Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary jenap Antonio Guterreş bilen duşuşdy. Duşuşyk BMG-niň Ženewadaky Bölüminiň Milletler Köşgünde geçirildi.
Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, jenap Antonio Guterreş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Şweýsariýa Konfederasiýasyna bolan resmi saparynyň üstünlikleri bilen gutlady we türkmen Lideri bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige hoşaldygyny mälim etdi. Türkmen tarapynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini gözlemek maksady bilen, işjeň sebitara we halkara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmekde ähmiýetli ornu eýeleýändigini bellemek bilen, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň derwaýysdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi we onuň iri düzümleri, şol sanda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi bilen ýola goýulýan netijeli hyzimatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyga bolan meýillerini we oňyn bitaraplyk ýörelgeleri özüniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary hökmünde yglan etmek bilen, mundan beýläk-de milli bähbitlere bolşy ýaly, tutuş halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelýän ugra yzygiderli eýerer.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we sazlaşykly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň ulgamy babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Jenap Antonio Guterreşiň belleýşi ýaly, dünýä jemgyýetçiligi BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Maksatnaimasynyň hemişelik agzasy bolup durýan we bosgunlara kömek bermek hem-de olaryň hukugyny goramak babatda maksatnamalaýyn hem-de anyk çäreleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2011-nji ýylyň maýynda türkmen paýtagtynda geçirilen “Musulman dünýäsindäki bosgunlar” atly halkara maslahatyň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi. Jenap Antonio Guterreş Türkmenistanyň halkara derejesinde, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde işjeň ýagdaýda öňe sürýän hem-de sebitde durnuklylygy pugtalandyrmagyň wajyp ähmiýetli ýagdaýy hökmünde hemmeler tarapyndan ykrar edilýän berk parahatçylygy dörediji garaýşyny öňe sürmegi netijesinde, şu möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmaga we ýagdaýy oňyn çözmek maksady bilen, uzak möhletleýin çäreleri işläp düzmäge oňaýly mümkinçiligiň dörändigini belledi.
Türkmenistanyň Hökümetiniň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde, bosgunlaryň işi boýunça guran bu maslahaty möhüm waka öwrüldi hem-de bu derwaýys ähmiýetli ynsanperwerlikli wezipäni berjaý etmek maksady bilen netijeli mehanizmleriň işlenip taýýarlanmagyna badalga berdi. Maslahatyň jemleýji resminamasy Aşgabat jarnamasy diýlip atlandyryldy we ol bu ugurda möhüm ähmiýete eýe boldy diýip, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarlygynyň ýolbaşçysy aýtdy. Bu taryhy resminamada bütindünýä möçberinde bosgunlaryň goralmagyny üpjün etmek üçin kesgitlenen netijeli çäreler eýýäm häzirki wagtda işjeň ýagdaýda amala aşyrylýar. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meseleleri çözmekde toplan oňyn tejribesiniň dünýäniň ähli ýurtlarynda ulanmak üçin nusga bolup durýandygyny belledi.
Adamlaryň ähli babatda durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi ugrundaky oňyn çäreler Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýär we gumanitar ulgama degişli meseleleriň oňyn çözülmegini şertlendirýär hem-de adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün edýär diýip bellemek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmaga taýýardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz we BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary hoşlaşanlarynda Türkmenistan bilen BMG-niň uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan hem-de ählumumy abadançylyga, rowaçlyga ýardam bermegi baş maksat edinýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.