Ï Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň düzümi tassyklandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň düzümi tassyklandy

view-icon 606
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy we onuň başlyklygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary bellenildi.