Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine biz beýik işleri amala aşyrmalydyrys!”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine biz beýik işleri amala aşyrmalydyrys!”

view-icon 1005
Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi

Şu gün bu ýerde, deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi boldy, ol türkmen halkynyň täze taryhynda möhüm tapgyra beslendi. Umumymilli maslahatyň gün tertibine parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de bu ýolda ajaýyp üstünlikleri gazanan türkmen döwletiniň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Ajaýyp Ruhyýet köşgünde aýratyn dabaralylyk we ählumumy agzybirlik ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekiller ýygnandylar, olaryň hatarynda hormatly ýaşulular, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, hökümet agzalary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, ylym we medeniýet işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýygnandylar. Maslahata biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň we missiýalarynyň, abraýly halkara guramalarynyň baştutanlary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Zala ýygnananlar türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan deňsiz-taýsyz üstünlikler, Watanymyzyň ýokary halkara abraýy bilen şertlenen düýpli özgertmeler syýasatynyň başyny başlaýjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy dik durup, şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Döwlet Baştutany Ruhyýet köşgüniň sahnasyna çykýar we maslahata gatnaşyjylary hem-de onuň myhmanlaryny mähirli mübärekleýär.

Dabaraly pursat gelip ýetýär: Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Prezidiumyň agzalary öz ýerlerine geçýärler.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, maslahata gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň şu gün geçirilýän mejlisiniň gün tertibi hem-de onda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredilendigini belledi.

Soňra bu ýere ýygnanalaryň doly makullamagynda we goldamagynda hem-de şowhunly el çarpyşmalar astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň garamagyna girizilen resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutany milletimiziň baý medeni-mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde onuň asyrlardan bäri gelýän däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny dikeltmäge we gorap saklamaga biziň ýurdumyzda berilýän möhüm ähmiýetini belläp, “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permana gol çekdi. Ol şu ýyl üç günüň dowamynda - 26-27-28-nji oktýabrda bellenip geçiler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu aýdyň baýramçylyk häzikri wagtda kuwwatly jebisleşdiriji serişde, türkmen halkynyň agzybirliginiň nyşany bolup çykyş edýär.

Adalatlylygyň we ynsanperwerligiň ýörelgelerinden ugur alyp, türkmen döwleti öz günäsini boýun alan we eden etmişi üçin tüýs ýürekden ökünen raýatlary jezasyny çekmekden boşadyp, milli senenamymyzyň şanly senesiniň hormatyna günä geçmek çäresini yzygiderli geçirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biz bu asylly işde jenaýat eden adamlar barasynda rehimdarlyk bildirip, beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden däplerine daýanýarys diýip, döwlet Baştutany aýtmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi, ol “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakynda hasabat berdi.

Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekýär, şoňa laýyklykda şu ýyl ak ýürekli zähmeti bilen Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde öz günäsini ýuwmaga mümkinçilik alan adamlar dogduk ojaklaryna gaýdyp geler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylaryň öňünde uly maksatnamalaýyn söz sözledi.

Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän şanly sene—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy, şeýle hem gadymdan bäri bellenýän, ruhy tämizligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen hem tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiziň hakyky Garaşsyzlyk ýoluna düşmegi örän uly wakadyr. Bu wakanyň ähmiýeti ýyllaryň geçmegi bilen birjik-de peselmän, eýsem barha artýar. Sebäbi, döwletimiziň Garaşsyzlygyny almagy biziň ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden iň uly arzuwlarynyň we iň arzyly umytlarynyň amala aşmagynyň nyşanydyr. Geçilen ýola baha bermek bilen, biz eziz Watanymyzda giň gerimli we tutumly işleriň amala aşyrylandygyny, örän uly üstünlikleriň gazanylandygyny buýsanç bilen belläp bileris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň döreden Garaşsyz döwletimiz berk hukuk binýadyna esaslanýar, onuň kuwwatly ykdysady we ruhy-medeni mümkinçilikleri bar. Bu bolsa, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyz ösüşiniň üçünji onýyllygyna gadam basmagy bilen, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başlanandygyny uly buýsanç bilen yglan etdik. Bu bolsa, sözüň doly manysynda kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi, ykdysady we durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzda örän gysga, ýöne giň manyly «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge hakyky many-mazmuna eýe bolup, öz anyk beýanyny tapýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Prezident maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň esaslary şu ýylyň fewral aýynda makullandy. Prezident maksatnamasy ýurdumyzy ösdürmegiň ýakyn bäş ýyl üçin kabul edilen esasy maksatnamalaryny özünde birleşdirdi. Maksatnamanyň esasy maksady Türkmenistany, esasan, agrar ýurt bolanlygyndan senagat taýdan ösen döwlete, häzirki zamanyň ähli eşretleri halkymyz üçin elýeterli bolan döwlete öwürmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan üstünlikler barada aýdyp, şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 11,1 göterime barabar bolandygyny belledi. 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende ykdysadyýetimiziň pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 2,9 esse artyp, ol häzirki döwürde jemi içerki önümiň 48,8 göterimine barabar boldy.

