Ï Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 535
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, taraplar özara gatnaşyklary, şol sanda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegini nazarda tutmak bilen bu düzümiň işine netijeli gatnaşmak arkaly giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge bolan meýillerini mälim etdiler.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde gumanitar ulgamdaky gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary medeni alyş-çalyşlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada aýtdylar. Şu jähetden şu günler türkmen paýtagtynda geçirilýän we ählumumy parahatçylygyň, döredijiligiň we ynsanperwerligiň bähbidine halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna uly goşant goşmaga gönükdirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Gürrüňdeşlikde döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine bolan umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda işewür duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň derwaýysdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edip, iki ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy taýdan emele gelen dostluk we ikitaraplaýyn hoşniýetli erkiň esaslaryna daýanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly gürrüňdeşlik Russiýa tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.