Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 635
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem 11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara maslahatyna ünsi çekdi we onuň gün tertibine giriziljek meseleleriň örän derwaýysdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmek maksadynda GDA-nyň giňişliginde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjek forumyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalyşýar diýip nygtady.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek maslahat Arkalaşyga agza döwletlerinden bolan hyzmatdaşlarymyzy biziň ýurdumyzda oba hojalyk toplumyny we azyk senagatyny ösdürmek maksatnamalaryna laýyklykda azyk bolçulygyny döretmek babatdaky tejribesi bilen tanyşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar diýip belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 26-28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork (ABŞ) şäherinde iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisine gatnaşandygy hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Bütindünýä forumynda Bitarap Türkmenistanyň esasy ugurlar boýunça oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky garaýyşlary beýan edildi. Bu, hususan-da, biziň ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi meseleleri, ählumumy howpsuzlyk we ýaragsyzlanmak, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ulgamlar ýaly möhüm ugurlarda oňyn gatnaşyklary ösdürmek babatdaky tekliplerine degişlidir. Türkmenistan şol meseleler boýunça has amatly we sazlaşykly çözgütleriň kabul edilmegine ýardam etmek bilen, öz tarapyndan dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna eýe bolýan döredijilikli başlangyçlary öňe sürüp, anyk ädimleri ädýär.

Habar berlişi ýaly, Nýu-Ýorka bolan saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň beýleki ýokary wezipeli wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Biziň ýurdumyzyň hem-de bu iri halkara gurumasynyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Onda umumy bähbitlere laýyk gelýän özara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna öz kandidaturasyny görkezýändigi mälim edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparynyň barşynda Bernde ýokary derejedäki türkmen-şweýsar gepleşikleri geçiriler. Olaryň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň bölüminiň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Ženewa şäherine baryp görmek göz öňünde tutulýar. Garaşylyşy ýaly, bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Hasabatyň çäklerinde öňümizdäki hepdede Rumyniýanyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar hem berildi.

Milli Liderimiz hasabaty jemläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini belledi we biziň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, sebitleýin we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça halkara tagallalaryna işjeň goşulýandygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň öňe ilerlmegi we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça maksada okgunly işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Fransiýa boljak sapar barada aýdylanda bolsa, ol biziň ýurdumyzda şöhratly däpleri bolan atçylyk ulgamyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, bu pudak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alşylmagyna, şeýle hem Türkmenistanda ösdürilmegine uly ähmiýet berilýän atçylyk sportunyň höweslendirilmegine ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şweýsariýa Konfederasiýasyna boljak resmi sapar baradaky gürrüňiň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we onuň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarylmagy üçin ygtybarly binýat goýmagy ugur edinýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda aýratyn ähmiýetli waka hökmündäki derwaýyslygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Rumyniýanyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza boljak saparyna göwnejaý taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berdi we ýokary derejede geçiriljek türkmen-rumyn gepleşikleriniň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, sazlaşykly ösýän Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki döwletiň arasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegini şertlendirjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa öňde durýan wezipeleriň jähedinde milli parlamentiň alyp barýan işleri, dürli pudaklaryň we ulgamlaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen bilelikde ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, degişli hukuk çäreleriň we usullaryň kesgitlenmegi hem-de olaryň işlenip taýýarlanmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda habar berdi. Şeýle hem ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýtdy.

Aýdylan maglumatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk işiniň döwlet syýasatyny hem-de milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm gural bolup durýandygyny belledi we deputatlar toparynyň ünsüni parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň birnäçe möhüm ugurlaryna çekilmelidigini aýtdy. Jemgyýetçilik we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş toplumynyň hukuk kadalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak Mejlisiň öňünde durýan esasy wezipelerdir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň işi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ýurduň durmuş taýdan ösüşi boýunça syýasatyň netijeli durmuşa geçirilmegine, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň özgerdilmegine, medeniýetiň, tutuşlygyna alnanda bolsa adamlaryň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna, raýatlyk edaralarynyň berkidilmegine we demokratik gymmatlyklaryň ykrar edilmegine gönükdirilmelidigini aýtdy.

