Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, hökümetiň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol öz garamagyndaky düzümleriň işleri bilen bagly meseleler, şeýle hem şu ýylyň 20-nji sentýabryndan 10-njy oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň agzasy bolan ýurtlarda öndürilýän, halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Halkara ýarmarkasynyň esasy maksady Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge, umumy bähbitlere gabat gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga ýardam etmek bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän halkara ýarmarkasynyň ähmiýetini belläp, degişli guramaçylyk meselelerini çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu wekilçilikli forum netijeli işewür gatnaşyklaryny giňeltmek, önümçilik ulgamynda, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we işe ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmak üçin oňaýly binýat bolup, GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunda milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we onuň täze taryhy eýýamda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, öz haryt öndürijilerimiziň önümlerini daşary bazarlara çykarmak, GDA-nyň ýurtlaryndan hyzmatdaşlar bilen netijeli uzakmöhletleýin gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek üçin halkara serginiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, halkara ýarmarkasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew Aşgabat şäheriniň energiýa üpjünçilik ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek meselesi boýunça hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýtmak bilen, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna biziň ýurdumyzyň wekiliýetini iri halkara howa menzillerini gurmak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek bilen bagly meseleleri öwrenmek üçin 17-18-nji sentýabrda Mýunhen (GFR) şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýrugyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzir ýurdumyzyň okgunly ösýän paýtagtynyň energiýa üpjünçiligine aýratyn üns berilýär diýip belledi. Aşgabat şäheriniň elektrik bilen üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagy diňe bir elektrik energiýasynyň berlişini artdyrmaga däl-de, eýsem, günsaýyn ösýän paýtagtymyzyň energiýa ulgamynyň bökdençsiz işlemeginiň goşmaça kepilliklerini döretmäge mümkinçilik berer. Milli Liderimiz wise-premýeriň degişli taslamalary maliýeleşdirmek bilen bagly beýan eden tekliplerini umuman makullap, maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Biziň ýurdumyzda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we daşary ýurt hünärmenleriň, şol sanda nemes hyzmatdaşlaryň howa menzilleriniň toplumlaryny gurmak boýunça tejribesini peýdalanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna gulluk iş saparyny guramak bilen bagly Buýruga gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem parlament aragatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksady bilen şu ýylyň 7-8-nji sentýabrynda türkmen parlamentarileriniň Türkiýe Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri hakynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklary we Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň çalt depginler bilen ösýän döwletara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkiýäniň kanunçykarjylyk guramalary bilen mäkäm gatnaşyklary ýola goýmak üçin esas bolup durýar.
Ankara bolan saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň we agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň premier-ministriniň orunbasary, Türkiýäniň daşary işler ministri, Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy, Ankara şäheriniň meri, türk paýtagtynyň bilim edaralarynyň biriniň mugallymlary we okuwçylary bilen duşuşyklary geçirildi.
Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy we türk parlamentarileri bilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisiniň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy hakynda Teswirnama gol çekildi, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary okgunly ösdürmäge, kanunçykarjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçykaryjylyk işinde milli däp-dessurlary umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrmak meselelerini çözmekde türk parlamentarileri bilen tejribe alyşmagyň netijeli boljakdygyny, döwletara gatnaşyklarynyň halkara hukuk binýadyny berkitmegiň täsirli guraly hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary döwletleriň kanunçykaryjylyk işini giňden öwrenmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek babatda DIM-niň alyp barýan işleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň 11-12-nji sentýabrda Latwiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemleri hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçirilen türkmen-latwiýa gepleşikleriniň netijeli häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Olar taraplaryň deňhukukly, özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda guralýan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.
Geçirilen gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, logistika, ýangyç-energetika, dokma senagaty, gurluşyk, oba hojalygy, şeýle hem medeni-gumanitar, syýahatçylyk we sport ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenip, döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn hukuk binýadyny has-da berkiden resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa resmi saparynyň öň ýanynda Rigada Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň birinji mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Onuň gün tertibine ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.
Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ýokary derejedäki gepleşiklerde Türkmenistanyň we Latwiýanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmak, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak işinde tagallalary has-da jebisleşdirmek isleýändigi tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Latwiýa Respublikasynyň Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli halkara başlangyçlaryny, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýandygy bellenildi.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýükleri daşamak üçin aýratyn amatly ugur hökmünde Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň giňişliklerini gurşap alýan üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek bilen bagly başlangyjynyň hem Latwiýa tarapynyň giň goldawyna eýe bolandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklary ösdürmek ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa Respublikasyna resmi saparynyň maksatnamasynyň örän giň bolandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Latwiýanyň paýtagtynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler we olaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ähli ugurlarda, şol sanda Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi ugry boýunça üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açdy diýip belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly ähmiýet bermek bilen, biziň ýurdumyz Latwiýany Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistany baglanyşdyryjy ýurt hasaplaýar we umuman, halkara giňişliginde bu döwlete öz ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-latwiýa gatnaşyklarynyň köpugurly kuwwatyny iş ýüzünde amala aşyrmak boýnça yzygiderli işleri dowam etmegiň, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra öz garamagyndaky ulgamlaryň alyp barýan işleri we milli baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp garşylamak boýunça görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa çykyş etdi. Wise-premýeriň hasabatynda Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çäreleriň meýilnamasy beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň şöhratly Garaşsyzlyk gününe ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Baş baýramçylygymyza bagyşlanan ähli çäreler berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna gabat gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimizi has-da ösdürmek, dürli ýurtlaryň halklary bilen medeni gatnaşyklary saklamak bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň halkymyz milli medeniýetimiziň özboluşly aýratynlyklaryny saklap gelmek bilen, beýleki halklaryň medeniýetleri bilen hemişe gatnaşykda bolupdyr diýip belledi. Şonuň netijesinde milli medeniýetimiz has-da baýlaşypdyr. Şol sebäpli hem taryhyň dürli döwürlerinde halkymyzyň milli aýratynlyklaryny açyk görkezýän, bolup geçen taryhy wakalar barada habar berýän beýleki ýurtlaryň abraýly we meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň galdyran ýazgylary, olaryň garaýyşlary biziň üçin taryhy nukdaýnazardan hem, medeni babatda hem örän gyzyklydyr. Biziň wezipämiz taryhy geçmişiň bu gymmatly maglumatlaryny gözlemek, ýygnamak we olary biziň halkymyzyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň subutnamalary hökmünde geljek nesillerimiz üçin aýawly saklamak bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B. Nurmyradowa ýüzlenip, Baş milli muzeýinde geçmişde dürli ýurtlar bilen ýola goýlan medeni gatnaşyklara bagyşlanan ýörite ekspozisiýany döretmek barada görkezme berip, oňa bu işiň başlangyjy hökmünde geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda çap edilen kitaplary gowşurdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň täze derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakyndaky” we “Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hem-de toparyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak hakyndaky” Kararyň taslamalary barada hasabat berdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň dördünji mejlisiniň 19-21-nji sentýabry aralygynda Minsk şäherinde geçiriljekdigi, onuň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giriziljekdigi bellenildi.
Wise-premýer Türkmenistanyň derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze derman senagaty kärhanalaryny gurmak baradaky meseläniň üstünde durup geçip, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman kärhanalarynyň ençemesini gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Olaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Berzeňňide mineral bejeriş suwy kärhanasy, Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýodly taýajyk we galam bolan ýod önümçilik kärhanasy we Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde bejeriş palçyklaryny we deňiz suwuny gaplaýan kärhana, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana bar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyny, bu ugurda Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygyny, belarus awtomobil, traktor we oba hojalyk tehnikasyny ibermek boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini, obasenagat toplumynda, gurluşyk, söwda, bilim, saglygy goraýyş, ylym we tehnika, medeniýet, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, “Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hem-de toparyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak hakyndaky” Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak we bu ulgamda täze önümçilik kärhanalaryny döretmek meselesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen tebigatynyň täsin mümkinçiliklerini işjeň öwrenip we olardan netijeli peýdalanyp, ýurdumyzda ösýän ösümliklerden täze derman serişdelerini işläp taýýarlamak, şunlykda, halkara talaplaryna doly laýyk gelýän dermanlaryň öndürilişiniň möçberini we görnüşlerini artdyrmak möhümdir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze derman senagaty kärhanalaryny gurmak, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hem-de ilatymyzyň özümizde öndürilýän ýokary hilli derman serişdelerine we saglygy goraýyş maksatly önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň täze derman senagaty kärhanalaryny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmegiň meseleleri barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Aşgabatda ýene-de bir ýokary okuw mekdebini açmak meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Bu ýokary okuw mekdebinde okuwlary iňlis dilinde alyp barmak göz öňünde tutulmalydyr. Onuň wezipesi bilim ulgamynda dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary bilimli, ussat hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki ýokary okuw mekdebiniň düzümi barada aýdyp, onda halkara ykdysadyýeti, halkara žurnalistikasy, halkara hukugy, menejment fakultetleri döredilse, maksada laýyk boljakdygyny belledi. Bu uniwersitetde okuwlary tölegli esasda guramak hem-de okatmagyň gündizki görnüşini ulanmak gerek, okuw işleriniň guralyşy bakalawrlary (ýokary bilimli hünärmenleri) we magistrleri (belli bir ugur boýunça aýratyn taýýarlykly ýokary bilimli hünärmenleri) taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň bilim standartlaryna, okuw maksatnamalaryna laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz uniwersitetiň halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap binasyny gurmagyň möhümdigini aýdyp, mugallymlary üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny we talyplary üçin umumy ýaşaýyş jaýlaryny hem-de beýleki zerur bolan binalary gurmagy göz öňünde tutmagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, bu meseläni öwrenmek we öz tekliplerini hödürlemek barada tabşyryk berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ol öz çykyşynda möwsümleýin oba hojalyk işleri – depgini ýokarlanýan pagta ýygym möwsümi we geljek ýylyň hasylynyň binýadyny goýýan galla ekişi bilen bagly meseleleri jikme-jik beýan etdi.
