Ï Parahatçylygyň, döredijiligiň we ynsanperwerligiň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylygyň, döredijiligiň we ynsanperwerligiň bähbidine

view-icon 921
Türkmenistanyň Prezidenti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň açylyşyna gatnaşdy

Şu gün türkmen paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy öz işine başlady. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu çäre Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. “GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy: ugurlar we onuň geljegi” atly ýylda geçirilýän çäräniň esasy mowzugyny düzdi.

Foruma gatnaşan köp sanly wekilleriň arasynda Arkalaşyga agza bolup durýan ýurtlaryň görnükli medeniýet, ylym we bilim işgärleri, döwletara düzümleriniň, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşmeleriniň wekilleri bar. Olar şu gün irden Maslahat Köşgünde ýygnandylar.

Bu ýerde duşuşyga gatnaşyjylary Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestri döredijilik çykyşy bilen garşylady. Bu ajaýyp köşkde Arkalaşyga goşulýan ýurtlaryň kompozitorlarynyň eserleri, nusgawy türkmen sazlary ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde sergi guralyp, şonda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznalarynda we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndaky toplumda saklanýan suratlar, heýkeller we keramiki şekiller, haly we haly önümleri, zergärleriň ýasan şaý-sepleri, milli geýimleriň nusgalary görkezildi. Ýurdumyzdaky döredijilik mirasy we häzirki zaman çeperçilik durmuşy bilen tanyşdyrmak GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň işine badalga berdi. Daşary ýurtly myhmanlar türkmen medeniýeti bilen tanyşmagyň barşynda täsin galdyrýan we seýrek duşýan gymmatly zatlary uly üns berip synladylar we olary surata düşürdiler. Muzeýiň işgärleri görkezilen zatlar we eserler barada berlen sowallara täsirli jogap berdiler. Şeýlelikde, konsert we çeperçilik sergisi döredijilik oý-pikirleriniň we ýörelgeleriniň bu baýramçylygynda özboluşly we ruhubelent ýagdaýyň döremegine ýardam berdi.

Maslahatlar Köşgüniň ýanynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň we döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiziň gelmegine garaşyp durlar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtomobili häzirki zamanyň kaşaň binasy bolan Maslahat Köşgüniň öňündäki meýdançada saklandy. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary garşyladylar. Hormatly Prezidentimize milli lybasdaky gyzlar gül desselerini gowşurdylar.

Döwlet Baştutanymyz Maslahat Köşgündäki kabulhanasyna geçip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaralarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu günki maslahata gatnaşyjylar milli Liderimize özleriniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriniň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem pudaklary ösdürmek babatda milli durmuş-ykdysady maksatnamany üstünlikli berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdiler. Mundan başga-da, degişli ýolbaşçylar GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyna görlen taýýarlyk işleri barada habar berdiler.

Döwlet Baştutanymyz bu günki forumyň medeniýet, ylym we bilim we beýleki ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek jähetinde uly ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ösdürmek strategiýasy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de açyklyk esaslaryna daýanýan syýasatynyň sebitde we ählumumy möçberde giňden goldaw tapýandygyny alamatlandyrýan halkara çäreleriň göwnejaý derejede geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatyny tamamlap, bu ýerde GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy S.Naryşkin bilen duşuşyklary geçirdi.

Soňra milli Liderimiz Maslahat Köşgüniň mejlisler zalyna barýar we ýygnananlaryň şowhunly el çarpmgynda sahna çykýar we prezidiumyň agzalaryny öz orunlaryna geçmäge çagyrýar. Türkmen Lideri esasy orny eýeledi, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy S.Naryşkin, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew, “Russiýanyň ösüp barýan ýaş nesilleriniň ruhy-ahlak medeniýeti” toplumlaýyn maksatnamasynyň howandarlyk geňeşiniň başlygy S.Medwedewa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça Ýörite wekili, GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitap hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Şwydkoý, GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitap hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory A.Smbatýan, GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitap hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Polat Bilbil ogly, Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň rektory W.A.Sadowniçiý prezidiumdaky orunlaryna geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara ýüzlenip, şeýle diýýär: “Hormatly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy öz işine başlady diýip yglan edýärin!”

Türkmenistaenyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Prezidentine söz berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyna gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekillerine güneşli Türkmenistana, gadymy türkmen topragyna döwrebap durmuşly we täzeden galkynan medeniýetli ýurda gelip, parahatçylygyň, döredijiligiň we ynsanperwerligiň bähbidine biziň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna mynasyp goşant goşjak şu foruma gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen Lideri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň dünýäniň geosyýasy kartasynda emele gelenine köp wagt geçenok diýip aýtdy. Onuň düzümine girýän özygtyýarly ýurtlar bilen bir wagtda kemala gelen bu Arkalaşyk şu geçen 20 ýylyň içinde biziň halklarymyzyň dostluk hem-de birek-birege hormat goýmak esaslaryna daýanýan taryhy umumylygy özünde jemledi.

