Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

view-icon 721
Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin döwlet býujeti tassyklandy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky, 16-njy maslahaty bolup geçdi, oňa ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibi boýunça esasy mesele hökmünde “Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna we “Türkmenistanyň 2011-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna garaldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň esasy maksadynyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdan, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekden, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýandygy bellenildi. “Döwlet adam üçindir!” diýen sazlaşykly we hemmetaraplaýyn şygarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy kesgitlendi.

Köp ugurlar boýunça toplanan kuwwat, giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy, uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ähli ulgamlarda we pudaklarda dünýäde toplanan tejribäniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy—bularyň ählisi milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depginlerini gazanylmagyna, daşary söwda boýunça dolanyşygyň we girdejileriň artdyrylmagyna mümkinçilik berýär. Döwlet býujetiniň maddalary täze hile we ölçeglere eýe bolmak arkaly, türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň ýokary derejä ýetirilmegine gönükdirilmelidir.

Şu gün Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz 2013-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna iberilmelidigini aýtdy. Çykyş edenler Döwlet býujetiniň taslamasynyň esasy maddalary barada durup geçip, esasy maliýe-hukuk resminamasyny taýýarlamagyň öňüsyrasynda, ähli pudaklar boýunça uly möçberli seljeriş işiniň geçirilendigini aýtdylar. Maliýe boýunça meýilleşdirilen resminamanyň taslamasy işlenip düzülen mahalynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu we beýleki mejlislerinde aýdan bellikleri we anyk görkezmeleri, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça pudaklar we welaýatlar boýunça uzakmöhletleýiin milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeler göz öňünde tutuldy.

Kanunyň taslamasyna laýyklykda, 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 86335,8 million manada, şol sanda býujetiň birinji derejesi boýunça 15707,5 million manada barabar bolar, munuň özi 2012-nji ýylda tassyklanan möçbere garanyňda 18,7 göterim köpdir. Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi 89735,8 million manada barabar bolar, şunda býujetiň birinji derejesi 19107,5 million manat möçberinde göz öňünde tutuldy. 2012-nji ýylda tassyklanan möçber bilen deňeşdirilende bu görkeziji 29,8 göterim köpdir.

2013-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş-medeni ugurlaryna 47,4 milliard manat möçberinde serişde goýbermek göz öňünde tutulýar.

Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi milli ykdysadyýetiň nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk ýaly esasy pudaklarynyň hasabyna düzüler. Şeýle hem obasenagat toplumynyň, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň, dokma we azyk senagatynyň yzygiderli ösüş depginler bilen ösdürilmegine garaşylýar. 2013-nji ýylda girdejiler eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki kärhanalaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we olaryň işine goldaw berilmeginiň, durmuş ulgamynyň ösüşi üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň hasabyna artar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça strategiki maksatnamalary we uly möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça wajyp ähmiýetli wezipeleriň berjaý edilmegine, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň we desgalaryň gurluşygyna, ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda durmuş-medeni maksatly, senagat we ulag-aragatnaşyk düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýän pul serişdeleriniň ep-esli möçberde artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Indiki ýylda býujet boýunça harajatlaryň agramly bölegi merkezleşdirilen maýa goýumlaryna degişlidir, olaryň möçberi 42 göterim artdyrylyp, 9,1 milliard manada barabar bolar.

Geçen ýyldaka garanyňda, bilim üçin gönükdirilýän maýa goýumlary 15,7 göterim, saglygy goraýyş boýunça – 10,8 göterim, medeniýet boýunça – 22,6 göterim möçberinde artar. Sport çärelerini maliýeleşdirmek üçin niýetlenen serişdeleri 2012-nji ýyldaka garanyňda 1,9 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Galyberse-de, 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet hakynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini 10 göterim hem-de pensiýalaryň möçberini 15 göterim artdyrmak göz öňünde tutuldy.

Mejlisiň deputatlary oýlanyşykly hasaplanyp düzülen täze Kanunyň taslamasynyň döwletiň we jemgyýetiň serişdeler babatdaky örän uly mümkinçilikleri arkaly berkidilendigini hem-de ýurdumyzyň ilatynyň bähbitlerine, türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekldigini biragyzdan bellediler. Milli parlamentariler täze taryhy eýýamda türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak bilen baglylykda bu wajyp maliýe resminamasynyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, “Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny oňladylar hem-de onuň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdiler.

Mejlisiň deputatlary beýleki kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, kanun çykaryjylyk işini ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, onuň halkara derejesindäki at-abraýynyň mundan beýläk-de beýgeldilmegine badalga bermek maksady bilen, döwlet Baştutany tarapyndan öňde goýlan möhüm ähmiýetli wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilendigini bellediler. Deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalarynyň ählisi milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde taýýarlanyldy, milli kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine laýyk getirmek şol maksatnamanyň esasy jähedi bolup durýar.

