Ï Türkmenistan we Rumyniýa Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk köprüsini gurýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Rumyniýa Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk köprüsini gurýar

view-icon 612
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Rumyniýanyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

Şu gün Türkmenistana Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besesku resmi sapar bilen geldi.

Rumyniýanyň lideriniň iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän döwründäki bu sapary Rumyniýanyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýän subutnamadyr, soňky ýyllarda iki tarapyň özara hoşmeýilli erkine laýyklykda we şol sanda biziň ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen sazlaşykly ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde-de bu hyzmatdaşlyga badalga berildi we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde flagştoklarda iki ýurduň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy hem-de hormat garawuly nyzama düzüldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Rumyniýanyň Prezidentine duz-çörek hödülenildi we gül desseleri gowşuryldy.

Howa menzilinden dostlukly döwletiň baştutany sapar mahalynda paýtagtymyzdaky “Oguhkent” myhmanhanasynda bölünip berlen kabulhanasyna tarap ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda rumyniýaly belent mertebeli myhman Prezidentiň “Oguzhan” Köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, esasy girelgäniň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskuny tüýs ýürekden mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostluga mahsus ýagdaýda görşüp, “Oguzhan” zalyna bardylar, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi ýagdaýda garşylamak dabarasy boldy.

Bu ýerde nyzama düzülen hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Rumyniýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Traýan Besesku hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň hökümetiniň wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Rumyniýanyň daşary döwletleriň biziň ýurdumyzdaky diplomatik toparlarynyň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Soňra Rumyniýanyň Lideri Türkmenistanyň Prezidentini öz ýurdunyň hökümetiniň wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda bilelikde surata düşülenden soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rumyniýaly kärdeşişini “Altyn zala” çagyrýar, bu ýerde ikiçäk ýagdaýda gepleşikler geçirildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp, Rumyniýanyň Prezidentiniň şu saparynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä ýetirilen döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim hökmünde wajyp ähmiýete eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ýagdaýda ösdürilýändigini we onuň anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň uly mümkinçiliklere eýe bolup durýan netijeli türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýyndygyny tassyklady.

Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besesku mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabada ýene-de gelip görmäge we Türkmenistanyň Prezidenti bilen nobatdaky duşuşykda däbe öwrülen we dostlukly, netijeli häsiýete eýe bolan türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmekde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine örän begenýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda Rumyniýanyň Prezidenti öz ýurdunyň uzak möhletleýin we özara peýdaly esasda Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ozal baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny aýdyňlaşdyrdylar hem-de onuň ähli ugurlary, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumlary, ulag-aragatnaşyk ulgamy we beýleki pudaklar, şeýle hem gumanitar-medeni ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunda iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetrilendigini we munuň tutuş döwletara hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmekde wajyp ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny nygtadylar.

Şeýle hem Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Traýan Besesku sebit we halkara derejesinde özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köp taraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriň ugurlary boýunça, şol sanda biziň ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini bellediler.

Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidentini we hökümet wekiliýetiniň agzalaryny myhmansöýer türkmen topragynda iň ýakyn we gadyrly myhmanlar hökmünde mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen Lideri Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýan şu ýylda dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösüşe eýe bolýandygyny bellemegiň ýakymlydygyny aýtdy. Şu günki duşuşyklar we gepleşikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň jemleriniň iki döwletiň netijeli hyzmatdaşlygynda möhüm tapgyr boljakdygy gürrüňsizdir.

