Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen kitaplaryny ýapon diline terjime edýän awtor we halkara gatnaşyklarynyň Tokio gaznasynyň professory Ýoşiaki Sasakini kabul etdi. Myhman düýn Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky XV maslahatyna gatnaşdy.
Professor Ýoşiaki Sasaki wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyza “Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk” atly kitabyň ýapon diline geçirilen we Ýaponiýada neşir edilen kitabyň bir nusgasyny sowgat berdi. Mälim bolşy ýaly, anyk çeşmelere daýanýan we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşy hem-de işi hakynda gürrüň berýän bu kitabyň ozal birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilendigi, daşary ýurtlarda Türkmenistana we onuň oňyn özgertmeleri, täze jemgyýetçilik ugruny öňe sürýän milli Liderine uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Myhman pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Gurban baýramy hem-de türkmen döwletiniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bilen gutlady we türkmen Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan köp taraply işinde bolsa ägirt uly üstünlikler arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny kämilleşdirmek, ony köptaraplaýyn ösdürmek oňyn özgertmeler ýoluna gadam goýan ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy hakynda aýtmak bilen, milli Liderimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirýän türkmen döwleti Ýaponiýa bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, ähli ugurlar, şol sanda gumanitar ulgam boýunça özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär diýip belledi.
Myhmanyň belleýşi ýaly, Ýaponiýada oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan we durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini görkezýän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine üns bilen syn edilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy, onuň gadymy özboluşly däp-dessurlary aýratyn gyzyklanma eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli we umumadamzat medeni mirasyny goramakda alyp barýan işleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar we türkmen döwletiniň halkara giňişliginde ýokary abraýa eýe bolmagyny şertlendirýär diýip, ol belledi.
Duşuşygyň ahyrynda professor Ýoşiaki Sasaki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny aýtdy.