Ï Türkmenistan – sport ýyldyzlarynyň kemala gelýän ýurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – sport ýyldyzlarynyň kemala gelýän ýurdy

view-icon 896
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň ýurdumyzda saparda bolýan Ýewropa futbol assosiasiýalary bileleşiginiň (UEFA) prezidenti Mişel Platini bilen bolan duşuşygy mahalynda ýurdumyzyň hormatly myhmany paýtagtymyzyň futbol meýdançalaryny görmek isleýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hormatly myhmana paýtagtymyzyň sport toplumlarynyň birine—köpugurly “Aşgabat” stadionyna baryp görmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilen döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan bu ägirt uly toplum paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk futbol meýdançasynyň daşynda ýörite örtükli ylgaw ýodajyklary bar. Şeýle hem uzynlygyna, ýokarlygyna bökmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan bölümler, gimnastika ýaryşlary we türgenleşikleri üçin meýdançalar gurnalypdyr.

Stadionda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin 17 sany zal, toplumyň ýerzemininde bolsa tennis korty, woleýbol, basketbol, badminton oýnamak üçin zallar, bouling üçin fitobarly zallar, şeýle hem her bir türgeniň aýratynlykda taýýarlyk geçmegi üçin ýörite otaglar, umumy maksatly zallar, ýapyk ylgaw ýodajygy, çagalar we ulular üçin ýüzülýän howuzlar, doping gözegçiligini geçirmek üçin ýörite otag we lukmançylyk otagy ýerleşýär.

Sport synçylary we teležurnalistler, fotohabarçylar üçin bu ýerde internetli metbugat merkezi, aýry-aýry iş otaglary, şeýle hem ýüzugra terjime etmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglary bolan metbugat maslahatlaryny geçirmek üçin zal göz öňünde tutuldy.

Binanyň aşaky gatynda stoluň üstünde oýnalýan tennis, agyr atletika, göreş, olimpiýa ringli boks, gimnastika, bedenterbiýe we fitnes, horeografiýa, şeýping bilen meşgullanmak üçin zallar, artistleriň egin-eşik çalşyrýan otaglary, saz gurallary üçin ýörite jaýlar, petek kassalary, kafe, dükanlar VIP we СIP salonlary bar. Türkmenistanda sport bilen diňe bir ýaşlar we sagdyn adamlar däl-de, eýsem, ýaşy birçene baran adamlar we körpeler, şeýle hem beden taýdan kemis adamlar hem meşgullanýar. Şonuň üçin toplum gurlanda maýyplaryň we çagalaryň kolýaskalary üçin ýörite geçelgeler guruldy.

Binanyň birinji we ikinji gatlarynda münberler we kafeteriler, ilkinji lukmançylyk kömegi otaglary, bufetler, edaralar ýerleşýär. Çagalar döredijiliginiň sergisi üçin zal, internet-kafe we çagalar üçin wideozal, türgenler üçin lukmançylyk merkezi hem şu ýerde ýerleşýär. Stadionda hormatly myhmanlar üçin ýörite VIP we СIP münberleri bar.

Toplumyň üçinji gatynda telewideniýe üçin otaglar we tehniki jaýlar ýerleşýär. Stadion şeýle hem ýörite yşyklandyryş-ses ulgamy bilen üpjün edilendir. Stadionyň yşyklandyrylyşynyň FIFA-nyň standartlaryna (2000 lýuks) telewizion görkezişleri alyp barmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Mundan başga-da, sport toplumynyň çäginde go-karting bilen meşgullanmak üçin ýörite meýdança, futbol, woleýbol, basketbol boýunça açyk türgenleşik meýdançalary, dört sany tennis korty, 1250-den gowrak ulaga niýetlenen açyk we ýapyk ulag duralgalary ýerleşýär.

Mişel Platini köpugurly “Aşgabat” toplumyň futbol meýdançasyna baran badyna döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, “Ajaýyp stadion!” diýip seslendi.

Elbetde, ХХ asyryň iň güýçli fransuz futbolçysy, dünýäniň iň belli meýdançalarynda çykyş eden şöhratly futbolçy haýsy stadionyň gowudygyny oňat bilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropa futbol assosiasiýalary bileleşiginiň (UEFA) prezidenti Mişel Platini futbol meýdançasyna ýokary baha berip, tejribeli futbolçylar kimin derwezä tarap birnäçe urgy urdular.

