Ï 2012-nji ýyl - sportyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2012-nji ýyl - sportyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly!

view-icon 808
Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň bölümleriniň biri 2012-nji ýyl - sportyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly diýlip atlandyrylýar. Oňa Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek, dünýäniň on bir gezek, Ýewropanyň on gezek çempiony, RF Döwlet Dumasynyň deputaty, watandaşlar we GDA ýurtlary bilen aragatnaşyk boýunça Komitetiniň agzasy Irina Konstantinowna Rodnina başlyklyk etdi.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň maslahatlar zalynda geçirilen bölümiň işiniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar professional we köpçülikleýin sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini we keseliň öňüni alyş çärelerini wagyz etmek, ýokary derejeli lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmek meselelriniň giň toplumyna garadylar. Arakalaşygyň her bir ýurdunda köpçülikleýin sport çärelerini, şeýle hem bilelikdäki sport taslamalaryny düzmek, türgenleri taýýarlamakda tejribeleri we usullary giňişleýin alyşmak meselelri gykyş edenleriň esasy temalarynyň biri boldy.

Maslahata gatnaşyjylar sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmekde, zyýanly endiklere garşy göreşmekde, ösüp gelýän ýaş nesilde sporta bolan söýgüni oýarmak ruhunda terbiýelemekde ýeke-täk ulgamy döretmekde Türkmenistanda alnyp barylýan syýasata ýokary baha berdiler.

Hut çagalar we mekdep spotuny ösdürmek – bütindünýä meşhur figuraçy Irina Rodninanyň alyp barýan jemgyýetçilik işleriniň bir ugry bolup durýar. Bu forumyň işiniň galdyran tasirleri barada ol şeýle diýdi: - Biz gyzgyn garşy alynandygymyz we biziň işlemegimiz üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliker üçin forumy guraýjylara örän hoşallygymyzy bildirýäris. Bu Russiýanyň wekilýetiniň we beýleki ýurtlaryň hem wekilýetleriniň umumy pikiridir diýip, men pikir edýärin.

Ylym, bilim, medeniýet, syýasat, sport we saglygy goraýş meselelrini ara alyp maslahatlaşmak – bu örän möhüm mesele bolup durýar. Ýöne, şeýle forumlardan başga hem, biziň çagalarymyz üçin mekdep sporynyň festiwallarynyň guralmagyny göwnüň isleýär. Bu ýerde mesele ýempiony terbiýelekde däl. Şonuň üçin hem biz GDA gatnaşyjy döwletleriň Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasyna şeýle merkezi döretmegi teklip etmek isleýäris. Bu merkezde biz türgenleri taýýarlamakda tejribelerimizi we usullarymyzy paýlaşmakda tagallarymyzy birleşdirip bilerdik, bilelikdäki işler üçin biri-birimizi çagyryp bilerdik. Sebäbi bu – sport arkaly, saglyk arkaly biziň çagalarymyza, biziň agtyklarymyza biziň tejribelerimizi geçirmek uly bagtdyr.

Bölümiň şu günki işi barada aýtmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgesine, saglygy goraýşa, sporty ösdürmek meselelrine siziň ýurduňyzda örän ýokary derejede ösdürilýändigini belläp geçmelidiris. Men we biziň köpümiz Türkmenistanda, Aşgabatda ilkinji sapar bolýarys. Şonuň üçin hem bu gün biziň üçin aýratyn günleriň biridir. Elbetde, bizde galan täsirler örän köp. Men Siziň ýurduňyz barada köp zatlary eşitdim, ýöne ony birinji sapar görýärin. Gören zatlarymyň ählisi meniň garaşyşym ýaly boldy. Biziň döwletlerimiziň arasynda medeniýet, ylym we sport ulgamlary boýunça netijeli ösdüriljekdigini men bilýärin. Golaý geljekde olimpiýa çempionlarynyň arasynda Türkmenistanyň wekilleriniň boljakdygyna men berk ynanýaryn.

Irina Konstantinowna bilen biziň söhbetdeşligimiz onuň sportuň gyşky görnüşleri Köşgüne ugramagy bilen tamamlandy. Bu ýerde oňa türkmen figuraçylarynyň görkezme çykyşlary garaşýardy. Tanslaryň goýluş derejesi, olaryň kompozisiýasy we türgenleriň hereketleriniň türkmen milli sazy bilen ajaýyp utgaşmasy mende ýakymly tasirler galdyrdy diýip, meşhur figuraçy we tejribeli tälimçi türkemn türgenleriniň çykyşlaryna baha berdi. Türkmen figuraçylarynyň çykyşlarynyň toparlaýyn bolandygyny bellemelidiris.

- Indiki ýylyň aprel aýynda Lužnikide (Moskwa) buzda toparlaýyn typmak boýunça festiwal geçirilýär. Men türkmen figuraçylaryny bu festiwala gatnaşmaga çagyrýaryn diýip, Irina Rodnina aýtdy.

Ýadigärlik üçin surata döşülenden we awtografyny goýandan soň, Irina Konstantinowna ussatlyk derejesini geçirdi, ýaş türgenlere peýdaly maslahatlary berdi, türgenleşdirmek usullaryna düzediş boýunça tekliplerini bermek bilen, tälimçiler düzümi bilen maslahat geçirdi. Soňra bolsa kiçi buzly meýdançada hokkeý oýny boýunça geçirilen bäsleşige tomaşa etdi. Bäsleşik tamamlanandan soňra bäsleşige gatnaşanlar olimpiýa oýunlarynyň üç gezek çempionynyň elinden gymmat bahaly sowgatlary aldylar.