Şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Hazar deňiz birikmesinde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Mejlisde milli Harby doktrinany durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyşa ukyplylygyny ýokarlandyrmak, parahatçylygyň we ata Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna kanunçylygy we hukuk tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerine we sekiz aýyň jemlerine hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.
Milletiň Lideri ýygnananlary şu gün Hazaryň kenar ýakasynda “Hazar-2012” atly görkezme operatiw-taktiki okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, oňa Harby-deňiz güýçlerinden daşary, milli Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň diýen ýaly, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň we beýlekileriň düzümleri gatnaşdylar.
Döwlet Baştutany bu okuw türgenleşiginiň barşynda biziň harby gullukçylarymyzyň ýokary söweşjeňlik ukyplaryny, has kämil, döwrebap harby tehnikany dolandyrmak we öňde goýlan söweşjeň meseleleri gyssagly ýagdaýda çözmek boýunça başarnyklaryny gorkezendigini aýdyp, şöhratly ata-babalarymyzyň ýörelgelerini mynasyp derejede dowam etdirýän türkmen esgerleriniň mukaddes borjunyň ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini goragynda berk durmakdan, raýatlaryň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyny olaryň parahat durmuşyny we döredijilikli zähmetini goramakdan ybaratdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler barada aýdyp, deňize çykmaga mümkinçiligi bolan islendik döwlete mahsus bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda deňizdäki serhetleriň ygtybarly goralmagyny we howpsuzlygyny üpjin etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň esasy kadalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň ozal işlenip taýýarlanandygyny we tassyklanandygyny ýatlatdy.
Döwlet Baştutany şu günki wakanyň bu Maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnama öwrülendigini aýdyp, şol maksatnama laýyklykda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, Harby-deňiz güýçleriniň maddy tehniki binýadynyň yzygiderli ýagdaýda pugtalanýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli howpsuzlygy pugtalandyrmak we goşunyň goranyşa ukyplylygyny ýokary derejede saklamak boýunça toplumlaýyn maksatnamada Harby-deňiz güýçleri we deňizdäki serhet bölümleri üçin ökde hünärmenleriň taýýarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Hususan-da Harby-deňiz instituty döredildi, şol ýerde ýokary bilimli harby-deňiz ofiserleri, şeýle hem tehniki bilimli orta düzüme degişli hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hemTürkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň deňizdäki bölümleri pugtalandyrylýar, olaryň ygtyýaryna gorag gämileri we beýleki tehnika gelip gowuşýar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi, olar şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň goranyşa ukyplylygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy- tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ökde hünärmenleriň taýýarlanmagynyň kämilleşdirilmegine, harby gullukçylaryň gullugy we durmuşy boýunça göwnejaý şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmäni amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Hasabatlarda bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, halkymyzyň asuda we döredijilikli durmuşyny ygtybarly goramak maksady bilen, Ýaragly Güýçleriň maddy –enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ýokary hünärli harby gullukçylar taýýarlanýar. Şeýle-de watan goragçylary üçin mynasyp gulluk we ýaşaýyş şertleri döredilýär. Şeýle-de maslahatyň barşynda häzirki zaman türkmen jemgyýetinde durmuş we jemgyýetçilik durnuklylygyny ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde alnyp barylýan işler, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berildi. Şeýle-de hasabatlaryň çäklerinde ýurtda kanunçylygyň we tertip-düzgüniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp döwletiň geljekde-de ýurdumyzyň goranyşa ukyplylygynyň zerur bolan derejede saklanmagyna, şeýle hem ata Watanymyzyň goragçylarynyň ýaşaýyş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna degişli meseleleriň çözülmegine uly üns berjekdigini aýtdy.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz milli goşunyň ygtyýaryna gelip gowuşýan has täze harby tehnikany özleşdirmelidigini belläp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli kuwwatynyň diňe parahatçylykly goranyş häsiýetli maksatlara gönükdirilendigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ýöredýän döwlet bolup durýandygyny, onuň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýörite rezolýusiýasy arkaly berkidilendigini we dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendigini hem-de ýurdumyzyň öz Harby doktrinasynyň kadalaryny we boýun alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň, ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganowyň hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçysy E.Patjanowyň, Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurtda syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine ünsi çekip, bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.
Hut şu nukdaý nazardan Hazaryň ekologiýa taýdan türkmen kenarynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi, bu ýerde saglygyňy berkitmek hem-de dynç alyş üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, bu künjekde seýilgäh zolaklarynyň we durmuş ulgamyna beýleki düzümleriniň çäginiň giňeldilmegi syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň baş şertleridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Mundan başga-da maslahatyň barşynda Balkan welaýatynyň häkimi “Awazany” ösdürmegiň çäginde işlenip taýýarlanan taslamalary hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu künjegiň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara “Awazanyň” yşyklandyryş, bezeg aýratynlyklaryna, zolagy gök baglyga büremek işleriniň hem ýokary depginde alnyp barylmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi we işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde deňizde dürli maksatly işleri alyp barmak maksady bilen alnan täze gämileri synlady. Ýurdumyzyň deňiz çäklerinde durmuşa geçirýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenen häzirki zaman gämileriň hatarynda suwasty gazuw işlerini geçirýän, şeýle hem deňziň tebigatyny ylmy esasda öwrenýän we dürli maksatly işleri alyp barmaga niýetlenen gämileriň deňizde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýetiniň boljakdygy gürrüňsizdir.
Döwlet Baştutanymyz gämileriň häsiýetli aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, deňziň çäklerinde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmagy, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň görüljekdigini nygtady we täze gelip gowşan gämileri netijeli ulanmak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Şu gün Türkmenbaşy şäherinde harby gullukçylar üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Täze jaýyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara deňziň kenarynda guralan şanly wakalaryň üstüni ýetirdi. Has oňaýly, otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly, 24 maşgala niýetlenen täze bina ýurdumyzda harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamanyň çäklerinde gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi döwletimiziň Ýurduň ähli ilaty bilen bir hatarda harby gullukçylar üçinem ýokary derejeli amatlyklaryň döredilmegi ugrunda çynlakaý alada edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem bu ýerde kenar ýakasyny gurşap alan şanly wakalaryň hormatyna, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.

* * *