Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 694
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň birnäçesiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň käbir ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Nobatdaky maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, pudaklaýyn maksatnamalary we ileri tutulýan milli taslamalary amala aşyrmagyň barşy bilen bagly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyk boýunça geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany çagyrdy. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Milli Liderimiz kanunçylyk hukuk binýadyny ulgamlaýyn kämilleşdirmegiň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösdürilmeginiň, demokratik esasynyň pugtalandyrylmagynyň wajyp ugry bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň möhüm wezipeleriniň Mejlisiň işinde hem döwrüň talabyna gabat gelýän çözgüdini tapmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Ýaşulularyň maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň iş dolandyryjysy G.Myradowy çagyrdy. Ol Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň guramaçylyk derejesi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaiyny çagyrmak hakyndaky” Permana, şeýle hem “Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek hakyndaky” Buýruga gol çekip, türkmen halkynyň asylly däplerine laýyklykda halkyň sylagly adamlary, ak sakgally ýaşulular bilen döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak özüniň oňat netijesini berýär diýip nygtady. Munuň özi dünýä medeniýetiniň ösmegine ägirt uly goşant goşan we merdana halkymyzyň agzybirligini, ata Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmakda baý tejribe toplan ýaşululara goýulýan belent hormatdyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çykyş edip, Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi we şunuň bilen baglylykda täze desgalary gurmagyň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Şol kärhanalaryň arasynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň Aşgabat şäherinde guruljak “Berzeňňi” mineral bejeriş suw kärhanasynyň, Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde guruljak zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynyň, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze guruljak ýod kärhanasynyň we Jebel şäherçesinde guruljak bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhananyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze guruljak zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhananyň taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze derman senagaty kärhanalaryny gurmak, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hem-de ilatymyzyň özümizde öndürilýän ýokary hilli derman serişdelerine we saglygy goraýyş maksatly önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen bu kärhanalaryň wajyp ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalary umuman makullap, olara düýpli düzedişleri girizdi hem-de bu işleri mydama berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen hepdede Nýu-Ýork şäherinde açylan 67-nji mejlisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bütindünýä forumynyň gün tertibine parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşe ýardam etmek, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarly bolmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisine oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürmegi göz öňünde tutýar. Türkmen döwleti şu mesele boýunça umumy bähbitleriň sazlaşygyna esaslanýan oňyn çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam etmäge çalşyp, bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Mysal üçin, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ozalky mejlislerinde ýurdumyzyň möhüm başlangyçlarynyň birnäçesi öňe sürüldi. Şol başlangyçlaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa mynasyp bolmagy hem olaryň derwaýysdygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, bu mesele hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda eden çykyşynda esasy meseleleriň biri boldy. Bu maslahat şu ýylyň tomsunda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirildi.

Türkmenistan şeýle hem ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Bu meseleler durnukly ösüşiň wezipeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň “Rio+20” duşuşygyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyz bu meseleleriň möhümdigine düşünip, köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek we bu ulgamda netijeli gurallary kemala getirmek ugrunda çykyş edip, hususan-da, BMG bilen hyzmatdaşlykda ýöriteleşdirilen düzümi-howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezi döretmegi teklip edýär we onuň işlemegi üçin zerur bolan düzümiň ählisini hödürlemäge taýýardygyny beýan edýär. BMG bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriň birnäçesini öňe sürmegi göz öňünde tutýar.

Türkmen döwleti bütin adamzadyň bähbidine özüniň köp taraply döredijilik kuwwatyny amala aşyrmaga çalşyp, BMG we onuň iri düzümleri bilen hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Mysal üçin, biziň ýurdumyz 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna özüniň kandidaturasyny görkezdi. Munuň özi türkmen tarapynyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda gumanitar ulgamda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar täze ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň ulgamda bu hyzmatdaşlyga degişli täze teklipleriň beýan ediljekdigi bellenildi.

