Ï Ýyndamlygyň, kuwwatlylygyň we owadanlygyň bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýyndamlygyň, kuwwatlylygyň we owadanlygyň bäsleşigi

view-icon 740
Geçen ýekşenbe güni güýzki at çapyşyk möwsüminiň dördünji çapyşygy geçirildi. Tomaşaçylar 500 metrden 2400 metr aralyga geçirilen bäsleşikleriň şaýatlary boldular.

At çapyşygy başlanmanka aýlawyň öňündäki meýdançada däp boýunça geçrilýän meşhur tans toparlarynyň we aýdymçylaryň gatnaşmaklarynda konsert geçirildi. Soňra bolsa müňlerçe janköýerleri bu ýere ýygnan esasy waka başlandy. Olaryň käbirleri totalizatorda üstünlik gazanmaga töwekgelçilik eden ýoldaşlaryny işjeň goldadylar.


At çapyşygynda gazanylan her bir ýeňiş, heniz ýeňiş gazanan synag toparynyň ýanyna barýança, uly şowhun bilen garşylandy. Sebäbi pellehana birinji bolup gelmek heniz doly ýeňiş gazandygyň däl. Pellehana birinji bolup gelenden soň ýeňiji agramyny çekdirmek çäresini geçmeli. Sebäbi sportuň bu görnüşinde hem agramyň öz standartlary göz öňünde tutulýar.

Bäsleşigiň öň ýanynda çapyksuwar eýer bilen bilelikde öňünden agramyny çekdirýär. Bu bolsa talap hatynda hasaba alynýar. Soňra ol ýeňiz gazanandan soň hem ol agramyny täzeden çekdirýär. Bu çäre tomaşaçylaryň öňündäki uly ekranda görkezilýär. Eger-de elektron tereziler çapyksuwaryň agramy eýer bilen bilelikde talap eden hatynda görkezilen agramdan ýeňil gelse, onda çapyksuwaryň gazanan ýeňşi hasap edilmeýär. Bu geçirilen bäsleşikde şeýle ýagdaýyň biriniň bolmandygy buýsandyryjy ýagdaýdyr.


B. Beşerowyň ýolbaşçylygynda meşgullanýan A. Nazarow pellehadan iki sapar birinji bolup geçmegi başardy. Ol dürli topar derejeli atlaryň arasynda 500 metr aralyga geçirilen bäsleşiklerde Toty we Gülhanym atly atlary bilen ýeňiş gazanmagy başardy. B. Begliýew hem iki sapar ýeňiji bolmagy başardy. Ol üç ýaşa çenli bolan atlaryň arasynda 1500 metr aralk boýunça geçirilen bäslekde Bürgüt diýen aty bilen pellehana birinji bolup geldi. Ol ikinji ýeňşini bolsa, Günhanjar diýen dor aty bilen 4 we ondan hem uly ýaşly atlaryň arasynda 2400 metr aralyga geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazandy. Hormatly ýaşulylar däp boýunça ýene-de ýeňiş gazanan bedewleriň altysynyň sagrysyna ajaýyp türkmen halylaryny ýapdylar. Şeýle sylaglara „Altyn“ (çapyksuwary Ş.Saryýew), „Aýdere“ (Y.Saparow), „Ýeňiş“ (B.Berdimuhammedow), „Zaryh“ (Ş.Agamyradow), „Mekanly“(I.Saparow) we „Galapar“ (A.Ataýew) mynasyp boldular.

Indiki ýekşenbe güni at çapyşygynyň güýzki möwsümiň bäşinji tapgyry geçiriler. Bu at çapyşygynda hem ýeňijilere köp sanly baýraklar garaşýar.