Şu gün Şweýsariýa Konfederasiýasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Baş sekretary Mişel Žarro bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler biri-biri bilen mähirli görşüp, ikiçäk duşuşykda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň bu has wekilçilikli we ýöriteleşdirilen ederasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigi babatda kanagatlanma bildirdiler.
Bütindünýä meteorologiýa guramasy döredilen pursadyndan başlap, tutuş adamzadyň howpsuzlygyna we abadançylygyna ýardam bermekde wajyp ähmiýetli işleri berjaý edýär. 1950-nji ýylda döredilen bu hökümetara gurama atmosferanyň, ummanlaryň we Ýerdäki howanyň ýagdaýyna, daşky gurşawyň goralmagyna degişli meseleler boýunça BMG-niň ygtyýarly edarasy bolup durýar.
Bütindünýä meteorologiýa guramasy meteorologiýa, howa, gidrologiýa we geofizika degişli barlaglary geçirmek, şol sanda maglumatlary günübirin alyşmak, olary işläp taýýarlamak we standartlaşdyrmak boýunça milli meteorologiýa we gidrologiýa gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär hem-de tehnologiýalary alyşmakda we işgärleri taýýarlamakda kömek edýär. Bu guramanyň işinde oba hojalygynda, awiasiýada, gämi gatnawynda, şeýle hem daşky gurşawy goramak we suw gorlary, tebigy we tehnogen betbagtçylyklary duýdurmak we şolaryň ýakymsyz netijelerini azaltmak boýunça meteorologiýanyň ulanylmagyna aýratyn üns berilýär.
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maslahat bermegi boýunça Bütindünýä howa gullugy hem-de bütindünýä we sebitleriň derejesinde meteorologik merkezler döredildi, howa baradaky maksatnama we atmosfera degişli ylmy barlaglaryň ählumumy maksatnamasy kabul edildi, şol maksatnamalar amala aşyrylan mahalynda, meteohemralar, kosmos giňişligini özleşdirmek boýunça soňky gazanylanlar ulanylýar. Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň düzümine Afrikadaky, Aziýadaky, Günorta Amerikadaky, Demirgazyk we Merkezi Amerikadaky, Ýewropadaky we Ýuwaş ummanynyň günorta-günbatar bölegindäki sebitleriň assosiasiýalary goşulýar, bular meteorologiýa we gidrologiýa işleriň utgaşdyrylmagyna jogap beýärler. Bütindünýä meteorologiýa kongresi bu guramanyň ýolbaşçy edarasy bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramagyň Türkmenistany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler ekologiýa bilen örän içgin baglanyşyklydyr we adamlaryň ähli ugurlardaky abadançylykly ýaşaýyşynyň möhüm şerti bolup durýar.
Hususan-da, ýakynda kabul edilen “Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda” nebitgaz, energetika, ulag ulgamlarynda we beýleki senagat pudaklarynda döwrebap, ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna tapgyrlaýyn geçmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmak bilen, ekologiýa boýunça tutuş admzatda ynjalyksyzlanma döredýän ählumumy meseleleriň çözülmegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyna işjeň ýagdaýda gatnaşýar. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, şeýle hem şu ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýroda BMG-niň yzygiderli ösüş boýunça “Rio + 20” Maslahatynda öňe süren halkara başlangyçlary muňa aýdyň mysal bolup biler. Şolaryň arasynda BMG-niň howanyň üýtgemegi bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini Aşgabatda açmak baradaky teklip hem bar.
Şeýle hem duşuşykda Ýewropadaky döwletler bilen ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi we BMG bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly baý tejribäniň toplanmagy bilen baglylykda, birgiden ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda pikir alşyldy.
BMG-niň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň ekologiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşygyna ýokary baha bermek bilen, türkmen Lideriniň howpsuzlygyň ählumumy ulgamynyň pugtalandyrylmagy, şol sanda daşky gurşawyň goralmagy boýunça öňe süren başlangyçlarynyň örän möhümdigini aýtdy.
Mişel Žarro howanyň üýtgemegi ýaly wajyp ähmiýetli ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygyna täzeden badalga berjek anyk teklipler üçin hoşallyk bildirip, özüniň wekiçilik edýän guramasynyň ygtybarly we borjuna ygrarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek babatda içgin gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Mişel Žarro häzirki wagtda howa bilen bagly hem-de Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň işiniň esasy wezipelerine degişli bolup durýan hem-de ulanyjylaryň giň toplumy – döwlet düzümleri, şeýle hem ilat üçin niýetlenen ählumumy maglumatlar binýadyny döretmek boýunça taslamalaryň işlenip taýýarlanýandygyny belläp, Türkmenistany bu uly möçberli taslamalara gatnaşmaga çagyrdy.
Hoşlaşmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Baş sekretary milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, şeýle hem BMG tarapyndan yglan edilen Üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.