Garaşylyşy ýaly, bütindünýä forumynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň duşuşyklaryň birnäçesini geçirjekdigi, hususan-da, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygyna gatnaşjakdygy habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigini nygtap, biziň ýurdumyzyň geljekde hem sebitleýin we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady. Özüniň daşary syýasat ugruny oňyn bitaraplyk we açyklyk ýörelgeleri esasynda guraýan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisiniň garamagyna hödürlejek täze oňyn teklipleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, häzirki zamanyň derwaýys meselelerini sazlaşykly çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça maksadalaýyk işleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri barada aýratyn durup geçdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisine gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine ugrar. Milli Liderimiz wekiliýetiň agzalaryna bütindünýä forumynda üstünlikli işlemegi arzuw etdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ulag we aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, hususan-da, pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwletimiziň ulag we aragatnaşyk toplumynyň ähli pudaklaryny ösdürmek meselelerine hemişe üns berýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda amala aşyrylýan maksatnamalaryň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şonda milli Liderimiz ulag we aragatnaşyk kärhanalarynyň ilatymyza edýän hyzmatlarynyň döwrüň talaplaryna gabat gelip, olaryň ýokary hilli bolmagyna ünsi çekdi hem-de bu ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp düzmeleri giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Bularyň hemmesi öz gezeginde öňde goýlan wezipleriň üstünlikli çözülmegine ýardam eder.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli maslahatyň barşynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow pudagyň alyp barýan işleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde täze halkara howa menzilleriniň toplumlaryny hem-de Daşoguz şäheriniň howa menzilinde döwrebap emeli uçuş-gonuş zolagyny we desgalaryny gurmak boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt kompaniýasyny seçip almak maksady bilen geçirilen işler barada habar berildi. Geçirilen halkara bäsleşigi netijesinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Airport Consulting Partners/ILF Consulting Engineers” kompaniýasy seçilip alyndy. Bu kompaniýa degişli ugurda uly tejribä eýe bolup durýar.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna we pudaklaýyn maksatnama laýyklykda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň howa ulaglary ulgamynyň düzümini has-da kämilleşdirmek boýunça esasy wezipeler ünsi çekip, milli Liderimiz degişli ugurda görülýän çäreleriň depginlerini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz düýpli özgertmeleri başdan geçirýän Türkmenistan dolandyryş we öňdebaryjy tehnologiýalar babatda iň gowy tejribäniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berýär diýip belledi. Konsalting hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hakynda nemes kompaniýasy bilen şertnama baglaşmak boýunça teklipleri umuman makullap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Biziň ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini we ulag ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen ädimleriň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy G.Nurgeldiýewa paýtagtymyzda geçirilýän “Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoludyr” atly neşir önümleriniň VII halkara sergi-ýarmarkasyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem bu gullugyň merkezleşdirilen çaphana kombinatyny gurmak boýunça taslamalaryň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, däbe öwrülen halkara sergi-ýarmarkasy türkmen paýtagtynda 26 ýurtdan neşirýat işi bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekillerini ýygnady.

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň neşirýat ulgamynda giň gerimli we maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, geljekde hem neşirýat ulgamyny ösdürmek boýunça döwletimiz tarapyndan ähli zerur tagallalaryň görüljekdigini aýtdy. Şu geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynda neşirýat ulgamynda gazanylan üstünlikleri görkezmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen neşirýatçylara pikir alşyp, tejribelerini paýlaşmaga giň mümkinçilikleriň döredilmelidigini nygtap, döwlet Baştutanymyz bu halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada gullugyň başlygyna görkezme berdi.

Milli Liderimiz Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada edilýän alada hökmünde bu gullugyň merkezleşdirilen çaphana kombinatynyň meýilleşdirilýän gurluşygyny mysal getirdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň çäginde merkezleşdirilen çaphana kombinatyny gurmagyň hödürlenen taslamalary bilen içgin tanyşdy hem-de dolandyryş we çaphana kombinatynyň önümçilik binalarynyň şähergurluşyk-binagärlik aýratynlyklary bilen utgaşykly sazlaşmalydygyny belläp, hödürlenen taslamalara birnäçe düzedişleri girizdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda gurluşykda, gurluşyk materiallary senagatynda, elektrik energetika pudagynda geçirilýän işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew çykyş etdi. Wise-premýer ýurdumyzda gurulýan möhüm desgalarda, şol sanda ýollaryň we köprüleriň, şeýle hem beýleki desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gurluşyk işleriniň birkemsiz, halkara ülňülerine laýyk gelýän hilini üpjün etmek we ähli desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek baradaky meselelere ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe degişli görkezmeleri berdi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda gurulýan dürli maksatly köp sanly desgalar biziň ýurdumyzda, şäherlerde we obalarda häzirki zaman, täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna kybap gelýän durmuş-ykdysady düzümleri kemala getirmäge ýardam etmelidir diýip nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti jemagat hojalygy ministri A.Ýagşymämmedowyň hasabatyny diňlendi. Ol ministrligiň gündelik işi hakynda, şol sanda onuň maddy-enjamlaýyn binýady we paýtagtymyzda abadanlaşdyryş hem-de arassaçylygy üpjün etmek boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň ähli düzümlerini gyşky möwsümiň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýylylyk-üpjünçilik desgalaryny serişdeler bilen üpjün etmekde, ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmekde olaryň sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyny belledi. Adamlar hakyndaky alada, olaryň has oňaýly durmuşy hem-de işlemegi üçin ähli şertleri döretmek siziň işiňizde esasy mesele bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz ministrligiň tehniki üpjünçiligine, şäheri abadanlaşdyrmak we onda arassaçylygy berjaý etmek bilen bagly işine degişli meseläniň üstünde durup geçmek bilen, daşky tebigy gurşawy gorap saklamaga ýardam edýän bu iş hemişelik gözegçilikde saklanylmalydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri çözmekde ýöriteleşdirilen tehnikanyň uly bölegini giňden netijeli ulanmak barada görkezme berdi.