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky gatnaşyklara döwletara hyzmatdaşlygynyň, birek-birege ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi mahsusdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki tapgyrda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň hyzmatdaşlygynyň strategiki we uzak möhletleýin derejesine çykýandygyny aýtdy. Bu hyzmatdaşlyk dünýäniň geosyýasy we ykdysady giňişliginde iki döwletiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşinde öz beýanyny tapýar. Özara saparlaryň we ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar şol gatnaşyklarda aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Rumyniýa bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini we şunuň bilen baglylykda, Prezident Traýan Beseskuwa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerine uly üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunda iki tarapyň hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge ygrarlydygy netijeli hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin wezipelerini üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam edip, ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn häsiýetli meseleleriň ençemesi boýunça jikme-jik pikir alşylandygyny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň derwaýys meseleleri, aýratyn hem parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek babatdaky meseleler boýunça iki tarapyň garaýyşlarynyň köp babatda ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini aýratyn nygtady. Olar abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde oňyn gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rumyn tarapyna, aýratyn hem Rumyniýanyň Prezidentine Türkmenistanyň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän halkara tekliplerini we başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem 2013-2015-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmak üçin Türkmenistanyň kandidaturasyny goldaýandygy üçin Rumyniýa minnetdardyrys diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Rumyniýanyň halkara işine uly hormat goýmak we düşünmek bilen garaýandygyny belledi. Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we institutlarynyň birnäçesine, şol sanda 2011—2014-nji ýyllar döwri üçin Adam hukuklary baradaky komitetine, şeýle hem 2017—2019-njy ýyllar döwri üçin Ykdysady we sosial Geňeşiň agzalygyna Rumyniýanyň kandidaturasyny goldady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi ugry boýunça doly möçberli köptaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmak jähtinden hem ösdürilýär diýip aýtdy. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Rumyniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Rumyniýa Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmak bilen, dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze köprilerini gurmaga gönükdirilen türkmen-ýewropa gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda işjeň çykyş edýär.

Aýdylanlaryň ählisi, gürrüňsiz, türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň hiline we depginlerine oňyn täsir edýär. Türkmen Lideri şu jähetden Türkmenistanyň we Rumyniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Özara gatnaşyklaryň şeýle görnüşi dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle hem häzirki zaman dünýäsiniň ýüzbe-ýüz bolýan howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmekde uly mümkinçilikleri göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde toplanan oňyn tejribä daýanyp, parlament wekiliýetlerini alyşmagyň özara peýdaly tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany geçen ýyllarda Türkmenistan we Rumyniýa tarapyndan söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy diýip aýtdy. Elbetde, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň häzirki görkezijileri biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň uly kuwwatyny doly şöhlelendirmeýär. Şoňa görä-de, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uly geljegi bar diýip hasaplaýaryn we ýakyn ýyllarda onuň iň pesinden dokuz belgili sanlaryň derejesine çykjakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen Lideri bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bileleikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda Aşgabatda geçirilen üçünji mejlisiniň netijeleri hem muňa şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Rumyniýanyň işewür toparlarynyň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň orununy giňeltmäge çalyşýandygyny goldaýarys diýip aýtdy. Türkmen Lideri ykdysadyýetiň ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, ýokary tehnologiýalar, maýa goýumlary, bank ulgamy we beýleki pudaklarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem geljeginiň uludygyny belledi.

Halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda ulag-aragtanaşyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde giň mümkinçilikler bardyr. Bu ulgam Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa ulag geçelgesini döretmek taslamasy babatda oňyn pikir alyşmalary dowam etdirmegiň zerurdygyny hem-de bu ulag geçelgesiniň Türkmenistanyň Türkmenbaşy portuny we Rumyniýanyň Konstansa portuny baglanyşdyrjakdygyny aýtdy. Bu ulag ýoly Türkmenistanyň “Demirgazyk—Günorta” ugry we “Gündogar—Günbatar” ulag geçelgesi boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna laýyk gelýär. Türkmen Lideri kommunikasiýa infrastrukturasyny gurmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hem energiýa serişdelerini Ýewropa ugry boýunça ibermegiň taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder diýip belledi.

Mundan başga-da, syýahatçylyk düzümini ösdürmek babatda rumyniýaly kärdeşlerimiziň tejribesi biziň üçin gyzyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda, Hazar deňziniň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rumyn tarapynyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge gatnaşmagyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde garalýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu ulgamlaryň ählisinde hyzmatdaşlyk etmäge şatdyrys we rumyn tarapy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys diýip belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, medeni çäreleriň gerimini giňeltmek, şol sanda Medeniýet günlerini we beýleki döredijildik forumlaryny yzygiderli geçirmek möhüm wezipe bolup durýar.

Hünärmenleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri hem derwaýysdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim gatnaşyklaryny has işjeň ýola goýmak maksady bilen, geljek ýyl ýokary tehnologiýalar ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki maslahatynyň geçirilmegini we şol bir wagtyň özünde bu ulgamda innowasiýalaryň we oýlap tapyşlaryň sergisiniň guralmagyny teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemegiň özara ösüşiň we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň ýakynlaşmagynyň bähbidine gulluk etjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda rumyniýaly kärdeşine Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we bu ajaýyp ýurduň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Prezident Traýan Besesku hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygy üçin hoşallyk bildirip, geçirilen gepleşikleriň hyzmatdaşlyk boýunça gazanylan oňyn tejribeleri berkitmek we uzak geljegi hasaba almak bilen gatnaşyklara täze itergi bermek üçin örän gowy mümkinçilik bolandygyny belledi.

Belent mertebeli myhmanyň aýdyşy ýaly, türkmen-rumyn gatngaşyklary soňky ýllarda uly ösüşe eýe boldy. Munuň özi iki ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygy ähli ugurlar, şol sanda ÝB-niň çäklerindäki gatnaşygy ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn meýillerini tassyk edýär.

Rumyniýa Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildiýär diýip bellemek bilen, Prezident Traýan Besesku rumyn tarapynyň özara düşünişmek, ynanyşmak we açyklyk esasynda ýola goýulýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine bolan meýillerini beýan etdi.

Gürrüňi dowam etmek bilen, söwda-ykdysady pudagy, energetika, ulag we aragatnaşyk, şeýle hem beýleki pudaklar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezip,myhman Rumyniýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalarynyň barha ösýändigini belledi.

Şeýle hem Prezident Traýan Besesku iki ýurtlaryň arasyndaky medeni-gumanitar gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny aýtdy we Rumyniýanyň bilim ulgamy boýunça ýola goýulýan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekigine ynam bildirip, rumyn Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana gelip görmäge iberen çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi. Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2013-2014-nji ýyllar üçin hereketleriň Meýilnamasyna, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Rumyniýanyň Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň öňüni almak we gözegçilik etmek baradaky Milli edarasynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly maliýe maglumaty alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Rumyniýanyň Hökümetiniň arasynda Ulag pudagy babatda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besesku Türkmenistanyň Prezidentiniň we Rumyniýanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherinde 2009-njy ýylyň 22-nji iýulynda gol çeken Bilelikdäki beýannamasyny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň meýilnamasyna dabaraly ýagdaýda gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Liderleri “Baýram han” zalyna bardylar we metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti geçirilen netijeli gepleşikleriň jemlerini teswirläp, olaryň esasy netijeleriniň we gazanylan ylalaşyklaryň şu gün gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda beýan edilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýokary derejede geçirilýän bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolýandygyny hem-de munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we berkidilmegine kuwwatly itergi bermek üçin möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Rumyniýanyň Prezidentiniň resmi sapary tapgyrlaýyn waka bolmak bilen, Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan ýokary derejesini, onuň täze mazmuna eýe bolýandygyny we uzak geljegi nazarlaýandygyny äşgär edýär.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky ýygjam gatnaşyklar halkara bileleşiginiň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde alyp barýan tagallalaryna ikitaraplaýyn ýardam bermek meýillerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň özi iki döwletiň iri halkara guramalarynyň, öňi bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ýygjam gatnaşyklarda aýdyň görünýär diýip aýtdy. Türkmen Lideri biziň häzirki zamanyň derwaýys meselelerine, şol sanda wehimlere hem-de howplara, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan işjeň we utgaşykly çemeleşmeleriň zerurlygy babatdaky pikirlerimiz bitewidir diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, ýene bir ýola Rumyniýanyň Prezidentine Türkmenistanyň özara gyzyklanmalara jogap bolup durýan halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky halkara başlangyçlaryny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilmegi üçin, taraplaryň iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli dowam etmek babatda ylalaşandygyny hem-de Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Ýewropa ugrunyň işjeň häsiýete eýe bolmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň netijeli ugruny şertlendirýändigini aýratyn nygtady. Bu babatda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň geljekki ösüşiniň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmagynyň çäklerinde alnyp barylýandygyny bellemeli.

