Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň daşary we içeri syýasarynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa hasabat bilen çykyş etmek üçin söz berdi. Ol döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem özüniň gözegçilik edýän dolandyryş ulgamyndaky işleriň ýagdaýy we Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 21 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly oňyn özgertmeleriň ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýar durmuşynyň, röwşen ertiriniň bähbidine gönükdirilendigini bellemek bilen, paýtagtymyzdaky möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşyny, olaryň ýokary hilli gurulmagyny we bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny mydama berk gözegçilikde saklamagyň wajyp wezipe bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz berkarar ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanan çäreler we möhüm desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyk günlerinde, şanly seneleriň guralýan pursatlarynda bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmek, söwda ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrmak, hyzmatlaryň medeniýeti we olaryň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem bu babatda durnukly ýagdaýy üpjün etmek boýunça H.Muhammedowa anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasata degişli strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda DIM tarapyndan alnyp barylýan işler, şeýle hem GDA goşulýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi, şol mejlis 2-nji noýabrda türkmen paýtagtynda geçiriler. 2012-nji ýylda GDA başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanda geçiriljek bu ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda Arkalaşyga agza bolup durýan döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler, bu mejlisi 1-nji noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyngy amala aşyrmak bilen bagly mesele barada hasabat berdi. Şol konsepsiýanyň çäklerinde ýurdumyzda uly möçberli çäreleriň birnäçesi guralyp, üstünlikli geçirildi. Şolardan geçen hepdede geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyny görkezmek bolar, oňa Arkalaşygyň ýurtlaryndan köp sanly wekiliýetler gatnaşdy. Galyberse-de, 16-17-nji oktýabrda Aşgabatda GDA agza bolup durýan ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahaty geçirildi, bu maslahatda ulag-aragatnaşyk ulgamy ýaly wajyp ähmiýetli ugurda sebit we halkara derejesinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, GDA we onuň düzümine goşulýan döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjiligiň, netijeli hem-de giň gerimli özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we türkmen halkyny bu döwletleriň halklary bilen taryhyň dowamynda emele gelen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkaldaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen GDA-nyň giňişliginde açyk we deňhukukly gatnaşyklara ygrarly bolup durýandygyny hem-de umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli ykdysady we gumanitar- medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine işjeň çemeleşýändigini äşgär edýär. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy şol maksatlara doly laýyk gelýär hem-de hyzmatdaşlyk boýunça toplanan oňyn tejribäniň berkidilmegine, ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara gatnaşyklarynyň höweslendirilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde giň we netijeli gatnaşyklary geljek-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklap, GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulýan beýleki çäreleriň ählisiniň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary babatda hem-de milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde ýurdumyzyň milli kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady özgertmeleriniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Milli Liderimiz habary diňläp, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň döwlet syýasatyny we ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalary hem-de oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijeli serişdesi bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, deputatlaryň täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen yzygiderli gatnaşyklary saklamagynyň möhümdigini aýratyn nygtady. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň öňde durýan maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň we oňa taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda demokratiýanyň ýörelgelerini berjaý etmegiň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bilen zerur bolan işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän bu ýörelgesi ilki başda halkyň jemgyýetçilik-syýasy medeniýetiniň asylly däplerini aýdyň şöhlelendirýän demokratik gurama hökmünde döredildi, şol däpleri biz şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň durmuşynyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki wakalaryndan ugur almak bilen ösdürýäris we kämilleşdirýäris diýip, milli Liderimiz Ýaşulularyň naslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Minitrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew 2013-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) 16-njy oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen 12-nji maslahatynyň netijeli baradaky jikme-jik hasabat bilen çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň esasy maliýe boýunça meýilleşdirilen resminamasynyň taslamasynyň ministrliklerde we pudak edaralarynda, şeýle hem häkimlikler bilen bilelikde işlenip taýýarlanandygy bellenildi. Wise-premýer 2013-nji ýylda Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ölçegleri barada jikme-jik durup geçdi, bular ykdysadyýetiň mundan beýläk-de yzygiderli ýagdaýda ösdürilmegine we türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýnynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleriň berjaý edilmegi üçin bölünip berilýän maliýe serişdelerini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Indiki ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetinde giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň” hem-de beýleki döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna maliýe serişdelerini gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Halk hojalygynyň toplumyna degişli ähli pudaklaryň diwersifikasiýa edilmegine, welaýatlarda döwrebap düzümleriň artdyrylmagyna, kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine uly möçberli maýa goýumlary gönükdiriler.
Jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlarynyň maliýeleşdirilmegine, ilkinji nobatda ylym-bilim ulgamynyň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň, sportuň we syýahatçylygyň ösdürilmegine ep-esli möçberdäki serişdeleri bölüp bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmegi üçin düýpli maýa goýumlaryny artdyrmak bellenilýär, şol maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda durmuş-ýaşaýyş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak hakynda 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Döwlet býujetiniň degişli maddalarynda goşmaça maliýe serişdeleri göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, umuman, 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň döwlet syýasatynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini we ýurdumyzyň serişdeler babatdaky mümkinçilikleri arkaly berkidilendigini kanagatlanma bilen aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti indiki ýyl üçin maliýe boýunça esasy resminamada özgertmeler bilen bagly maksatnamalarda kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipeleriň berjaý edilmegine, şol sanda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine, bilim we medeniýet edaralarynyň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna degişli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdiriljek harajatlary artdyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi.
Milli Liderimiz 2013-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasyny umuman goldap, ony Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy we degişli resminama gol çekdi.
Mejlisi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş baýramynyň—türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň ýetip gelýändigini hem-de bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda möhüm ähmiýetli köp sanly çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer A.Goçyýewe 25-nji oktýabra çenli ähli edaralarda, guramalarda we kärhanalarda zähmet haklaryny, pensiýalary, kömek pullaryny we talyp haklaryny tölemek barada tabşyryk berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mundan başga-da, wise-premýer GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Aşgabatda geçirilen VII forumynyň jemleri, şeýle hem ýurtda bilim ulgamyny ösdürmek, olaryň hünär tejribeleri bilen baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak barada alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy, bu ugurda düzümler arasynda tejribe alşylmagy işiň ilerlemeginiň baş şertidir diýip belledi. Şunlukda, halkara çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, oňa degişli hünärdäki ýaşlaryň, hususan-da, žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň işjeň çekilmelidigini belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda geçirilýän dürli göwrümli çärelere degişli hünär boýunça bilim alýan talyplaryň gatnaşmagyny we olaryň bu babatda tejribe toplamagyny guramakda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk işleriniň ýeterlik derejede geçirilmeýändigi üçin wise-premýere käýinç yglan etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa ýurdumyzyň medeniýet düzümlerinde baýramçylyk mynasybetli alnyp barylýan işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygynyň hormatyna işlenilip taýýarlanylan medeni maksatnama barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan şanly senelere, hususan-da, Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzyň ruhy taýdan galkynmagynda, milli medeni mirasymyzyň giňden wagyz edilmeginde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerine möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz öňde boljak şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan dürli derejeli çäreleriň habar beriş serişdelerinde döwrebap ýagdaýda beýan edilmelidigi baradaky meselä degip geçmek bilen, olarda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesi, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler we şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň milli öwüşginde, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän derejede beýan edilmelidigini aýtdy. Baýramçylyk çäreleriniň we beýleki möhüm wakalaryň ýokary çeperçilik derejesiniň üpjün edilmeginiň zerur bolup durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň barşy bilen baglanyşykly işler, şeýle hem bag ekmegiň güýzki möwsüminiň ýerine ýetirilişi we onuň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak işine görülýän taýýarlyk barada hasabat .berdi.
Wise-premýer Daşoguz welaýatynyň hasyl ussatlarynyň pagta taýýarlamak boýunça ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýdyp, olaryň Watan harmanyna 234 müň tonna “ak altyn” tabşyrandyklaryny nygtady. Şeýle hem ol demirgazyk welaýatyň ähli kärendeçileriniň we ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba hojalyk pudagyny ösdürmek we zähmetsöýer kärendeçiler üçin edýän atalyk aladasyna bildirýän hoşallyklaryny mälim etdi. Munuň özi Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy bilen diňe bir ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagyny has belen derejelere çykarmaga däl, eýsem kärendeçi daýhanlaryň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, öndürijikili zähmeti üçin ähli zerur şertleri döretmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşoguzly pagtaçylary gazanan ajaýyp zämet ýeňişleri bilen gutlap, olaryň ýetişdiren pagta hasyly mähriban topragymyzyň sahylygyny, türkmen halkynyň döredijilikli güýjüni, şöhratly babadaýhanlarymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän asylly ekerançylyk däpleriniň dowam edýändigini alamatlandyrýandygyny belledi.