Şu ýyl ýurdumyzda dürli desgalaryň onlarçasy gurlup, ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Aşgabatda gurlan süýji-köke önümlerini öndürýän «Hasar» hojalyk jemgyýetini, Abadan şäherindäki nah-egirme fabriginiň ikinji nobatdakysyny, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan balyk ösdürip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän önümçilik toplumy ýaly iri desgalary, şeýle hem Serdar şäherinde gurlan demir ýol menzilini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan myhmanhanalary, institutlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň täze binalaryny we köp sanly ýaşaýyş jaýlaryny görkezmek bolar.

Häzirki döwürde Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynda elewatorly un öndürýän 3 sany kärhananyň gurluşygy, şeýle hem iri senagat desgalarynyň birnäçesiniň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynda gurulýan kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny we sement zawodyny, şeýle hem beýleki desgalary görkezmek bolar.

Ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň nebitgaz ýataklarynda täze desgalaryň birnäçesi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde polipropilen örtüklerini öndürýän zawod, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda dokma we boýag fabrikler toplumy gurlup, ulanmaga berler. Şeýle hem, Lebap welaýatyndaky Ýylgynagyz maşyn kanalynyň durkuny täzelemek işleri, «Gazagystan –Türkmenistan–Eýran» halkara demir ýolunyň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän «Bereket–Gyzylgaýa–Serhetýaka» böleginiň we köp sanly beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlanar.

Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çäreler öz oňyn netijelerini berýär. Bu çärelere laýyklykda, ýurdumyzda umumy meýdany 2 million 900 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, 114 sany umumybilim berýän mekdep, 82 sany çagalar bagy, 125 sany durmuş maksatly desga we 11 müň 300 kilometrden gowrak inženerçilik desgalary gurlup, ulanmaga berildi.

Berkarar Watanymyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýy hem durnukly gowulanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärleriň zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberi 10 göterim, pensiýalaryň möçberleri bolsa, 15 göterim artar.

Döwletimiz ilatymyzyň durmuş taýdan kepillendirilen goragyny üpjün etmek syýasatyny dowam edýär. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, hususan-da, ilatymyzyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy, nahar duzy bilen mugt üpjün edilmegi, ýaşaýyş jaýlaryndan, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak üçin tölegleriň ujypsyz bolmagy we köp sanly beýleki ýeňillikler aýdyň şaýatlyk edýär. Alnyp barylýan oýlanyşykly syýasatyň netijesinde, ilatymyzyň adam başyna düşýän girdejileri her ýyl durnukly artýar. Soňky döwürde bir hojalygyň umumy girdejileri we pul görnüşindäki girdejileri 1,5 esse artdy, hakyky girdejileri bolsa, 1,4 esse köpeldi.

Eýýäm häzirki döwürde Bütindünýä banky ýurdumyzy ilatynyň jan başyna düşýän girdejileriniň derejesi boýunça ortadan ýokary girdejili ýurtlaryň toparyna goşdy. Bu toparda biziň ýurdumyzdan başga-da, Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Eýran we birnäçe beýleki ýurtlar bar diýip, milli Liderimiz belledi.

Prezident maksatnamasynda ykdysadyýetimiziň önüm öndürýän pudagyny ösdürmäge niýetlenen maýa goýumlary esasy maksada – ykdysadyýetimiziň ýangyç-çig mal serişdelerine garaşly bolmagyny aradan aýyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. 2012–2016-njy ýyllarda biz ykdysadyýetiň döwlete degişli we döwlete dahylly däl pudaklarynda 200 milliard manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini özleşdirmegi maksat edinýäris, önümçilik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň 450-den gowragyny gurmagy we durkuny täzelemegi göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmak bilen bagly uly möçberli taslamalar bilen bir hatarda, häzirki döwürde maýa goýum taslamalary himiýa, gurluşyk materiallary, derman senagaty we ýeňil senagat ýaly pudaklarda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda senagat pudagynda önümleriň täze görnüşlerini öndürýän önümçilik kuwwatlyklary döredilmelidir. Ýurdumyzda maýa goýumlarynyň uly möçberi azyk senagatyny ösdürmäge, azyk önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmaga niýetlenýär.

