Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Ol milli Liderimize ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy we sebitde ählihalk ýowarynyň geçirilişi barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz babadaýhanlaryň halal zähmetiniň miwesi bolan bereketli «ak altyn» hasylyny ýygnamak ýaly jogapkärli işiň guralyşyna düýpli nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine hem-de möwsümiň öz wagtynda tamamlanmagyna ünsi çekip, bu işde ähli degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyny, ýetişdirilen hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny berjaý etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz sebit boýunça Kaka etrabynda (häkimi R. Aşyrow), Altyn asyr etrabynda (häkimi G.Orazmämmedow) we Ak bugdaý etrabynda (häkimi R.Gurdow) pagta ýygymynda işleriň ýaramaz guralandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda bugdaý ekişiniň depginleriniň pesdigini , hususan-da, bu işleriň Ak bugdaý etrabynda (häkimi R.Gurdow), Baharly etrabynda (häkimi M. Porhanow) we Babadaýhan etrabynda (häkimi A.Kakabaýew) bugdaý ekişiniň bellenilen meýilnamadan yza galýandygyny aýtdy we emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça degerli çäreleri görmegi talap etdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurt boýunça ýaýbaňlandyrylan ählihalk ýowarynyň abadançylygyň berkarar bolmagynda, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürenmeginde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu işleriň agzybirlikde guramaçylykly geçirilmegi hem-de zähmet baýramçylygyna öwrülmegi babatda ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowy çagyrdy. Häkim hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda, hususan-da, welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan dürli maksatly binalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem sebitde ählihalk ýowaryň geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatda bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginleriniň ylalaşyp bolmajak ýagdaýda pes derejededigini aýratyn nygtady. Welaýatda bar bolan 213 traktordan bary-ýogy 113-siniň bugdaý ekişinde ulanylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz näsaz tehnikalary abatlap, gysga wagtyň içinde işe girizmek boýunça «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy bilen bilelikde zerur çäreleri görmegi berk talap etdi.
Şeýle hem milli Liderimiz pagta ýygymynyň welaýatyň ähli etraplarynda guramaçylyk taýdan pes derejede guralandygyny belläp, onuň depginini üzül-kesil güýçlendirmek babatda degişli işleri amala aşyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ählihalk ýowary bilen bagly meselä degip geçmek bilen, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Häkim öz hasabatynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde möwsümleýin oba hojalyk işleri bolan bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmak üçin hemmetaraplaýyn çäreleriň görülýändigini, pagtaçy kärendeçiler we beýleki işgärler üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda gurulýan desgalaryň ýagdaýy hem-de sebitiň ähli etraplarynda ählihalk ýowarynyň geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz sebitde meýilleşdirilen ähli işleriň öz wagtynda we ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmegi barada anyk tabşyryklary berip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guralyşy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly işler hakynda aýtmak bilen, milli Liderimiz bugdaý ekişiniň welaýatyň Boldumsaz etrabynda (häkimi G.Ataýew), Gubadag etrabynda (häkimi M.Gurbanow) we Ruhubelent etrabynda (häkimi B.Töräýew) döwrüň ýokary talabyna laýyk derejede guralmandygyny, şoňa görä-de, welaýatda bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň Ruhubelent etrabynda (häkimi B.Töräýew), S.A.Nyýazow adyndaky etrapda (häkimi A. Agylow) we Boldumsaz etrabynda (häkimi G.Ataýew) pagta ýygymy boýunça işleriň ýaramaz guralandygy üçin işleriň depgininiň günübirin güýçlendirilmegi babatda zerur guramaçylyk çärelerini görmegi häkimden berk talap etdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde geçirilen ählihalk ýowaryň netijeleri hakynda habar berdi. Mundan başga-da, häkim sebitde gurluşygy alnyp barylýan iri desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň Garabekewül etrabynda (häkimi H. Işangulyýew), Garaşsyzlyk etrabynda (häkimi I. Bazarow) we Halaç etrabynda (häkimi M.Jumageldiýew) bugdaý ekişiniň ýaramaz guralandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda pagta ýygymynyň alnyp barlyşy baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, Magdanly şäherinde (häkimi J. Taganow), Döwletli etrabynda (häkimi A.Allaberenow) we Serdarabat etrabynda (häkimi Ç.