Döwlet Başutany sözüni dowam edip, Türkmenistanyň özüniň bitaraplyk derejesine eýermek bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýandygyny hem-de türkmen bitaraplygynyň halkara bileleşigi we onuň abraýly edaralary tarapyndan ykrar edilen we döwrüň meselelerine, ählumymy we sebitleýin çagyryşlara inçelik bilen garaýan parahatçylyk döredijilikli işjeň guraldygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezekki duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, Ýer ýüzünde ählumumy meseleleriň ýüze çykan häzirki döwründe ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň derejesiniň parahatçylygy we ylalaşygy gazanmagyň institusional, hukuk görnüşler bilen berkidilmegine esaslanýan özara gatnaşyklaryň ulgamyny işläp taýýarlamagyň örän zerurdygyny belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan hut şunuň ýaly çemeleşme bilen çykyş edýär we onuň howpsuzlygyň bitewi görnüşini kemala getirmäge gönükdirilen ähli başlangyçlary BMG we beýleki halkara düzümleri tarapyndan goldanyldy diýip aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy taryhy-medeni taýdan möhüm ähmiýetli artykmaçlyga eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biziň hemmämiz bir bitewi taryhyň tejribesinde taplandyk. Ol bizi kä birleşdirdi, kä aýrylyşdyrdy, kähalatda bolsa aýratyn durmuş-taryhy bitewülige baglanyşdyrdy. Hut şonuň üçin hem bize dünýäniň täze ulgamlarynyň arasynda milli we köpugurly ylalaşygy tapmak ýeňil bolar” diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Baştutany goşulyşmagyň barşynda medeniýete aýratyn ornuň degişlidigini we onuň jemgyýetçilik ösüşiniň özeni bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmen Lideri biziň halklarymyzyň gatnaşyk, hoşniýetlilik, dostluk we birek-birege goldaw bermek boýunça örän baý tejribe toplandygyny ýene bir ýola bellemek isleýärin diýip, bularyň hemmesini täze döwre uýgunlaşdyrmagyň, jemgyýetçilik ylalaşygyny gazanmak maksady bilen dünýäniň çylşyrymly wezipelerini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halklarymyzyň her biriniň medeniýet ulgamynda ajaýyp sepgitlere ýetendigine ýokary baha berip, umumadamzat ruhy ösüşine öz goşandyny goşanlaryň atlaryny aýtdy hem-de olaryň döredijiliginiň bütin dünýäde belli bolup, taryhda müdimilik galjakdygyny aýtdy.

“Puşkin we Magtymguly, Azady we Nyzamy, Rudaki we Nowaýy, Jambyl we Taras Şewçenko, Saýat-Nowa we Ýanka Kupala, Berdi Kerbabaýew we Çingiz Aýtmatow, Ion Druse we Gework Emin, Hydyr Derýaýew we Wasil Bykow ... Bu sanawy entegem uzaltmak bolar, çünki beýik söz ussatlary bilen bir hatarda, görnükli sazandalar, suratkeşler, ýerine ýetirijiler, kino we teatr işgärleri medeniýeti tapladylar. Ähli eýýamlarda ynsanlaryň kalbynda söýginiň we hakykatyň gudratly çyragyny ýakýan zehinleriň güýjüne hormat goýýarlar diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli gumanitar gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini oňlap, dünýäniň iň gadymy medeniýetleriniň biriniň ojagy bolan türkmen topragynda bolanyňyzda döwletiň medeni we ylmy merkezi hökmündäki derejä eýe bolan Aşgabat, biziň halkymyzyň myhmansöýerlik, hoşniýetlilik we açyklyk esaslaryna daýanýan dessurlary bilen tanşanyňyzda ol size häzirki medeniýeti pederlerimiziň medeniýetinden we olaryň nesihatlaryndan hem-de dessurlaryndan aýry bolmadyk türkmen halkynyň kalbyna aralaşmaga mümkinçilik berer diýip aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti giriş sözüni jemläp, foruma gatnaşyjylara üstünlikli we netijeli işlemegi ýene-de bir gezek arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki möhüm çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň başlygy Sergeý Ýewgenewiç Narişkiniň baştutanlygyndaky wekiliýetiň gelendigini aýtdy.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändigi barada aýdyp, Sergeý Naryşkiniň döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we hususan-da, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň işini has-da kämilleşdirmäge goşan şahsy goşandyna ýokary baha berdi hem-de onuň 2007-nji ýylyň martyndan 2008-nji ýylyň iýun aýyna çenli bu topara ýolbaşçylyk edendigini belledi.