Öň önümçiligi ýola goýlan we täze senagat önümlerini öndürmäge niýetlenen kiçi, orta we iri senagat kärhanalarynyň 200-e golaýynyň gurlup, ulanmaga berilmegi we tehniki taýdan döwrebap ýagdaýa getirilmegi goşmaça iş orunlarynyň onlarça müňüsini döretmäge, eksporta iberilýän harytlaryň düzümini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Mallary bakmagy senagat esasynda ýola goýmagyň, oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, suwarymly ýerleriň durkuny täzelemegiň taslamalary ileri tutulýan ugurlar hökmünde oba hojalyk önümçiliginiň maýa goýum maksatnamasyna goşuldy. Şeýle hem, Hanhowuz we Saryýazy suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, Garagum derýasynyň suw geçiriş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmak işleri dowam eder.

Iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şertleri hökmünde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň düýpli ýokarlanmagyna, mallardan alynýan önümleriň möçberleriniň has-da artmagyna garaşylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam etdirip, ulag ulgamynda maýa goýum maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sebitlerini bitewi ykdysady ulgama birleşdirmäge mümkinçilik berer, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmäge ýardam eder diýip, belledi. Bu taslamalaryň hatarynda «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» halkara demir ýoly ýaly möhüm desganyň, «Gazojak–Şasenem–Daşoguz» we «Atamyrat–Ymamnazar» demir ýollarynyň gurluşygyny, «Türkmenbaşy–Bekdaş–Gazagystanyň serhedi», «Türkmenabat–Gazojak–Daşoguz», şeýle hem «Mary–Serhetabat» awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemegi görkezmek bolar.

Suw ulaglary pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalar hem işjeň durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar nebit guýujy tankerleriň ençemesini gurmaga, balyk tutujy, söwda, ýük flotuny ulanmagyň mümkinçiliklerini gowulandyrmaga niýetlenen gämi abatlaýyş zawodynyň gurluşygyny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda ulag-logistika (harytlaryň we hyzmatlaryň öndürijilerden sarp edijilere ýetirilmegini netijeli ýola goýmak) merkezini gurmak göz öňünde tutulýar.

Raýat awiasiýasyny ösdürmegiň çäklerinde Aşgabat, Türkmenabat, Daşoguz we Atamyrat şäherlerinde howa menzillerini gurmak we bar bolan howa menzilleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, howa gämilerini täzelemek boýunça amala aşyrylýan işler geljekde üstünlikli alnyp barlar.

Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynda möhüm taslamany amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde gürrüň milli emeli hemra ulgamynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak we älem giňişligine çykarmak barada barýar. Öz emeli hemramyzyň bolmagy ýurdumyzda aragatnaşyk we Internet ulgamlarynyň, telewideniýäniň ösüşini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem köp sanly beýleki maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan amatly şertleri döreder diýip, milletiň Lideri nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirip, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, minerallaryň täjirçilik taýdan ähmiýetli ýataklaryny özleşdirmegiň hasabyna senagat pudagynyň gerimini giňeltmegiň maksat edinilýändigini aýtdy. Garabogaz aýlagyndaky bejeriş maksatlary üçin ulanylýan duzly suwlaryň gidromineral serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly taýýar önümleri öndürýän zawodlar toplumyny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Prezident maksatnamasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion ösüş ýoluna geçirmek boýunça öňde goýlan örän uly wezipeler bizden bazar usullaryny işjeň ornaşdyrmagy, ýerli şertlerde synagdan geçen netijeli daşary ýurt tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagy, çeýe karz-salgyt we gümrük syýasatyny ulanmagy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem, bu wezipeler ýurdumyzyň ähli ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ýokary derejede we netijeli peýdalanmagy, akademiki we ýokary mekdep ylym ulgamyny ösdürmegi, ileri tutulýan ylmy-barlag, tejribe-synag işlerini maliýeleşdirmegi, şol sanda ýörite ýardam serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Şonuň üçin hem, 2013-nji ýylda biz bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usuly binýadyny pugtalandyrmagy hem-de kämilleşdirmegi dowam etmelidiris. Bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak işi bilim babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary ýuwaş-ýuwaşdan ornaşdyrmak, şol sanda daşary ýurt bilim edaralary bilen hyzmatdaşlykda ornaşdyrmak arkaly, ähli bilim edaralary üçin Internet ulgamynyň doly elýeterli bolmagyny gazanmak arkaly amala aşyrylmalydyr.

