Ï Köpugurly hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpugurly hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine tarap

view-icon 614
10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Latwiýa Respublikasyna resmi sapary başlanýar.

Rigada ýokary derejede geçiriljek türkmen-latwiýa duşuşygy däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Bu gatnaşyklar häzirki taryhy eýýamda okgunly ösüş depginine eýe boldy hem-de iki dostlukly ýurduň ösüşiniň milli bähbitlerini we ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly täze mazmun bilen baýlaşdy.

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň barşynda syýasy, ykdysady we gumanitar ulgamlarda döwletara gatnaşyklarynyň köp meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň käbir möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň geljegi aýratyn ara alnyp maslahatlaşylar. Latwiýa 2004-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup durýar.

Latwiýa gelip görmek barada türkmen Liderine iberilen çakylyk şu döwletiň we tutuş Ýewropa Bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli we giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändigini ýene bir gezek aýdyň tassyklaýar.

Garaşylyşy ýaly, Rigada geçiriljek türkmen-latwiýa gepleşikleriniň jemleri boýunça iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy has-da berkitmäge, şeýle hem bar bolan özara gyzyklanmany we netijeli hyzmatdaşlyga tarap alnan ugry nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly binýady goýmaga ýardam etjek ikitparaplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Saparyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça wekilçilikli türkmen toparynyň Riga ugrandygyny bellemek gerek, bu topar Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň 10-njy sentýabrda geçirilen birinji mejlisine gatnaşdy. Ol hökümetara we pudagara derejelerinde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem işewür, ylmy we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen döredildi.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede bolan mejlisinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň arasynda serişdeler we ykdysady mümkinçilikleri doly açmaga gönükdirilen gös-göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýetini aýratyn belledi. Olaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Latwiýanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hyzmat eder.

Öňde boljak sapara görlen ýokary guramaçylyk taýýarlygy Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Andris Berzinyşyň geçirjek duşuşygynyň köpugurly hyzmatdaşlygy iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmekde täze tapgyryň başlangyjyny alamatlandyrýandygyny tassyklamaga doly hukuk berýär.