Diňe bir 2007-nji ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 2006-nji ýyl bilen deňeşdirilende 40 göterime golaý ýokarlyndy. Mundan başga-da, toparyň işi biziň häzirki döwürde işjeň ösdürýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň täze ugurlaryny kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sergeý Naryşkini görnükli syýasatçy hökmünde häsiýetlendirip, onuň Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly dosty bolup durýandygyny, türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşdygyny aýdyp, Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyna türkmen we rus halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi we birek-birege düşünişilmegi ugrunda edýän tagallasy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Sergeý Ýewgenewiç Naryşkini “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglamak baradaky kararyň kabul edilendigini aýdyp, bu ordeniň Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň biri bolup, ykdysady, medeni we halkara gatnaşyklarynda ýokary netijeleriň gazanylandygy, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşulýandygy hem-de köp ýyllaryň dowamynda şu ugurda netijeli işlenendigi üçin gowşurylýandygyny aýtdy.

Surnaýlaryň sesi ýaňlanýar. Şol wagt hormat garawuly sahna döwlet baýdagyny çykarýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlyryň şowhunly el çarpmagynda Sergeý Naryşkine Türkmenistanyň Russiýa bilen barha berkeýän, göwnaçyk we ynamly gatnaşyklaryny alamatlandyrýan nyşan hökmünde “Bitaraplyk” ordenini gowşurdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany Sergeý Naryşkini bu ýokary sylagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýsynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe berk jan saglyk we abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki foruma Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň düzüminde “Russiýanyň ösüp barýan ýaş nesilleriniň ruhy-ahlak medeniýeti” toplumlaýyn maksatnamasynyň howandarlyk geňeşiniň başlygy Swetlana Wladimirowna Medwedewanyň gatnaşýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanda Swetlana Wladimirownanyň görnükli jemgyýetçilik işgäri hökmünde tanalýandygyny aýtdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän howandarlyk geňeşi medeniýet we bilim ulgamlarynda maglumat, aň-bilim boýunça ägirt uly işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maksatnamanyň asylly maksatlarynyň ösüp barýan ýaş nesilleri öz Watanynyň medeni-taryhy we ruhy-ahlak esaslaryna uýgunlaşdyrmagyň netijeli döwlet-jemgyýetçilik guralynyň döredilmegine gönükdirilendigini aýdyp, munuň diňe bir GDA-nyň ýurtlary üçin däl, eýsem, tutuş dünýä döwletleri üçin derwaýys bolup durýandygyny belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany S.W.Medwedewa Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglarynyň biri bolan “Ruhubelent” ordenini gowşurmak barada karar kabul edilendigini aýtdy. “Russiýanyň ösüp barýan ýaş nesilleriniň ruhy-ahlak medeniýeti” toplumlaýyn maksatnamasynyň howandarlyk geňeşiniň başlygy bu hormatly sylaga ylym, bilim we medeniýet boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandy hem-de ýaş nesli ruhubelentlige we päk ahlaklylyga mahsus ruhda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary, giň möçberli jemgyýetçilik işini alyp barýandygy üçin mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň türkmen we rus halklarynyň bähbidi üçin mundan beýläk-de işjeň ýagdaýda ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakldygyna ynam bildirip, ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagynda S.W.Medwedewa “Ruhubelent” ordenini gowşurdy.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ýokary sylagynyň gowşurylmagy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy. Ol: “Men muňa biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ýürekdeş gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşan goşandymyň ykrar edilmegi hökmünde garaýaryn. Men söýgi, dostluk, tämiz ahlak ýaly düşünjeleriň müdimi bolmalydygyna ynanýaryn!” diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy S.Naryşkine söz berdi.

Sergeý Naryşkyn türkmen Liderine bu ýokary sylag, şeýle hem mähirli kabul edişlik we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de Arkalaşykly hyzmatdaşlyga mahsus ruhda ösdüriljekdigine ynam bildirýändigini aýtdy. Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bu uly abraýa eýe bolan we GDA goşulýan ýurtlaryň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň däbe öwrülen forumynyň göwnejaý guralandygyny aýdyp, şu ýylda oňa doganlyk ýurtlaryň onusynyň milli wekiliýetleriniň Aşgabada gelendigini belledi hem-de foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň şu waka mynasybetli foruma gatnaşyjylara gutlag hatyndaky sözleri aýtdy.