Häzirki döwürde oba hojalyk ulgamynyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär diýip bellmek bilen, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň döwletimiziň edýän yzygiderli aladasyna we goldawyna ýokary öndürijilikli zähmetleri bilen jogap berýändiklerini nygtady. Milli Liderimiz döwlete “ak altyn” tabşyrmak baradaky üstünlikli ýerine ýetiren daşoguzly pagtaçylaryň zähmet ýeňşi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.
Biz mundan beýläk-de obasenagat toplumynyň ösüşine, oba ilatynyň durmuş derejsiniň ýokarlandyrylmagyna degişli meselelere aýratyn ähmiýet bereris diýip belläp, döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň pagtaçy-kärendeçilerine bagtyýarlyk, abadançylyk we bol hasyl ýetişdirmekde täze üstünlikler arzuw etdi hem-de olaryň gazanan zähmet ýeňşiniň Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynyň we döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urmagynyň kepilidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam etmek bilen, ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işgärleriň agrotehniki kadalara laýyklykda we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini aýtdy.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işleriniň geçirilmegi mähriban topragymyza bolan jogapkärçilikli garaýşyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň kenarynda emele gelýän şypahana zolagyny abadandaşdyrmak, bagy-bossanlyga büremek we bar bolan agaç nahallaryna göwnejaý ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygy barada anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüne ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, täze desgalaryň, öňi bilen bolsa ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş merkezleriniň gurluşygyny, şeýle hem ýol-ulag düzümleriniň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny ugur edinýän paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasy ilkinji nobatda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir, çünki adamlar hakdaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen desgalaryň taslamasyna we olaryň gurluşygyna oýlanyşykly, çynlakaý we jogapkärli çemeleşmeleriň derwaýysdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu ugur boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly ähli meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary R.Seýitkulyýew “Demirgazyk-Günorta” transmilli ulag geçelgesiniň “Bereket-Serhetýaka” bölegindäki işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy, şeýle hem “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň we Aşgabat şäheriniň telefon ulgamynyň göwrümlerini giňeltmek üçin enjamlary satyn almak we gurnamak hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, wise-premýer baýramçylyk günlerinde ulag düzüminiň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen düzülen meýilnama hakynda aýtdy.
Döwlet Baştutany ulag-aragatnaşyk düzümini kämilleşdirmegiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döredýän işleri göwnejaý amala aşyrmak barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, döwrebap aragatnaşyk ulgamlarynyň milli ykdysadyýeti ösdürmekdäki ähmiýetiniň artýandygyny belledi hem-de täze tehnologiýalary yzygiderli usulda ornaşdyrmagyň, şol sanda öýjükli we şäher aragatnaşygy boýunça ilata hödürlenýän hyzmatlaryň toplumyny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk günlerinde we beýleki şanly seneleriň geçirilýän pursatlarynda ulag düzümleriniň ähli görnüşleriniň, hususan-da, uçarlaryň, demir ýol ulaglarynyň, şeýle hem awtobuslaryň sazlaşykly, gerek bolsa goşmaça hereketini üpjün etmek boýunça anyk meýilnamalaryň düzülmegini we bu işleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýan uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmegiň barşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Şeýle hem çykyşda Türkmenbaşy şäherinde hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň milli ykdysadyýetde öňdebaryjy orun eýeleýändigini belläp, bu pudaga degişli kärhanalaryň öňünde tebigy gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça wajyp ähmiýetli wezipäniň goýlandygygyny hem-de şu önümlere içerki we daşarky bazarlarda bildirilýän islegleriň artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna döwrebap desgalaryň düzümini döretmegiň we öňdebaryryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabayna nebitgaz senagatynyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynyň işi, ýangyç-energetika toplumynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hususan-da, hasabatyň çäklerinde Hazaryň türkmen kenaryndaky täze nebitgaz düzümlerini ýüze çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazaryň türkmen bölegindäki baý tebigy serişdeleriň doly möçberde özleşdirilmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, bu ulgama daşary ýurt maýalaryny işjeň çekmegiň maksada laýykdygyny belledi we biziň ýurdumyzyň türkmen energiýa serişdelerini Ýewropanyň iri bazarlaryna ugratmagyň köp ugurly ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen energetika strategiýasy bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär diýip belledi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleriň birnäçesine garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň we mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.