Ï Halkara tennis ýaryşynda türkmen türgenleriniň ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara tennis ýaryşynda türkmen türgenleriniň ýeňşi

view-icon 800
Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli geçirilýän hasap boýunça 11-nji ITF-nuň 5-nji derejeli halkara tennis ýaryşy tamamlandy. Ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Milli tennis merkeziniň guramagynda geçirilen ýaryşa Russiýadan, Türkiýeden, Rumyniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Türkmenistandan 18 ýaşdan uly bolmadyk tennisçiler gatnaşdylar.

Jübütleýin bäsleşikde A.Ärnepesowdan we G.Poçaýdan ybarat bolan türkmen topary birinjiligi eýeledi. Bu bäsleşiklerde biziň toparymyz 4 ýeňiş gazandy. Olar ilki bilen özbegistanly tennisçiler W.Bekirowyň we T.Tolibjanowyň toparyny 6:3 hem-de 6:1 hasaby bilen utmagy başardylar. Soňra yzly-yzyna T.Igamberdiýewden (Russiýa) we I.Mämmetgulyýewden (Türkmenistan) ybarat topary 6:2, 6:2, şeýle hem D.Karimowdan (Özbegistan) we E.Sertkaýadan (Türkiýe) ybarat topary bilen 3:6, 61 hasabynda oýnady we goşmaça oýunda 10:6 hasabynda bu topardan üstün çykdy. Final oýunlarynda bolsa Gazagystanyň S.Aýapdan hem-de A.Nesterowdan ybarat toparyny 6:2, 6:3 hasaplary bilen utmagy başardy.

Ýeri gelende aýtsak, ýakynda geçirilen «Ashgabat Cup» halkara ýaryşynda A.Ärnepesow we G.Poçaý jübütleýin bäsleşikde kümüş baýraga mynasyp boldular. Bu ýaryşda bolsa olar ýaryşyň birinji münberine çykdylar.

Aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen jübütleýin bäsleşikde gazagystanly G.Dokeýden we türkiýeli M.Topselden ybarat topar W.Bessonowadan (Russiýa) we E.Gubanowadan (Gazagystan) ybarat topar bilen 2:6, 6:4 hasabynda oýnadylar. Şeýlelikde, goşmaça ýaryşda birinji topar 10:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýekelikde geçirilen bäsleşikde gazagystanly T.Habibulin öz watandaşy A.Nestorowy 6:4, 1:6, 6:1 hasaby bilen ýeňdi. Aýal-gyzlaryň arasynda bolsa 4-nji belgide çykyş edýän russiýaly W.Bessonowa jemleýji bäsleşikde türkiýeli E.Tomeýden 6:3, 6:1 hasaby bilen üstün çykdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara tennis ýaryşy ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi diýip, ýaryşyň baş emini, özbegistanly halkara emin D.Sawçuk belledi. Şeýle hem ol bu ýaryşyň meşhurlygy ýyl-ýyldan artýar, oňa Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynyň güýçli toparlarynyň gatnaşýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr, bu bolsa Türkmenistanyň häzirki döwürde halkara tennis ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedigini alamatlandyrýar, şeýle ýaryşlary geljek ýylda hem Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip belledi.