Hususana-da, bu gutlag hatynda şeýle diýilýär: “Şu ýyllarda geçirilip gelinýän forum özüniň zerurdygyny doly derejede tassyklap, medeniýet, ylym, bilim boýunça netijeli, baý many-mazmunly gepleşik geçirmek we tejribe alyşmak üçin oňaýly mümkingçilikleri döredýär. Forumyň işine gatnaşýan abraýly alymlaryň, döredijilige degişli hünärlere we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine wekilçilik edýänleriň sany ýylsaýyn artýar”. Russiýa Fedarasiýasynyň Prezidenti foruma gatnaşyjylaryň orta atan teklipleriniň GDA giňişliginde goşulyşmak bilen bagly ýagdaýlaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine, biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň dostlugyň pugtalandyrylmagyna we özara düşünişilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

S.Naryşkin öz çykyşyny dowam edip, şu ýylda Garaşsyzlyk Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän Türkmenistanyň öz wezipesine jogapkärli çemeleşýändigini we işjeňlik görkezýändigini belledi. Şeýle hem belent mertebeli myhman geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň paýtagtynyň has-da gözelleşendigini, bu ýerde örän jogapkärli çäreleriň geçirilmegine gatnaşan GDA ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aglabasynyň muňa aýdyň göz ýetirendigini aýtdy.

S.Naryşkin şu ýylyň şanly seneleriň ençemesine, ýagny Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna we biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda hereket edýän Şertnamanyň 10 ýyllygyna gabat gelendigini aýdyp, biziň ýurtlarymyzyň ýeňil düşmedik wezipeleriň köpüsini bilelikde çözmegi başarandygyny hem-de onuň ikitarplaýyn gepleşigiň mundan beýljäk-de yzygiderli ýagdaýda ösdüriljekdigine ynamy pugtalandyrýandygyny belledi.

GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlygy boýunça we Döwletara gaznasynyň işi hem degerli ýardam berdi. Umuman alanyňda, soňky bäş ýylda bular bilelikdäki iri taslamalaryň 400-den gowragyna goldaw berdiler, şol taslamalaryň çäklerinde çäreleriň müňe golaýy geçirildi, şonda doganlyk ýurtlardan 250 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Ynsanperwerlige bagyşlanan şu ýylda gumanitar ugur boýunça geçirilen çäreler, “Arkalaşygyň medeni merkezleri” atly maksatnama üstünlikli amala aşyrylýan taslamalaryň hatarynda görkezildi. Şu ýylda Türkmenistanyň Mary şäheri şeýle paýtagtlaryň birine öwrüldi. “Arkalaşyk – ilkinji ädimler” atly halkara baýragyny almak ugrunda bäsleşigi geçirmek hem däbe öwrüldi, onuň nobatdaky dabarasy şu forumyň maksatnamasyna goşuldy. Şeýle hem Sergeý Naryşkin GDA gatnaşýan ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine, özara terjime edilmegine, birek-biregiň dilleriniň we milletara gatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň öwrenilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Biziň görnükli ýazyjylarymyzyň we şahyrlarymyzyň şanly seneleriniň bilelikde bellenilmegi hem muňa degerli ýardam berýär. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 275 ýyllygynyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda, şol sanda Stawropol ülkesiniň Edelbaý obasynda hem giňden bellenildi, türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerinde Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy häzirki wagtda umumy ylym-bilim giňişligini ösdürmegiň we ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdlaşlygy işjeňleşdirmegiň, talyplaryň ylmy-barlag taslamalaryna, mekdepleriň arasynda tejribe alşylmagyna goldaw bermegiň hem-de A.S.Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebi ýaly bilelikdäki okuw mekdepleriniň açylmagynyň hasabyna gumanitar hyzmatdaşlyga täze güýçleri goşmagyň zerurdygyny aýtdy. Çykyş eden myhman foruma gatnaşyjylaryň anyk teklipleri hödürlejekdiklerine ynam bildirip, biziň umumy giňigşligimizde derwaýys ähmiýetli meseleleri çözmek boýunça täze, döwrebap çemeleşmeleriň bilelikde işjeň taýýarlanjakdygyny aýtdy hem-de foruma gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ählisine uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra milli Liderimiz GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewe söz berdi.

Sergeý Lebedew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan foruma gatnaşyjylary mübärekläp, şu ynsanperwerlikli çäräniň öz ornuny we abraýyny ýylsaýyn berkidýändigini, oňa biziň ýurtlarymyzyň tanymal intellektual we döredijilik wekilleriniň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şu foruma GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowayň gatnaşmagy şu forumdaky wekilçiligiň ýokary derejä eýe bolup durýandygyny görkezdi.

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew foruma gatnagşýanlaryň ählisiniň umumy pikirini beýan etmek arkaly, Türkmenistanyň Baştutanyna manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, şonda döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläkä-de pugtalandyrmak boýunça derwaýys meseleleriň kesgitlenendigini aýtdy. Şeýle hem mümkinçilikden peýdalanyp, S. Lebedew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ähli çärelere içgin üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, munuň şol çäreleriň üstünlikli geçirilmegine badalga berendigini belledi.

