Ï Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşynda uly üstünlik gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşynda uly üstünlik gazandylar

view-icon 921
Şu gün türkmen paýtagtynda Sofiýada mümkinçiligi çäkli türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça geçirilen 3-nji dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş eden türgenlerimiziň hormatyna dabara geçirildi. 21 ýurduň wekilleri ýygnanan Bolgariýanyň paýtagtynda Bütindünýä sport bäsleşiklerinde Mary welaýatynyň maýyplaryň bedenterbiýe – sport klubynda terbiýelenýän, sport ussady N.Gurbanow 55 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala, Aşgabadyň maýyplaryň bedenterbiýe-sport klubynyň wekili, sport ussady K.Çaryýew bolsa (66- kilograma çenli) dünýäniň iň güýçli türgenleriniň bäşligine girdi.

Ýurdumyzyň sport jemgyýetçiliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri türkmen türgenlerini we olaryň tälimçileri—Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ý.Kürräýewi we N.Şafiýewi dünýä birinjiliginde gazanan üstünlikleri bilen gutlap, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin, şol sanda mümkinçiligi çäkli raýatlaryň meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilendir diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berýändigi hemmelere mälimdir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi bina edilýär. Onda Paralimpiýa toplumy hem göz öňünde tutulandyr. Hormatly Prezidentimiziň goldawy, döwletimiziň hemmetaraplaýyn aladasy netijesinde türkmenistanlylar halkara sport bäsleşiklerinde has ynamly çykyş edýärler. Biziň türgenlerimiziň Sofiýada geçirilen şu gezekki dünýä çempionatynda gazanan üstünlikleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.