Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

view-icon 661
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Premýer--ministri Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz Russiýanyň hökümetiniň baştutany bilen mähirli, dostlarşa salamlaşyp, ony doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagt hem-de möhüm döwlet wezipesinde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dmitriý Medwedew mähirli gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň berk binýadynda guralýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda ähli ugurlar boýunça okgunly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda söhbetdeşler ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýän häzirki zaman türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar.

--Russiýa beýik döwlet bolup, Türkmenistan oňa milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş hökmünde garaýar—diýip, milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, hususan-da, onuň ykdysady bölegini diwersifikasiýalaşdyrmaga düýpli gyzyklanýandygyny aýtdy.

Hyzmatdaş ýurtlaryň doly möçberde we özara bähbitlere laýyklykda amala aşyrmagy göz öňünde tutýan ägirt uly serişdeleriniň we ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Premýer-ministri ýokary we hökümetara derejesinde gazanylan, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarjak ikitaraplaýyn ylalaşyklary tiz amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň ahyrynda Dmitriý Medwedewi doglan güni bilen ýene bir gezek gutlap, oňa hem-de dostlukly ýurduň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.