Türkmen tennisçileri A.Ärnepesow we G.Poçaý ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda ýetginjekleriň arasynda geçirilýän “Ashgabat Cup” halkara tennis ýaryşynda finala çykmagy başardylar. Biziň toparymyzyň öňdebaryjy türgenleri iki bolyp çykyş etmek bäsleşiklerinde ýarym finalda türkiýeli türgenler A.Çelikbilegi we Ç.Hizlialpy utup, ýeňiş gazandylar.
Türikýeden gelen tennisçiler diňe oýnyň birinji böleginde mynasyp garşylyk görkezmegi başardylar. Muňa oýnuň şu böleginiň biziň türgenlerimiziň peýdasyna 7:6 hasabynda tamamlanmagy hem şaýatlyk edýär. Taý-breýkde A.Ärnepesow we G.Poçaý 7:3 hasabynda utdular, oýnuň ikinji böleginde bolsa 6:2 hasabynda ýeňmegi başardylar. 1/4 finalda biziň türgenlerimiziň Özbegistandan gelen güýçli türgenler M.Ýesipowdan we D.Karimowdan 6:3, 7:5 hasabynda üstün çykandygy bellärliklidir.
Finalda biziň türgenlerimiz gazagystanly tennisçiler S.Aýapyň we A.Nesterowyň garşysyna oýnarlar. Gazak türgenleri şu gün ýarym finalda beýleki bir gazagystanly topary, ýagny tennisçiler jübüti K.Akžarkenowy we D.Popkony 6:4, 6:1 hasabynda utmagy başardylar.
Şu gün ýaryşda ýekelikde çykyş etmek boýunça hem duşuşyklar geçirildi. Türkmen tennisçileriniň arasynda A.Ärnepesow we I.Mämmetkulyýew ýarym finala çykdylar. Olaryň birinjisi gazagystanly türgen K.Abiýewi 6:0, 6:2 hasabynda, ikinjisi bolsa çekeleşikli oýunda gazagystanly A.Nesterowy 2:6, 7:6 (7:4), 6:0 hasabynda utmagy başardy.
1/2 finalda A.Ärnepesow Ç.Hizlialp (Türkiýe), I.Mämmetkulyýew bolsa S.Aýap (Gazagystan) bilen duşuşar.
Finala çykmak üçin G.Dokeý (Gazagystan) – Ý.Tomeý (Türkiýe) we Ý.Gubanowa (Gazagystan) – M.Topsel (Türkiýe) bäsleşerler. Iki bolup oýnamakda bolsa finalda esasy baýrak ugrunda Ý.Gubanowa/D.Imažanowa (Gazagystan) – M.Karamerçan/Ý.Tomeý (Türkiýe) göreşerler.
5-nji derejeli ITF ýetginjekler halkara ýaryşy paýtagtymyzyň köpugurly “Aşgabat” stadionynda ilkinji gezek geçirilýär. Ýaryşyň baş emini, halkara derejeli emin Dmitriý Sawçuk (Özbegistan) bu stadionyň halkara ülňülerine doly laýyk gelýändigini tassyklady.
“Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşy ýokary derejede guralypdyr. Ajaýyp myhmanhanalar, kortlar, eminleriň, tehniki işgärleriň we lukmanlaryň birkemsiz işlemegi, şeýle hem ýer eýeleriniň myhmansöýerligi – bularyň ählisi häzirki wagtda Türkmenistanyň iň iri halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyna şaýatlyk edýär diýip, D.Sawçuk belledi.
“Ashgabat Cup” halkara tennis ýaryşy 22-nji sentýabrda tamamlanar.