Şu gun Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasnyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Georgiý Petrowy kabul etdi. Ol düýn türkmen paýtagtynda açylan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasynyň hormatly myhmany boldy.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça GDA giňişliginde ilkinji gezek geçirilýän sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, özboluşly ykdysady forum hyzmatdaş ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň gazananlaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, döwlet we hususy düzümleriň arasynda uzakmöhletleýin işjeň gatnaşyklary ýola goýak üçin açyk meýdança öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, GDA-nyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyz ählumumy bähbitlere giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga oňyn çemeleşýär. Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy hem muňa şaýatlyk edýär. Şol konsepsiýada syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda möhüm çäreleriň 30-dan gowragyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryny gyşarnyksyz pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Russiýa Türkmenistan üçin ähli babatda, ilkinji nolatda, ykdysady ulgamda strategiki hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip belledi. Ykdysady ulgamda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen, ýurtlaryň ikisine hem birek-birege teklip etmäge zady köpdür.
Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman köp asyrlyk dostlugyň we ähli ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň binýadynda guralýan köp ugurly türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň esasyny düzýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň we aýry-aýry telekeçilik düzümleriniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
GDA agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň birinji ýarmarkasynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Georgiý Petrow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň öňünde özleriniň eksport kuwwatyny artdyrmak we geljekki hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleri açýan ajaýyp däbiň başyny başlandygyna ynam bildirdi.
Dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerne laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.
Duşuşyk tamamlanandan soň, bu ýerde, «Oguzhan» Köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň Hormatly nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara türkmen hökümetiniň agzalary, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidentiniň belleýşi ýaly, bu sylaga—hormat-sarpanyň ýokary derejedäki nyşanyna diňe daşary ýurtly hyzmatdaşlar mynasyp bolýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu Hormatly nyşana mynasyp bolan ilkinji döwlet işgäridigini bellemelidiris.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putiniň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň baştutany D.Medwedewiň aydyna iň gowy arzuwlary aýdyp, jenap Georgiý Petrowa we onuň üsti bilen Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň Prezidiumyna sylagyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýyllarda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde innowasiýalary giňden ulanmaga, maýa serişdelerini çekmäge, işewür toparlaryň işini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady. Ýurdumyzda kiçi, orta we iri işewürligi ösdürmek işi hemmetaraplaýyn höweslendirilýär. Häzirki wagtda telekeçilik senagatda, içerki we daşarky söwdada, oba hojalygynda, gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda we beýlekilerde üstünlikli hereket edýär.
Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlaryň işewür toparlary we halkara işewürlik guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär. Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýarmarka özleriniň önümlerini görkezýän we dürli ýurtlardan alyjylar we hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýýan önüm öndürijileriň, şeýle hem söwda kompaniýalarynyň köp sanlysy gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany GDA agza ýurtlaryň saldamly söwda-ykdysady kuwwata, şol sanda telekeçilik ulgamynda hem uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Umumy bähbitler üçin şol mümkinçiliklerden doly peýdalanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň Hormat nyşanynyň gowşurylandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu nyşany telekeçilik işini goldamak we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça edilýän tagallalary berlen baha hökmünde kabul edýändigini nygtady.

* * *