Ï Deňiz kenarynyň baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Deňiz kenarynyň baýlygy

view-icon 1134
„Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagyndaky 5 ýyldyzly „Hazyna“ myhmanhanasy tomus paslynyň üç aýynyň dowamynda ýurduň dürli künjeginden dynç almaga gelen gelen biziň ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň üç müňüsini kabul etdi.


Tomus möwsüminde „Hazynada“ syýahatçylyk-sagaldyş toplumynyň 100 göterim dolmagynda maşgala dynç alyşy agdyklyk etdi. Sagatlap deňizden çykmazlyga taýýar çagalaryň sany köp boldy. Olar deňiz kenarynda, sport meýdançalarynda we akwaparklarda özleriniň şadyýan oýunlary bilen dynç alyşyň şagalaňyny artdyrdylar; myhmanhananyň golaýyndaky sintetiki tagtada-halyda myhmanhananyň ähli penjirelerinden syn edýänleriň ünsüni çekmek bilen, özleriniň boýy bilen deň bolan küşt mallary bilen küşt oýnadylar. Deňiz bilen tanyşmak, arassa howada dynç almak, gyzykly oýunlar, syýahatçylyk gezelençleri, medeni çäreler çagalaryň keýplerini çaglady, bilimlerini artdyrdy, olary ruhy we beden taýdan taplady.

Tomsuň ahyrynda ýaş dynç alýanalaryň sany azaldy, ýöne dynç alýanlaryň umumy sany azalmady. Bir ýöne dynç alyşyň esasy ugurlary az-kem üýtgedi diýýäýmeseň.


Gyzgalaňly tomus günlerinde deňziň suwa düşülýän zolagy gün dogaryndan tä ýaşaryna çenli adamlardan doly boldy, günüň ahyrynda bolsa, suwda ýüzülýän açyk howuzlar, saunalar, fintes zal we SPA-salonlaryna uly ähmiýet berildi. Ynsan bedeni üçin ýakymly wannalar, her dürli owkalamalar we sagaldyş çäreleri dynç alýanlaryň ýadawlygyňy aýryp hem-de ruhuny göterip, olara güýç-kuwwat berdi. Kosmetologiýa otagyndaky halk lukmançylygynyň däbi boýunça gyzdyrylan ýa-da sowadylan daşyň kömegi bilen geçirilýän stoun-owkalama dynç alýanlaryň arasynda uly ähmiýete eýe boldy. Nähili hem bolsa agşamky suwa düşmeklik, häzirki günlerde hem, deňsiz-taýsyz boldy.

Myhmanhananyň deňize bakyp duran tomusky kafesi agşamky dynç alyşyň ajaýyp künjegine öwrüldi. Käbir günlerde bu ýerde, açyk telärleriň aşagyndaky stollaryň başyna, gündogar äheňlerinde bezelen sekillerde ýüze golaý adam ýygnanýar. Olara bugaryp duran kofe, ysy ýakymly çaýlar, sowadylan şerbet suwlary berilýär, naharlaryň arasynda bolsa bu ýerde täze goýun etinden taýýarlanylan gyzgynjak kebap uly islegden peýdalanýar.


Bu künjekdäki aýdym-saz geçirilýän ajaýyp sahna hem adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde olar ýurduň estarda ýyldyzlarynyň çykyşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik alýarlar. Dynç alýanlaryň öňünde Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Amanbibi Mämmedowa we beýleki meşhur aýdymçylar çykyş edip durýarlar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenbaşy şäheriniň dynç alyş we çeper höwesjeňler döredijilik toparlarynyň aýdymçylary Azatgül Hojaberdiýewa, Röwşen Annaorazow, Orazmämmet Ilmämmedow, Allaberdi Gurbanow we beýlekiler yzygiderli çykyş edýärler. Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet öýüniň başlangyjy boýunça horeograf Tatýana Starkowanyň ýolbaşçylygyndaky şäher dynç alyş merkeziniň çagalar toparlarynyň täsirli tanslary we çagalar sungat mekdebiniň orkestriniň ýerine ýetiren aýdymlary tomaşaçylarda aýratyn uly täsir galdyrdy.

„Hazyna“ dynç alyş-syýahatçylyk toplumy maliýe-bank ulgamynyň işgärleri üçin şypahana görnüşli dynç alyş öýüdir. Onuň „hazyna“ diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Şonuň üçin hem bu sagaldyş merkeziniň çäklerinde agzyndan altyn şaýy pul akyp duran şekilindäki jadyly hum küýze ebedileşdirilendir. Myhmanhananyň işgärleri we dynç alýanlar bu ajaýyp heýkeliň sagaldyş merkeziniň eýeleriniň hünärleriniň nyşanydygyny nygtaýarlar. Ýöne olar hakyky hazynanyň adamlaryň saglygynda we belent ruhlarynda görýärler. Şonuň üçin hem biziň ildeşlerimiz we ýurduň myhmanlary dynç almaga we saglyklaryny berkitmäge „Hazyna“ myhmanhanasyna gelýärler.