Ï Ahalteke bedewleriniň esasy bäsleşiginiň öňisyrasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke bedewleriniň esasy bäsleşiginiň öňisyrasynda

view-icon 880
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda at çapyşygynyň güýzki möwsüminiň ýedinji tapgyry geçirildi.

Üç ýaşar atlaryň arasynda 2400 metr aralyga geçirilen at çapyşygy tomaşaçylaryň ünsüni aýratyn özüne çekdi. Bu at çapyşygynda möwsümiň esasy baýraklarynyň biri bolan Uly Aşgabat „Derbi“ baýragyny almak ugrunda bäsleşildi.


Bu hormatly baýraga Dalbedew atly dor aty bilen ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow mynasyp boldy. Ol bu aralygy 2 minut 53,3 sekuntda geçmegi başardy. B.Agamyradowyň ýaňy-ýakynda abraýly halkara at çapyşygynda hem tapawutlanmagy başarandygyny ýatlap geçmelidiris: ol 7-nji oktýabrda Parižiň etegindäki Lonşan aýlawynda „Triumfal arka baýragy“ atly bayragyny almak üçin geçirilen abraýly ýewropa bäsleşigine gatnaşdy. Begençmyrat bu meşhur bäsleşige birinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, gowy netijeleri görkezmegi başardy.


Bu geçirilen at çapyşygynda Uly Aşgabat „Derbi“ baýragy Agamyradyň gazanan ýeke-täk baýragy däldir. Ol „Pereň“ baýragyny almak ugrunda iki ýaşar atlaryň arasynda 1600 metr aralyga geçirilen ýene-de bir at çapyşygynda Gözelobam diýen aty bilen birinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy 1 minut 51,1 sekuntda geçmegi başardy.



At çapyşygynyň bu tapgyrynda iň uzak aralyga geçirilen – 3200 metr aralyga 4 we ondan uly ýaşly atlaryň arasynda „Uly Ahal“ baýragyny almak ugrunda geçirilen bäsleşikde ussat çapyksuwar Baýnazar Begliýew Ýeldes diýen aty bilen birinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy 3 minut 54,5 sekuntda geçdi. Ýeldesiň 9 ýaşy bardyr. Bu bolsa sport bedewi üçin ýeterlik ýaşdyr. Emma muňa garamazdan onuň beden taýdan görnüşi örän oňat ýagdaýdadyr. Muňa onuň gazanan üstünligi hem şaýatlyk edýär.