“Aşgabat” stadionynyň kortlarynda “Ashgabat Cup” baýraklary ugrundaky bäsleşikler tamamlanandan köp wagt geçmänkä türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 21 ýyllygyna bagyşlanyp, Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) däp bolan 11-nji ýaryşlary badalga aldy. Bu bäsleşiklere Rumyniýadan, Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan 18 ýaşdan uly bolmadyk tennisçiler gatnaşýarlar.
Aşgabatda geçirilýän (ITF) bäşinji derejeli halkara ýetginjekler ýaryşy ýylsaýyn meşhurlyga eýe bolýar. 10 ýylyň içinde paýtagtymyzyň kortlarynda Amerika, Ýewropa, Aziýa ýurtlaryndan, Awstraliýadan bolan türgenler baýraklar üçin güýç synanyşypdylar. Şu ýyl baýrak ugrunda güýç synanyşýanlaryň arasynda ilkinji gezek Rumyniýanyň wekili Kristina Moroi hem bar.
Şu gün köpugurly “Aşgabat” stadionynda ýaryşlar başlandy. Türkmen tennisçilerinden ýekelikde erkekleriň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde A. Hergunwarimden (Türkiýe)-3:6, 7:6 (7:2), 6:2 hasabynda üstün çykan G.Poçaý ikinji aýlawa, ýekelikde zenanlaryň arasynda bolsa G.Muhammetkulyýewa öz ildeşimiz Ý.Patarowadan-6:0, 6:0, D.Baýramowa D.Sergeýewadan (Gyrgyzystan)-6:0, 6:2 hasabynda üstün çykyp, ikinji aýlawa çykdylar.
Ertir ýaryşlar dowam etdiriler. Türkmen tennisçilerinden A.Ärnepesow ilkinji duşuşygyny D.Popko (Gazagystan) bilen geçirer.
Ýaryşlar 29-njy sentýabrda tamamlanar.