Öwezow) pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, pagtaçylaryň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini talap etdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işler, bugdaý ekişiniň barşy, şeýle hem pagta ýygymynyň depginleri we welaýatyň çäginde gurulýan desgalaryň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem häkim ähli etraplarda ählihalk ýowarynyň geçirilişi we onuň netijeleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda bugdaý ekişiniň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, Mary etrabynda (häkimi N.Amannaýew), Ýolöten etrabynda (häkimi R.Mukmyradow) we Wekilbazar etrabynda (etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji A. Çopanow) bu wajyp agrotehniki çäräniň ýaramaz guralandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmakda jogapkärçiliksizlige ýol berilýändigini aýratyn nygtady. Bu işleriň, Wekilbazar etrabynda (etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji A. Çopanow), Altyn sähra etrabynda (häkimi D. Saparmyradow) we Garagum etrabynda (häkimi A. Salyhow) pesdigini belledi we möhüm oba hojalyk möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Ý.Altyýewi Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana we Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Çopanowy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna degişli meseleleriň üstünde jikme-jik durup geçmek bilen, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegi, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy we bökdençsiz işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly döwrüň wajyp meseleleriniň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny tabşyrdy.
Soňra oba hojalygyna önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça «Türkmenobahyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Ç.Çarlyýew pagta ýygymyny we güýzlük galla ekişini zerur bolan oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün etmek we olara hyzmat etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Pagta ýygymynyň üstünlikli tamamlanmagy ýerine ýetirilýän işleriň hiline, oba hojalyk gulluklarynyň guramaçylygyna bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, ähli bölümleriň, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlaryň netijeli ulanylmagyny we tehniki serişdeleriň göwnejaý peýdalanylmagyny talap etdi. Pagta ýygymyny sazlaşykly alyp barmagyň we bellenilen tertibe eýermegiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz güýzlük galla ekişiniň barşyna hem ünsi çekdi.
Milli Liderimiz galla ekişiniň depginleriniň göwnejaý däldigini, hususan-da, Balkan welaýatynda pesdigini belläp, munuň şeýle bolmagyna hojalyklardaky oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde ulanylmaýanlygy sebäp bolýar diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ekişi guramagyň usullaryna gaýtadan seretmegi we olary gysga möhletlerde degişli derejesine çykarmagy talap etdi.
Ýurdumyzyň meýdanlarynda dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň barşy we ähli welaýatlaryň kabul ediş bölümlerinde şu günler alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy H.Annamyradow çykyş etdi. Ol şeýle hem konserniň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalarda işleriň ýagdaýy we «ak altynyň» hasylyny gaýtadan işlemek boýunça meýilnamalar hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, konserniň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň pagta meýdanlaryndaky işleriň barşyna berk gözegçilik etmegi, şeýle hem oba hojalyk möwsümine gatnaşýan degişli düzümler bilen sazlaşykly işlemegi tabşyryp, bar bolan ähli tehniki serişdeleri netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu örän ähmiýetli işde pagta ýygymynyň takyk we sazlaşykly alnyp barylmagynda ähli zatlary göz öňünde tutmagyň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagtany daşamagyň we saklamagyň şertlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Edermen daýhanlarymyzyň ýadawsyz zähmeti bilen ýetişdirilen hasyl soňky hanasyna çenli gysga möhletlerde ýygnalmalydyr we aýawly saklanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz konserniň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem pagta öndürijiler bilen baglaşylan şertnamalaýyn borçnamalaryň doly derejede ýerine ýetirilmegi, şeýle hem ýurdumyzda gowaçanyň tohumlyk binýadyny täzelemek bilen bagly görkezmeleri berdi.
Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyz boýunça galla ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Mundan başga-da, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerine bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahatyň maksatnamasy, GDA-nyň oba senagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Bu çäreleri Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçirmek bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem azyk howpsuzlygy ýaly häzirki döwrüň möhüm wezipesini üstünlikli çözmek maksady bilen, möhüm oba hojalyk ulgamynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek bilen baglylykda bu maslahatyň ähmiýetiniň uly boljakdygyny belledi.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegiň, oba hojalyk toplumynyň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň Türkmenistanyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu maslahaty, şeýle hem oba hojalyk toplumynyň meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Bu çäreler dürli ugurlar boýunça, ekerançylykda we maldarçylykda, tohumçylykda we ylmy taýdan seçgi işlerinde innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary peýdalanmak, oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga ýardam eder.
Möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly we takyk geçirmek wezipesiniň pagta ýygymy möwsümine we güýzlük galla ekişine hem degişli bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan ýörite tehnikalaryň degişli ýagdaýda we netijeli ulanylmagyny hem-de agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini talap etdi.
Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan abadançylyk işleri, täze seýilgäh zolaklaryny döretmek, Aşgabadyň yşyklandyryş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de paýtagtymyzda zerur durmuş ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde paýtagtymyzyň demirgazygynda Aşgabadyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn ýoluň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän awtoterminalyň taslamalaryny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz paýgatymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ak mermerli Aşgabady häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede abadanlaşdyrmagy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy barada häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz şäheriň binagärlik ulgamynda, şol sanda olaryň bezeg işlerinde, ýollary gurmakda we beýleki ugurdaş desgalary bina etmekde iň täze inženerçilik – tehniki çözgütleriň özboluşly milli binagärlik däpleri bilen sazlaşmalydygyny belledi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän durmuş ulgamynyň döredilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany umuman makullap, desga babatda birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy. Ähli taraplary boýunça häzirki zaman talaplaryna gabat gelmeli täze ulag terminalynyň gurluşygynda degişli desganyň üpjünçiligi, şeýle hem onuň binagärlik keşbi bilen bagly ähli zatlary göz öňünde tutmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion inženerçilik-tehniki çözgütleri işjeň peýdalanmak zerurdyr, olaryň giňden ornaşdyrylmagy Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli taslamalaryň we özgertmeler maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewi çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem geçen şenbe güni ýurdumyzda guralan ýowarlary geçirmek bilen bagly mesele barada hasabat berdi. Şonda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem çäkleri arassalamak we abadanlaşdyrmak boýunça geçirilen bu köpçülikleýin çärä 150 müň adamyň gatnaşandygy bellenildi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyz tarapyndan gurluşyk işlerini berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna laýyk guramak barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň öňünde özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge önjeýli goşant goşmak, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi, adamlaryň döredijilikli zähmeti, oňaýly ýaşaýşy we döwrebap dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek ýaly möhüm wezipeler dur diýip belledi. Türkmenistanda alnyp barylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz desgalar gurlanda hem-de taslamalar taýýarlananda uzakmöhletleýinligi, binalaryň aýratynlygy bilen bir hatarda, olaryň binagärlik keşbiniň özboluşlylygy hem häzirki döwrüň möhüm talaplary bolup durýar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz her bir taslama işlenip taýýarlanylanda öňa döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz desgalar gurlanda şäherleriň we obalaryň ilatynyň bähbitleriniň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi, çünki adamlaryň durmuş derejesini, abadançylygyny ýokarlandyrmagy ugur edinýän giň möçberli özgertmeleriň baş maksady şundan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatyň barşynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri B.