Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

view-icon 652
Şu gün ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluny geçdi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen, özüniň işiniň çendenaşa köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýaly düzgün-kada ygrarly bolmak bilen, ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara nusgalyk görelde bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, yzygiderli türgenleşikler we bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmak ynsany diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda tutanýerlilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň işjeňleşmegini terbiýeleýär.

Ine, bu gün hem säher şapagynyň öwüşgini bilen ajaýyp keşbi emele getirýän gözel künjekde, dag howasynyň hoştaplygy bilen tebigy ajaýyplygyň sazlaşýan ýerinde çekilen Saglyk ýoluna gadam goýan hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedentebiýäniň we sportuň biziň jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidigi barada aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ähli düzümlerde gulluk edýän ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, olaryň Watan mukaddesligi düşünjesine ygrarly bolmagy ugrunda netijeli işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ähli harby düzümleriň, serhet goşunlarynyň we hukuk goraýjy edaralaryň okuw-terbiýeçilik maksatnamasynda sportuň we bedenterbiýäniň esasy orun eýelemelidigi barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary üçin bedenterbiýe bilen meşgullanmak baş talap bolmalydyr, olaryň ýaşaýyş hem-de gulluk şertleriniň gowulandyrylmagyny ugur edinýän özgertmeler maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi hem-de onda sport ulgamyna aýratyn ähmiýet berilmegi kanunalaýyklykdyr diýip belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mukaddes serhetlerini goraýan serhetçiler üçin bedenterbiýäniň we sportuň aňrybaş zerurlyklygyny nygtady hem-de serhet düzümleriniň ähli bölümlerinde bu ugurda ýörite maksatnamalaryň düzülmelidigini, bölümleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýörite bäsleşikleriň guralmalydygyny tabşyrdy.

Köpetdagyň dag gerişleri bilen uzap gidýän Saglyk ýoluny geçip barşyna döwlet Baştutanymyz ähli ulgumlarda bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyny üpjün edýän mümkinçilikler bilen bir hatarda, halkara derejelerine laýyk gelýän sport zallarynyň, meýdançalarynyň we döwrebap stadionlaryň gurulmagy döwlet syýasatymyzyň ilerii tutulýan ugurlarynyň biridir diýip belledi we olarda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli meşgullanmaklarynyň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň we hoştap howaly dag dereleriniň birinde bina edilen Saglyk ýoly indi birnäçe ýyllaryň dowamynda aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpçülikleýin gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Bu ýere säher bilen çykyp, dagyň arassa howasyndan dem alyp, gojaman Köpetdagyň belent gerşinden daş-töweregiňi synlanyňda, tebigatyň ajaýyp keşbi, şeýle hem ýyl-ýyldan gözelleşýän we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli türkmen paýtagtynyň görnüşi açylýar.

Saglyk ýolunyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketini höweslendirmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek, ynsanyň ruhy, beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu ulgamda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde biziň halkymyz “Sagdyn bedende---sagdyn ruh” diýen ýörelgä ygrarly bolup, milli Liderimiziň görelde bolmagynda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýar.

Ýurdumyzda şu ýylyň 1-20-nji oktýabry aralygyndaky döwürde “Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen IV Uniwersiadanyň geçirilmegi, onuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň ýaýbaňlandyrylmagy berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gönüden-göni milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň barhy rowaç alýandygyny alamatlandyrýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagtynda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde soňky ýyllaryň dowamynda ýokary halkara ülňülerine gabat gelýän sport maksatly desgalaryň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, täze stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň, sport mekdepleriniň gurulmagy ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň hatarynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Köpetdagyň dag gerişlerinden çekilen Saglyk ýolunyň hemişe köp adamly bolmagy, ondan dürli nesliň wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin geçmegi ýurdumyzda bedenterbiýä hem-de sporta höwesli ýaşlaryň barha artýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Tyllaýy güýzüň säherinde Saglyk ýoluna çykan hormatly Prezidentimiz bu ýerden soňky ýyllarda ajaýyp keşbe eýe bolan paýtagtymyzyň nurana görnüşini synlady.

Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýolundan geçip barşyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewa ýüzlenip, bu künjegiň aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerine, şeýle hem şanly seneler we möhüm wakalar mynasybetli köpçülikleýin sport hem-de medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini belläp, Saglyk ýolunyň göwnejaý derejede saklanmagy, ýoluň yşyklandyryşy we abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly işleriň yzygiderli geçirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda şäheriň durmuş düzümine degişli desgalşaryň, seýilgähleriň gurulmagyna, gök zolaklaryň döredilmegine degişli işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz Aşgabady we onuň daş-töweregindäki ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak, arassaçylyk kadalaryny göwnejaý ýerine ýetirmek, bar bolan tokaý zolaklaryna zerur derejede ideg etmek işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa diňe bir bu künjekde däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gök zolaklary döretmek, bag nahallaryny ekmek, dürli gülleri oturtmak bilen baglanyşykly işleriň yzygiderli ösdürilmelidigini, olaryň döwrebap derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, şeýle hem degişli işleriň alnyp barylmagynda ylmy çemeleşmeleriň we döwrebap tejribeleriň netijeli ulanylmalydygyny tabşyrdy. Hususan-da, bag nahallary oturdylanda olaryň ekiljek ýerleriniň nazarda tutulmalydygyny, her künjegiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, oňa laýyklykda ylmy esasda ykrar edilen baglaryň oturdylmalydygyny belledi we bu işleriň göwnejaý derejede ýola goýulmagy babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Lidrimiz Saglyk ýolunyň ugrunda oturdylan dürli jandarlaryň heýkellerini içgin synlap, bu ulgamda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi we Aşgabat şäheriniň häkimine bu babatda ýurdumyzyň suratkeşler birleşiginiň agzalary hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, talyplary bilen bilelikde işlemelidigini aýtdy. Çünki türkmen tebigatynda bar bolan jandarlaryň heýkelleri taýýarlananda olarda ilkinji nobatda şol jandarlara mahsus sypatlaryň bolmalydygyny hem-de heýkelleriň milli äheňde berjaý edilmelidigini we bu babatda şäher häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoluny uly ruhubelentlik bilen geçip, onuň tamamlanýan ýerinde oturdylan bag nahallaryny, bu ýerleriň abadanlaşdyrylyşyny synlap, bu ýerde alnyp barylýan işleri künjegiň tebigy aýratynlyklaryny nazarda tutup, ýerine ýetirilmelidigini belledi we degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden döwrebap şa ýol bilen gündogarlygyna tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk-sport toplumyna tarap barýan ýoluň ugrunda paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjeginde saklanyp, bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady. Hususan-da, milli Liderimiz ýurdumyzda häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýän ýol-ulag düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň halkara derejelerine laýyk gelmelidigini, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan ýollaryň, köprüleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz halkymyzyň durmuş ulgamynyň yzygiderli ösýändiginiň alamaty bolan ulaglaryň barha köpelýändigini belläp, ýurdumyzyň ulag ýollarynda we paýtagtymyzda sazlaşykly hereketi üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Häzirki döwürde gurulýan ýollaryň, köprüleriň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagynyň, olarda häzirki zamanyň ösen talaplarynyň göz öňünde tutulmagynyň, hususan-da, ýoluň aýlawly ýerlerinde, çatryklarynda gurulýan germewleriň döwrebap derejede bolmagynyň döwrüň baş talaby bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerleriniň tebigy aýratynlygyny nazarda tutup, bag ekmek işlerine örän çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz soňky döwürde ekologiýa meselesine we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýagdaýlara aýratyn ähmiýet berýär we bu babatda abraýly halkara çärelerinde işjeň başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Milli Liderimiz ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, bag ekmegiň we ony ösdürip ýetişdirmegiň, dürli gülleri oturtmagyň örän jogapkärçilikli işdigini, onuň howanyň ýaramlylyk derejesiniň ýokarlanmagyna täsiriniň ýetirýändigini, diýmek, bu işleriň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny aýratyn belledi we bu işlere örän oýlanyşykly, ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygy barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Dünýäniň medeniýetiniň pajarlamagynda ägirt uly goşandy bolan paýhasly türkmen halky “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy”diýen pähimi döredipdir. Holrmatly Prezidentimiz merdana halkymyzyň asylly pähimine eýerip, şu gün daň säher bilen kyblasy Mälikguly agany, käbesi Ogulnabat ejäni görüp, olar bilen hal-ahwal soraşyp, soň gündelik işine meşgul bolmaga ugrady. Säheriň sergin çagynda hormatly Prezidentimiziň atçylyk-sport toplumyna gelip, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşmagy, olaryň ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanmagy milletimiziň ýaňky agzalan asylly ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahalteke atçylyk-sport toplumyna geldi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz milletiň baý medeni mirasyny dikeltmek we aýawly saklamak, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny berkarar etmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan atçylyk däpleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir.

Gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen milli we dünýä medeniýetiniň beýik gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerini ösdürmek we onuň dünýä ýüzündäki abraýyny belende götermek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy we atçylyga degişli halkara çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň dünýä ýaryşlaryna we beýleki çärelere işjeň gatnaşmagy berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagy ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigini alamatlandyrýar.

Bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary üçin döredilýän gulluk hem-de ýaşaýyş şertler, olaryň ähli zerur bolan amatlyklar bilen üpjün edilişi, harby düzümlerde bar bolan athanalaryň ýagdaýy we atly toparlaryň döredilişi barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleri üçin döredilýän amatly şertleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigi, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap derejede berkidiljekdigi barada aýdyp, bu işleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerinde atly toparlaryň döredilmegi häzirki döwrüň esasy talaby bolup durýar diýip bellemek bilen, gulluk edýän ýaşlaryň at münmäge we olaryň bedewe bolan höwesini ýokarlandyrmak babatda şahsy düzümleriň arasynda ähli zerur şertleriň döredilmegi ugrunda çynlakaý alada edilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz bedewli gezim etmek üçin, çapuw ýodasyna çykmazdan öňürti bu ýerleriniň ekologiýa ýagdaýyna, tebigy aýratynlyklaryna ünsi çekip, künjegiň abadanlaşdyrylyşy, bu ýerde oturdylan baglara ideg edilişi bilen içgin gyzyklandy. Şonda hormatly Prezidentimiz bag ekmek, dürli gülleri oturtmak we gök zolaklary döretmek bilen baglanyşykly işlere oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-prepmýer A.Ýegeleýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe paýtagtymyzdaky hem-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerindäki ahalteke atçylyk toplumlarynda at çapyşyklarynyň döwrebap derejede geçirilmegi, aýlawlarda ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi we olaryň göwnejaý saklanmagy ugrunda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Türkmen halkynyň gymmatly baýlygy we milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri häzirki döwürde täze taryhy eýýamyň we Türkmenistanyň döredijilikli ösüşiniň belentliklerine tarap hereket edýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň käbir ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda toplumyň çapuw ýodasynda atly gezim etdi.

Ahalteke bedewlerine çuňňur gadyr goýýan milli Liderimiziň atlanan şöhratly nesil ugruna degişli bolan Akhan atly bedewi çapuw ýodasynda ahalteke atlaryna mahsus buýsanjyny beýan etdi. At çapmagyň ussady bolan hormatly Prezidentimiziň ynamly hereketine ruhy göterilen bedew çapyp başlady. Şu pursatlary synlanyňda, türkmen halkynyň dünýä beren ruhy gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň buýsanjyna, olara döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigine göz ýetirýärsiň.

Döwlet Baştutanymyzyň atlanan bedewi ahalteke atlaryna mahsus häsiýetleri özünde jemläp, bu pursada bolan buýsanjyny äşgär etdi. Ýüzün salan bedew badyny peseldip, ýorgunlap, ädim urşuny üýtgetdi. Ol özüniň juda gelşikli aýaklary bilen üýtgeşik hereketler edip, halkymyzyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belentliklerine bolan joşgunyny alamatlandyrdy. Şu pursatlar ynsan gylykly bedewler bilen ahalteke atlaryna aňrybaş derejede gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň asylly ýörelgeleriniň ajaýyp sazlaşygy emele getirýändiginiň şaýady bolduk. Bu pursatlar bedew bady bilen häzirki eýýamyň belentliklerine ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly hereketiniň beýanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz bedewli gezelenji tamamlap, bu ýerde bolýan ýolbaşçylara düzümlere ahalteke bedewleriniň şöhratyny belende götermek, harby düzümlerde atly toparlary yzygiderli döretmek barada birnäçe tabşyryklary berip, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.