Wideoşekilli maslahat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň çykyşy bilen dowam etdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem esasy halkara guramalary, şol sanda Ýewropa komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada habar berdi.

Hususan-da, Ýewropa komissiýasynyň Türkmenistana “Orta Aziýa ýurtlarynyň ylmy-barlag we bilim ulgamy” /CAREN/ atly taslamanyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary dowam etmegi teklip edýändigi bellenildi. Taslamanyň esasy maksady sebitiň ýurtlarynda bar bolan, ozal amala aşyrylan “Wirtual Ýüpek ýoly” taslamasynyň çäklerinde döredilen ulgamy goldamakda we döwrebaplaşdyrmakda jemlenýär. Internete girmegiň hemra tehnologiýalaryndan ýerüsti optiki-süýümli tehnologiýalara geçmek göz öňünde tutulýar. Orta Aziýanyň bäş döwletiniň ylym we bilim edaralaryny Ýewropanyň GEANT ylym-bilim ulgamyna birikdirmek, Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň akademiki edaralarynyň hyzmatdaşlygy üçin sebitleýin binýady döretmek CAREN taslamasynyň wezipeleri bolup durýar.

Amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bellenilen ähli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine degip geçmek bilen, Türkmenistanyň “Orta Aziýa ýurtlarynyň ylmy-barlag we bilim ulgamy” atly taslama gatnaşmagy baradaky teklibi makullady. Munuň üçin biziň ýurdumyzda degişli ulgamlar bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýerüsti optiki-süýümli aragatnaşygyň tehnologik we maliýe artykmaçlyklaryny, şeýle hem Ýewropanyň we Aziýanyň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň ylmy-barlag we bilim institutlaryny bir bitewi halkara ulgamyna birleşdirmegiň bu taslamanyň esasy wezipesi bolup durýandygyny üns merkezine almak gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Taslamanyň amala aşyrylmagy ylym-bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilimiň we ylmy-barlaglaryň hilini gowulandyrmaga, şeýle hem Orta Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň ylym we bilim aragatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu meseläni öwrenmegi we degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň başlygy A.Täçmämmedowa hasabat bermek üçin söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza gullugyň geçirýän işleri we hususan-da, täze pagta hasylynyň hiline gözegçilik etmek baradaky alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta kabul ediş harmanhanalarynda, şeýle hem Aşgabatda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň merkezi barlaghanasynyň ýöriteleşdirilen bölümleriniň işleýändigi bellenildi, olar häzirki zaman gurallaryny ulanyp, pagta hasylynyň hiliniň, onuň halkara ülňülerine laýyk gelmeginiň seljermesini geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň hiline, ýurdumyzyň ykdysadyýeti we onuň eksport mümkinçilikleri üçin möhüm bolan pagtanyň hili boýunça bu gullugyň üstüne jogapkärli wezipäniň ýüklenendigini, şunuň bilen baglylykda bu ugurda yzygiderli iş geçirmeginiň aýratyn möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada söz açyp, onuň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny netijeli peýdalanmagyň we yzygiderli kämilleşdirmegiň, ony iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedowy çagyrdy. Ol öz ýolbaşçylyk edýän edarasyna ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşy, Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususan-da, häzir obasenagat toplumynda gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymynyň barşynda statistiki maglumatlaryň toplanylmagy we seljerilmegi bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlygyň barşy hakynda jikme-jik hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde häzirki wagtda ilat ýazuwy bilen bagly guramaçylyk çäreleriniň toplumynyň geçirilendigi bellenildi. Statistika müdirlikler tarapyndan Türkmenistanyň ilatly ýerleriniň çäklerini hasabat uçastoklaryna awtomatlaşdyrylan usulda bölmek berjaý edildi. Ähli welaýatlarda bu işe ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplaryny, orta mekdepleriniň mugallymlaryny, saglygy goraýyş işgärlerini, geňeşlikleriň, etraplaryň häkimlikleriniň wekillerini we başgalary çekmek göz öňünde tutulýar.