Türkmen Lideri gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rumyn tarapy biziň üçin “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” halkara ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň geljegi uly ugurlaryny ösdürmekde strategik hyzmatdaş bolup durýar hem-de şu jähetden Türkmenbaşynyň deňiz menzilini we Rumyniýanyň Konstansa deňiz portuny baglanyşdyrjak Ýewraziýa ulag ugruny döretmegiň taslamasy bilen baglanyşykly meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarynyň hereket edýän ugurlarynyň tejribelerini we mümkinçiliklerini jikme-jik öwrenmegiň energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, ykdysadyýetiň oba hojalyk we gaýtadan işleýän ulgamlary ýaly geljegi uly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, türkmen döwletiniň Baştutany syýahatçylyk düzümini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanda syýahatçylyk we şypahana düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi hem-de Rumyniýanyň bu ulgam boýunça ägirt uly tejribeleriniň giňden peýdalanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň derwaýysdygy äşgärdir.

Şeýle hem gepleşigiň barşynda ikitaraplaýyn medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi uly gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynyň giňeldilmegi biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyny şertlendirer diýip aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany sözümiň ahyrynda Rumyniýanyň Prezidentine türkmen-rumyn dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de berkidilmegine ägirt uly şahsy goşandy üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklere uly baha bermek bilen, Prezident Traýan Besesku pursatdan pýdalanyp hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny ýakynlaşyp gelýän Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, türkmena-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp mashatlaşylan gepleşikleriň barşynda taraplar däp bolan ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli zerur şertleri emele getirýän giň mümkinçilikleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek barada aýtdylar. Şunlukda Prezident Traýan Besesku Rumyniýanyň dostlukly Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, belent mertebeli myhman Rumyniýanyň biziň ýurdumyzyň energetika howpsuzlygy we energiýa göterijileri dünýä bazarlaryna ugratmagy diwerifikasiýalaşdyrmagy üpjün etmek ýaly möhüm meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berdi. Şu jähetden rumyn tarapynyň Türkmenistanyň öňdengörüjilikli energiýa syýasatyny we onuň bu pudakdaky işjeň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy bellenildi.

Prezident Traýan Beseswkunyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda ulag – aragatnaşyk ulgamyndaky, şol sanda Ýewraziýa ulag ugrunyň möhüm bölegine öwrüljek Konstansiýa we Türkmenbaşy deňiz menzilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek zerurdyr.

Rumyn Lideri gürrüňi dowam etmek bilen, taraplar Hazar we Gara deňizleriň arasynda ulag ugruny kemala getirmek boýunça taslamanyň üstünde işlemäge taýýardygyny tasyk etdi. Türkmen-Rumyn hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, sebitleýin derejede suw serişdeleri babatdaky gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilim ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, Prezident Traýan Besesku bu babatda oňyn tejribäniň toplanandygyny we onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Rumyniýanyň Baştutany habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan taýýarlygyna, şeýle hem biziň ýrdumyzyň energiýa serişdelerini Ýewropa bazarlaryna ugratmak babatdaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Şu jähetden Prezident Traýan Besesku Rumyniýanyň Türkmenstan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnamanyň tassyk edilmegini çaltlandyrmak üçin goldaw bermekçidigini tassyklady.

Abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde iki ýurduň arasynda ýola goýulýan özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy barada aýtmak bilen, rumyn Lideri biziň ýurdumyzyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki ornuna ýokary baha berdi.

Prezident Traýan Besesku hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrandygy üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen Liderine ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köp taraply işinde üstünlik arzuw etdi.

Metbugat maslahaty tamamlanadan soň iki döwlet Baştutanlary “Baýram han” zalyndan çykdylar.

Şol gün Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besesku Gypjaga bardy we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, kümmete gül dessesini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidini synlady.

Agşam rumyniýaly belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi nahar berdi, şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.