Sergeý Lebedew GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar ugur boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasynyň, ugrunyň we geljekki mümkinçilikleriniň şu forumda garalýan esasy meselä öwrülmeginiň örän möhümdigini hem-de Arkalaşygyň çäklerinde dürli derejede goşulyşmak arkaly emele gelen ýagdaýyň şu meseläniň derwaýysdygyny, onuň çylyşyrymlydygy we köp ugurlydygyny şertlendirendigini belledi. Şunda dürli çemeleşmeleri we usullari ulanmak bolar, häzirki wagtda şolar bilermenleriň derejesinde işjeň ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar. Myhman sözüni dowam edip, Aşgabatdaky forumyň maksatnamasyndan ugur alyp aýdanyňda, ony guraýjylaryň bu forumyň gumanitar ugur boýunça hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly ýere öwrülmegi barada içgin alada edendigini aýtdy. Foruma gatnaşyjylaryň sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek ugrundaky tagallalary jemlemäge taýyndygy aýdyň görünýär. Ýeri gelende aýtsak, myhmanlara Türkmenistanda öwrenmäge mynasyp tejribe toplandy. Ýurdumyzda täze sport desgalarynyň sany barha artýar, ýurduň Prezidentiniň hut özi sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde oňat görelde görkezýär.

Şu günki çykyşlarda ekologik medeniýeti terbiýelemek, daşky gurşawy goramak, milli genji-hazynany we umumy medeni mirasy aýawly saklamak, ýaşlaryň hyzmatdaşlygy we özara arkalaşykly herket etmegiň başga-da birnäçe ugurlary barada gürrüň ediler. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji Sekretary şu meseleleri açyk we täsirli ýagda ara alyp maslahatlaşmagyň netijesiniň bilelikdäki täze taslamalaryň we meýilnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bulary amala aşyrmakda gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiň we Döwletara gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça gaznanyň eýerýän esasy ugry aýratyn ähmiýete eýedir. Bu möhüm ähmiýetli düzümleriň işi gumanitar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny umumy konseptual ugra gönükdirmäge we olaryň bitewi häsiýete eýe bolmagyna ýardam berilmegine mümkinçilik döretdi.

Sergeý Lebedew bu günki gün döredijilik we ylmy intelligensiýanyň her ýylda geçirilýän forumynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gumanitar hyzmatdaşlykda möhüm ähmiýetli waka öwrülendigini ynamly aýdyp boljakdygyny belledi. Şunuň ýaly forumlaryň çäklerinde hökmany suratda täze başlangyçlar döreýär, derwaýys we geljegine uly umyt baglanýan teklipler orta atylýar, bular eýýäm birnäçe gezek döwlet Baştutanlarynyň we hökümetleriň baştutanlarynyň geňeşleriniň derejesinde garalýan meselelere öwrüldi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji Başlygy - Ýerine ýetiriji sekretary öz çykyşynyň ahyrynda türkmen kärdeşlerine we dostlaryna däbe öwrülen myhmansöýerlik hem-de forumy göwnejaý geçirmek boýunça oňaýly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, munuň forumyň işiniň netijelerine oňaýly täsirini ýetirjekdigini aýtdy.

Sergeý Lebedew foruma gatnaşyjylaryň ählisine gyzykly we netijeli pikir alyşmagy, berk jan saglyk we abadançylyk, biziň ýurtlarymyzyň we halklaryň arasyndaky gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmakda täze üstünlikleri gazanmagy arzuw edip, gün tertibiniň indiki meselesine, has takygy GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlygy boýunça Geňeş we Döwletara gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça gazna tarapyndan esaslandyrylan “Arkalaşyk – ilkinji ädimler” atly baýraga mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasynyň geçirilmegine girişdi. Bu baýrak medeniýet, sungat we ylym boýunça dürli ugurlarda gazanylanlar üçin ýaş zehinlere berilýär hem-de Arkalaşykdaky häzirki gumanitar ýylyň maksady bilen gös-göni baglanyşdyrylýar.

Şu ýylda bu bäsleşige GDA gatnaşyjy ýurtlaryň sport we sagdyn-durmuş ýörelgesi boýunça ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Bäsleşik “Saglygy goraýyş boýunça ylmy-amaly üstünlikleriň gazanylandygy we haýyr-sahawat işi üçin”, “Çagalarda we ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerine mahsus endikleriň kemala getirilendigi we ekologiýa boýunça terbiýe bermekde gazanylanlar üçin”, “Sport, bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edendigi üçin” atly esasy nominasiýalaryň üçüsi boýunça guraldy. Eminler her bir nominasiýa boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlediler.