Bu ugurda şu ýyl möhüm ädim ädildi-- ökde inžener-gurluşykçylary, binagärleri we dizaýnerleri hem-de şäher gurluşygynda işlejek beýleki ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň güýçli depginler bilen ösýän nebitgaz pudagyny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek üçin, Türkmen döwlet nebit we gaz instituty açyldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýyl 20 sany täze hünär ugry girizildi. Şonuň bilen birlikde, umumybilim berýän mekdepde bilimleri özleşdirmek üçin azyndan 11–12 ýylyň gerekdigini dünýä tejribesi görkezýär. Bilimiň bu basgançagy tebigy-gumanitar ylymlaryň esaslaryny düýpli öwrenmegi hem, okuwyň tamamlaýjy tapgyrynda ugurlar boýunça ýöriteleşdirip okatmagy hem öz içine alýar.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetine bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri nazara alyp, umumybilim berýän mekdeplerde okuwyň mazmunyny baýlaşdyrmak we möhletini 12 ýyla çenli uzaltmak meselesine seretmegi teklip etdi .

Biz häzirki döwürde daşary ýurt dilinde okadylýan ýokary okuw mekdeplerini döretmek, şeýle hem kanunçylyga laýyklykda tölegli bilim edaralaryny döretmek boýunça bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmek bilen bagly meseleleri çalt we netijeli çözmelidiris. Emma muňa garamazdan, ýakyn geljekde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň esasyny, umuman, tölegsiz döwlet bilim edaralary düzer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde tölegli bilim edaralarynyň işini düzgünleşdirýän we döwlet bilim edaralaryna býujetden daşary serişdeleri giňden çekmäge mümkinçilik berýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi.

Bilim ministrligi, Maliýe ministrligi, Merkezi bank bu meseleleri düýpli öwrenmeli we tölegli okuwlary girizmegi 2013–2014-nji okuw ýylyndan başlamagy göz öňünde tutup, degişli resminamalary taýýarlamalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetde we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy maksady, ilkinji nobatda, adamyň abadançylygydyr, bu özgertmeler her bir adamyň bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna hem-de ruhy taýdan ösmegine gönükdirilendir.

Häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan syýasatyň esasyny hem şu ýörelgeler düzýär. Bu syýasat raýatlarymyzyň ruhy-medeni we ahlak taýdan hemmetaraplaýyn ösmegine, ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garamaga, däp-dessurlarymyzy nesilden-nesle geçirmäge, milli hem-de taryhy däplerimiziň, ene dilimiziň özboluşlylygyny gorap saklamaga gönükdirilendir.

Sebäbi, akyldarlarymyz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» – diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar.

Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerde saklanyp galan köpdürli medeni mirasy örän baýdyr, ajaýypdyr we beýikdir. 1999-njy, 2005-nji we 2007-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) ýörite komiteti tarapyndan Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak baradaky kararyň kabul edilmegi hem, biziň döwletimiziň çäklerinde ýerleşýän medeni mirasyň desgalarynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyna we olaryň halkara derejesinde ykrar edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Prezident maksatnamasynda köp asyrlyk taryhy bolan milli medeniýetimizi goldamak, şol sanda medeni maksatly desgalary gurmak üçin goýberilýän maliýe serişdeleriniň möçberlerini ep-esli artdyrmak göz öňünde tutuldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz milli medeniýetimiziň dünýäniň ruhy gymmatlyklaryna has-da ýakynlaşmagyna, olaryň özara baýlaşmagyna, halkara medeni-bilim gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen netijeli işlerimizi dowam ederis. Munuň üçin halkara festiwallaryny, forumlary we ylmy maslahatlary yzygiderli geçireris we hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşlerini giňden ulanarys. Bu çäreleriň geçirilmegi dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan ata Watanymyz Türkmenistany özleri üçin açmaga beýleki ýurtlara mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň Prezident maksatnamasynyň örän möhüm ugurlarynyň biridigini aýtdy. Bu Maksatnamanyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň hatarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini has giňden, yzygiderli ornaşdyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmanlary we maşgalanyň saglygyny goramak ulgamyny ösdürmek, ilata tölegsiz lukmançylyk hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilen görnüşlerini üpjün etmek meseleleri bar.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, adamyň ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn bolmagyny sazlaşykly utgaşdyrmak halkymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýän möhüm şertlerdir. Prezident maksatnamasynda bu sagdyn durmuş ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürüldi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi.

Ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenýän Bütindünýä saglyk gününiň baýramlaryň sanawyna girizilmegi, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysallarydyr. Sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ähli welaýatlarda 10 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadionlar, şeýle hem awtodromlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýaly iri sport desgalary guruldy.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurulýan täze mekdeplerde we çagalar baglarynda sport zallary, basketbol, woleýbol, tennis oýnalýan meýdançalar, suwda ýüzmek üçin howuzlar göz öňünde tutulandyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berlen gämi gatnawly emeli derýa sport gaýyklarynda küreklemek, şeýle hem ýelkenli gämilerde ýaryşlary geçirmek üçin ajaýyp ýere öwrüldi. Türkmenistanyň alyp barýan «açyk gapylar» syýasaty, bedenterbiýe we sport boýunça amala aşyrýan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi we türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine gatnaşmagy ýurdumyzyň sport ulgamynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi.

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň paýtagtynda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Öz hataryna 45 döwleti birleşdirýän Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň kabul eden çözgüdi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýäni giň gerim bilen ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan halkara derejesindäki işlere gatnaşmak bilen bagly tagallalarynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýerli häkimiýet ulgamyny ösgertmegi, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmegi talap edýär diýip belledi.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerini ösdürmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreleriň toplumy maslahatyň wekilleriniň garamagyna hödürlenildi. Hususan-da, ilatly ýerleri amatly şertlerde, talaba laýyk ýerleşdirmek, dolandyryş merkezleriniň oba ilatynyň golaýynda bolmagyny gazanmak, oba ilatyna zerur hyzmatlary doly elýeterli etmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edildi.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Mejlisine we Ministrler Kabinetine, welaýatlaryň häkimliklerine kiçi şäherçeleri iri şäherçelere birleşdirmek, şäher nusgaly täze şäherçeleri gurmak we ähli amatlyklary bolan şol şäherçelere ilaty göçürmek boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Täze dörediljek geňeşlikleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen we öz üstüne ýüklenen wezipelerini ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, olary hojalyk taýdan özbaşdak bolarlary ýaly zerur maliýe serişdeleri bilen, şol sanda iri fermer hojalyklaryny döretmegiň hasabyna üpjün etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fermer hojalyklaryna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, hojalygy ýörediji beýleki taraplara ýeňillikli karzlaryň berilmegini we ýeňillikli salgyt salynmagyny gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem, ýerden we suwdan rejeli peýdalanmaga mümkinçilik berjek iň oňat taslamalary işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistanyň iň täze taryhynda möhüm waka öwrülen şanly senä – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilen gününiň 17 ýyllygyna çenli iki aýa golaý wagt bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi. Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň aýratyn ornuny kesgitleýär, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.

Ýurdumyzyň adamzadyň durnukly ösüşine, ony harby we ekologik howplardan goramaga, dünýä giňişliginde ynanyşmak ýagdaýyny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryna Milletler bileleşiginiň ýokary baha berýändigini nygtamak isleýärin. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň münberinden Türkmenistanyň yglan eden başlangyçlarynyň dünýäde örän giň seslenme döredendigi muňa aýdyň şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty ýurdumyzyň dünýä üçin giňden açyklygy, milli bähbitlere eýerýändigi, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini netijeli çözmäge taýýardygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirilendir. Şeýle hem, biziň alyp barýan syýasatymyz dürli döwletler bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklara, halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge esaslanýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamalap, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleriň hem-de «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan strategik maksatlaryň doly we üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

“Mähriban halkymyzyň iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän şertlerde, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna beýik işleri amala aşyralyň!” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.