Hasabatyň barşynda güýzlük galla ekişiniň bellenilen tertibe laýyklykda we zerur bolan agrotehniki çäreleriň berjaý edilmegi bilen alnyp barylýandygy bellenildi. Döwlete tabşyrylan pagta üçin daýhanlar bilen özara hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine taýýarlyk işleri doly güýjünde alnyp barylýar—ot-iým taýýarlanylýar, agyllar abatlanylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada durup geçmek bilen, pagta ýygymyny gysga möhletlerde we ýitgisiz geçirmäge mümkinçilik berýän zerur bolan guramaçylyk şertlerini üpjün etmegi talap etdi. Güýzlük galla ekişi barada aýdylanda bolsa, çöregiň täze hasylynyň düýbüni tutmakda kesgitleýji bolup durýan agrotehniki çäreleri takyk we doly möçberde ýerine ýetirmek möhüm bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň ünsüni ýurdumyzyň kärhanalarynda ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek bilen bagly meselä çekip, şunuň bilen bagly meselelere Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ozal hem seredipdik diýip belledi. Ýöne, käbir ýolbaşçylar bu meselä ýeterlik üns bermän, geleňsizlige ýol berýärler diýip, milli Liderimiz nygtady. Netijede Azyk senagaty assosiasiýasynyň Ruhabat etrabynda ýerleşýän “Ahal” ösümlik ýag kärhanasynda ýangyn bolup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azyk senagaty assosiasiýasynyň başlygy W.Weliýewe berk käýinç yglan edip, ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna özlerine ynanylan önümçiliklerde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini ýene-de bir gezek barlamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gurluşyk ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli özgertmeler maksatnamalarynda göz öňünde tutulan binalary we inženerçilik desgalaryny gurmak boýunça işleri öz wagtynda tamamlamak maksadynda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Garlyk şäherçesinde gurulýan binalar we desgalarda alnyp barylýan işler barada jikme-jik habar berdi.
