Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 758
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň barşy, şeýle hem durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşyk boýunça geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň habaryny diňledi. Ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatda milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem milli däp-dessurlarymyzy häzirki döwrüň ýörelgeleri bilen utgaşdyrmak meselelerini üstünlikli çözmekde oňyn tejribe toplan ýurdumyzyň Ýaşulular maslahatynyň barha netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belledi. Şeýle hem A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirmegiň çäklerinde Ýaşulular maslahatynyň edarasy bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka bolan Ýaşulular maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň iş dolandyryjysy G.Myradowy çagyrdy.

Ol häzirki döwürde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň guramaçylyk derejesi barada hasabat berdi we Ýaşulularyň maslahaty hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak üçin «Türkmenistanyň Ýaşulalarynyň maslahatynyň meseleleri hakyndaky» Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyza hödürledi. Şeýle hem ýurdumyzda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşululara belent hormat-sarpa goýulýandygyny nazara almak bilen, ýaşulularyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandygyndan, olaryň baý tejribeleriniň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe netijeli häsiýete eýe bolýandygyndan, şeýle hem halkymyzyň ula hormat goýmak ýaly asylly däplerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine maslahatyň geçirilýän welaýatynyň ýaşuly wekilleriniň birini saýlamak bilen baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň asylly däplerine laýyklykda halkyň sylagly adamlary, ak sakgally ýaşulular bilen döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan meseleleri babatda geçirilýän maslahatlar özüniň oňyn netijesini berýär diýip nygtady. Munuň özi dünýä medeniýetiniň ösmegine ägirt uly goşant goşan we halkymyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň berkararlygyny pugtalandyrmakda baý tejribe toplan ýaşululara goýulýan hormatdyr diýip bellemek bilen, degişli Karara gol çekdi.

Wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Nurmyradowanyň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmegiň barşy, şol sanda medeni-köpçülik çäreleri hem-de ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp, durmuş-medeni maksatly möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryny guramak barada aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler barada durup geçdi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyryp, bularyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan döredijilikli we özboluşly milli öwüşginlere beslenip, ruhubelent ýagdaýda geçirilmelidigini aýtdy.

Soňra iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça şu ýylyň 19-22-nji sentýabrynda Minsk şäherinde geçiriljek türkmen-belarus Hökümetara toparynyň dördünji mejlisine görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Şeýle hem Sport baradaky döwlet komitetiniň we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işi bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri boýunça hem habar berildi.

Mundan başga-da, wise-premýer ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hususan-da, lukmançylyk enjamlaryny satyn almak we welaýatlaryň bejeriş-keselleriň öňüni alyş edaralary üçin döwrebap derejede enjamlaşdyrylan ýörite awtoulaglary paýlamak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Minskide geçiriljek Hökümetara toparynyň duşuşygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklaryň täze usullaryny gözläp tapmakda, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda we tutuşlygyna alnanda bolsa Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmakda şunuň ýaly bilelikdäki toparlara aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň gün tertibine girizilen we ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegi we döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini nazarlaýan meseleleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda utgaşykly tagallalary üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda yzygiderli düzümleýin özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ulgamlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze derejelere göterilmegini şertlendirer diýip nygtady. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz bu ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy, özgertmeleriň depginlerini ýokarlandyrmagy talap etdi we işde oňyn tejribeleriň, şol bir wagtyň özünde hem milli aýratynlygyň nazarda tutulmagynyň zerurdygyny belledi. Bu ýerde gürrüň diňe bir düzümiň ösdürilmegi hakynda däl, eýsem, ýaş, ussat hünärmenleriň ýetişdirilmegi, olaryň halkara taslamalaryna işjeň gatnaşmagynyň üpjün edilmegi, bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň ähli mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy barada barýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowy çagyrdy. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze saglygy goraýyş ulgamyna degişli derman kärhanalaryny gurmak hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ugurda görülýän guramaçylyk çäreleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň derman sengatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň meselelerine ünsi çekip, milli Liderimiz bu ulgamda türkmen tebigatynyň ajaýyp mümkinçiliklerini işjeň ulanmagyň, ýerli çig maldan täze dermanlyk serişdelerini işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara ülňülerine laýyk gelýän täze derman kärhanalarynyň işe girizilmegi pudagyň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ilatyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün edilmegini, şeýle hem dürli künjeklerde täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer. Mundan başga-da, ýurdumyzda öndürilýän dermanlyk serişdeleri eksport etmegiň mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar, bu bolsa Türkmenistanyň derman senagaty toplumynyň girdejisiniň artmagyna ýardam berer.

