Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

view-icon 857
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli käbir meseleler we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli guraljak möhüm çäreler bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatda häzirki döwürde ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çäreleriň, şol sanda halkara derejesinde geçirilýän giň möçberli forumlaryň ýaýbaňlandyrylandygyny belledi. Munuň özi örän jogapkärli möwsüm bolmak bilen bir hatarda, biziň ýurdumyzyň soňky ýyllarda halkara derejesindäki abraýynyň barha ýokary göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli guralýan syýasy hem-de medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda möhüm waka hökmünde ykrar edilen Ýaşulular maslahatyna we beýleki medeni çärelere ykjam taýýarlyk görülmelidigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde halkara derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada aýtmak bilen, ertir paýtagtymyzda GDA agza bolup durýan ýurtlaryň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisiniň öz işine başlaýandygyny, onda sebit derejesinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygy hem-de bu babatda oňyn tejribäniň toplanandygy baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň barşynda bu guramanyň çäklerinde 30-dan gowrak çäreleriň meýilleşdirilendigi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzyň bu derejä örän çynlakaý hem-de jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygyna ykjam taýýarlyk görülýän döwürde başga-da birnäçe halkara derejesindäki çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy wekilleriniň VII forumynyň geçirilmegi bu ulgamda ýola goýulýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň subutnamasydygyny belledi.

Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, halkara derejesinde geçirilýän çäreleriň barşynda ähli ulgamlaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegini şertlendirýän şeýle çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň ýola goýulmagy barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hususan-da, paýtagtymyzyň ýollarynyň, seýilgähleriniň abadançylyk ýagdaýyna, şäheriň yşyklandyrylyşyna aýratyn üns berilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz ulag ýollary bilen bir hatarada, binalaryň, beýleki desgalaryň döwrebap derejede bolmalydygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ähli görnüşli ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi, aragatnaşyk enjamlarynyň ýokary derejede işlemegi hem-de ulag menzillerinde we beýleki köpçülik ýerlerinde ähli zerur düzümleriň döwrüň talabyna laýyk hereket etmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, halkara derejesinde geçirilýän çärelere köp sanly daşary ýurtly žurnalistleriň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşýandygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz olar üçin zerur bolan şertleriň döredilmelidigini, paýtagtymyzda geçirilýän şunuň ýaly jogapkärli hem-de derwaýys çäreleriň habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylar bilen geçirilýän iş maslahatynyň barşynda paýtagtymyzyň arassaçylygyna, seýilgäh zolaklarynyň abadançylygyna, şäheriň degişli gulluklarynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine aýratyn ünsi çekip, bu babatda düzümleriň guramaçylykly işiniň ýola goýulmagy barada anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maslahatda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde ýola goýulýan söwda hem-de hyzmatlar ulgamynyň işiniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny, bazarlaryň we beýleki söwda merkezleriniň ählisinde söwdanyň hem-de hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygynyň baýramçylygynyň ýetip gelýändigini ýene bir ýola belläp, şanly sene mynasybetli guralýan medeni hem-de köpçülik çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmalydygyny aýdyp, ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bolan şeýle dabaralaryň oňa gatnaşyjylaryň aňynda hemişelik galmagy ugrunda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady.

Umuman, ýurdumyzda GDA-nyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ýola goýul ýan gatnaşyklaryň ösdürilmegini ugur edinýän şeýle çäreleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça utgaşykly işiň alnyp barylmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA başlyklyk ediji ýurt hökmünde Arkalaşygyň giňişliginde däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, ähli gyzyklanmalara laýyk gelýän özara peýdaly gatnaşyklaryň artdyrylmagyna hemmetaraplaýyn tagalla etmegi özüniň baş maksady hasaplaýar.

Soňra milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň her birine öňde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi.