Ï Türkmenistanyň Prezidenti halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 667
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilýän halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin köpugurly “Aşgabat” stadionyna geldi.

Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary we ony wagyz ediji bolmak bilen, milli Liderimiz özüniň ýagşy göreldesi bilen watandaşlarymyza, öňi bilen bolsa ýaşlara nusga bolýar we adamyň saglygy hem-de abadançylygy hakyndaky aladany Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasynda goýýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň ýokary gazananlaryny höweslendirmegiň hem-de ösdürmegiň meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.

Biziň ýurdumyzda türkmen sportunyň täze belentliklere çykmagyna, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmak işine mynasyp goşant goşmaga gönükdirilen dürli görnüşler boýunça geçirilýän ýaryşlaryň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, şu ýylda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, beden we ruhy taýdan kämil nesilleri kemala getirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda Aşgabatda ilkinji gezek hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlar geçirildi. Ýaryşyň final oýnuna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine, hokkeý oýny bilen gyzyklanmagyna kuwwatly itergi berdi.

Ine, bu gün hem milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurtda sportyň ösdürilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini alamatlandyrdy.

Bu gün döwrebap sport toplumynda özboluşly baýramçylyk äheňi duýulýar. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik we mähirli garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdy.

Döwlet Batutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, stadionda özi üçin bellenen ýörite ýere geçdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda milli Liderimize karateniň, dzýudonyňkämillik derejesini aňladýan 10-njy danyň Hormatly eýesiniň Diplomyny gowşurmak ýaly belent hem-de jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek üçin Aşgabada gelen wekilçilikli toparyň ýolbaşçysy, däp bolan Fudokan Şotokan karate-do boýunça Bütindünýä federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy jenap Iliýa Ýorgany kabul etdi.

Duşuşyk tamamlanan soň, bu ýerde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminden gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýygnanan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň Hormat nyşanynyň we netijeli hem-de döwrüň talabyna laýyk ýokary derejedäki köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna täze çemeleşmeleri teklip edýän döwlet işgäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly şahsy goşandynyň ykrarnamasyna öwrülen 10-njy danyň Hormatly eýesiniň Diplomynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, adam hakdaky aladany döwletiň we jemgyýetiň esasy gymmatlygy hökmünde ykrar eden ýurtda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milletiň saglygy hem-de beden taýdan sazlaşykly ösüşi hakyndaky aladany, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösüşi hem-de sportuň ýokary derejä çykmagy üçin amatly şertleriň döredilmegini ugur edinýän paýhasly we öňdengörüjilikli syýasty ynamly durmuşa geçirýär.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasaty netijesinde Türkmenistan dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna goşulyp, ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Şonuň netijesinde “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna çuňňur gyzyklanma bildirýän döwletleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi türkmen ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşiniň saklanmagyny, dünýäniň ähli künjeklerinden işewür toparlary üçin oňaýly maýa goýum ýagdaýyny şertlendirdi.

Şu günler Aşgabatda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň birinji Halkara ýarmarkasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäre öňki sowet giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Mundan başga-da, döwletleriň we hyzmatdaş ýurtlaryň telekeçi düzümleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hyzmat etjek sergi --ýarmarkasy Arkalaşygyň Döwletleriniň alyp barýan durmuş ulgamyny, hususan-da, Türkmenistanyň halkyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny beýan etdi.

Millionlarça watandaşlarymyzyň adyndan edilýän alada üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ýere ýygnananlar milli Liderimize berk jan saglyk, bagt we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançlygynyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw etdiler.

Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine sazlaşykly işi we hökümet agzalaryna berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlarynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz köpugurly “Aşgabat” stadionynyň VIP münberine geçdi.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Ýaryşyň açylyş dabarasyny aňladýan belent owazly sazlar ýaňlandy.

Dabaraly owazyň astynda stadionyň sport meýdançasyna ýaryşa gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklary çykarylýar. Ýaryşa gatnaşýan ýurtlary görkezýän ýazgyny göterip gelýän sport lybasyndaky toparlar merkezi münberiň öňünde hatara durdular.

Stadionda guralan dabarany alyp baryjy ýaryşa gatnaşýan toparlar bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň Prezidentine ýaryşy açyk diýip yglan etmek baradaky haýyş bilen ýüzlenýär. Ctadiony dolup oturan tomaşaçylaryň goşulmagynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Sportuň karate, taekwondo, erkin göreş, dzýudo, futbol, basketbol, woleýbol, el pökgüsi, akrobatika, çeper gimnastika, ýeňil atletika, welosport, tigirçeklerde hereket etmek, milli göreş we ýaglyga towusmak ýaly görnüşleri boýunça türgenler topary belent ýaňlanýan aýdym-sazyň astynda görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Bu ýerde türgenleri belent ýeňişlere ruhlandyrýan milli Liderimize alkyş sözlerini aýdyp, döşleri medally türgenler merkezi münberiň öňünden geçýärler. Halkara derejesinde geçirilen dürli ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýygnanypdyrlar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda oňyn özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, türkmen sporty Türkmenistanda ruhy göterilişiň, ösüşiň we döredijigiň belent sepgitlere çykýandygyny alamatlandyrýar. Paýtagtymyzdaky Saglyk ýoluna yzygiderli çykylmagyny wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýä ygrarly bolmak bilen, özüniň şahsy göreldesi netijesinde ýaş nesilleriň arasynda “Sagdyn bedende—sagdyn ruh” diýen ýörelgäniň giňden goldaw tapmagyny şertlendirýär.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda dürli sport desgalarynyň, şol sanda döwrebap stadionlaryň we sport mekdepleriniň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa türgenler, ilkinji nobatda ýaş nesiller üçin öz ussatlygyny barha kämilleşdirmäge we sportda täze üstünlikleri gazanmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmegi ýurdumyzyň sportunyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary ýygy-ýygydan guralýar. Türkmen türgenleri bolsa şol ýaryşlara we olimpiýa hereketine barha işjeň gatnaşýar.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Orta Aziýa sebitinde ilkinji gezek Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky çözgüdi ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi üçin möhüm waka öwrüler. Bu iri yklymara toplumlaýyn bäsleşikleri Olimpiýa şäherçesiniň meýdançasynda geçiriler. Onuň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut özi gatnaşdy. Bu ajaýyp we Orta Aziýada iri sport toplumy 30-a golaý desgany özünde jemläp, diňe bir dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin däl, eýsem, türkmen türgenleri üçin okuw-türgenleşik merkezine, ýurdumyzyň türgenlerini we milli toparlaryny dünýä, Aziýa ýaryşlaryna, şeýle hem Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin oňaýly binýada öwrüler.

Ýokary derejede geçirilýän halkara ýaryşlaryny guramaga niýetlenen desgalaryň üstüni 20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly “Aşgabat” stadiony ýetirdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda futbol boýunça abraýly halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüler.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynyň çäklerinde bellenen çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýyl bu bäsleşik täze görnüşde geçirilýär. Oňa ilkinji gezek Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň 9-sy gatnaşýar. Olar ýaryşlaryň deslapky tapgyrynda iki topara bölündiler.

Halkara ýaryşyň her bir oýnunyň “Fair play” (“Adalatly oýunlar”) baýdagyny çykarmak dessury we FIFA-nyň hem-de duşuşyga gatnaşýan toparlaryň Döwlet senalaryny ýerine ýetirmek arkaly utgaşykly alnyp barylýandygyny bellemeli. Munuň özi, adatça dünýä çempionatlarynda, yklymara birinjiliklerinde we Olimpiýa oýunlarynda geçirilýän resmi duşuşyklar mahalynda berjaý edilýär. Bu bolsa şu günki badalga berilýän ýaryşyň ýokary derejä eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

“Aşgabat” stadionynyň merkezi meýdançasyna çykan Türkmenistanyň we Gyrgyzistanyň toparlarynyň bäsleşiginiň öňüsyrasynda hem şunuň ýaly dabaraly çäre geçirildi. Bäsleşik örän çekeleşikli boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu oýna tomaşa etdi. Tomaşaçylardan doly münberleriň şowhuny, köpsanly janköýerleriň ýygyndy toparmyzyň oýunçylaryny goldamagy netijesinde bäsleşik turuwbaşdan çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilýän halkara ýaryşyň oýunlary başlandy. Ýaryşyň başynda toparlaryň ikisi-de üýtgeşik oýun görkezmediler. Ýöne şeýle-de bolsa olar yzly-yzyna hüjüm etdiler. Futbolçylar garşydaşlarynyň derwezesiniň öňünde birnäçe çylşyrymly pursatlary döretdiler.

Çekeleşikli geçýän bäsleşigiň 36-njy minudynda ezber oýunça M. Muhadow hasaby açdy. Şeýlelikde oýnuň birinji bölümi 1:0 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.

Tälimçileriň beren görkezmeleri bäsleşigiň ikinji bölüminiň başynda öz netijesini berdi. Oýnuň 46-njy minutynda Y.Çörliýew tapawutlandy. 49-njy minutda bolsa biziň futbolçymyz M.Muhadow hasaby 3:0 ýetirmegi başardy. Şeýle hem bäsleşigiň 56-njy minudynda Y.Çörliýew ýene-de tapawutlandy. Bäsleşigiň gutarmagyna bary-ýogy 14 minut galanda M.Aşyrow jemleýji pökgini garşydaşlarynyň derwezesine girizdi. Şeýlelikde, bu oýun 5:0 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.

Oýnuň ikinji bölümi has-da gyzykly boldy. Türkmen futbolçylarynyň ussat hereket etmekleri netijesinde gyrgyz futbolçylary birnäçe ýalňyşlyklara ýol berdiler. Olary bolsa biziň türgenlerimiz ussatlyk bilen peýdalandylar. Oýun örän çylşyrymly bolsa-da, ol düzgüniň çäklerinden çykmady. Iki pökgini geçirensoň türkmen futbolçylary has açyk oýnap başladylar. Bu bolsa olara şahsy ussatlyklaryny we toparlaýyn hereketleri görkezmäge mümkinçilik berdi. Biziň türgenlerimiziň sazlaşykly oýny gyrgyz futbolçylarynyň goragyny köp gezek böwüsmäge mümkinçilik berdi. Oýnuň ikinji bölüminiň ortalaryndan başlap artykmaçlyk dolulygyna biziň futbolçylarymyzyň tarapyna geçdi we bu ýagdaý bäsleşigiň hasabyny 5:0-a ýetirmäge mümkinçilik berdi. Münberlerdäki janköýerleriň goldawy we iň esasy bolsa Türkmenistanyň Prezidenti, Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagy bolan Hormat ordeniniň eýesi Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýna tomaşa etmegi türkmen futbolçylarynyň runuhy göterdi we bäsleşigiň uly futbolyň hakyky baýramçylygyna öwrülmegini şertlendirdi.

Gyzykly oýun tamamlanan soň, hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, olary halkara futbol ýaryşynyň başlanmagy bilen ýene bir ýola gutlady hem-de hemmelere jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.