Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2012-njiýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyna gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Sergeý Naryşkini kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman hormatly Prezidentimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medewedewiň hoşniýetli sözlerini we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydy barada aýdanlaryny ýetirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine ýokary döwlet sylagyny—“Bitaraplyk” ordenini gowşurandygy üçin sag bolsun aýdyp, Sergeý Naryşkin medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda täze mazmun bilen üsti ýetirilýän türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň möhüm urgy bolup durýar diýip belledi.
Bu gezekki forumyň ýokary guramaçylyk derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, belent mertebeli myhman netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy,şol sanda paramentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary hakyndaky gürrüňi dowam etmäge we pikir alyşmaga dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. S. Naryşkiniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Arkalaşygyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň giňişliginde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk babatda işjeň orny eýeleýär we ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän birnäçe derwaýys başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň maksatnamasy we onuň çäklerinde 30-dan gowrak möhüm çäreleri, şol sanda şu ýylyň 2-nji noýabrynda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitini geçirmegi meýilleşdirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýanyň halklaryny köp asyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we medeni-ruhy umumylyk gatnaşyklary baglanyşdýryar, bu bolsa täze taryhy eýýamda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybardy binýat bolup durýar diýip belledi.
Arkalaşygyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we onuň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz häzirki döwürde GDA abraýly sebitleýin gurama hökmündäki derejesini pugtalandyrdy, oňa agza ýurtlar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we doly möçberli, deňhukukly syýasy gatnaşyklaryň giňeldilmegi, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady, ylmy we medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen parlamentara derejesindäki gatnaşyklaryň yzygiderli ýola goýulmalydygyny bellediler.
Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň çäklerinde söhbetdeşler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň, iki halkyň bähbitlerini nazara almagyň jähetinde ony has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bagllykda, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň oňaýly we netijeli guralyny işläp taýýarlamagy ugur edinýän hökümetara toparynyň aýratyn orna eýedigi bellenildi.
GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň gün tertibine dolanmak bilen, gürrüňdeşler bu çäräniň özara peýdaly medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, gumanitar hyzmatdaşlygyň, dostlugyň we doganlygyň berkidilmeginde, ylmy-tehniki ulgamda gazanylan netijeler boýunça tejribe alyşmakda möhüm ähmiýeiniň bardygyny aýtdylar.
Türkmenistanyň Arkalaşygyň işinde möhüm orny eýeleýändigi we oňa işjeň gatnaşýandygy, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptarpalaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşant goşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, S.Naryşkin Arkalaşygyň doganlyk halklarynyň arasynda ýola goýulýan dostluk, ynanyşmak we birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de guramanyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we berkidilmegine gönükdirilen ugra iki tarapyň hem ygrarlydygyny tassyklap, ik halkyň we Aralaşygyň ýurtlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy S.Naryşkin we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildiler we olar milli parlamentiň işi, onuň ýurtda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmekde tutýan orny bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ozal hereket edýän we täze bilelikdäki maksatnamalaryň, taslamalaryň çäklerinde alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem paramentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.
Duşuşgyň barşynda hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň GDA-nyň işleri boýunça komitetiniň arasynda, iki ugurdaş komitetleriň bilelikdäki mejlisini geçirmek hakyndaky teklip öňe sürüldi. Ol Aşgabatda geçiriler.
Parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine ikitaraplaýyn meýilleri tassyklamak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Şeýle hem şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy S.Naryşkin we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler duşuşygyň esasyny düzdi.
Pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar Arkalaşygyň çäklerinde deňhukuklylyk, ykdysady bähbit, birek-birege hormat goýmak we däp bolan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň agzalary bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, iki dostlukly halkyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

* * *