Milli Liderimiziň çykyşy ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylandy we ençeme gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen arasy kesildi, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gyşarnyksyz ýöredilýän öňdebaryjy özgertmeler syýasatynyň doly we biragyzdan goldanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnanalara ýüzlenip, umumymilli maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etmek bilen, oňa gatnaşyjylara söz berdi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Çaryguly Ataýew maslahatyň münberinden çykyş edip, ýaşuly nesil barada edýän ýadawsyz aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýaşululara goýýan çuňňur hormat-sarpasy, olaryň maslahatyna üns bermegi ýurdumyzda hormatly ýaşululara uly sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär diýip belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Agzybir we bitewi türkmen halky şol özgertmelere ýürekden buýsanýar. Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Aşgabat şäheri has gözelleşip, sebitiň merjenine öwrülýär. Türkmen paýtagty häzirki wagtda hakykatdan hem suw çüwdürimleriniň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň we söýginiň şäheridir!

Aşgabatda gurlan täze çagalar baglary, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi, häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, sport desgalary, 10 ýyl abadançylyk köçesiniň ugrundaky 1700 maşgala niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, Bagt köşgi we Maslahat köşgi—bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Adam hakdaky alada, türkmen halkynyň abadan we rowaç durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr.

Iň häzirki zaman “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň, Aşgabadyň beýleki ajaýyp ýerleriniň abraýly halkara sylaglaryna mynasyp bolmagy, olaryň bütin dünýäde meşhurlyk gazanmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Biziň ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň iň ýokary derejede bilim almaga mümkinçilikleri bardyr. Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň açylmagy, şeýle hem Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän halkara uniwersitetini döretmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi, orta bilimiň möhletiniň 11-12 ýyla çenli uzaldylmagynyň göz öňünde tutulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabatlylaryň ählisinň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Ç.Ataýew milli Liderimize berk jan saglyk we ähli asylly başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdi.

Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň 10-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Jemal Ereşowa özüniň çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasyny goýandygyny nygtady. Şol syýasatda bolsa türkmen halkynyň milli däp-desurlary häzirki zamanyň ruhy bilen ajaýyp sazlaşýar.

Bu gün her bir türkmenistanly: “Halkymyzyň bagtyýarlygyna barýan ýagty ýoly—mähriban Arkadagymyzyň ýoly!” diýýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ajaýyp binalar, häzirki zaman önümçilik desgalary, saglyk öýleri, şypahanalar, mekdepler, ýokary okuw mekdepleri gurulýar, zehinli ýaşlar üçin ylma giň ýol açyldy. Milli Liderimiziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar raýatlarymyza bagt paýlaýar.

Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegine ägirt uly üns berilýär, çünki çagalar adamlaryň şatlygydyr, milletiň berkararlygy we buýsanjydyr. Çagalar biziň ýaşaýşymyzyň esasydyr, durmuşymyzyň dowamydyr.

J.Ereşowa bilim ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan ýaşlar barada çäksiz alada edýändigi, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana bütin dünýäde uly abraý getiren oňyn içeri we daşary syýasaty geçirýändigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşiginiň mehanizatory T.Baýgaraýewe söz berildi. T.Baýgaraýew hormatly Prezidentimiziň Ýaşulular maslahatynyň şu gezekki mejlisinde obalaryň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen tekliplerini dolulygyna goldaýandygyny belläp, oba hojalygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek we ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, obasenagat ulgamyndaky özgertmeleriň çäklerinde toplumyň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmäge berilýän üns özüniň anyk netijeleri görkezdi. “Ak bugdaýyň” mekany diýip hasaplaýan türkmen topragynda häzirki döwürde pagtadan, bugdaýdan, şalydan, bakja ekinlerinden, bol hasyl alynýar, beýleki oba hojalyk önümleriniň mukdarlary artdyrylýar.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy netijesinde mümkin boldy. Türkmen daýhanlary hormatly Prezidentimizi özleriniň hak howandary, beýik ruhlandyryjysy, gahryman Arkadagy hasaplaýar diýip, mehanizator belledi.

Oba zähmetkeşleri döwlet Baştutanymyzyň içerki we daşarky syýasatyny uly ruhubelentlik bilen kabul edýärler we ony goldaýarlar diýip bellemek bilen, T.Baýgaraýew milli Liderimize ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, daýhanlaryň we tutuş türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň adyndan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýow çykyş etdi. Şunuň ýaly wekilçilikli foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildiriip, diplomat Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy-ykdysady medeni-gumanitar we beýleki ulgamlarynda ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçysy astynda alnyp barylýan özgertmeleri, türkmen halkynyň yhlasly zähmeti netijesinde ýurtda ägirt uly ösüşler gazanylýar.