Öňde boljak çäräniň maksatlaryny we wezipelerini habar beriş serişdeleriň üsti bilen ilata düşündirmek boýunça işler hem geçirilýär. Ilat ýazuwynyň nyşanlary we şygarlary tassyklanyldy, plakatlaryň, bukletleriň we ýatlamalaryň çyzgylary işlenilip taýýarlanyldy. Olar ilatyň has köp bolýan ýerlerine ýaýradylar.

Häzirki wagtda barmasy kyn ýerlerde we uzakdaky öri meýdanlarynda ilat ýazuwyny geçirmäge badalga berildi. Işçi toparlary seçilip alyndy we okadyldy, ähli hasapçylara ilat ýazuwynyň resminamalary berildi we olar zerur maddy enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün edildi.

Bu çäräni geçirmäge taýýarlyk görmegiň barşynda iň täze tehnologiýalary ulanmak meselesine aýratyn üns berildi. Hususan-da, işi kartografiki materiallar bilen elektron görnüşinde üpjün etmek we zerur statistika maglumatlary elektron kartasyna girizmek, girizilýän maglumatlaryň oňat hilli bolmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti barapyndan halkara iş tejribesinde ulanylýan GIS-tehnologiýa /Geografiki maglumatlar ulgamy/ peýdalanylar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümleriniň, ýagny “ak altyn” hasylynyň taýýarlanylyşy baradaky maglumatlaryň örän takyk we anyk bolmalydygynyň wajypdygyny belläp, bu gullugyň başlygyna ýagdaýy doly seljermek maksady bilen ýerlerde ýygy-ýygydan bolmak barada tabşyryk berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ilat ýazuwy ýaly çäräniň ähmiýeti hakynda söz açyp, onuň üstünlikli geçirilmegi köp babatda oňa degişli döwlet edaralaryň we düzümleriň, ilatyň hem jogapkärli gatnaşmagyna baglydyr diýip nygtady, bu çäre 2012-nji ýylyň 15-nji dekabryndan 26-njy dekabry aralygynda geçiriler. Ilat ýazuwynyň geçirilmegi ilatyň demografiki düzümi we ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy hakyndaky takyk maglumatlary almaga hem-de türkmen döwletiniň mundan beýläk-de ösüşi we rowaçlanmagy üçin mäkäm esasyň düýbüni tutmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz häzirki ilat ýazuwynyň 2005-2014-nji ýyllarda BMG-niň agzalary bolan ýurtlarda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmek hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň çözgüdiniň çäklerinde geçirilýändigini belläp, munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň bu abraýly halkara düzümi bilen hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar diýip nygtady hem-de halkara talaplaryna laýyklykda ony üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek barada görkezme berdi. Soňra Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berildi, ol ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň her bir ulgamynyň öňünde türkmen döwletiniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we ösüşine, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligiň zerurdygyny nygtady. Bu babatda milli Liderimiz medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýollaryň we elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň edaralary we kärhanalary tarapyndan meýilnamalaýyn borçnamalaryň oňat hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegi baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna bu meseleleriň hemmesini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanýndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berildi. Ol Aşgabatda geçirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky maslahatynyň jemleri hakynda habar berdi. Onuň işine taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatda, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki işçi toparyň işiniň, şeýle hem Aziýanyň, Amerikanyň we Ýewropanyň iri maliýe merkezlerinde – Singapurda, Nýu-Ýorkda we Londonda sentýabryň ikinji ongünlüginde geçirilen işewür tapgyrynyň esasy netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol esasy halkara nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe edaralaryny TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin dörediljek konsorsiuma çekmek we maglumat bermek maksady bilen geçirildi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, işewür tapgyrynyň çäklerinde tanyşdyrmalar guraldy. Olarda Türkmenistanyň energetika kuwwaty, TOPH taslamasynyň operatory – “Türkmengaz” döwlet konserni, transmilli gaz geçirijiniň tehniki häsiýetnamalary we kadalaşdyryjy hukuk binýady hakynda zerur bolan maglumatlar berildi. Mundan başga-da, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, şeýle hem maliýe we bank edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynda uly möçberli taslamalaryň, ozaly bilen giň halkara goldawyna eýe bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijini gurmagyň taslamasynyň möhüm ähmiýetini belledi. Bu transmilli gaz geçirijiniň çekilmegi türkmen tebigy gazyny eksport etmegiň hasabyna Aziýanyň energetika bazarynyň okgunly artýan islegini kanagatlandyrmaga, şeýle hem möhüm durmuş we ynsanperwer meselelerini, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijiniň ugrunda degişli düzümi döretmek bilen bagly bolan meseleleriň birnäçesini çözmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýlelikde, TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy diňe bir taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň, olaryň durmuş abadançylygynyň kepili bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygy saklamaga we syýasy durnuklylygy berkitmäge ýardam etjekdigi aýratyn möhümdir.

Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermek baradaky halkara başlangyçlaryna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz häzir energiýa serişdelerine bolan islegiň yzygiderli artýan şertlerinde hut energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, geografiýa täze ýurtlaryň we sebitleriň eksport ugurlaryny goşmak dünýä ykdysadyýetiniň we ählumumy energetiki howpsuzlygynyň zerur bolan durnuklylygyny berkitmäge ukyplydyr diýip belledi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän ulgamlarynda—ýangyç--energetika toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, bu pudaklarda amala aşyrýlan iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek hakynda habar berildi. Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hem aýtdy.

Ýangyç--energetika toplumyna girýän pudaklary has-da ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda öňde durýan birinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we umuman, ýangyç--energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak işleri durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere täze nebitgaz meýdanlaryny gurmak, nebitiň we gazyň täze ýataklaryny gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we buraw işlerini çaltlandyrmak, ýangyç-- energetika toplumyna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly birnäçe anyk görkezmeler berdi.

Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň, şeýle hem ýangyç-- energetika toplumynyň buýurmasy boýunça senagat we durmuş maksatly desgalary gurmagyň depginlerini ýokarlandyrmak babatda hem degişli görkezmeleri berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk boýunça “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy A.Derýaýew çykyş edip, nebitgaz pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde maksatlaýyn taslamalary amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. Ol, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň konsern tarapyndan işlenilýän ýataklarda nebitiň çykarylyşyny artdyrmaga we nebiti çykarmak babatda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň ýolbaşçylaryndan konserniň nebit çykarýan kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy talap etdi. Döwletimiz geljekde hem önümçilik kuwwatlyklaryny öňdebaryjy we ýokary netijeli enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň nebitçilerine goldaw berer, bu öz gezeginde degişli ykdysady peýdany getirer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz R.Ilamanowy “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatyna milli Liderimiz Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji K.Abdyllaýewi çagyrdy, ol ýangyç-energetika toplumynyň düzüm birliklerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde nebitgaz pudagynyň möhüm ornuny nygtamak bilen, ýangyç-energetika toplumyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, onuň serişdeler we senagat mümkinçiliklerini artdyrmak häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar diýip belledi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz birnäçe tankydy bellikleri, şol sanda ileri tutulýan ugurlarda bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişiniň depginleriniň pesdigi barada bellikleri aýtdy.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji K.Abdyllaýewe berk käýinç yglan edip, gysga möhletde emele gelen ýagdaýy düzetmegi talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow Içeri işler ministrliginiň işi, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini goramak we durnuklylygy saklamak maksadynda görlen çäreler barada hasabat berip, ýol howpsuzlygyny üpjün etmek we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça işleriň yzygiderli geçirilmelidigini, jemgyýetçilik tertibiniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmelidigini nygtap, ýurdumyzyň hukuk goraýjy düzümleriniň ählisiniň işiniň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi barada durup geçip, jemgyýetiň durmuşynda we işinde möhüm bolan bu wezipäni toplumlaýyn çözmegiň, sürüjileri taýýarlamak, awtoulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek meselelerini yzygiderli seljermegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagynyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri guramaga maksatnamalaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, Içeri işler ministrliginiň degişli gulluklarynyň takyk we birkemsiz işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutany goranmak ministri B.Gündogdyýewe hasabat bermek üçin söz berdi, ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Milli goşunda düýpli özgertmeleriň, şeýle hem ýokary we başlangyç harby bilimi ösdürmegiň çäklerinde geçirilýän harby özgertmäniň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň birinji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde işleriň guralyşy baradaky mesele gozgaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli goşunymyzyň türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolup çykyş edýändigini nygtap, döwletimiziň Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, olary häzirki zaman enjamlary we iň täze tehnika bilen üpjün etmäge uly ähmiýet bermek bilen, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak üçin göwnejaý şertleri döretmek hakynda hem hemmetaraplaýyn alada edýändigini belledi.