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka bolan Ýaşulular maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz halk arasynda sylagly ýaşulular bilen geňeşilmegi we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşylmagy baý durmuş tejribesini toplan ýaşululara goýulýan beýik hormatyň nyşanydyr diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaşulular maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de “Ýalta işewürler duşuşyklary” atly maýa goýum maslahatynyň üçünji duşuşygyna gatnaşmak üçin şu ýylyň 27-29-njy sentýabrynda Ukraina bolan iş saparynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine 20-den gowrak, şol sanda GDA-nyň giňişligindäki erkin söwda zolagyny giňeltmek, innowasion hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, maglumatlar jemgyýetini gurmakda we ösdürmekde GDA agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk strategiýasynyň taslamasy we ony 2015-nji ýyla çenli durmuşa geçirmek boýunça hereketiň meýilnamalary girizildi. Şeýle hem “Mir” döwletara teleradio kompaniýasynyň binýadynda “MIR 24” ýöriteleşdirilen, gije-gündiziň dowamynda işleýän habarlar ýaýlymyny döretmegiň konsepsiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. GDA-nyň edaralarynyň ýeke-täk býujetiniň 2011-nji ýylda ýerine ýetirilişi, 2012-nji ýyl üçin takyklanan görnüşini, 2013-nji ýyl üçin taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň gün tertibiniň esasyny düzdi diýip, wise-premýer belledi. GDA gatnaşyjy döwletleriň toparlarynyň wekilleri mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekdiler diýlip, hasabatda nygtady.

Şeýle hem wise-premýer hasabatynyň barşynda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky milli maliýe ulgamynyň esaslaryny ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy. Mälim bolşy ýaly, bu babatda Maliýe ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi müdirligine – maliýe aňtawçylyk boýunça milli bölüme uly orun degişlidir. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2010-njy ýylyň ýanwarynda döredildi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde bu düzümiň hünärmenleri öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikli iş alyp barýarlar. Şeýle hem Türkmenistan bu ulgamda maliýe serişdeleriniň daşary ýurtlara geçirilmegine garşy göreşmek boýunça maliýe çärelerini işläp taýýarlamak babatda Halkara topary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bütindünýä birleşmesine—Egmont toparyna agza bolup girmeginiň maksada laýyklygy hakyndaky teklibi aýdyldy. Bu toparyň baş maksady pul serişdeleriniň daşary ýurtlara geçirilmegine garşy göreşmek boýunça milli maksatnama goldaw bermekden, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, täze tehnologiýalary ulanmak arkaly gatnaşyk ugurlaryny ösdürmäge ýardam bermekden ybaratdyr. “Egmont” topary özünde 131 döwleti jemleýär we onuň dünýäniň ähli ýerlerinde wekilhanalary bar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, netijeli hyzmatdaşlyk ugruna eýermek arkaly Türkmenistan GDA giňişliginde deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýar diýip aýtdy. Arkalaşygyň ulgamy boýunça geçirilýän dürli çäreler we duşuşyklar GDA agza döwletleriň arasynda netijeli özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek sammitine ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Duşuşygyň örän ähmiýetlidigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde ähli guramaçylyk meselelerini, şol sanda sammitiň maksatnamasyny we onuň gün tertibini işläp taýýarlamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň “Egmont” toparyna girmek baradaky teklibiň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz biziň ýurdumyz gysga döwürde bu ulgam boýunça ägirt uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan birnäçe halkara resminamalaryna, şol sanda BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy konwensiýalaryna goşulmak arkaly öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistanyň bu topara kabul edilmegi möhüm ädim bolmak bilen, biziň ýurdumyzyň maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bütindünýä birleşmesiniň standartlaryna laýyk gelýän çäreleri durmuşa geçirýändigini, şeýle hem Türkmenistanyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň garşysyna göreşmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň ykrar edilýändigini aňladýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu teklibi umuman oňlap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy kämilleşdirmekde ajaýyp işleri bitiren döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigini jemlemek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 21 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara – hormatly atlary alanlara hem-de döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabaralaryna taýýarlyk görmek barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we milletiň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, ýaşlary ahlak hem-de edep taýdan terbiýelemekde medeniýet we habar beriş serişdeler ulgamynyň örän möhümdigini nygtap, öňümizdäki baýramçylyk dabaralarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gadymy Hazaryň kenarynda geçiriljek däp bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ähmiýetini belläp, bu wakanyň ýokary derejede guralmagy barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Watanymyzyň hormatly sylaglaryna iň gowular, döredijilik hünäriniň iň mynasyp wekilleri, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi ösdürmäge uly goşant goşýan, öz işiniň hakyky ussatlary mynasyp bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleri bolan pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň barşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem şu ýylyň 12-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek GDA-nyň obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işlerine, öňi bilen bolsa Ahal we Mary welaýatlarynda pagta ýygymynyň depgininiň juda pes derejede barýandygyna düýpli nägilelik bildirdi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz merdana babadaýhanlarymyzyň alyn deri, janypkeşlikli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altynyň” bereketli hasylynyň ýekeje hanasyny-da yrýa etmän, Watan harmanyna öz wagtynda tabşyrmak üçin ähli zerur guramaçylyk çäreleriniň görülmelidigi barada berk tabşyryk berdi. Şeýle hem milli Liderimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli gowaça meýdanlarynda hasylyň dolulygyna we bellenilen möhletlerde ýygnalyp alynmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Güýzlük bugdaý ekişi we olara edilýän ideg işleri bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki bol hasylyň ygtybarly binýadyny tutmak üçin zerur bolan agrotehniki çäreleriň hemmesiniň öz wagtynda berjaý edilmegini talap etdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Oba hojalyk önümleriniň mukdaryny durnukly ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz obasenagat toplumynyň her bir pudagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça bellenen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşandyny goşmalydygyny belledi.

