Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Mohammed Bin Daýen Al Hamilini kabul etdi. Ol ertir işe başlajak Türkmenistanyň IV Halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny bildirip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna iberen parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Mohammed Bin Daýen Al Hamiliniň belleýşi ýaly, BAE-de Türkmenistan bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze depgine we mazmuna eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde BAE-niň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady hem-de Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belledi. Şol gatnaşyklar deňlik, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýar. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny, olaryň netijeli amala aşyrylmagynyň umumy bähbide hyzmat etjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman döwletara gatnaşyklaryny iki ýurduň ykdysadyýetleriniň strategik ugry bolup durýan energetika ulgamy ýaly möhüm ugurda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonda jenap Mohammed Bin Daýen Al Hamili Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna we biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan, netijeli işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän giň gerimli taslamalara uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen biziň ýurdumyz bu pudaga uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek, degişli häzirki zaman düzümini döretmek bilen bagly innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp düzmeleri çekmegi ugur edinýär diýip belledi. Şunda ýola goýlan ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin oňaýly şertler bolup, BAE-den bolan hyzmatdaşlaryň ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça bilelikdäki iri taslamany amala aşyrmaga gatnaşmagy munuň bir mysaly bolup durýar.
Döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirmek bilen, Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri BAE-niň esasy kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga we nebitgaz pudagynda täze taslamalara gatnaşmaga uly isleg bildirýändigini tassyklady.
Dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjek Türkmenistanyň IV Halkara maýa goýum forumynyň gün tertibine giriziljek meseleler hem gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykla, jenap Mohammed Bin Daýen Al Hamili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli ýöredýän ykdysady we maýa goýum syýasaty netijesinde Türkmenistan özüni halkara giňişliginde geljegi uly, ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde görkezdi diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz we BAE-niň energetika ministri hoşlaşanlarynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem iki doganlyk ýurduň we halklaryň bähbidine berkidiljekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdalla Al Adab Al Zarouni gatnaşdy.