Öwezowyň hasabatyny diňledi. Ol pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we bu düzümi döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, «Türkmentelekom» döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň işiniň hilini gowulandyrmak, şeýle hem ykjam aragatnaşyk hyzmatlary boýunça milli dolandyryjynyň hereket ediş zolagyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary netijeli öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de iň täze işläp taýýarlamalaryň esasynda aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagyny ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ilata edilýän ykjam internet we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawuny giňeltmek we hilini gowulandyrmak boýunça yzygiderli toplumlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmegi babatdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty hökümetiň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýewiň ulag-aragatnaşyk ulgamyna girýän edara – kärhanalarda işleriň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat bermek bilen, «Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu maksatnamanyň öz wagtynda we gyşarnyksyz durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip belledi. Häzir biziň ýurdumyzda degişli pudagyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we häzirki zaman ýol-ulag düzümini kemala getirmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bellenilen işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ykdysadyýetimizi ösüşiň täze ýoluna hil taýdan ýokary hilli geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar hem-de sebitleýin we halkara birleşmesi üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere gözegçilik edýän pudagynyň işlerini has-da kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy A.Ataýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol Milli kosmos agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler, hususan-da, Türkmenistanyň milli emeli hemra ulgamynyň taslamasyny düzmek, onu gurmak we älem giňişligine çykarmak boýunça geçiriljek işleri dolandyryjy iş toparyny döretmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada jikme-jik habar berdi. Milli Liderimiz ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de innowasiýa tehnologiýalaryň ähli pudaklara giňden ornaşdyrylmagy esasynda milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalar jähtinden bu gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleriň möhümdigini nygtady. Bu işleriň durmuşa geçirilmeginde maglumatlar-telekommunikasiýa ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ornuň degişlidigini nygtap, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny döretmek we älem giňişligine çykarmak bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra hasabat bermek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy S.Mämmedowa söz berildi. Ol türkmen tebigy gazynyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de eksport böleginiň möçberlerini artdyrmak, «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny has-da artdyrmaga we iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmäge gönükdirilen işler, şol sanda ýurdumyzyň «Galkynyş» iri gaz känini burawlamak we senagat taýdan gurmak boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny berkitmegiň örän möhümdigini belledi. Bu dünýä bazarlarynda türkmen energiýa serişdelerine artýan isleg, şeýle hem türkmen döwletiniň ýokarlanýan senagat-ykdysady kuwwaty bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudakda amala aşyrylýan işleriň, ozaly bilen düzüme girýän desgalary gurmak, täze gaz ýataklaryny ulanmaga bermek boýunça işleriň depginlerini artdyrmagy talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow «Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy, döwlet Baştutanymyzyň işlenilýän ýataklarda uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak, gözleg işlerini giňeltmek hem-de nebiti we gazy çykarmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetimek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli bellenilen pudaklaýyn meýilnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň, himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň kärhanalarynyň buýurmasy boýunça amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagyň, gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu barada wise-premýere degişli görkezmeleriň birnäçesini berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Mämmedowa çagyryldy. Ol 5-7-nji sentýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda halkara sergini, sungat festiwalyny we ylmy maslahaty özünde jemlän «Awaza-2012» atly halkara forumynyň geçirilişi hakynda hasabat berdi. Bu wekilçilikli çärä dünýäniň dürli ýurtlarynyň Hazaryň türkmen kenarynda halkara derejeli we wajyp ähmiýetli şypahanany döretmek boýunça taslamanyň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýän syýahatçylyga we işewürlige degişli toparlarynyň, ylym we bilim, sungat we medeniýet ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjeginiň ykdysady, bejeriş-şypahana we medeni mümkinçiliklerini öwrenmäge hem-de dünýäde giňden tanyşdyrmaga ýardam eden «Awaza-2012» atly halkara sergisiniň, sungat festiwalynyň we ylmy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle halkara derejesindäki wekilçilikli medeni çäreleri geçirmekde biziň ýurdumyzda ýeterlik oňyn tejribäniň toplanandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň örän wajypdygyny nygtady hem-de döwletara medeni gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradars döwlet komitetiniň başlygy Ş.Alowow çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşynda bolup geçýän möhüm ähmiýetli wakalaryň hemmetaraplaýyn we öz wagtynda şöhlelendirilişi, teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler baradaky täzelikler bilen öz wagtynda habardar edilişi hem-de şol wakalaryň dogruçyl beýan edilmegi boýunça ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teleýaýlymlaryň işiniň guralyşyna nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýaýlyma berilýän gepleşiklerde görnüşleriň reňkleriniň ýerbe-ýer ulanylmaýandygyny, hünärmenleriň öz alyp barýan wezipelerine laýyk gelmeýändigini şeýle bärden gaýtmalaryň esasy sebäbi hökmünde görkezdi. Teleýaýlymlaryň işini ýokary derejede guramak üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigine — tehniki serişdeleriň yzygiderli alynýandygyna, garamazdan, bu ulgamyň ýolbaşçylarynyň öz işlerinde ýokary jogapkärçilik duýmaýandyklaryna ünsi çekip, milli Liderimiz işleri maksada laýyk ýola goýmagy berk talap etdi. Milli Liderimiz teleradioýaýlymlaryň işine ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň, dürli äheňdäki özboluşly, çeperçilik taýdan hem, döredijilik nukdaýnazaryndan hem häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän teleradiogepleşikleri taýýarlamakda aýratyn çemeleşmeleriň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň hilini gowulandyrmak barada tabşyryk berip, teleradioýaýlymlaryň işgärleriniň başlangyçlaryny höweslendirmegiň we olary hünär taýdan kämilleşdirmek işini talaba laýyk ýola goýmagyň, häzirki zaman daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmeginiň, döredijilik işlerine täzeçil, özboluşly çemeleşmeleriň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa çagyryldy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň teleradioýaýlymlaryň işini berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk ýokary derejede guramak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz teleradioýaýlymlaryň işini talaba laýyk guramagy üpjün etmekde kemçiliklere ýol berilýändigi üçin wise-premýeriň alyp barýan işinden nägiledigini aýtdy. Milli Liderimiz türkmen döwletiniň täze taryhy eýýamyndaky özgertmelerde medeniýet ulgamynyň we milli habar beriş serişdeleriniň ähmiýetiniň has-da artýandygyny belläp, şu babatda teleradioýaýlymlaryň işiniň barha möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny hem-de wajyp ähmiýetli maglumatlary täsirli beýan etmek arkaly halkymyza ýetirmegiň, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini wagyz etmegiň, watançylyk terbiýesiniň, türkmen ýaşlarynyň döredijilige islegini höweslendirmegiň hem-de olaryň ukyplarynyň ösdürilmeginiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny berkarar etmegiň olaryň esasy wezipelerine degişlidigini belläp, bu wajyp ulgamdaky kemçilikleriň haýal edilmän düzedilmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň baý medeni mirasyna hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň, şonuň ýaly-da, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryna bagyşlanan gyzykly we täsirli, özüne çekiji, şonuň bilen birlikde hem ýokary çeperçilik derejesinde taýýarlanan teleradiogepleşikleriň zerurdygyny aýratyn nygtady. Biziň döwletimiz milli teleradioýaýlymlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga yzygiderli üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz bu aladalaryň teleradioýaýlymlaryň gepleşikleriniň hilini ýokarlandyrmakda we bu ulgamy netijeli ösdürmekde öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz teleýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň gyzykly we many-mazmun taýdan täsirli bolmagyny guramagy üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem «Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde degişli düzümiň edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly beýleki möhüm maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edaralarynyň we banklarynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi. Salgyt ulgamyny netijeli guramak arkaly maliýe serişdelerini maksada laýyk paýlamagyň we peýdalanmagyň, pul serişdelerini ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm ugurlaryna gönükdirmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra milli Liderimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewi çagyrdy. Ol gözegçilik edýän düzüminiň alyp barýan işleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Milli ykdysadyýetimizi has-da okgunly ösdürmek we türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmek berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwlet syýasatynyň esasy maksady bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Şunda ähli guramalaryň, edaralaryň we kärhanalaryň bellenilen meýilnamalary ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmegine aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada zerur tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi, esasan-da berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadan, mynasyp durmuşy üçin uly ähmiýete eýe bolan şu günki garalan meseleleriň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara türkmen döwletiniň gülläp ösmeginiň bähbidine öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.