Hut şu ýerde, stadionda döwlet Baştutanymyzyň we UEFA-nyň ýolbaşçysynyň arasynda türkmen sportunyň geljegi barada söhbetdeşlik boldy. Biziň ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin diňe paýtagtymyzda däl-de, eýsem Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bina edilýän häzirki zaman sport toplumlarynda ähli şertleriň döredilendigi aýratyn nygtaldy. Täze gurulýan her bir orta ýa-da ýokary okuw mekdebiniň ýanynda iň häzirki zaman sport enjamlary bilen abzallaşdyrylan sport zallary we meýdançalary bar. Olarda netijeli türgenleşmek hem-de dürli ýaryşlary geçirmek üçin zerur şertler döredilipdir. Mundan başga hem soňky ýyllarda Türkmenistanda ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Olarda ýakyn wagtda iri halkara ýaryşlarynda, şol sanda Aziada-2017 ýaryşlarynda hem çykyş edip, Türkmenistanyň sport abraýyny ýokary götermek bagty miesser etjek ýaş türgenler taýýarlyk geçýärler.

Indi tutuş ýurt boýunça diňe bir saglyk günlerini geçirmek bilen çäklenilmän, sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan hepdelikler hem geçirilýär we oňa ýurdumyzyň ähli ilaty türgenleşiklere işjeň gatnaşyp, sportuň häzirki zaman we milli görnüşleri boýunça bäsleşiklerde çykyş edýärler. Bütin ýylyň dowamynda diýen ýaly fakultetleriň we ýokary okuw mekdepleriniň, guramalaryň we edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň we beýlekileriň arasynda ýaryşlar geçirilýär. Umumymilli derejede geçirilýän Spartakiadalara ýurduň uly ýaşly ilatynyň ählisi diýen ýaly höwes bilen gatnaşýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bar bolan Saglyk ýollaryna çykmak oňat däbe öwrüldi. Oňa diňe bir ýaşlar däl-de, has uly ýaşly adamlar we ýurdumyzyň körpe ýaşaýjylary hem gatnaşýarlar.

Sport toplumy bilen tanyşlyk diňe bir futbol meýdançasyny synlamak bilen çäklenilmedi. Türkmenistanyň Prezidenti we onuň myhmany tomaşaçylar üçin amatly oturgyçlar goýlan münberleri, ätiýaçlyk we türgenleşik meýdançalaryny synladylar. Soňra Mişel Platininiň belleýşi ýaly, gapdalynda türgenler we tomaşaçylar üçin kaşaň myhmanhana hem bina edilen köpugurly “Aşgabat” stadiony ýaly ajaýyp sport desgalary halkara ülňüleriniň örän ýokary talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýerde diňe bir netijeli türgenleşikler geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, yklym derejesindäki iri ýaryşlary hem geçirmek üçin ähli şertler bar.

Bu barada aýtmak bilen XX asyryň meşhur futbolçysy milli Lideriň sporty ösdürmäge şunuň ýaly garaýşy Türkmenistanyň hökmany suratda sport ýyldyzlarynyň kemala gelýän ýurduna öwrüljekdigini tassyklaýar diýip belledi.

UEFA-nyň prezidenti şeýle ajaýyp sport toplumlarynda geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy arzuw edýändigini aýtdy. Milli Liderimiz öz myhmanynyň bu teklibini goldap, ony Aşgabatda geçiriljek “Aziada-2017” ýaryşlaryna hormatly myhmany hökmünde çagyrdy.

Futbol meýdançasynyň hiline ýokary baha berip, Mişel Platini hoşlaşanda ýadygärlik üçin pökgä öz goluny çekdi. Indi bu pökgi bu ýerdäki sport muzeýiniň esasy gymmatlyklarynyň biri bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany ugradyp, Aşgabat şäheriniň “Olimp” sport mekdebiniň okuwçylarynyň şol wagt köpugurly stadionyň meýdançalarynyň birinde türgenleşik geçýän ýerine bardy.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ýere gelmegi ýaşajyk türgenlerde uly şatlyk duýgusyny döretdi. Milli Liderimiz olardan okamak we türgenleşmek üçin döredilýän şertler barada sorady. Ýaş türgenler özleriniň türgenleşik geçişleri hakynda yzyly-yzyna gürrüň berip, hormatly Prezidentimize ösüp gelýän nesil hakynda edýän atalyk aladasy üçin hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyzy özleriniň oňat okajakdyklaryna we yzygiderli türgenleşjekdiklerine ynandyrdylar we güýçli türgenler bolup ýetişjekdiklerini, şeýlelikde, türkmen sportunyň halkara abraýyny artdyrjakdyklaryny aýtdylar.

