Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri jenap Taner Ýyldyzy kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duduşykda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň we ýurduň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň tüýs ýürekden iberen hoşniýetli sözlerini, tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, ýurduň mundan beýläk-de ykdysady taýdan gülläp ösmegi barada aýdan arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede Garaşsyz Bitarap Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we doly möçberli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen Lideriniň geçen aýda Türkiýä bolan iş sapary we onuň çäklerinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen asyrlarboýy berk dostluk gatnaşyklary bolan doganlyk ýurduň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy we häzirki taryhy döwürde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gyzyklanmalara jogap bolýan derejede hil taýdan täze belentliklere çykandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine ägirt uly täsirini ýetiren birnäçe bilelikdäki taslamalar birek-birege ynanyşmak, deňhukuklylyk esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türk tarapyna ýakynda ýokary derejede geçirilen duşuşykda bildirilen myhmansöýerlik we çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň anyk netijelere gönükdirilen işjeň häsiýete eýe bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Parlamentara gatnaşyklarynyň berkidilmeginde möhüm orny eýeleýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine çuňňur gyzyklanma bildirilýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz ýakyn günlerde türkmen parlamentarilerinden düzülen wekiliýetiň hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýä gidýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz we Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen belläp, däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda bolsa energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Umumy pikire görä, iki ýurduň hyzmatdaşlygy ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly ugurlara doly gabat gelýär.
Biziň ýurdumyz ägirt uly nebit we gaz gorlaryna eýedir, munuň şeýledigini abraýly halkara bilermenleri tassyk edýär, bu bosa energiýa serişdelerini dürli ugurlar, şol sanda Ýewropa ugry boýunça ugratmagyň durnukly hem-de ygtybarly ulgamynyň döredilmegini şertlendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we dünýä forumlarynyň belent münberlerinden öňe sürýän birnäçe möhüm halkara başlangyçlarynyň hut şu ugra gönükdirilendigini aýtdy.
Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda energiýa serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan milli strategiýasynyň örän uly ähmiýete eýedigini bellemek bilen, myhman Türkiýäniň öz tarapyndan dünýä giňişliginde türkmen tarapynyň oňyn başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga, şeýle hem biziň ýurdumyzyň öňe sürýän ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge we türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köp ugurly ulgamyny döretmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt işewürçiligi üçin örän amatly şertleri üpjün edilen türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Taner Ýyldyz Türkiýäniň kompaniýalarynyň mundan beýläk-de ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ýola goýmaga bolan işjeň çemeleşmelerine ýokary baha berip, asylly däbe hem-de bilelikdäki iş boýunça baý tejribä eýe bolan gatnaşyklaryň ýakyn wagtda milli gyzyklanmalara we iki dostlukly ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän täze many-mazmun bilen üstüniň ýetriljekdigine ynam bildirdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, gün-günden özgerýän we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň aýdyň nyşanyna öwrülen türkmen paýtagtynyň keşbine haýran galýandygyny belledi we tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, durnuklylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.