Munuň özi ak mermere beslenen türkmen paýtagtynyň keşbinde has-da aýdyň görünýär. Kimde-kime bu şähere gelmek bagty miýesswer etse, onda Aşgabadyň gözelligine haýran galar. Ýurduň beýleki ähli şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýokary durmuş derejeli üpjün edilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem giň geosyýasy we geoykdysady giňişlikde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, döwrebap demokratik, ykdysady we ýokary ösüşli döwlet derejesine eýe bolýar.

Munuň özi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär diýip bellemek bilen, W.Şewalýow ýakynda Bütindünýä bankynyň Türkmenistana ortadan ýokary derejeli girdejisi bolan ýurt derejesini berendigini mysal hökmünde getirdi.

Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň kanunalaýyklygy barada aýtmak bilen, diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy ekri we oňyn ýörelgeleri “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy diýip belledi. Bu iri möçberli resminamalara laýyklykda, halk hojalyk toplumlarynyň ähli pudaklarynyň diwersifikasyiýa edilmegine, sebitleriň häzirki zaman düzümleriň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdiriler.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň mukdaryny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Onuň çäklerinde ýurdwuň ähli sebitlerinde senagat we durmuş düzümleriniň desgalarynyň gurluşygy dowam etdiriler.

Ýokarda görkezilen maksatnamalaryň we başga-da birnäçe resminamalaryň hemmesi anyk çägi hem-de aýdyň maksady bolan hereketleriň düýpli kesgitlenilmegidir. Bu babatda men we meniň hormatly kärdeşlerim birnäçe gezek täze desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guralýan çärelere yzygiderli gatnaşanymyzda göz ýetirdik diýip, Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi belledi.

Ukrainada Siziň ýurduňyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere uly üns bilen syn edýärler we doganlyk Türkmenistanyň üstünliklerine guwanýarlar diýip W.Şewalýow sözüni dowam etdi. Iki ýurtlaryň arasynda 20 ýyldan gowrak gatnaşyklaryň taryhy birek-birege düşünişmek we netijeli hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir diýip, myhman belledi. Işjeň syýasy gatnaşyklar, öňi bilen bolsa ýokary derejedäki duşuşyklar oňyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Ukrainanyň we Türkmenistanyň milli Liderleriniň arasyndaky däp bolan ynanyşmak gatnaşyklary, şeýle hem dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça yzygiderli pikir alyşmalar garaýyşlaryň birek-birege gabat gelýändiginiň ýa-da örän ýakyndygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi oňyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygynyň we gatnaşmagynyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär diýip diplomat belledi hem-de iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda W.Şewalýow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa jogapkärli we derwaýys işinde uly üstünlikler, türkmen halkyna bolsa, parahatçylyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň goşun düzümleriniň biriniň harby gullukçysy-“Edermen” raketa gämisiniň matrosy Taňryberdi Gurbanow çykyş edip, Ýaşulular maslahatynyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyna aýdyň sahypa bolup girjekdigini aýtdy.

T.Gurbanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan öz çykyşynda döwlet Baştutanyna Milli Goşunyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselesine yzygiderli üns berýändigi, üstünlikli gulluk etmek üçin harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin ajaýyp iş we durmuş şertlerini döredýändigi, Watan goragçylary we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen häzirki zaman harby şäherjikleri we ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurduryp berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Aýratyn bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hakyky watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk we sagdyn durmuşa ygrarlylyk babatdaky göreldesi türkmen esgerleri üçin hakyky mekdep bolup durýar.

Ýurdumyzyň ähli harby gullukçylarynyň milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatyny, şeýle hem şu günki Halk maslahatynda aýdylan teklipleriň ählisini biragyzdan goldaýandygyny nygtap, T.Gurbanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy Watan goragçylarynyň öz esgerlik borçlaryny parahatçylygy we ene topragy ygtybarly goramak bilen wepaly ýerine ýetirjekdiklerini ynandyrdy.

Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň artisti Enejan Akmyradowa öz çykyşyny Garaşsyz Türkmenistana we milli Liderimize bagyşlanan goşgy setirlerinden başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly işi ata Watanamyz üçin ykbal çözüji ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman Arkadagymyzyň parasatly we oýlanyşykly içeri hem-de daşary syýasatynyň netijsinde Türkmenistan ähli ugurlar boýunça sazlaşykly pajarlap ösýän, jenneti mekana öwrülýär diýip, E.Akmyradowa aýtdy.

Ýurdumyzyň her bir welaýatynda, şol sanda Mary welaýatynda taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kaşaň mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sungat hem-de sport mekdepleriniň gurulmagy halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen medeniýetiniň ösüşine hem kuwwatly itergi berildi. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň müňýyllyklara barabapr taryhyny, täsin däp-dessurlaryny, türkmen sungatynyň we halk döredijiliginiň özboluşlylygyny aýawly saklamakda ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän hlakara festiwallaryna, sergilere we beýleki döredijilik forumlaryna möhüm orun degilidir. Mysal üçin, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde Mary şäherinde hem ynsanperwer häsiýetli çäreleriň ençemesi guraldy. Mary şäheri GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Öz nobatynda, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary öz döredijiliginde milli Liderimiziň düýpli özgertmeleri netijesinde gazanylan üstünlikleri hemmetaraplaýyn şöhlelendirmäge çalyşýarlar. E.Akmyradowanyň belleýşi ýaly, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry hormatly Prezidentimiziň teatra sowgat beren “Görogly” şadessanynyň “Öwez öýlenen” şahasyny täzeden işläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk toýuna we Ýaşulularyň maslahatyna sowgat etdi.

E.Akmyradowa öz çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň türkmen medeniýetini täze derejelere çykaryp, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne kybapdaş eserleri döretmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren maslahatlaryny we tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde öz bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna türkmen Liderini ynandyrdy.

Soňra biziň ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurtly raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Sylaglary milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gowşurdy.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okaýar.

Döwlet Baştutanymyz öz ak ýürekli zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine goşan goşantlary üçin sylaglara mynasyp bolan türkmenistanlylara, şeýle hem “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolan Maslahata gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda döwlet sylaglaryny gowşurýar.

Türkmenistanyň Prezidentinden döwlet sylaglaryny alan biziň ildeşlerimiz milletiň Liderine öz zähmetlerine beren ýokary bahasy, Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy we bagty, şeýle hem türkmen döwletiniň öňdebaryjy daşary syýasat ugry üçin özleriniň çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hassan Abdulla Al Adaba “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly gowşurdy. Ilçi bu sylaga iki ýurduň we iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşandygy üçin mynasyp boldy.

Diplomat Türkmenistanyň ýokary sylagyny gowşurandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagy öz ýurduna we onuň ýolbaşçylaryna çuňňur hormatyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýar, türkmen halky bilen BAE-niň halkyny umumy taryhy-medeni we ruhy kökler baglanyşdyrýar diýip, jenap Hassan Abdulla Al Adab aýtdy. Diplomat türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz dabaranyň ahyrynda şu günki mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylaryň türkmen halkyna Ýüzlenmesiniň taslamasynyň hödürlenýändigini habar berdi.

Bu resminamalar biragyzdan kabul edildi.

Ýaşulular maslahatynyň mejlisi tamamlanyp barýar. Milletiň Lideriniň habar berşi ýaly, Ýaşulular maslahatynyň indiki mejlisi Daşoguz welaýatynda geçiriler. Bu guramanyň Düzgünnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny saýlamaly. Bu wezipä Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň Galaly obasynyň ýaşaýjysy, kärendeçi Hally Nazarow teklip edilýär. Ol welaýatyň ýaşaýjylarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar.

Maslahata gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň ýaşulularynyň bu teklibini açyk ses bermek arkaly tassyklaýarlar.

Türkmen döwletiniň Baştutany “Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakyndaky” Permana gol çekip, onuň geçiriljek anyk senesiniň gijiräk belleniljekdigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň tamamlanandygyny yglan edip, oňa gatnaşyjylara mejlisiň işine işjeň gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ruhuýet Köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýene-de belentden ýaňlanýar.

Ýaşulular maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi maslahatyň üstünlikli tamamlanmagy we ýetip gelýän baýramçylyklar-mukaddes Garaşsyzlygyň 21 ýyllygy hem-de Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, milletiň Liderine ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Şu günüň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gaýdyp geldi.