Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag-aragatnaşyk geçelgesiniň möhüm bölegini düzjek Uzen—Gyzylgaýa—Bereket—Etrek—Gürgen transmilli demir ýolunyň bir böleginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başyny başlan bu iri taslamasynyň amala aşyrylmagy sebitde we tutuş Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir, bu bolsa ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň we rowaçlygyň bähbitlerine gabat gelýär.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda we onuň kenar ýakasynda ilkinji gezek geçirilen «Hazar-2012» görkezme taktiki türgenleşik okuwlaryna syn etdi, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Şol gün milli Liderimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny we tutuş ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirdi, şeýle hem dürli maksatly işleri geçirmek üçin satyn alnan täze deňiz gämilerini gözden geçirdi.
Şu gün irden döwlet Baştutanymyz dikuçarda Türkmenbaşy şäherinden Serhetýaka demir ýol menziline tarap ugrady. Bu menzil Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrüljek halkara polat ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Ýol ugrunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guş uçar belentlikden «Demirgazyk—Günorta» demir ýolunyň «Bereket—Serhetýaka» böleginiň we degişli düzümiň desgalarynyň gurluşygynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Serhetýaka demir ýol menzilinden uzakda bolmadyk ýörite taýýarlanan meýdança gondy. Döwlet Baştutanymyzyň bu iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýanynda boldular.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti «Demirgazyk—Günorta» demir ýolunyň bir böleginiň gurluşygynda işleriň barşy bilen içgin gyzyklandy. Soňra döwlet Baştutanymyz otla münüp, Serhetýaka demir ýol menziline tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiz bu ýere gelip, demir ýol menziliniň binasyna girdi. «Consolidated Consultants Engineering and Environment» (Iordan Haşimit Patyşalygy) kompaniýasynyň ýolbaşçysy Haddad Nedal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýerde alyp barýan işleri barada jikme-jik habar berdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyz karara gol çekip, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine bu iordan kompaniýasy bilen Gyzylgaýa—Bereket—Etrek demir ýolunyň Bereket-Serhetýaka böleginde gurluşyk-gurnama işleri amala aşyrylanda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek we Aşgabat—Bereket—Türkmenbaşy demir ýolunyň howa aragatnaşyk ulgamynyň durkuny täzelemek hakynda şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.
Şeýle hem bu ýerde birnäçe desgalaryň, şol sanda Bereket şäheriniň demir ýol menziliniň, wagonlaryň awtomatlaşdyrylan merkeziniň, birnäçe demir ýol depolarynyň, şeýle hem Bereket we Serhetýaka demir ýol menzilleriniň arasyndaky demir ýoluň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürlendi. Olaryň arasynda Serhetýaka demir ýol menzilinde gündogar nusgadaky özboluşly derwezäniň, demir ýol menziliň, wagon deposynyň, şeýle hem dürli maksatly beýleki desgalaryň taslamalary bar. Olar gümrük we migrasiýa gulluklarynyň, arassaçylyk-kesellere garşy göreşmek gullugynyň dolandyryş binalaryny we beýlekileri öz içine alýar. Bulardan başga-da, Serhetýaka demir ýol menzilinde ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesini we myhmanhanany gurmak bellenildi. Bu taslamalar bilen hormatly Prezidentimizi «Net Ýapi» türk kompaniýasynyň baş direktory jenap Jüneýit Kandemir tanyşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen içgin tanşyp, olar babatda birnäçe belliklerini we tekliplerini, hususan-da, demir ýol düzümleriniň ähli desgalarynyň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi we ähli ölçegler boýunça halkara ülňülerine gabat gelmegi barada öz belliklerini aýtdy. Bereket we Serhetýaka demir ýol menzilleri barada aýdylanda bolsa, olarda ýolagçylaryň oňaýlylygy, şeýle hem demir ýol işgärleriniň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli zatlar göz öňünde tutulmalydyr. Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryna ünsi çekip, olar ýaşaýjylar üçin amatly şertleri üpjün etmek boýunça häzirki zaman talaplaryna doly gabat gelmelidir diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbi barada aýtmak bilen, gurluşyk işlerinde öňdebaryjy dizaýnerçilik işläp düzmelerini hem-de milli binagärligiň iň gowy däplerini sazlaşykly utgaşdyrmak bilen inženerçilik-tehniki çözgütleri işjeň ulanmagyň zerurdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutany taslama we gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagynyň, şeýle hem desgalary öz wagtynda ulanmaga bermegiň möhümdigini aýratyn nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serhetýaka demir ýol bekediniň binasyny we käbir otaglaryny gözden geçirdi. Bu ýerde cagaly eneler üçin otag, sagaldyş otagy, mejlisler zaly, aragatnaşyk otagy, ýük bölümi, tilsimat merkezi, elektroenjamlar otagy, demir ýol menziliniň nobatçysynyň otagy bar. Milli Liderimiz demir ýol petekleri satylýan bölümde bu ýerde işleýän gyzlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň iş we durmuş şertleri, şeýle hem demir ýol bekediniň işiniň guralyşy bilen gyzyklandy. Soňra döwlet Baştutanymyz demir ýol menziliniň nobatçysynyň otagyna gelip, bu ýerdäki işler bilen tanyşdy. Demirýolçy bu ýerde işleriň hemmesiniň awtomatlaşdyrylandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz demir ýol menziliniň binasyndan çykyp, «Demirgazyk—Günorta» demir ýolunyň gurluşygy alnyp barylýan şahasynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagyny dowam etdi. Şunda bir zady bellemek gerek, ol hem transmilli demir ýolunyň türkmen böleginiň iň dowamly bolup durýanlygydyr we tutuş taslamanyň möhüm bölegini düzýänligidir. Taslamanyň möhümligi bolsa häzirki döwrüň ýagdaýlary we durnukly ösüşiň ählumumy maksatlary bilen tassyklandy. Täze halkara aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegini gadym döwürlerde biziň ýurdumyzyň çäginden geçen we häzir gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti bilen deňeşdirmek bolar. «Demirgazyk—Günorta» ulag geçelgesi üçünji müňýyllykda çäkleşýän döwletleri baglanyşdyryp, ykdysady peýdadan başga-da, deňhukukly hyzmatdaşlygyň şertlerinde dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna giňden aralaşmak üçin örän oňaýly mümkinçilikleri üpjün eder.
Deslapky çaklamalara görä, uzynlygy 900 kilometrden gowrak bolan «Demirgazyk—Günorta» demir ýoly boýunça ilki başda bir ýylda 3-5 million tonna çenli ýük daşalar, geljekde bolsa olaryň möçberi 10-12 million tonna baryp ýeter. Şeýlelikde, bu transmilli demir ýolunyň ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistan sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da berkider.
Serhetýaka demir ýol menzilinde hormatly Prezidentimiz «Dostluk» myhmanhanasyny hem gözden geçirdi. Milli Liderimiz onuň otaglarynyň amatlyklary bilen gyzyklanyp, myhmanhana hyzmatlaryny kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi. Olar häzirki zaman talaplaryna we türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine gabat gelmelidir.
Soňra hormatly Prezidentimiz demir ýol menziliniň binasyna gaýdyp geldi, bu ýerde milli Liderimiz demir ýol gurluşykçylary bilen söhbetdeş boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan işler, şeýle hem ýol gurluşykçylarynyň iş we durmuş şertleri bilen içgin gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz «Demirgazyk—Günorta» demir ýolunyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, häzirki zaman sebit we halkara ulag düzüminiň aýrylmaz bölegine öwrüljek täze demir ýoly gurmagyň depginlerini artdyrmagyň möhümdigini belledi. Şunda milli Liderimiz bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi 1200-e golaý iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer, bu bolsa ilaty iş bilen üpjün etmek meselesini çözmäge öz oňaýly täsirini ýetirer diýip belledi.
