bolmalydyr hem-de häzirki zaman binargärlik ulgamynyň öňdebaryjy gazananlaryny, bezeg we inženerçilik-tehniki çözgütleri, şol bir wagtyň özünde bolsa, türkmen halkynyň gadymy şöhratly ussalarynyň däpleri, milli binagärlik we bezeg ýörelgelerini özünde jemlemelidir.

Hut şu nukdaýnazardan bu ýerde şäheri abadanlaşdyrmagyň geljegini nazara almak bilen, baş şäherimiziň göwnejaý durmuşyny üpjün etmegiň aýrylmaz şerti bolan Aşgabadyň çäklerinde bezeg işleri, paýtagtymyzy gülzarlyga öwürmek we şäheriň durmuş ulgamynyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şäherde gök zolaklary döretmek we beýleki ugurlary boýunça taýýarlanan taslamalar görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, Aşgabady abadanlaşdyrmagyň möhümdigini we biziň gözel paýtagtymyzyň şaýollarynyň, köçeleriniň, seýilgähleriniň we suw çüwdürimleriniň şäheriň gözelligini artdyrmalydygyny, olaryň halkara ülňülerine gabat gelmelidigini aýratyn belledi we şunuň bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda ýolagçy ulaglarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, şäheri mundan beýläk-de yzygiderli abadanlaşdyrmak we onuň arassaçylygyna ünsi güýçlendirmek, hususan-da, bu ýerde adamlar üçin döredilýän amatlyklaryň şäheriň bezegi bilen göwnejaý utgaşdyrylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäher ýollarynyň we ýanýodalarynyň, gül ekilen aýmançalaryň hem-de gök zolaklaryň göwnejaý derejede saklanmagy ugrunda yzygiderli alada edilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar boýunça birnäçe bellikleri aýtdy we olara degişli düzedişleri girizdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzda gurulýan ähli desgalarda häzirki zaman gurluşyk ülňüleri milli binagärlik äheňleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir.

Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän ýol geçelgelerini, köprüleri abadanlaşdyrmak, döwrebap duralgalary gurmak hem-de türkmen halkynyň milli ruhuna kybap gelýän görnüşdäki yşyklandyryş ulgamyny çekmek boýunça taýýarlanan taslamalar görkezildii.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen tanyşmagyny dowam edip, gurulýan desgalarda, seýlgählerde, geçelgelerde häzirki döwrüň talaplaryny nazara almagyň zerurdygyny belledi we bu babatda türkmen halkynyň bezeg aýratynlyklary babatdaky ýörelgeleriniň işjeň peýdalanylmalydygyny, şeýle hem olarda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen bir hatarda, desgalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak we beýleki zerur ulgamlary çekmek ýaly meseleleri oýlanyşykly çözmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, degişli ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine we gurulýan desgalarda işleriň hiline berk gözegçilik etmegi tabşyrdy we olara işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.