Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza we onuň töwereklerine iş saparyny amala aşyryp, dikuçardan Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy. Iş saparynyň barşynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz adamlaryň durmuşy, döredijilikli zähmeti hem-de göwnejaý dynç alşy üçin amatly şertleri nazarlaýan paýtagtymyzy ösdürmegiň, bu ugurda täze toplumlaýyn maksatnamany ýerine ýetirmegiň barşyna aýratyn ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de innowasion tehnologiýalary netijeli peýdalanmagy ugur edinýän şähergurluşyk syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini, Aşgabatda we onuň töwereklerinde diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetli möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallasy we yzygiderli aladasy bilen alnyp barylýan iri möçberli tutumly işleriň netijesinde paýtagtymyz özüniň ajaýyp binagärlik keşbi bilen dünýäde iň owadan we abadanlaşdyrylan şäherleriň hataryna goşuldy.
Hormatly Prezidentimiz guş uçar belentlikden paýtagtymyzyň awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek, ulag-hereketleriniň sazlaşygyny we howpsuzlyk derejesini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen tanşyp, bu babatda ýol-gurluşyk ulgamynda iň häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak bilen bir hatarda, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, ýollary yşyklandyrmak we zerur bolan ugurdaş düzümleri döretmek ýaly meseleleriň örän oýlanyşykly çözülmelidigini, şeýle hem olaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň geljegini nazara almak bilen, şäheriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän durmuşyny üpjün etmekde Aşgabadyň ulag-aragatnaşyk düzümine möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň bu düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň meýilnamalaryny ýokary derejede amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşyna ünsi çekdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, estakadalaryň we ýollaryň çatryklarynyň, şol sanda goşmaça ýollaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak hem-de bu işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde gurluşyk işleri has gyzgalaňly dowam etdirilýän künjeklerdäki gurluşygyň depginleri we hili bilen içgin gyzyklandy.
Milli Liderimiz Aşgabadyň töwereginde halkalaýyn aýlaw ýolunyň ugrunda alnyp barylýan işlere aýratyn üns berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz halkalaýyn ýoluň şäherara awtomobil ýoly bilen şäheriň gündogaryndaky we demirgazyk-gündogaryndaky kesişýän ýerinde estakada köprüsiniň we ýol çatrygynyň gurluşygynyň barşyny guşuçar belentlikden synlady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu çylşyrymly inžener-tehniki desgalarda alnyp barylýan işleriň hilini berk gözegçilikde saklamagy hem-de olaryň ulanylmaga berilmeli möhletleriniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.
Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýollaryň bitirýän hyzmatynyň we adamlar üçin amatlyklaryň şäheriň bezegi bilen göwnejaý utgaşdyrylmagy ýaly meseläniň möhümdigini belledi. Bu meselelere toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr. Şonda ýoluň gurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň hilinden başlap, ýolagçylar üçin duralgalara, yşyklandyryşa hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge çenli ähli ýagdaýlar nazara alynmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Çylşyrymly inžener-tehniki desgalar bolan gurulýan ýol çatryklary, estakadalar hem-de çatrykdaky goşmaça ýollar ak mermere beslenen paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň gözelligini hem-de özboluşlylygyny baýlaşdyryp, binagärlik sungatynyň nusgasy hökmünde şäheriň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän ähli giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda şäher gurluşygy babatda durmuş ulgamyna gönükdirilen işleriň durmuşa geçirilmegi hem-de paýtagtymyzyň töwereklerinde gurulýan ýol çatryklarynyň, estakadalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurulmagy häzirki döwruň baş talaby bolup durýar diýip aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti halkalaýyn awtomobil ýolunyň Arzuw şäherçesiniň ýanynda gurulýan estakadada alnyp barylýan işlere aýratyn üns berdi. Mälim bolşy ýaly, bu çylşyrymly inžener-tehniki desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işleri synlap, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady we bu işde ýokary halkara ülňüleriniň esas bolmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän gurluşyk maksatnamasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki zaman binagärlik, bezeg çözgütleriniň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de şunuň bilen birlikde, milli binagärligiň we bezeg işleriniň asyrlaryň dowamynda halkymyzyň şöhrat gazanan başarjaň ussatlarynyň däplerini ornaşdyrmak bilen nusgalyk derejä göterilmelidigini aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşýän ýerlerini saýlap almak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu babatda örän oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we işlerde dünýäniň iň oňat tejribesiniň, şol sanda häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagy barada birnäçe maslahatlary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurluşyk ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, binalaryň bezeg işleriniň tebigat bilen sazlaşykly ýola goýulmagynyň möhümdigini aýtdy.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň töwereklerindäki ýerlerde, hususan-da, Ahal welaýatynyň çäklerine degişli sebitlerde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçrilişi bilen içgin tanyşdy we bu künjekde alnyp barylýan işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz her bir şähergurluşyk maksatnamasyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde milli äheňdäki bezegi hem-de ekologiýa we şol desgalaryň bitirýän hyzmaty ýaly möhüm şertleri göz öňünde tutmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň ahyrynda ýurdumyzda köpçülikleýin ýowarlaryň geçirilýändigine garamazdan, abadanlaşdyrmak babatda Aşgabatda we onuň töwereklerinde edilmeli işleriň köpdügini bellemek bilen, Jemagat hojalygy ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň abadançylygyny, arassaçylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleriniň netije bermeýändigini belläp, olaryň işine nägilelik bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu düzümleriň öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur çäreleri görmek, degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işleri talabalaýyk derejede alyp barmak maksady bilen, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde ulag-aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we dikuçarda amala aşyran iş saparyny tamamlady.