Ï Türkmenistanyň ýygyndy topary halkara ýaryşynda ýarym finala çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýygyndy topary halkara ýaryşynda ýarym finala çykdy

view-icon 760
Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” sport toplumynda geçirilen duşuşyklaryň netijesinde “A” toparynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky 18-nji halkara futbol ýaryşynyň baş baýragy üçin bäsleşikleri ýarym finalda dowam etdirjek toparlaryň ikisi kesgitlenildi. Olar öz bäsdeşlerini uly hasap bilen utup, 9 utuk toplan biziň ýurdumyzyň we Russiýanyň ýygyndy toparlarydyr. Özi-de Türkmenistanyň ýygyndy topary pökgi tapawudy bilen birinji orunda barýar.

Ilki bilen Russiýanyň we Ermenistanyň futbolçylary meýdança çykdylar. Oýnuň ilkinji pursatlarynda russiýaly türgenler hüjüme başlap, oýun tamamlanýança artykmaçlyga eýe boldular. Duşuşygyň birinji ýarymynda olar ermeni futbolçylarynyň derwezesine jogapsyz 4 pökgini geçirmegi başardylar. Şonda Daniil Poluboýarinow, Grigoriý Melkadze, Nikolaý Obulskiý we Daniil Ýamşikow tapawutlandylar.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda hem ýagdaý üýtgemedi. Russiýaly türgenler hüjümlerini dowam etdirdiler. Emma Ermenistanyň ýygyndy toparynyň derwezeçisiniň oňat oýnamagy netijesinde howply pursatlaryň öňi alyndy. Şeýlelikde, oýnuň iň soňky minudyna çenli hasap üýtgemän galdy. Ýöne duşuşygyň tamamlanmagyna az salym galanda Mihail Mogulkin hasaby 5:0 ýetirmegi başardy.

N.Obulskiniň şu duşuşykda geçiren pökgisi ony iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň arasyndaky bäsleşikde öňe saýlady. Onuň hasabynda tora girizilen 3 pökgi bar. Emma bu ýagdaý hem tizara düýbünden üýtgedi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygynda jemi 7 pökgi geçirildi. Olaryň hemmesi-de biziň futbolçylarymyzyň garşydaşlarynyň toruna girizildi.

Bu duşuşygyň 19-njy minutynda Musaguly Çaryýew hasaby açdy. Şondan bary-ýogy 5 minut geçenden soň Batyrgylyç Berdiýew hasaby 2:0 ýetirdi. Biziň toparymyzyň futbolçysy Gurban Annaýew bu ýaryşlarda özüniň üçünji pökgisini tora saldy. Duşuşygyň birinji ýarymynyň iň soňky minutynda Merdan Muhadow hem öz şahsy hasabyny üçe ýetirdi. 4:0 hasabynda futbolçylar arakesmä çykdylar.

Arakesmeden soň türkmenistanlylar hüjümlerini birjik-de gowşatmadylar. Netijede, Gazagystanyň ýygyndy toparynyň derwezesine yzly-yzyna iki pökgi geçirildi. Olaryň ikisini hem M.Muhadow saldy we onuň şahsy hasaby indi bäşe ýetdi.

Ol şu ýaryşda iň köp pökgi geçiren türgen boldy. Şondan soň M.Muhadowy başga oýunçy bilen çalyşdylar. Biziň ýygyndy toparymyzyň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow iň güýçli oýunçylaryň birini öňde boljak has jogapkärli duşuşyklar üçin aýamak kararyna geldi.

Oýna duşuşygyň emininiň goşan goşmaça wagtynyň iň soňky minutynda Ylýas Rozyýew gazagystanlylaryň derwezesine ýedinji pökgini geçirdi.

Şeýlelikde, türkmen we russiýaly futbolçylar ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandylar. Diňe kimiň toparda birinji orundan, kimiň bolsa ikinji orundan bäsleşikleri dowam etdirjekdigini kesgitlemek galdy. Bu soraga 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Russiýanyň toparlary özara duşuşanlarynda jogap tapylar. Oýun “Aşgabat” sport toplumynda 18:00 başlanar.

Şol gün “B” toparynda hem ýarym finalçylar kesgitlener. Sagat 10:00 “Köpetdag” sport toplumynda Özbegistanyň we Ukrainanyň ýygyndy toparlary duşuşar, sagat 16:00 bolsa şol ýerde Belarusyň we Täjigistanyň toparlary özara güýç synanyşar. Bu toparda 6 utuk toplan Ukrainanyň komandasy birinji orunda barýar. Täjigistanyň we Özbegistanyň ýygyndy toparlarynyň her biri 3 utuk toplady. Iň soňky ýerde barýan Belarusyň ýygyndy topary bolsa häzire çenli utuk gazanyp bilmedi.