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sport we sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça ýaş hünärmenleriň arasyndaky “Arkalaşyk – ilkinji ädimler” atly halkara baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmagy haýyş edip ýüz tutdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bäsleşigiň ýeňijilerine – GDA gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerine dabaraly ýagdaýda diplomlary gowşurýar.

“Arkalaşyk – ilkinji ädimler” atly bäsleşigiň halkara baýragyna mynasyp bolanlaryň atlary tutulýar. Olaryň arasynda Bakuwyň döwlet uniwersitetiniň mugallymy Flora Gajiýewa, Ermenistanyň döwlet bedenterbiýe institutynyň mugallymy Oganes Gabrielýan, iki gezek Olimpiýa çempiony bolan Ilýa Iliniň türgenleşdirijisi Gazagystandan Toýşan Baktemirow, Gyrgyzystanyň akademik I.Mirrahimow adyndaky Milli kardiologiýa we terapiýa merkeziniň Dag medisinasy boýunça barlaghananyň ylmy işgäri Almazbek Akunow, Moldowa Respublikasynyň Döwlet bedenterbie we sport uniwersitetiniň dekanynyň orunbasary Wiktor Manolaki, Täjigistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Öňüni alyş lukmançylygy boýunça ylmy-barlag institutynyň kiçi ylmy işgäri Dilorom Kaýumowa, Ukrainanyň “Çagalar kardiologiýasy we kardiohirurgiýasy boýunça ylmy-amaly lukmançylyk merkezi” atly döwlet edarasynyň uly ylmy işgäri Lýubomir Boguta bar.

Ýeňijileriň biri – Belarusyň akademiýasynyň poliklinika pediatriýasy kafedrasynyň assistenti Alekseý Poçkaýlo indiki, 2013-nji ýylda GDA-da başlyklyk etjek ýurduň wekili hökmünde çykyş etdi.

Ýaş alym Türkmenistanyň Prezidentine we özi üçin uly hormata öwrülen baýragy esaslandyryjylara hoşallyk sözlerini aýdyp, türkmen topragynyň dürdänesi hasaplanýan ajaýyp Aşgabat şäherini synlamaga mümkinçiligiň dörändigine diýseň begenýändigini belledi. Alekseý Poçkaýlo bu baýraga Belarusyň ylym mekdebiniň gazanan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilmegi hökmünde garaýandygyny belledi we bu duşuşygyň, şunda dörän joşgünyň we täsirleriň uzak ýyllaryň dowamynda ýatdan çykmajakdygyn aýtdy.

Türkmenistandan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň mugallymy Çemen Hojagulyýewa hem bu baýraga mynasyp boldy, ol Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzda ýaş alymlar üçin göwnejaý şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy we baýraklary esaslandyryjylara hem hoşallyk bildirdi.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Prezidentiniň alada etmegi netijesinde ylmy barlaglara döwlet tarapynldan goldaw berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şunda ekologiýa, ýaşlara ekologiýa boýunça bilim berilmegine, hususan-da, tebigatda biologik taýdan dürli-dürlüligiň saklanmagyna degişli meselelere aýratyn üns berilýär. Ç.Hojagulyýewa: “Biz, ýaş hünärmenler öz Liderimiziň daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlary öňe sürýändigine buýsanýarys hem-de onuň beýik başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys” diýip, türkmen döwletiniň Baştutanyna dörediji ýaşlar barada ýadawsyz alada edýändigi we üns berýändigi üçin hem-de Döwletara gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň emin agzalaryna öz taslamasyna şeýle ýokary baha berlendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow diplomlary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, ýygnananlaryň ählisiniň adyndan “Arkalaşyk – ilkinji ädimler” atly bäsleşigiň ýeňijilerini ýene-de bir gezek gutlady. Şeýle hem milli Lidenrimiz foruma gatnaşyjylara netijeli we üstünlikli işlemegi arzuw edip, bu halkara derejeli çäräniň özara peýdaly medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, gumanitar hyzmatdaşlygyň, dostlugyň we doganlygyň pugtalandyrylmagyna, ylmy-tehniki ugur boýunça gazanylanlar babatda tejribe alşylmagyna degerli ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, uzak ömür we ähli başlangyçlarda üstünlik gazanmagy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň işinde arakesme yglan edip, prezidiumyň agzalary we mejlise gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy. Mejlise gatnaşanlaryň şowhunly el çarpmagynda Türkmenistanyň Prezidenti sahnadan düşýär we zaldan çykýar.

Milli Liderimiz Maslahat Köşgünden çykyp, bu ýerden ugrady.

