Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrunda geçirilýän 18-nji halkara futbol ýaryşynyň baş baýragy biziň ýurdumyzda galdy. Şu gün türkmen futbolçulary final oýunlarynda Ukrainanyň ýygyndy toparyndan 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýaryşyň baş baýragyna indi 15-nji gezek mynasyp boldy. Şeýle ýeňişleriň sanawy türkmen futbolçularynyň ýokary hünär derejesinden habar berýär. Bu gezekki ýaryş ilkinji gezek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Ýeri gelende aýtsak, şu gezekki futbol ýaryşy «Aşgabat” sport toplumynyň we «Köpetdag” stadionynyň sport mekdançalarynda geçirildi.
«Aşgabat” sport toplumy barada aýdylanda bolsa, onuň meýdançalarynyň ýokary derejä eýedigi barada halkara ýaryşa gatnaşyjylar öwran-öwran gaýtaladylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadowyň topary şu ýylky jogapkärli ýaryşlara hut şu sport toplumynyň binýadynda taýýarlyk gördüler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilen halkara futbol ýaryşyndan birnäçe wagt öň bu ýerde biziň ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça halkara okuw-türgenleşik duşuşyklary boldy. Ol Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäheriniň «Al Şaab” futbol klubunyň iki toparlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Olar 10 günüň dowamynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny guradylar. Türkmen futbolçularynyň tälimçisiniň aýtmagyna görä, arap toparlary bilen geçirilen gündelik duşuşyklar biziň futbolçularymyzyň işjeňligini artdyrdy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şu gezekki geçiren halkara ýaryşynda gazanan ynamly ýeňşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaryşyň dowamynda biziň futbolçularymyz garşydaşlarynyň derwezelerine jemi 25 pökgi geçirdiler, öz derwezelerine bolsa 2 pökgini goýberdiler. Bu görkeziji biziň futbolçularymyzyň diňe bir ýokary netijeliligini däl, eýsem türkmen toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikleriň örän gyzykly bolandygyny alamatlandyrýar.
Final oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysy özüniň ähli yhlasyny gaýgyrman, örän täsirli oýun görkezdi.
Duşuşygyň ilkinji pursatlarynda biziň futbolçularymyz ynamly hüjüme başladylar. Ukrainanyň toparynyň derwezeçisi türkmen futbolçularynyň köp sanly urgularyny yzyna gaýtarmagy başardy. Oýnuň 20-nji minudynda Hojageldi Hojawow çep tarapdan ynamly hüjüm edip, garşydaşlarynyň derwezesine ilkinji pökgini geçirdi.
Şondan 5 minut geçenden soň, biziň toparymyzyň oýunçysy Ylýasberdi Berenow tapawutlanmagy başardy. Ol özüniň güýçli urgusy bilen hasaby 2-ä ýetirdi.
Oýnuň 29-njy minudynda türkmenistanlylar ýene bir pökgini geçirmegi başardy. Şonda Mekan Aşyrowyň derwezeden 35 metr uzaklykdan uran pökgüsi hasabyň 3:0 bolmagyny üpjün etdi.
Oýnuň 38-nji minudynda Hojageldi Hojawow ýene bir pökgini geçirmegi başardy.
Arakesmeden soň, türkmen futbolçulary hüjümlerini peseltmediler. Ukrainaly türgenler hem bar güýjüni jemläp öňe okduryldylar. Her bir täze hüjümi yzyna gaýtarmak kynlyk bilen başartdy. Derwezeden pökginiň geçäýmeli pursatlary örän köp boldy. Oýnuň ahyrynda ukrainaly hüjümçiniň uran pökgisi türkmen futbolçularynyň derwezesiniň sütnüne degip, meýdançaň daşyna çykdy. Şondan köp wagt geçmänkä eminiň jürlewügi oýnuň tamamlanandygyny yglan etdi.
«Aşgabat» sport tplumynyň münberlerini dolduryp oturan tomaşaçylaryň şatlyklarynyň çägi bolmady. Ätiýaçdaky oýunçylar we tälimçiler birek-biregi ynamly ýeňiş bilen gutladylar.
Soňra ýaryşyň ýapylyş dabarasy boldy. Onda ýeňijilere baýraklar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. ABŞ-yň 5 müň dollary bilen ýaryşyň bürünç medaly russiýaly futbolçulara gowşuryldy. Olar final oýnunda Täjigistanyň toparyndan 3:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Soňra Ukrainanyň ýygyndy toparyna ýaryşyň kümüş baýragy gowşuryldy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda altyn medal, ýeňijiniň Kubogy we ABŞ-nyň 20 müň dollary türkmen futbolçularynyňky boldy.
Şeýle hem dabaranyň barşynda ýaryşda has tapawutlanan futbolçular sylaglandylar. Ukrainanyň ýygyndysynyň derwezebany Roman Pazenko iň jkde derwezeçi diýlip ykrar edildi. Türkmenistanly Mekan Saparow ökde goragçy, russiýaly Daniil Polubaýarinow iň ökde ýarym goragçy, ýaryşyň dowamynda 6 pökgi geçirmegi başaran futbolçy, täjigistanly Kamron Tursunow iň gowy hüjümçi hökmünde sylaglandylar. Şeýle hem türkmenistanly Merdan Muhadow iň gowy hüjümçi we Möwlamberdi Goşjanow ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip yglan edildiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda futbol boýunça geçirilen 18-nji halkara ýaryşy biziň ýurdumyzyň sport taryhyna girdi. Ýöne ýene bir ýyldan bu ýaryşa täzeden badalga berler we ol futboluň köp sanly muşdaklaryn şatlykly pursatlary, owadan oýny we çekeleşikli futbol bäsleşiklerini peşgeş eder. Şeýle hem şunuň ýaly ýaryşlar ýokary bäsleşigiň ruhunda bolup, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri goýar. 2013-nji ýylda geçiriljek oýunlara çenli hoş, sag boluň!