Şu gün Türkmenristanyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki möwsümiň üçünji çapyşyk güni geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bütin dünýäde şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda atçylyk sporty has-da meşhurdyr we onuň örän gadymy däpleri bar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň çäklerinde her bir baýramçylyklar, şanly wakalar at çapyşyklaryna beslenýär.
Berkarar döwletiň häzirki bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hut şonuň üçin hem çapyşyk günlerinde ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlary hemişe köp adamly. Ýurdumyzyň döwrebap aýlawlaryna atçylyk sportunyň muşdaklary, ak sakgally ýaşulular we ýaşlar hem-de daşary ýurtly myhmanlar ir säher bilen ýygnandylar. Toplumlaryň öňündäki meýdançalarda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Ol ýerde türkmen milli oýunlary görkezilýär, ajaýyp ahalteke bedewleriň keşpleri janlandyrylan surat sergileri guralýar.
Dünýäniň köp ýurtlarynda türkmen bedewlerine bolan gyzyklanma barha ýokarlanýar. Ine, şu gün hem paýtagtymyzdaky aýlawda güýzki möwsümiň üçünji çapyşygy geçirildi. Ol ýerde bedew janköýerleri bilen bir hatarda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem bar. Olar ajaýyp ahalteke bedewlerini surata düşürdiler, atlaryň ýyndamlylygyna, owadanlygyna syn etdiler.
Şu gün Aşgabatdaky atçylyk sport toplumynda çapyşyklaryň 12-si geçirilip, oňa ahalteke bedewleriniň 108-si gatnaşdy.
Birinji we üçünji çapyşyklarda ýaşajyk çapyksuwarlar iki ýaşar bedewlerde 500 metr aralykdan güýç synanyşdylar. Ýeri gelende aýtsak, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli amatly şertler döredildi. Iki ýaşar bedewlere atlanan ýaşajyk çapyksuwarlar şu aralyk boýunça öz ukyplaryny görkezdiler we özboluşly synagy geçdiler. Bu çapyşyklarda çapyksuwar A.Amanow ýeňiji boldy. Onda Ç.Bäşimowyň hojalygyna degişli Gülnar atly bedew aralygy 32,14 sekuntda geçmegi başardy. Üçünji çapyşykda bolsa Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Baharly athanasynyň Kiçigul atly bedewi ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 31,2 sekuntda geçmegi başardy.
Dördünňi topardan çykan iki ýaşar bedewler ikinji, dördünji, bäşinji we altynjy çapyşyklarda 1000 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Onda degişlilikde T.Baýramdurdyýewiň hojalygyna degişli Sowgatly diýen bedew ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 1 minut 10,10 sekuntda geçdi. Dördünji çapyşykda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gahryman (1 minut 10,5 sekunt) diýen bedewi beýlekilerden öňe saýlanmagy başardy. Ý.Emirowyň hojalygyna degişli Degerli (1 minut 09,52 sekunt) diýen bedewi öň gelmegi başardy. A.Ataýewiň hojalygyna degişli Güljeren bolsa altynjy çapyşygyň ýeňijisi boldy, ol bu aralygy 1 minut 08,54 sekuntda geçdi.
Ýedinji çapyşykda hem iki ýaşar bedewler Mähek we Gandikap diýen bedewlerden bolan Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň Gülsary atly gysragyň adyna goýlan baýrak ugrunda iki ýaşar bedewleriň 7-si 1400 metr aralyga goşuldylar. Mälim bolşy ýaly, öz döwründe Gülsarynyň Gökleň we Gerkez diýen nesilleri şöhrat gazandylar. Bu gezekki baýrakly çapyşykda Ç.Kulowyň hojalygyna degişli Bäşýyldyz diýen bedew ýeňiji boldy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bedewi bu aralygy 1 minut 40,50 sekuntda geçmegi başardy.
Sekizinji çapyşykda dördünji topardan çykan üç ýaşar bedewler 1500 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Şonda M.Rahymowyň hojalygyna degişli Ýyldyzhan (1 minut 47,07 sekunt) ýeňiji boldy. Dokuzynjy çapyşykda bolsa üçünji topardan çykan üç ýaşar bedewler 1600 metr aralyga goşuldylar. Bu çapyşykda N.Kulowyň hojalygyna degişli Daghan (1 minut 53,50 sekunt) ýeňiji boldy.
Dört we uly ýaşar bedewleriň 2200 metr aralyk boýunça goşulan onunjy çapyşygy has-da gyzykly boldy. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Gatyakar we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Mertebeli atly bedewleri pellehanadan deň diýen ýaly geçdiler. Şonda fotopellehananyň kömegi bilen ýeňiji kesgitlendi. Ägirt uly monitorda gaýtalanyp görkezilen çapyşyk arkaly eminler topary Gatyakary ýeňiji diýip yglan etdi. Ol bu aralygy 2 minut 40,17 sekuntda geçmegi başardy. Mertebeli bäsdeşinden bary-ýogy 0,04 sekunt yza galdy.
On birinji we on ikinji çapyşyklarda dört we uly ýaşar bedewler goşuldylar. 2800 metr aralyk boýunça güýç synanyşan bedewleriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan Garader (2 minut 55,32 sekunt) atly bedew ýeňiji boldy. 2800 metr aralyk boýunça güýç synanyşan bedewler şu günki çapyşygyň jemini jemlediler. Onda S.Orazsähedowyň hojalygyna degişli Gökdepe ( 3 minut 24,10 sekunt) atly bedew ýeňiji boldy.
Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky atçylyk sport toplumlarynda dürli ýaşdaky bedewleriň arasynda örän gyzykly çapyşyklar geçirildi. Ýeňijileriň hemmesine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.