Ýurdumyzyň pension üpjünçilik boýunça halkara hukugynyň döwrebap, häzirki wagtda bildirilýän talaplara we ählumumy kabul edilen kadalara laýyk gelýän ulgamyny kemala getirmek türkmen döwletiniň ýöredýän syýasatynyň möhüm ähimiýetli ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa gönükdirilip ýöredilýän syýasatda durmuş ulgamynda ýeňillikleriň we kepillikleriň ygtybarly ulgamynyň bolmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny döretmek hem-de Türkmenistanda pensiýa boýunça şertleýin-toplaýyş ulgamyny girizmek barada 2010-nji ýylyň 9-njy iýulynda degişli Karary kabul etmegi bilen baglylykda, milli parlamentiň deputatlary tarapyndan “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda pensiýa boýunça şertleýin – toplaýyş ulgamyna geçilmegi raýatlara iş beriji we raýatlaryň özi tarapyndan tölenýän pensiýa ätiýaçlandyryşynyň hasabyna pension maýany toplamaga mümkinçilik berer, pensiýanyň möçberi çäklendirilmezden, şonuň möçberine bagly bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan täze taryhy eýýamda Türkmenistan örän uly üstünlikleri gazanýandygyny äşgär edýär – şäherleriň we obalaryň keşpleri täzelenýär, iri senagat toplumlary we durmuş maksatly desgalar ulanamaga berilýär, döwletimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly möçberli taslamalar we özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň ählisiniň esasy maksady türkmen halkynyň abadançylygyndan, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň rowaçlygyndan we dünýäniň has ösen döwletleriniň derejesine ýetirilmeginden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça özgertmeler degişli maksatnamalary amala aşyrmagyň barşyny tehniki taýdan kadalaşdyrmagyň esasy elementleriniň biri hökmünde standartlaşdyrmak baradaky milli ulgam Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine önjeýli goşant goşýar. Mälim bolşy ýaly, standartlaşdyrmagyň maksady raýatlaryň ýaşaýşynyň we saglygynyň, emlägiň howpsuzlygynyň derejesini hem-de ekologiýa boýunça howpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň gorlarynyň rejeli ulanylmagyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Ýurdumyzda standartlaşdyrmak ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine degişli meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli parlament tarapyndan “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” we “Standartlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy we ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlendi.

Şeýle hem deputatlaryň garamagyna berlen kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalarynyň arasynda “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar, şonda bu ugra degişli maksatlar, wezipeler we hukuk esaslary kesgitlenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde ýurdumyzyň köp asyrlaryň dowamyndaky taryhynyň döwürlerine degişli ýadygärlikler köpdür. Milli medeni-taryhy miras --munuň özi ruhy, ykdysady we durmuş gymmatlyklary bolup, bular tebigy baýlyklar bilen birlikde, ýurdumyzyň esasy genji-hazynasy hasaplanýar. Medeni mirasa degişli ýadygärlikleriň döwlet tarapyndan goralmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynda ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

Taryhy we medeni ýadygärlikler diňe bir türkmen halkynyň täsin galdyrýan gymmatlygy bolmak bilen çäklenmän, bütindünýä medeni mirpasynyň aýrylmaz bölegi diýlip hasaplanýar. Gadymy Merwiň, meşhur Köneürgenç şäheriniň we Parfiýa patyşalygynyň paýtygty Nusaýyň uly ähmiýetli we umumadamzat gymmatlygyna degişli ýadygärlikler hökmünde UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu Kanunyň taslamasy Türkmenistanyň medeni mirasyna degişli obýektlerini aýawly saklamak, ulanmak, wagyz etmek we döwlet tarapyndan goralmagy boýunça gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Bu Kanunyň kabul edilmegi medeni gymmatlyklaryň her bir adam üçin elýeterli bolmagy boýunça konstitusion hukuklaryň we her bir adamyň taryhy we medeni mirasy aýawly saklamak baradaky konstitusion borçlarynyň berjaý edilmegine ýardam eder hem-de türkmen halkynyň medeni-milli özboluşlylygyny saklamak we ösdürmek, ýaşaýşyň taryhy-medeni gurşawyny goramak, gaýtadan dikeltmek we aýawly saklamak, medeniýetiň emele gelşi we ösüşi boýunça maglumatlaryň çeşmeleriniň goralmagy we aýawly saklanmagy boýunça hukugyň amala aşyrylmagyny üpjün etmelidir.

Şeýle hem maslahatyň barşynda “Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda türkmenistanlylaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu ugra degişli kanunçylyk namalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde geçirilýän saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak üçin konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagyna degişli esasy kepillikler kesgitlenildi.

Maslahatyň jemleri boýunça Mejlisiň deputatlary täze kanunçylyk taslamalaryny oňladylar we biragyzdan kabul etdiler hem-de bu möhüm ähmiýetli kanunçylyk namalarynyň ýurdumyzda döwletiň durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşiň gazanylmagyna, raýat edaralarynyň pugtalandyrylmagyna we jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň berkarar edilmegine ýardam berjekdigini bellediler.