Pudagyň ylmy-tehniki we innowasion kuwwatyny ösdürmegiň wezipeleri daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň azaldylmagyna, öndürilýän derman serişdeleriň eksport möçberleriniň artmagyna gönükdirilendir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ministre bu işler bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak we täze kärhanalaryň gurluşygynda olaryň önümçiliginiň dünýäniň tehnologik ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra goni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda göni aragatnaşyga A. Ýegeleýew çagyryldy. Ol gözegçilik edýän gurluşyk pudagyndaky, gurluşyk materiallary senagatyndaky we elektroenergetika ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýet ýurdumyzda dürli maksatly iri desgalary, ilkinji nobatda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna gabatlanyp ulanmaga beriljek binalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamlaryň milli ykdysadyýetde möhüm orny eýeleýändigini göz öňünde tutup, olaryň kuwwatyny artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň zerurdygyny hem-de iş ýüzünde öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmagyň täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň yzygiderli ösüşinde wajyp ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz elektroenergetika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselä ünsi çekip, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek we energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, «Aşgabat şäheriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi. 3 tapgyrdan ybarat bolan, Aşgabat şäheriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça desgalary gurmak «Çalik Enerji Sanaýy ve Ticaret A. Ş.» türk kompaniýasyna ynanyldy. Hormatly Prezidentimiz döwrebap energetika ulgamynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň tutuş halk hojalygynyň, durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň möhüm ähmiýetli şertleriniň biri bolup durýandygyny belläp, şu resminama boýunça kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilmegine degişli ähli meselelere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şanly sene - ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli täze binalaryň ulanmaga berilmegine degişli meseleler barada durup geçip, göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjin etmegi tabşyryp, bu barada anyk görkezmeler berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Hojamuhammedow «2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça gorlen çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň birinji nobatdakysyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada jikme-jik gürrüň berildi, bu toplumyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 1 million 400 müň tonna dökün öndürmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň bu möhüm ähmiýetli pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň göwnejaý ýerine ýetirilmegini üpjin etmegi tabşyrdy. Şol wezipeleriň biri çig mal babatda örän uly kuwwata eýe bolan himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Garlykdaky kaliý duzlarynyň ýatagynyň öz gorlary boýunça sebitde iri ýatak bolup durýandygyny we ony özleşdirmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu barada anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işlejek dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurlup ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzda ýokary hilli mineral dökünleriniň öndürilmegini ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini we oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak, dürli görnüşdäki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjin etmek bilen baglylykda mineral dökünler babatda bildirilýän islegleriň artýandygyny belledi. Galyberse-de, bu toplumyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň himiýa senagatynyň eksport bilen bagly kuwwatyny artdyrmak boýunça örän uly mümkinçilikleri döredýär.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzy Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2012» atly VI halkara sergisiniň hem-de «Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» atly halkara ylmy maslahatyň Aşgabatda öz işine başlandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz häzirki döwre mahsus şertlerde öňdebaryjy telekommunikasion we habar beriş tilsimatlarynyň giňden ulanylmagynyň döwleti we jemgyýeti ösdürmekde möhüm ähmiýetli ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny belläp, şu forumyň iş ýüzünde uly ähmiýete eýedigini hem-de onuň maksadynyň ileri tutulýan bu ugur boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly tejribe alşylmagynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermekden ybaratdygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýükleri daşamak üçin örän oňaýly ugurlaryň döredilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda ulag toplumyna degişli ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine degişli meselä degip geçip, wise-premýere Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça göwnejaý çäreleri görmegi we degişli meseleleriň ählisine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de wideoşekilli goni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy M. Mütdikow ulgamyň düzümleriniň işi, şeýle hem Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň durkuny täzelemegiň we täze deňiz portuny gurmagyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde deňiz arkaly ýük daşalmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz porty ýurdumyzyň çäginden çekilýän «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgeleriniň üstaşyr geçirýän iri nokadyna öwrülmelidir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň «deňiz derwezesiniň» önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, porty döwrebaplaşdyrmak, ony tehniki taýdan täzeden üpjin etmek, bu ýerde dürli ugurlara degişli täze terminallary gurmak boýunça anyk meýilnamalar işlenip taýýarlanyldy. Milli Liderimiz täze döwrebap gämiler bilen milli söwda deňiz flotunyň üstüni ýetirmek boýunça netijeli çäreleriň görülmelidigini aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we türkmen söwda deňiz flotuny ösdürmegiň Baş meýilnamasynda « göz öňünde tutulan taslamalaryň pes depginler bilen amala aşyrylýandygy babatda nägilelik bildirdi we tankydy bellikleriň birnäçesini aýtdy. Hususan-da, milli Liderimiz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleriň örän wajypdygyny belläp, Türkmenbaşydaky deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak, bu gulluga degişli desgalaryň durkuny täzelemek, ýurdumyzyň Deňiz söwda flotuny döretmek boýunça işleriň juda haýal depginler bilen alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şol wajyp wezipeleriň hökmany suratda berjaý edilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, anyk işleri geçirmegi bu gullugyň ýolbaşçysyndan berk talap etdi, şonda suw ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak, syýahatçylyk işini ýola goýmak we hyzmatlary guramak hem-de munuň üçin halkara derejeli gämileri satyn almak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy M. Mütdikowa wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda iň bir jogapkärli pursatlaryň dowam edýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy.

Wise-premýer öz gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada durup geçmek bilen, pagta ýygymyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmegi üpjün edýän ähli zerur bolan guramaçylyk işleriniň ýola goýulmagyny talap etdi. Güýzlük galla ekişi barada aýdylanda bolsa, bu ugurda agrotehniki çäreleri takyk we doly möçberde ýerine ýetirmek babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Soňra tebigaty goramak ministri B. Annabaýramowa söz berildi, ol ekologiýa, şol sanda ýurdumyzyň ilatly ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak boýunça uly möçberli maksatnamalaryň berjaý edilişi, şeýle hem döwlet Başutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, täze tokaýly we bagly zolaklaryň döredilmegine, ýöriteleşdirilen bagçylyk hojalyklarynda we nahalhanalarda agaç nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilmegine, tebigaty goramak boýunça edaranyň önümçiliklerde tehniki howpsuzlyk we umuman, daşky gurşawy goramak boýunça talaplaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegine degişli meseleler barada jikme-jik gürrüň berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sazlaşykly we yzygiderli ýagdaýda ösdürilmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilip, Türkmenistanda uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, ekologiýa degişli meseleleriň ileri tutulýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz anyk mysal hökmünde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny görkezdi, onuň çäginde agaç nahallarynyň onlarça müňüsi oturdylar, şonuň netijesinde özboluşly howaly, ajaýyp künjek dörediler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýedi kilometr aralyga uzalyp gidýän Awaza derýasynyň kenarlaryny bagy-bossanlyga öwürmegiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada Tebigaty goramak ministrliginiň Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde zerur işleri geçirmegi barada degişli tabşyryklary berip, deňiz şypahanasyny bagy-bossanlyga öwürmek, baglaryň we gülleriň dürli görnüşlerini ekmegiň zerurdygyny we munuň döwrebap bagçylyk-seýiilgäh bezeginiň talaplaryna laýyk gelmelidigini, bu ýerde dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly geçirmeginde hem-de medeniýetli dynç almagynda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatly ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäginde welaýatlarda we Aşgabadyň daş-töwereginde agaç nahallaryna göwnejaý ideg edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna «Türkmennmallary» assosiasyýasynyň başlygy D.Myratberdiýewi çagyrdy. Ol öz