Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky 18-nji Haklara ýaryşynda ýarym finala çykan toparlar kesgitlenildi. “Aşgabat” we “Köpetdag” sport toplumlarynda toparlaýyn ýaryşlaryň iň soňky oýunlary geçirildi. Türkmenistanyň we Russiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk esasy oýunlaryň biri boldy. Şol oýunda biziň futbolçylarymyz ynamly ýeňiş gazanyp, toparda birinj ýeri eýelediler.
Toparlaryň ikisi hem bu duşuşyga çenli ähli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardylar. Özi-de, olar örän köp pökgi geçirmegi baraşdylar. Türkmenistanyň we Russiýanyň ýygyndylarynyň ikisi hem ýaryşa gowy taýýarlykly geldiler. Ýöne biziň ýygyndymyz toparda birinji ýeri eýelemegi başardy.
Duşuşygyň 10-njy minutynda türkmenistanlylar birinji pökgini geçirmegi başardylar. Hoşgeldi Hojowow jerime urgusy bilen 30 metr aralykdan Russiýanyň ýygyndysynyň derwezesine pökgini geçirmegi başardy. Şunuň netijseinde hasap 1:0 boldy. Şondan 10 minut geçenden soň, Merdan Muhadow burçdan depilen pökgini garşydaşlaryň derwezesine gönükdirmegi başardy. Bu pökgi türkmen futbolçysynyň bu ýaryşda geçiren altynjy pökgüsidir. Ol häzir iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň sanawynda öňdeligi eýeleýär. M.Muhadowdan soň köp pökgi geçiren oýunçylaryň her biriniň öz hasabyna üç pökgini ýazandygyny bellemelidiris.
Münberlerde oturan janköýerleriň şatlygynyň çägi ýokdy. Çünki şeýle güýçli topardan iki pökgi artykmaçlyk gazanmagyň özi tutuş ýaryşda ýeňiş gazanmaga uly mümkinçiligiň bardygyny aňladýardy. Türkmen futbolçylarynyň garşydaşlarynyň hem örän gowy oýnandygyny bellemelidiris. Olar howply hüjümderiň ençemesini geçirmegi başardylar. Ýöne biziň goragçylarymyz örän dürs oýnadylar.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda oýnuň depgini birjik-de gowşamady. Şeýle ýokary depginde futbolçylar birnäçe ýalňyşlyklara ýol berdiler. Biziň ýygyndy toparymyzyň oýunçylary meýdançanyň ähli künjeklerinde dürs oýnamagy ýola goýup, garşydaşlaryň depginini peseltmegi başardylar. Bu bolsa olara russiýaly futbolçylaryň goragyndaky gowşak ýerlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Mysal üçin, duşuşygyň ikinji ýarymynda türkmenistanlylaryň hüjümleriniň birinde biziň oýunçymyz Möwlamberdi Goşanow pökgini ýokardan derwezä tarap depdi. Şonda russiýalylaryň goragçysy Dmitriý Skorpinsew ýalňyşlyga ýol berip, pökgini öz derwezesine geçirdi. Türkmenistanyň ýygyndysy 3:0 hasabynda öňe çykdy.
Şondan soň biziň futbolçylarymyzyň garşydaşlary has tijenip ugradylar. Olaryň tagallasy ýerine hem düşdi. Duşuşygyň iň soňky minutynda biziň oýunçylarymyz Georgiý Melkadzeniň garşysyna gödek oýnadylar. Şunuň netijesinde emin 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Georgiý Melkadze jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi. Şeýlelikde, bu duşyşyk 3:1 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.
Şu gün geçirilen beýleki duşuşyklarda Ukrainanyň ýygyndysy özbegistanly futbolçylardan 4:0 hasabynda üstün çykdylar, belarusly türgenler bolsa täjigistanly futbolçylardan 1-2 hasabynda utuldylar, Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolsa gazagystanlylardan 2:0 hasabynda üstün çykdylar.
Şeýlelikde, 27-nji sentýabrda “Aşgabat” sport toplumynyň ýaşyl meýdançasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara bäsleşiginiň ýarym finalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň (15.00), şeýle hem Ukrainanyň we Russiýanyň (18.00) ýygyndylary öz aralarynda duşuşarlar.