Ï Myhmansöýerligiň täze däpleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Myhmansöýerligiň täze däpleri

view-icon 736
27-28-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek okuw-amaly maslahata gatnaşyjylar «Bagtyýarlyk döwründe milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek» ýaly möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşarlar.

Bütindünýä syýahatçylyk gününe gabatlanan maslahat Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralyp, oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim we medeniýet baradaky komitetiniň wekilleri, Medeniýet ministrliginiň we Tebigaty goramak minstrliginiň, beýleki edaralaryň hünärmenleri çagyryldy. Pudaklaýyn çärä ýurdumyzyň belli bir ugurly edaralary, şol sanda Milli sport we syýahatçylyk instituty, Aşgabat şäheriniň orta hünärment syýahatçylyk mekdebi, şeýle hem döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň 20-ä golaýynyň we Türkmenistanyň myhmanhanalarynyň 80-den gowragynyň wekilleri gatnaşar.

Türkmenistanda ýokary netijeli syýahatçylyk ulgamyny döretmek, onuň giriş syýahatçylyk ýaly möhüm ugruny giňeltmek we pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge goşandyny artdyrmak, tebigy-dikeldiş we medeni-taryhy mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Bu wezipäniň möhümdigi syýahatçylyk ulgamynyň ösüşini tiz üýtgeýän durmuş-ykdysady şertlerine laýyk netijeli dolandyrmaga ýardam berýän dolandyryş çärelerini, täze guramaçylyk çemeleşmelerini we ýörelgelerini işläp düzmegiň zerurlygyny talap edýär.

Maslahat Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek we bu ugurdaky işler bilen bagly meseleleriň giň toparyny gurşap alýar.

Maslahatyň nazaryýet bölümi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriler. Onda Syýahatçylygy ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak, bu ugurda kanunçylyk esaslaryny ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak, syýahatçylygy, onuň maglumat üpjünçilik ulgamyny ösdürmegiň ykdysady usullaryny we maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyň şu we beýleki meseleleri syýahatçylyk işini guramagyň milli we dünýä tejribesine seredilmegini göz öňünde tutýar. Oňa gatnaşyjylaryň çykyşlarynda amala aşyrylan taslamalary barada gürrüň ediler, şeýle hem syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, degişli ýeriň serişdeler kuwwatyna baha bermek, syýahatçylary özüne çekýän ýerleri ýüze çykarmak we täze syýahatçylyk çärelerini, mysal üçin, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda sport ýaryşlaryny ýa-da gyşky dynç alşy guramak boýunça möhüm teklipler beýan ediler.

Hünärmenler öz çykyşlarynda syýahatçylyk marketinginiň, pudagara we döwlet-hususy gatnaşyklarynyň görnüşleriniň, syýahatçylygyň ýörite görnüşleri babatda bilelikdäki taslamalary döretmegiň aýratynlyklaryny açarlar.

Syýahatçylyk ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmegiň ýollaryny öwrenýän belli bir ugurly guramalaryň ýolbaşçylary bu ulgamy ösdürmegiň, aýry-aýry sebitleriň we ýurdumyzyň gözel ýerleriniň, şol sanda goraghanalaryň we tebigy ýadygärlikleriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň tejribesini paýlaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, Köýtendagyň tebigy mirasyny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna hödürlemek, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmak üçin taýýarlyk işleriniň meseleleri beýan ediler.

Syýahatçylara medeni taýdan hyzmat etmek, bu ulgama etnografiki mirasy, halk däplerini we senetlerini çekmek ýaly meselelere aýratyn üns berler. Şu nukdaýnazardan muzeýleriň, zyýarat edilýän ýerleriň we beýlekileriň ornuna hem garalar. Maslahatyň gün tertibine türkmen paýtagtynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak meselesi hem giriziler. Çünki Aşgabat şäheri dünýäniň medeni, işewürlik we öwreniş syýahatçylygynyň merkezi bolmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Maslahatyň gün tertibinde syýahatçylykda zerur bolan işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, onuň häzirki zaman usulyýet binýadyna, ýurdumyzyň myhmanhanalarynda işleri guramak we türkmen myhmanhanalaryny halkara ulgamyna girizmek meselelerine möhüm orun berler.

Maslahatyň işiniň ikinji güni, 28-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Oguzkent» we «Nusaý» myhmanhanalarynda işleri guramagyň tejribesini öwrenmek maksady bilen göçme sapaklar meýilleşdirildi. Şonda ýörite meseleleriň toplumynda myhmanlar üçin amatly şertleri üpjün etmek boýunça işlere garalar.