Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparyna

view-icon 917
Türkmenistan-Şweýsariýa: Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň bosagasynda

Şu gün – 8-nji oktýabrda Bernde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Ewelin Widmer—Şlumpfyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler bolar.

Öň habar berlişi ýaly, munuň özi türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda ilkinji resmi saparydyr, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, düýn agşam Sýurih şäherine geldi.

Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ženewa şäherine baryp görmegi hem göz öňünde tutuldy, şol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Bölüminiň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Bu ýerde garaşylyşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklaryň tapgyryny geçirer.

Bern şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler ýürekdeş dostlugyň däplerine we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taraplaryň ikisiniň hem taýýardygyna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany açar, şol hyzmatdaşlyk soňky wagtlarda täze, işjeň ösüşe eýe boldy. Muny abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem iki ýurduň doly möçberli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini hem-de çalyşýandygyny görkezýän türkmen-şweýsar gatnaşyklaryň okgunly depgini tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Şweýsariýa öz daşary syýasatyny hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydyklaryny nazara almak bilen guraýar. Şunda iki ýurt öz bitaraplygyny hiç bir zorlukly çäreleri hem-de haýsydyr bir agressiýanyň ýüze çykmagyny kabul etmeýän, gyzyklanma bildirilýän syýasy gatnaşyklary saklamak ugrunda işjeň çykyş edip, täze halkara şertlerine uýgunlaşdyrylýar.

Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň—häzirki zaman diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini ulanmak ýoly bilen dartgynly ýagdaýlaryň öňüni aljak iri parahatçylygy üpjün ediji düzümiň açylmagy Türkmenistan tarapyndan bu garaýşyň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmensitanyň Prezidentiniň Şweýsariýa häzirki sapary soňky ýyllarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändiginiň hem-de özara taýýardygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Döwletara gatnaşyklarynyň esasynda ykdysady hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin amatly şert bolup duran iki halklaryň dostlukly gatnaşyklary durýar. Türkmenistan we Şweýsariýa döwlet ösüşiniň ýoluny özbaşdak kesgitlemek ýörelgelerini saklap, milli bähbitlerden ugur alyp, ynanyşmak hem-de özara peýdalylyk ýörelgelerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklaýarlar.

Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn resmi gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji maýynda ýola goýuldy, şonda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teswirnama gol çekildi. Bu resminamada özbaşdaklyga we çäkleriniň bitewiligine hormat goýmak, deňlik we özara peýdalylyk ýörelgeleriniň esasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge iki tarapyň hem çalyşýandygy beýan edildi. Geçen döwürde iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň uly tejribesi toplandy.

Şweýsariýada Türkmenistanyň ilçihanasy, şeýle hem BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanynda Hemişelik wekilhana işleýär. 2008-nji ýylda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakyndaky Hökümetara ylalaşyga gol çekildi.

Türkmen döwletiniň ösüşiniň täze taryhy eýýamynda tutuşlygyna Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen bolşy ýaly, türkmen-şweýsar gatnaşyklary aýratyn depgine eýe boldy. Syýasy gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky maslahatlaşmalar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Hökümetinde we pudaklaýyn ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we ösdürilmegine degişli meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnamalaýyn hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň esasyna öwrülen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Şweýsariýanyň maliýe we işewür toparlarynyň wekiliýetleriniň Aşgabada ýygy-ýygydan guraýan saparlary şweýsar işewürleriniň Türkmenistanyň ykdysady taslamalaryna barha uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar, şol toparlaryň hatarynda dünýä senagatynyň liderleri –derman senagaty ulgamynda “Roş” kompaniýasy, “Amman AG” ýol-gurluşyk kompaniýasy we başgalar bar. Iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumyny, söwda-ykdysady, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny görkezmek bolar, olaryň ösüşine Türkmenistan uly üns berýär.

Şu ýagdaý işewür hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär, 2012-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýagdaýa görä, Türkmenistanda şweýsar tarapynyň gatnaşmagy bilen kärhanalaryň 33-si bellige alyndy, şeýle hem umumy möçberi 267,5 million dollar, 4,3 million şweýsar franky we 29,7 million ýewro bolan bilelikdäki taslamalaryň 61-si durmuşa geçirildi we amala aşyrylmagy dowam edýär.

Türkmen-şweýsar döwletara gatnaşyklarynyň häzirki işjeňleşmegi hem-de üstunlikli ösdürilmegi türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän açyklyk syýasatynyň, öňdebaryjy özgertmeleriň we giň oňyn hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýene-de aýdyň subutnamasydyr, şol hyzmatdaşlyk Türkmenistana ýokary halkara abraýyny getirmek bilen, bütindünýä bileleşiginiň ykrar etmegine hem-de goldamagyna eýe boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna häzirki resmi sapary gürrüňsiz suratda taraplaryň hoşniýetli erk-islegine hem-de döwletara türkmen-şweýsar gatnaşyklaryny özara bähbitlere we örän uly mümkinçiliklere laýyk gelýän düýbünden täze derejä çykarmak bilen, iki dostlukly ýurduň arasyndaky uzak möhletli, özara peýdaly esasda guralýan köptaraply hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge täze itergi berer.