Oba hojalyk pudagynyň strategik taýdan möhüm bolan özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degişli ugurlary öz içine alýan GDA-nyň obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň iş ýüzündäki ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyrykraly berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan we ýakyn geljekde ulanmaga tabşyrylmaly möhüm desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk ulgamynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga we ýurdumyzda öndürilýän gurlduşyk materiallarynyň görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň derwaýysdygyny belledi.

Alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda gurulýan ulag ýollarynyň öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz gurluşyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy we olara zerur ideg edilmegi bilen baglanyşykly işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny hem-de pudagyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň üpjün edilmelidigini belledi.

Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik-şähergurluşyk keşbini kemala getirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň depginlerini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şunlukda, milli Liderimiz şäheriň yzygiderli abadanlaşdyrylmagyna, hereket edýän desgalaryň degişli derejede saklanmagyna we köçeleriň arassalygyna, olaryň yşyklandyrylyşyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň demir ýol, awtomobil, howa, deňiz, derýa we beýleki görnüşdäki ulag düzümleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan sebitiň ýurtlarynyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirmäge, tutuşlygyna alnanda bolsa olaryň durnuklylygyny, we durmuş-ykdysady taýdan ösüşini pugtalandyrmaga gönükdirilen ulag-aragatnaşyk ulgamynyň sebitleýin düzümini kemala getirmäge işjeň gatnaşýar diýip belledi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag toplumynyň we aragatnaşyk ulgamynyň ähli pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi we olaryň dünýäniň ýokary derejedäki ülňüleri esasynda sazlaşykly hereket etmeginiň zerurdygyny belledi.

Ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi wise-premýerden talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gürrüň demir ýol, awtomobil ulaglary, howa, deňiz we derýa ulaglary bilen aşyrylýan ýük daşalyşynyň möçberlerini artdyrmak barada barýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakyndaky hasabatyň çäklerinde şu ýylyň 4-nji oktýabrynda Aşgadatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň netijeleri, şeýle hem 9-njy oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Halkara çagalar festiwalyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, çagalar döredijilik forumyna dünýäniň 25 ýurdundan we Türkmenistandan çagalaryň 500-e golaýy gatnaşar. Ýaş zehinleriň Halkara gözden geçirilişiniň ýeňijileri diplomlar we baýraklar bilen sylaglanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüşiň innowasion ýoluny saýlan alan Türkmenistan döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we işjeňleşdirilmegine taýýardygyny mälim edýär, bu bolsa ikitaraplaýyn ylalaşyklary, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde bolşy ýaly, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze çemeleşmeleri we möhüm teklipleri öňe sürmek işiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny alamatlandyrýar diýip belledi. Bilelikdäki hökümetara toparynyň işleriniň diňe bir söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini däl, eýsem, önümçilige täze tehnologiýalaryň, ylmy-maglumat alyş-çalyşlarynyň ornaşdyrylmagyny şertlendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän halkara bäsleşiginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu wakanyň ýaşajyk artistleriň aňynda biziň halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik we dostluk däplerini beýan eden ajaýyp we nurana baýramçylyk hökmünde hemişelik galar ýaly derejede guralmagyny tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de 2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrýan iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygynyň barşy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz ulgamynyň öňünde duran anyk wezipeler barada aýdyp, baglaşylan şertnamalaryň düzgünini doly ýerine ýetirmän, işleriň bellenilen meýilnamadan yza galynmagyna ýol berýän kompaniýalaryň işini talabalaýyk ýola goýmakda alnyp barylýan işlere düýpli nägilelik bildirdi hem-de bu babatda zerur guramaçylyk çäreleriniň geçirilmegini wise-premýerden berk talap etdi. Munuň özi ýangyç çig malynyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam eder.

Örän gysga döwrüň içinde Türkmenistanda ykydysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyryldy diýip, milli Liderimiz belledi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümi döredilýär, Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesi ýaly täze şäherçeleriň düýbi tutulýar. Häzirki wagtda olarda iri desgalaryň onlarçasy gurulýar.

Ýakyn geljekde hem möhüm wezipeleri çözmek zerur bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly çig mal kuwwatyna eýe bolan himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň şol wezipeleriň biridigini aýtdy. Bu ýerde gürrüň ýokary hilli mineral dökünleri öndürmek barada barýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda mineral dökünlerine bolan islegler yzygiderli artýar.

Garlykda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça iri toplumyň gurulmagy hem şu strategiki meýilnamalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz şu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň depgininiň çaltlandyrylmagyny talap edip, öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän bu toplumyň işe girizilmeginiň Lebabyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady. Bu ýerde kuwwatly inženerçilik-aragatnaşyk, ulag, senagat düzümi dörediler. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre barabar bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada habar berdi. Uzynlygy 766 kilometrden gowrak bolan bu gaz geçirijisi “Şatlyk” gaz gysyjy bekedinden başlanyp, Mary we Ahal welaýatlarynyň çäginde gurlar hem-de Balkan welaýatynda “Belek” gaz gysyjy bekedine birleşdiriler. Şeýlelikde, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi Türkmenistanyň tebigy gazyň iri gorlaryna baý bolan gündogar bölegini ýurdumyzyň okgunly ösýän merkezi we Hazrýaka sebitleri bilen birleşdirer. Gaz geçirijisiniň ugrunda 8 sany kuwwatly gaz gysyjy beket we beýleki düzümleýin desgalar gurlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge we ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň durmuşa geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Kabul edilen giň möçberli meýilnamalara laýyklykda, Türkmenistanda täze zawodlaryň we fabrikleriň, gazturbina elektirik beketleriniň, beýleki senagat we durmuş maksatly desgalaryň onlarçasy gurlar. Olaryň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin “mawy ýangyjyň” goşmaça möçberleri gerek bolar.

“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň işe girizilmegi türkmen döwletiniň energetika syýasy strategiýasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Şol strategiýada energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek we möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu taslamanyň durmuşa geçirilişini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda degişli resminamalara gol çekdi hem-de mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.