* * *

Şol gün UEFA-nyň baştutany Mişel Platini ýurdumyzyň hökümetinde kabul edildi. Şeýle hem ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar we ýurdumyzyň futbol jemgyýetçiligi bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Sport we syýahatçylyk milli institutynyň mejlisler zalynda bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň, futbol jemgyýetçiliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, öň meşhur fransuz futbolisti, häzir bolsa Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) düzümine girýän alty sany yklym konfederasiýasynyň biriniň ýolbaşçysy jenap Mişel Platini öz sportda geçen ýoly, futbolda ilkinji äden ädimleri hakynda gürrüň berdi.

“Men bäş-alty ýaşymda futbol oýnap başladym. Men mümkin bolan islendik ýerde futbol oýnaýardym. Mekdebe hökman ýanym pökgüli gidýärdim. Mekdepden öýe gelenimde hem pökgüni ýanymdan aýrymaýardym. Häzir hem meniň ajaýyp futbol durmuşym bar. Futbol – bu sagdynlyk!” diýip, Mişel Platini öz oý-pikiri bilen paýlaşdy.

Hakykatdanam Mişel Platini sport ýoluna düşüp başlan ýyllary yzygiderli türgenleşikleri we özüniň zehini bilen her bir futbolçynyň arzuw edýän beýik üstünliklerini gazandy. Onuň sportda gazanan hormatly atlarynyň arasynda 1984-nji ýylda Ýewropanyň çempiony, 1986-njy ýylda dünýä birinjiliginiň bürünç medaly, Ýewropa çempionlarynyň Kuboklarynyň kubogy, Ýewropanyň Superkubogy, Yklymara kubogy bar. Mundan başga-da, M.Platini üç ýyl yzly-yzyna (1983, 1984,1985) ýyllarda Ýewropanyň iň gowy futbolçysy hökmünde ykrar edildi we “Altyn pökgi” baýragy bilen sylaglandy. Abraýly neşir bolan “Franсe Footballyň” hasaplamagy boýunça ol Fransiýanyň ХХ asyrda iň gowy futbolçysy diýen derejä eýe boldy. Futbol taryhy we statistikasy Halkara federasiýasynyň pikiri boýunça ol ХХ asyryň iň gowy on futbolçysynyň biri diýip yglan edildi.

Sport terjimehaly tamamlanandan soň, M.Platini bäş ýyl futbol boýunça Fransiýanyň ýygyndy toparynyň tälimçisi boldy. Soňra 2007-nji ýylda ol ilkinji gezek UEFA-nyň prezidenti wezipesine saýlanýar. 2011-njiý ylda ol bu wezipä ikinji gezek dört ýyl möhlete saýlanýar.

UEFA-nyň prezidenti ýaşlary futbol bilen işjeň meşgullanmaga çagyryp, sportuň bu görnüşiniň adamda diňe bir beden we tehniki taýýarlygy kemala getirmän, eýsem, onuň paýhasyny hem ösdürýändigine ünsi çekdi.

“Oňat futbolçy hemişe toparlaýyn oýna seljerme bermelidir, bäsdeşiniň nähili hereket etjekdigini öňünden görmelidir we oýun meýdançasynda emele gelen ýagdaýa dürs baha bermegi başarmalydyr” diýip, M.Platini nygtady.

UEFA-nyň ýolbaşçysy özüniň Türkmenistanda saparda bolmagy barada aýtmak bilen, myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi, bu ýerde sporty, hususan-da, futboly ösdürmäşe ägirt uly üns berilýändigine örän buýsanandygyny aýtdy. Muňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşyk hem şaýatlyk edýär.

“Türkmen döwletiniň Baştutany bilen bolan duşuşykda biz çagalar-ýetginjekler futbolyny ösdürmek hem-de futbol oýnap başlanlary taýýarlamak işine ýardam etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk we muňa özümiziň hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigimizi aýtdyk” diýip, M.Platini nygtady.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda bolan duşuşyk tamamlanandan soň, UEFA-nyň ýolbaşçysy hususan-da, şeýle diýdi:

“Siziň ýurduňyzda adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, şeýle hem millionlaryň söýgi oýny bolan futbol bilen türgenleşmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Bu babatda siz bagtly adamlar. Siziň Prezidentiňiziň özi sportuň dürli görnüşleri bilen içgin meşgullanýar. Golaýda futbol boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda geçirilen halkara ýaryşy hem ýurtda futbolyň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem Aşgabatda bolan wagtymda türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziýa – 2017 oýunlaryna ykjam taýýarlyk görülýändigine göz ýetirdim. Biz Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyklarymyzyň yzygiderli ýagdaýda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine bil baglaýarys”.