Ï Türkmenistanyň Prezidenti ynanç hatyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ynanç hatyny kabul etdi

view-icon 685
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jawhar Izamowy kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi öz çuňňur hormatyny beýan etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, onuň ýakyn wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Ilçiniň belleýşi ýaly, Özbegistanda türkmen Lideriniň ýöredýän syýasatyna hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we doly goldaýarlar, şeýle hem däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, garaşsyz türkmen döwleti bilen uzakmöhletleýin giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanyna we halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollap, Jawhar Izamowy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üstüne ýüklenen möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hem döwletara türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine aýratyn üns berýär. Bu gatnaşyklar ilki başdan köpasyrlyk dostlugyň, ynanyşmagyň we özara goldaw bermegiň mäkäm esasynda, doganlyk halklaryň taryhy kökleriniň, diliniň, medeniýetiniň we ruhy baýlyklarynyň berk binýadynda guralýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlygyň we özara düşünişmegiň iň oňat däplerinde ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklaryna kuwwatly ösüş depgininiň berlendigini, munuň bolsa ony täze, özara bähbitlere laýyk gelýän belentlige çykarmaga mümkinçilik berendigini nygtady. Şunda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna köp babatda halkara syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi, ýola goýlan oňat syýasy gatnaşyklaryň hem-de halkara derejesinde birek-biregi goldamagyň ýardam edýändigi bellenip geçildi.

Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistanyň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda gazanylan, täze many-mazmun bilen baýlaşýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halky öz ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýýar, olar bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini häzirki wagtda köp babatda sebitdäki amatly syýasy-ykdysady ýagdaý kesgitleýär.

Döwlet Baştutanymyz we özbek ilçisi iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine gabat gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezligine we netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birnäçe ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini has-da netijeli amala aşyrmaga taýýardyklaryny bellediler.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ep-esli artandygy hem-de özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak, harytlaryň görnüşlerini köpeltmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Munuň özi duldegşir goňşy ýurtlaryň amatly ýerleşişi we üstaşyr geçirmek mümkinçilikleri bilen şertlenendir.

Iki ýurduňm arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýan goňşy halklaryň taryhy taýdan kemala gelen ruhy-medeni umumylygy bilen şertlendirilen döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan däbe öwrülen gumanitar ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň ilçisi Jawhar Izamow milli Liderimizi däbe öwrülen hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine hem-de iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge tarap alnan ugry dowam etdiriljekdigine ynandyrdy.