Demir ýol gurluşykçylar hormatly Prezidentimize özleri barada edýän aladasy we pudagyň işgärleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meselelerine berýän ünsi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, şu ägirt uly taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz demir ýoluň gurluşygy bilen bagly gürrüňini dowam edip, degişli ýolbaşçylardan işleri guramak, utgaşdyrmak, ýokary hilli alyp barmak, tehnikalaryň, materiallaryň we enjamlaryň üznüksiz getirilmegini üpjün etmek, demir ýol beketlerini gurmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. «Demirgazyk—Günorta» demir ýoly ähli görkezijiler boýunça ýokary halkara ülňülerine gabat gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm ulag ýoluny hem-de onuň ugrunda bina edilýän desgalary gurmagyň depginlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny ýene bir gezek ýatlatdy. «Demirgazyk—Günorta» demir ýoly ulanmaga berlenden soň, ony ulanmak babatda hem anyk görkezmeler berildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşanda sebitiň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady ösüş işlerine üstünlikli goşulyşmagyna, maýa goýum işjeňligini artdyrmaga, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen häzirki zaman ýagdaýlary bilen baglylykda netijeli halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy üçin şertleriň döredilmegine ýardam etjek bu demir ýoluň häzirki zaman halkara üstaşyr ulag ulgamyny döretmekde ähmiýetiniň uludygyny ýene bir gezek belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serhetýaka demir ýol menzilinden çykyp, otluda dikuçar meýdançasyna tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz özüne garaşyp duran dikuçara münüp, ýoluny dowam etdi. Uçuş mahaly milli Liderimiz Balkan welaýatynyň öri meýdanlaryny synlap, ýurdumyzyň günbatar welaýaty üçin däbe öwrülen we sebitde geljegi uly bolan maldarçylyk pudagynyň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Dikuçaryň üstünden daş-töweregi synlanyňda türkmen topragynyň gözel tebigatynyň ajaýyp görnüşi açylýar. Baý ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolan dünýäniň ägirt uly çölleriniň biri — Garagumuň giňişlikleriniň bir özi uly täsir döredýär. Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň täsin dünýäsine syn etdi. Türkmen tebigatynyň täsinligi hiç bir adamy biparh goýmaýar. Çar tarapy gözýetime çenli uzaýan sary sähranyň keşbinde ynsan kalbyna özboluşly ýakynlyk bar. Ol özüniň tämiz howasy, aýratyn tapawutlanýan haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi we owadan ýaýlalary bilen türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserlerinde wasp edilip, dünýä ylmynyň, jahankeşdeleriniň ägirt uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Garagum sährasynyň howasy hem-de çölüň ekologiýa ýagdaýy bilen birsyhly gyzyklanyp durmagy hormatly Prezidentimiziň türkmen çölüne goýýan belent sarpasyndan nyşandyr.
Milli Liderimiziň Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda, bu ýerde, gum alaňlarynyň arasynda ýerleşýän täsin Ýasga kölüne baryp görmegi hem ynsan bilen gözel tebigatymyzyň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ummasyz tebigy baýlyga hem-de täsin gudrata eýe bolan türkmen sährasynyň keşbinde özüneçekijilik bar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz türkmen tebigatynyň ekologiýa ýagdaýyna, onuň ösümlik dünýäsine aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny belleýär. Döwlet Baştutanymyz Garagum çölüniň durşy bilen keramatdygyny nygtap, bu künjege zyýarata gelmegiň we şöhratly ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmegiň parz işdigini belleýär. Ýasga kölüniň örän ajaýyp aýratynlygy bar. Onuň bir bölegi duzly bolup, beýleki bölegi süýji suwludyr. Görnüşi boýunça naly ýadyňa salýan bu kölde suwuň derejesi tomsuň tüp yssysynda hem peselmeýär. Süýji suwuň bu ýere ägirt uly ýerasty ýatakdan gelýändigi kesgitlendi. Ylmy barlaglaryň netijelerine görä, süýji suwlaryň bu iri ýerasty ýatagy müňlerçe ýyl mundan öň döräpdir we hazire çenli adamlara hyzmat edip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary şu ýerde, Ýasga kölüniň ýanynda gondy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu täsin suw howdanynyň kenaryny synlap, ýanyndaky adamlar bilen söhbetdeş boldy. Gürrüň Türkmenistanyň gaýtalanmajak gözel tebigaty, şol sanda Garagum çöli, onuň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi, ene topragymyzda ösýän, bejerjilik häsiýeti baryp gadym döwürlerde açylan ösümlikleriň peýdaly taraplary hakynda boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işi hem şol ösümliklere we olaryň häzirki zaman lukmançylygynda peýdalanylmagyna bagyşlandy. Türkmen lukmanlarynyň ýankitabyna öwrülen bu köp jiltlik ensiklopedik neşir diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, daşary döwletlerde hem giň meşhurlyga eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň baýlyklaryny artdyrmak we netijeli peýdalanmak meselelerine ünsi çekip, ekologik ugur milli, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýar diýip belledi.
Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek gerek, ol hem Türkmenistanda şu meselä aýratyn üns berilýänligidir. Sebäbi daşky gurşawy goramak, täze «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekologik abadançylygy üpjün etmek meseleleri biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Milli tebigaty goraýyş ulgamy ýylsaýyn köpugurly we netijeli ulgama öwrülip, dünýäde umumy kabul edilen talaplara we ülňülere gabat gelýär. Biziň ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ekologiýa bilen gös-göni baglydyr.
Ekologiýa meselesi ýaly aýratyn möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmak bilen, Bitarap Türkmenistan, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde, şeýle hem beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýun aýynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» atly maslahatynyň işine gatnaşmagy hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bütindünýä maslahatynyň belent münberinde çykyş etmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň ählumumy rowaçlygyň we ösüşiň, adamzadyň bagtly geljegini üpjün etmegiň bähbidine tejribe alyşmaga we umumy tagallalary birleşdirmäge ýardam etjek anyk tekliplerini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz «Rio+20» maslahatynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan milli ösüş meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşip, olary ykdysady, durmuş we ekologik ugurlarda Müňýyllygyň Maksatlaryna laýyk getirýär. Bu babatda daşky gurşaw üçin ýaramaz täsirleri azaltmaga mümkinçilik berýän önümçiligiň, senagat we durmuş düzüminiň gurluşygynyň häzirki zaman ulgamlaryny we usullaryny ornaşdyrmak ileri tutulýan ugur bolup durýar. Türkmenistan bug gazlarynyň howa aralaşmagynyň derejesini azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, senagatda ekologiýa taýdan arassa hem-de serişdeleri tygşytlaýan häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmaga girişýär.
Şu ýyl kanunçylyk esasynda kabul edilen howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa döwletiň önümçilik işiniň ähli esasy ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň görkezijilerine tapgyrlaýyn geçýändigini aňladýar. Biziň ýurdumyz bu resminamany umumy işimize goşant hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümlerine hödürlemäge taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlykda ýöriteleşdirilen düzümi—howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezi döretmegi teklip edýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Rio+20» maslahatynda öňe süren başlangyçlarynyň hatarynda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Sebitara energetika dialogyny döretmek bilen bagly teklip bar. Ol hem ekologiýa meselesi bilen aýrylmaz baglydyr. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy üçin möhüm ugur bolup durýan Hazar deňziniň ekologiýasy bilen bagly meseleleri hem beýan etdi. Milli Liderimiziň beýan eden ýene bir möhüm başlangyjy, ol hem Araly halas etmegiň meselelerini çözmek bilen baglydyr. Şeýlelikde, bularyň hemmesi türkmen döwletiniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge we dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz söhbetdeşligi jemlemek bilen, türkmen halky asyrlaýboýy tebigat bilen sazlaşykda bolup, ony gymmatly baýlyk hasaplap geldi, häzir, täze taryhy döwürde bu paýhasly däp-dessur öz mynasyp dowamyna eýe boldy diýip, munuň tassyklamasy hökmünde tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan giň gerimli bag ekmek maksatnamasyny mysal getirdi. Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmek baradaky ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegini hem türkmen döwletiniň tebigaty netijeli goramak syýasatynyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu desga örän çylşyrymly gidrotehniki ulgam bolmak bilen, suw serişdelerini aýawly saklamaga we rejeli ulanmaga ýardam eder, diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa abadançylygyna hyzmat eder.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak, ýaşlary tebigata aýawly garamak ruhunda terbiýelemek boýunça maksada gönükdirilen ädimleri kabul etmegiň möhümdigini aýtdy. Biziň ýurdumyzda Ýasga köli ýaly ajaýyp tebigy gözelliklerimiz az däldir. Biz olary geljek nesiller üçin aýawly saklamalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň öz tebigatyna gyzyklanmasyny höweslendirmäge, häzirki döwürde adamlaryň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ekologiýa bilimlerini artdyrmaga gönükdirilen işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde uly üstünlikler we rowaçlyklar arzuw edip, olar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de özüne garaşyp duran dikuçaryna mündi. Milli Liderimiziň dikuçary asmana göterilip, Aşgabada tarap ugur aldy.
Şol günüň özünde döwlet Baştutanymyz Aşgabada gaýdyp geldi.