Milli Liderimiz Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdebi hakynda söz açyp, bu edara ýokary harby bilime çenli ulgamda hakyky nusga bolmalydyr diýip aýtmak bilen, mekdepde tälim alýanlary okatmak işinde häziki zaman çemeleşmeleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz mekdepde terbiýelenýänler üçin döredilen durmuş şertleri bilen hem gyzyklanyp, naharlamakdan geýindirmäge çenli olaryň üpjünçiligi baradaky meseleleri toplumlaýyn çözmegiň möhümdigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwçylary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň, sport bilen işjeň meşgullanmaga çekmegiň, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Häzirki wagtda geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, olaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilýär, döwrebap nusgadaky harby şäherçeler gurulýar, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistanyň Baştutany döwletimiziň geljekki watan goragçylaryny taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak we harby işgärleriň hünärini artdyrmak meselelerine üns bermek bilen, geljekde-de Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak barada alada etjekdigini hem belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda işleriň ýagdaýyny, ilkinji nobatda oba hojalyk pudagynda häzirki wagtda örän derwaýys meseleleriň biri bolan pagta ýygym möwsüminiň barşyny ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatldaryny diňledi.

Welaýatlaryň ýolbaşçylary ýerlerde “ak altynyň” hasylyny ýygnamagyň depginleri, şeýle hem milli Liderimiziň möwsümleýin oba hojalyk işiniň guralyşyny gowulandyrmak we işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdiler. Häkimler şeýle hem welaýatlaryň durmuş we senagat düzümlerini ösdürmek, ähmiýetli gurluşyk desgalaryndaky ýagdaý barada habar berdiler.

Döwlet Baştutanymyz häzir oba hojalygynda örän dartgynly we jogapkärli möwsümiň – pagtanyň ýetişdirilen hasylyny ýygnamagyň dowam edýändigini belläp, pagtaçylar üçin degişli şertleriň döredilmegine berk gözegçilik etmek, şeýle hem ýygymyň depginlerini ýokarlandyrmak barada görkezme berdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk möwsümini gysga möhletlerde we mynasyp netijeler bilen tamamlamak, bellenilen meýilnamalary maksada okgunly durmuşa geçirmek üçin bar bolan ähli serişdeleri peýdalanmak bilen ýokary öndürijilikli tehnikalaryň netijeli ulanylmagy häkimlerden talap etdi.

Ýurdumyz boýunça, hususan-da, Lebap we Mary welaýatlarynyň oba hojalyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy hakynda wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat berip, hormatly Prezidentimize pagta ýygymynyň, beýleki ba hojalyk işleriniň gündelik görkezijileri barada habar berdi.

Mundan başga-da, A.Ýazmyradow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Meýilnamasynda göz öňünde tutulan GDA-da azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara ylmy-amaly maslahatyny hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Agrosenagat toplumynyň meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisini Aşgabat şäherinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň, ýagny, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, oba hojalyk pudagynyň welaýatlaryň hojalyklary bilen sazlaşykly işini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna täze itergi berjek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumlary babatda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň öňünde oba hojalyk toplumyny ösdürmekda gazanylan üstünlikleri we işlere täzeçe çemeleşmeleri, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyprmakda gazanylýan üstünlikleri görkezmek wezipesi durýar diýip belledi.

Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmek üçin ozaly bilen şu gün kesgitlenen ugurlaryň her biri boýunça oýlanyşykly guramaçylyk we dolandyryş çärelerini görmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.