Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

view-icon 550
Parižde saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň baştutany bilen mähirli salamlaşyp, ony doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagt we möhüm döwlet wezipesinde alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Wladimir Putin mähirli gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesinden kanagatlanýandygyny aýtdy. Şol gatnaşyklar öňden gelýän dostluk, özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, şol sanda GDA-nyň işlerine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde özara bähbitli we netijeli gatnaşmak arkaly bu gün ösüşiň hil taýdan täze sepgidine çykýar.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen telefon gepleşiginiň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň birnäçesi, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara syýasaty, dostluk däplerine we taraplaryň erk-islegine esaslanan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri hakynda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösýändigi we strategiki häsiýete eýedigi kanagatlanmak bilen bellenildi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Olar özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, taraplaryň ileri tutulýan ugurlary we häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, onuň mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga çemeleşmeleri işläp düzmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri GDA-nyň agzasy bolan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýeti barada pikirlerini aýtdylar. Bu mejlis türkmen döwletiniň 2012-nji ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen ýene bir gezek gutlap, oňa hem-de dostlukly ýurduň halkyna parahatçylyk, gowulyk we abadançylyk arzuw etdi.