Hasabatyň çäklerinde iri desgalaryň birnäçesiniň, şol sanda Atamyrat şäherinde Amyderýanyň üstünden geçýän köpriniň hem-de Garlyk şäherçesindäki sement zawodynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhümdigini belläp, gurluşyk işleriniň, ilkinji nobatda medeni-durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň möhletleriniň gyşarnyksyz berjaý edilişine we işleriň hiline berk gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň ykdysady we serişdeler kuwwatyny durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtap, awtomobil ýollaryny, köprüleri, senagat maksatly desgalary gurmak meselesine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, olaryň şol sebiti we tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedigini nygtap, göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şol sanda, Aşgabatda, Türkmenabatda we Daşoguzda täze halkara howa menzilleriniň gurluşygyna gözegçilik etmek boýunça konsalting kompaniýasyny seçip almak boýunça bäsdeşligiň netijeleri hakynda hasabat berildi. Germaniýanyň “Airport Consulting Partners/ILF Consulting Engineers” kompaniýasy bäsdeşligiň ýeňijisi diýlip ykrar edildi, onuň şol desgalaryň gurluşygyna gözegçilik etmek hukugyny tassyklaýan resminamalar taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Germaniýa häzir Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde işjeň hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar diýip belledi. Belli nemes kompaniýalarynyň dürli pudaklaryň ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna hem-de öňdebaryjy enjamlar we täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegine mynasyp goşandyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz germaniýaly hünärmenleriň türkmen awiasiýasynyň ýerüsti düzümini ösdürmäge gatnaşmagy hem ýewropa hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokary derejesi bilen tapawutlanjakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz howa ulagyndan, şeýle hem ulaglaryň beýleki görnüşlerinden peýdalanýan ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygy barada aýdyp, halkara gatnawlaryny yzygiderli ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Bu hyzmatlaryň derejesi şu günki günüň talaplaryna we dünýäniň ýokary ülňülerine laýyk gelmelidir.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, işi dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ýolagçylary gatnatmak we ýük daşamak hem-de üstaşyr geçirmek kuwwatyny artdyrmak boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer şeýle hem Amyderýanyň boýunda ýerleşýän Malaý gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň gurluşygynyň ilerleýşi hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz ulgamynyň milli ykdysadyýetimizde esasy orun eýeleýändigini belläp, bu pudagyň kärhanalarynyň öňünde tebigy gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak boýunça wezipäniň goýlandygyny, olara içerki we daşarky bazarlarda islegiň günsaýyn artýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň ähli mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, şol sanda häzirki zaman düzümini döretmegiň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna pugtalandyrmaga mundan beýläk-de uly üns bermegiň wajypdygyny belläp, Malaý gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň gurluşygynyň işini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamlarynyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmek babatda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatynyň netijeleri barada habar berildi. Bu maslahata GDA ýurtlarynyň nebitgaz ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forumyň işiniň çäklerinde oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty, biziň ýurdumyzyň ýangyç serişdelerini gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şeýle hem Ýewraziýa yklymynyň iri bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly we howpsuz iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen energetika strategiýasy barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Ýangyç serişdelerini özleşdirmekde we ulanmakda ekologiýa talaplarynyň we kadalarynyň berjaý edilişi, Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň aýratynlyklary, şol sanda deňiz we gury ýer nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, gazy çykarmak we ugratmak, nebiti gaýtadan işlemek we nebit önümlerini öndürmek boýunça taslamalara maýa goýumlarynyň mümkinçilikleri hem-de şertleri bilen baglanyşykly meseleler çykyşlaryň aýratyn mowzugy boldy.
Mundan başga-da, halkara maslahatyň çäklerinde dünýäniň nebitgaz bazaryndaky ýagdaýa we olaryň GDA ýurtlaryna maýalaryň gelmegine hem-de ýangyç serişdeleriniň çykarylyşynyň artdyrylmagyna edýän täsirine gysgaça syn berildi, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmekde energitika howpsuzlygyny üpjün etmek, GDA ýurtlarynda nebitgaz we gaýtadan işleýän pudaklarda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, geosyýasatyň eksport taslamalaryny döretmäge edýän täsiri we beýleki meselelere garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirýän ýurtlaryň we energiýa serişdelerini sarp edijileriň ähli hukuklaryny we borçlaryny anyk kadalaşdyrýan netijeli hukuk gurallaryny kemala getirmek boýunça öňe süren başlangyçlary ýokary baha mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagy we onuň bu ulgamda halkara çözgütleriniň kabul edilmegine oňyn täsir etmegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz energetika döwletiniň derejesine eýe bolmak bilen, özüniň energetika syýasatyny mundan beýläk-de milli bähbitlere laýyklykda, açyklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda gurar. Munuň özi ählumumy abadançylygyň we sebitleýin hem-de ählumumy möçberde durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp ugurly ulgamyny döretmek we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlaryny ilerletmek bilen baglanyşykly ädiljek ädimleriň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen mundan beýläk hem Arkalaşygyň giňişliginde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürer diýip nygtady.
Soňra ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow bank ulgamynyň edaralaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň döwlet we paýdarlar – täjirçilik banklarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2011-2030 –njy ýyllar üçin niýetlenen we bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda anyk ädimleriň ädilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryny ösdürmäge, ykdysadyýetiň hususy ulgamyna ýeňillikli karzlary bermek arkaly telekeçiligi höweslendirmäge, gozgalmaýan emläk üçin uzakmöhletleýin karzlary bermäge, häzirki zaman bank hyzmatlaryny etmäge gönükdirilen taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri ilerletmegiň wajypdygyny belläp, Merkezi bankyň müdiriýetiniň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlady hem-de oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.