Ï Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

view-icon 621
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýubowy kabul etdi. Ol Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň üçünji maslatatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.

Wagt tapyp kabul edilendigi üçin myhman hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk barada arzuwlaryny ýollapdyr. Azerbaýjanyň dostlukly Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, jenap Ýagub Eýubow iki ýurduň ykdysady ösüşini nazara almak bilen, bu gün däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar diýip belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Azerbaýjanyň Prezidentine we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň hem goňşy döwlet bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny we özara bähbitlere gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga geljekde hem ýardam etmekçidigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler. Onuň nobatdaky, üçünji maslahaty şu gün Aşgabatda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştututanymyz we myhman dürli pudaklarda özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady ulgamda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan däbe öwrülen gumanitar-medeni gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň agzalaryna netijeli işlemegi arzuw edip, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de häzirki zaman ýagdaýlaryna gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine göwnejaý çemeleşmeleri işläp düzmek babatda onuň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Türkmen topragynda Azerbaýjanyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin jenap Ýagub Eýubow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Azerbaýjan tarapynyň Türkmenistan bilen netijeli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly höwes bildirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, netijelilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerine daýanmak bilen geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtýarly ilçisi Wahdet Mämmet aga ogly Sultan-zade gatnaşdy.