hasabatynda häzirki döwürde assosiýasiýa tarapyndan alnyp barylýan işler, ýurdumyzda mallary dok we ýyly gyşlatmak, mallar üçin ýeterlik ot-iým gorlaryny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda möhüm pudaklaryň biri bolan maldarçylygyň döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilmegi, maldarlar üçin ähli zerur şertleriň we amatly mümkinçilikleriň döredilmegi ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini belläp, öri meýdanlarynda we beýleki maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylmalydygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi, mallar üçin ýeterlik derejede ot-iým gorlarynyň döredilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmak we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guralyşyny gowulandyrmak boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, geçen şenbe güni welaýat boýunça ählihalk ýowarynyň geçirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda bu möwsümleýin işleriň depginleriniň pesdigini, esasan-da, birnäçe etraplarda pagta ýygymynyň göwnejaý derejede guralmandygyny belläp, işleriň depginini güýçlendirmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagy babatda ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow wideoşekilli iş maslahatynda sebitde möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmak, pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesine aýratyn üns bermek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, häkim sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek babatda welaýatda durmuşa geçirilýän çäreleriň derejesiniň pesdigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň güýzlük bugdaý ekişinde bar bolan traktorlaryň eterlik derejede işledilmeýändigini we welaýatyň ähli etraplarynda pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýtdy. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň şunuň ýaly pes depginleri ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz häkime sebitde oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim şenbe gününde welaýatyň ilatynyň ählihalk ýowaryna işjeň gatnaşandygyny, onuň barşynda giň möçberli abadançylyk işleriniň geçirilendigini, bag nahallarynyň oturdylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny aýdyp, güýzlük bugdaý ekişiniň we ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň birnäçe etraplarynda häzire çenli güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň örän pesdigini belledi we bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Soňra hasabat bermek üçin Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowa söz berildi. Häkim welaýatda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitde oba hojalyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň çäklerinde maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem welaýatyň durmuş ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ünsi çekip, bu ugurda ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek we bu işlerde kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Milli Liderimiz hususan-da, welaýatyň käbir etraplarynda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek baradaky meselä ünsi çekip, welaýatda gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagy, ilatyň arassa agyz suwy bilen yzygiderli üpjün edilmegi hem-de gyşky möwsüme ykjam taýýarlyk görülmegi babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimize Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow sebitde zähmetsöýer babadaýhanlaryň alyn deri bilen ösdürilip ýetişdirilen «ak altynyň» bol hasylynyň ýekeje hanasyny hem isrip etmän ýygnamak, saçaklarymyzyň berekedi bolan ak bugdaýyň ýokary hasylyny kemala getirmegiň özeni bolan güýzlük galla ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda bellenilen möhletinde ýokary hilli geçirmek üçin durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy barada jikme-jik hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň oba hojalyk pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçiirilmegi ugrunda birleşen tagalallaryň zerurdygyny belläp, häzirki döwürde güýzük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň haýal depginde alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda güýzlük buglaý ekişiniň, şeýle hem pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň kada laýyk däldigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagy we onuň göwnejaý saklanmagy häzirki döwürde esasy talap bolup durýar diýip bellemek bilen, işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, oba hojalyk pudagynyň degişli düzümleriniň welaýatlaryň hojalyklary bilen sazlaşykly işlemelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatyň barşynda bolan söhbetdeşligiň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylara mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça, şeýle hem Watanymyzyň abadançylygynyňi bähbidine alnyp barylýan işlerde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.