*** Arakesmeden soňra GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň umumy mejlisi dowam etdi.

Bu mejlisiň ikinji bölümini Moskwanyň W.N.Lomonosow adyndaky uniwersitetiniň rektory Wiktor Sadowniçiý, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça Ýörite wekili, GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitap hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Ý.Şwydkoý alyp bardylar, olar öz çykyşlarynda gumanitar ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň döwletara derejesinde özara hyzmatdaşlyk edilmegi boýunça toplanan tejribäniň baýlaşdyrylmagyna, bu ugurdaky ylalaşylan usullaryň täzelenmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, biziň ýurtlarymyzyň ykdysady, durmuş, ruhy—intellektual mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna badalga berip, şunda maglumatlar babatda açyk jemgyýetiň kemala getirilmegine, şeýle hem bilimlere esaslanýan ykdysadyýetiň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirjekdigini bellediler.

Soňra umumy mejlisde Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Döwletara gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça gaznanyň Başlygy Polat Bilbil ogly çykyş edip, gadymy oguzlaryň mekany, häzirki döwürde medeni mirasy aýawly saklamagyň nusgasyny görkezýän türkmen topragyna hormat goýmak bilen, Arkalaşygyň medeni giňişliginiň umumylygyny we Forumyň rowaçlyga we milletara gepleşiginiň ösüşine gönükdirilen forumyň oňyn ähmiýetlidigini aýratyn belledi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň maşgala, zenanlara we çagalara degişli meseleler boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Hajran Kamran gyzy Guseýnowa, Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, UNESKO-nyň ýanyndaky Doly ygtyýarly wekili Olžas Suleýmenow, GDA gatnaşyjy döwletleriň medeni hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiniň başlygy, Ermenistan Respublikasynyň medeniýet ministri Asmik Pogosýan, Gyrgyzystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Sultan Raýew bar.

Şeýle hem Moldowa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Moldowanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Georgiý Duka, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky ýaşlaryň işleri, sport we syýahatçylyk boýunça komitetiň başlygy, GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaşlarynyň işleri boýunça Geňeşiniň Başlygy Malikşo Nematow, Ukrainanyň medeniýet ministri Mihail Kulinýak we Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti B.Abduhalymow çykyş etdiler.

Belarus Respublikasmynyň adyndan bu ýurduň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Belarus Respublikasynyň maglumatlar ministri, GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşine başlyklyk ediji Oleg Proleskowskiý öz çykyşynyň ahyrynda Belarusyň Minsk şäherinde geçiriljek indiki VIII Forumyny kabul etmäge taýyndygyn aýtdy.

Mejlis Döwletara gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça gaznanyň Ýerine ýetiriji direktory, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Armen Smbytýanyň çykyşy bilen jemlendi, ol öz çykyşynda şunuň ýaly öňki Forumdan bäri geçen döwürde gaznanyň işiniň netijelerini jemledi hem-de häzirki wagtda has derwaýys ugurlary we ýakyn geljekki wezipeleri beýan etdi.

2006-njy ýylda UNESKO-nyň işiniň ýörelgelerine meňzeş görnüşdäki başlangyçlarda döredilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Döwletara gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy şu ýyllarda halklaryň bähbitleri üçin netijeli hyzmatdaşlyk etmek boýunça giň gerime eýe bolup, ygtybarly binýady döretdi, ýurtlaryň arasyndaky göwnejaý we birek-birege hormat goýulmagyna esaslanýan gatnaşyklar hut şol binýada esaslanylyp guralýar. Gaznanyň goldaw bermeginde Arkalaşygyň ýurtlarynda bilim, medeniýet we durmuş ulgamy boýunça köp sanly taslamalar amala aşyrylýar. “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnama täze taslamalaryň biri bolup durýar. Oňa 2011-nji ýylda Belarusyň Gomel şäherinde we Russiýanyň Ulýanowsk şäherinde badalga berlip, häzirki wagtda başlangyç tapgyr amala aşyrylýar. “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly maksatnamanyň konsepsiýasyny işläp düzmekde Ýewropadaky medeni paýtagtlarda bu çäräni geçirmek boýunça toplanan tejribe göz öňünde tutuldy hem-de bu maksatnama Ýewropadaky sebitleriň aglabasynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine itergi berdi.

Gazagystanyň Astana şäheri we Türkmenistanyň Mary şäheri 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagtlaryna öwrüldi. Bu şäherlerde bilelikdäki uyl möçberli çäreleriň ýüzden gowragyny geçiirmek göz öňünde tutuldy.Ýurdumyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň tanymal alymlarynyň gatnaşmagynda “Gadymy Merw – dünýä siwilizasiýasynyň merkezi” atly ylmy maslahatyň, Arkalaşyga goşulýan ýurtlaryň ýaş estrada aýdymçylarynyň konsertiniň, GDA goşulýan ýurtlaryň muzeýlerindäki gadymy golýazmalaryň sergisiniň, Awazada çagalaryň döredijilik festiwalynyň we beýleki çäreleriň guralmagyny muňa mysal edip görkezmek bolar.

Aşgabatda geçirilen şu forumyň maksady gumanitar hyzmatdaşlygyň şu we beýleki ugurlaryna täzeden badalga bermekden, onuň has içgin gyzyklanma bildirýän ugurlaryny kesgitlemekden hem-de Arkalaşyga goşulýan ýurtlaryň özara ynamly hyzmatdaşlygynyň anyk görnüşde hereket edýän nusgalarynyň döredilmegine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamakdan ybarat bolup durýar.

Günüň ikinji ýarymynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň işi ugurdaş bölümleriň ýedisi boýunça dowam etdirildi, bulara gatnaşyjylara gumanitar ugurdaky kuwwaty, milli medeniýetleriň köp dürli görnüşde bolmagyny, häzirki şertlerde maddy we ruhy mirasy aýawly saklamak we ösdürmek boýunça mümkinçiliklere, maglumatlar boýunça köp ugurly aragatnaşygyň kemala getirilmegine we beýleki ugurlara degişli meseleleri köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly şertler döredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda “GDA gatnaşyjy döwletleriň gumangitar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy: ugurlar we geljekki mümkinçilikler” atly mesele we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “2012-nji ýyl – GDA-nyň durmuşynda sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly” atly mesele boýunça mejlisler geçirildi.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde indiki, 2013-nji ýyly GDA-da ekologik medeniýetiň we daşky gurşawyň goralmagynyň ýyly hökmünde bellenilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Erkin döredijilik merkezinde “GDA-nyň maglumatlar giňişligindäki medeni miras atly mesele boýunça duşuşyk geçirildi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa, foruma gatnaşyjylar ylym we innowasiýalar boýunça ýaşlaryň hyzmatdaşlyk etmegine degişli mümkinçilikleri we munuň geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda “GDA-nyň gumanitar hyzmatdaşlygyn ösdürmek, Bitarap Türkmenistanyň tejribesi” atly bölüm boýunça duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda foruma gatnaşyjylar “Awaza” – Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň medeni-bilim merkezidir” atly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, ertir 16-njy oktýabrda bu bölüme gatnaşyjylar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy bilen gös-göni tanyşmak üçin Türkmenbaşy şäherine bararlar.

Umumy mejlislere gatnaşyjylar öz hünärlerine degişli meseleleri, gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ara alyp maslahatlaşmak arkaly raýdaş medeni giňişligiň geljekki ösüşiniň we onuň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagynyň ýollaryny kesgitlediler.

Bulardan başga-da, şu gün forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde GDA gatnaşyjy döwletleriň zenanlar guramalarynyň wekilleriniň mejlisi hem-de Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynda GDA gatnaşyjy döwletleriň konserwatoriýalarynyň rektorlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň we Ýewraziýanyň uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Forumyň gün tertibine goşulan meseleler köp boldy, onuň bölümler boýunça işi diýseň täsirli geçdi. Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri üçin niýetlenen medeni çäreler hem taýýarlanyldy. Olar Türkmenistanyň Baş drama teatryna, Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň kitaphanasynda, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda, şeýle hem “Ylham” seýilgähinde bolup gördüler.

Şu gün foruma gatnaşyjylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan günortanlyk nahar berildi.

Agşam foruma gatnaşyjylar üçin ýurdumyzyň medeniet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy, bu konsert Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Şeýle hem bu köşkde Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatyna degişli eserleriň sergisi guraldy.

Açyk, ulytgyzyklanma döredýän we täsirli pikirleri, tejribäni, teklipleri we oý-pikirleri alyşmak ýagdaýynda geçen forumyň işiniň birinji güni tamamlandy. Forumyň işiniň netijelerinden çen tutup aýdanyňda, oňa gatnaşyjylar umumy siwilizasion mirasy, Arkalaşygyň ähli halklarynyň ruhy we maddy medeniýetine degişli ýadygärliklerini, milli genji-hazynasyny bilelikde aýawly saklamak we ulanmak, bulary erkin we deňhukukly ýagdaýda raýatlar üçin elýeterli etmek, gumanitar ugur boýunça hyzmatlaryň döwrebap bazaryny kemala getirmek, Arkalaşygyň halklarynyň medeni taýdan özboluşlylygyny we dil babatda dürli-dürlüligini aýawly saklamak we muny höweslendirmek bilen bagly meseleleriň hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri bolup durýandygyny biragyzdan bellediler.

Iň esasysy bolsa, gumanitar hyzmatdaşlyk umumadamzat gymmatlyklarynyň ösdürilmegine we berkarar edilmegine gönükdirilip, ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşygyň, halklaryň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylymagyna ýardam bermelidir.

Ertir forum öz işini dowam etdirer.