(Türkmenbaşy şäheri, 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabry)
Hormatly ýaşulular!
Mähriban adamlar!
Eziz watandaşlar!
Şu gün biz ozaldan gelýän däplerimize laýyklykda ýurdumyzyň Ýaşulularynyň maslahatynda alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandyk. Şeýle hem, mundan beýläk durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýan maksatnamalarymyzy şu Maslahatda makullamak üçin siziň garamagyňyza hödürleýäris.
Şu günki Maslahatymyz däp bolşy ýaly, tutuş ýurdumyzyň, bütin halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen dabaraly garşylamaga taýýarlyk görýän şanly wakasynyň—Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçýär.
Sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy bu beýik baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatly adamlar!
Bilşiňiz ýaly, türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär. Şu ýyl ýurdumyzda beýik Garaşsyzlyk baýramynyň bellenýän günlerine mukaddes Gurban baýramy hem gabat gelýär. Nesip bolsa, biz berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramy bilen birlikde eziz Diýarymyzda mukaddes Gurban baýramyny hem milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda, giňden belläp geçeris.
Gurban baýramy adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy we päkligi ündeýän gadymy baýramdyr.
Häzirki döwürde Gurban baýramy halkymyzyň jebisligini we rowaçlygyny, milli-ruhy gymmatlygymyza yzygiderli eýerýändigimizi alamatlandyrýar.
Men sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy musulman dünýäsinde gadymdan bäri bellenýän, ruhy tämizligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen hem tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, dünýäde abraýy barha belende galýan ata Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Hormatly ýaşulular!
Eziz adamlar!
Döwletimiziň hakyky Garaşsyzlyk ýoluna düşmegi örän uly wakadyr. Bu wakanyň ähmiýeti ýyllaryň geçmegi bilen birjik-de peselmän, eýsem, barha artýar. Sebäbi döwletimiziň Garaşsyzlygyny almagy biziň ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden iň uly arzuwlarynyň we iň arzyly umytlarynyň amala aşmagynyň nyşanydyr. Geçilen ýola baha bermek bilen, biz eziz Watanymyzda giň gerimli we tutumly işleriň amala aşyrylandygyny, örän uly üstünlikleriň gazanylandygyny buýsanç bilen belläp bileris. Sebäbi taryhy taýdan örän gysga döwrüň içinde biz Garaşsyz döwletimizi döretmegi başardyk we onuň ösüşleriň ak ýoly bilen öňe gitmegini gazandyk.
Biziň döreden Garaşsyz döwletimiz berk hukuk binýadyna esaslanýar, onuň kuwwatly ykdysady we ruhy-medeni mümkinçilikleri bar. Bu bolsa, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyz ösüşiniň üçünji onýyllygyna gadam basmagy bilen, biz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başlanandygyny uly buýsanç bilen yglan etdik. Bu bolsa, sözüň doly manysynda kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi, ykdysady we durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzda örän gysga, ýöne giň manyly «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge hakyky many-mazmuna eýe bolup, öz anyk beýanyny tapýar.
Häzirki döwürde biz ykdysadyýetimiziň durmuş maksatlaryna niýetlenen, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini we durmuşynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen nusgasyny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin ähli tagallalary edýäris!
Hormatly Ýaşulularyň maslahatynyň agzalary!
Mähriban watandaşlar!
Men şu Maslahatda alyp barýan içeri syýasatymyzyň käbir meseleleri barada durup geçmek isleýärin, şeýle hem geljekde durmuşa geçirmegi maksat edinýän taslamalarymyzy we amala aşyrmaly işlerimizi siziň bilen ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýaryn. Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde biz Prezident maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda tutumly işleri durmuşa geçirýäris. Bu maksatnamanyň esaslary şu ýylyň fewral aýynda makullandy.
Prezident maksatnamasy ýurdumyzy ösdürmegiň ýakyn bäş ýyl üçin kabul edilen esasy maksatnamalaryny özünde birleşdirdi.
Maksatnamanyň esasy maksady Türkmenistany, esasan, agrar ýurt bolanlygyndan senagat taýdan ösen döwlete, häzirki zamanyň ähli eşretleri halkymyz üçin elýeterli bolan döwlete öwürmekden ybaratdyr.
Men şu ýylyň dowamynda durmuşa geçiren işlerimizi seljerip, häzir olaryň üstünde jikme-jik durup geçmekçi däl. Sebäbi biz ýaňy-ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerini jemledik.
Siz şu döwürde gazanan üstünliklerimizi bilýänsiňiz. Döwletimiziň ýeten belent sepgitleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem giňden beýan edildi. Men häzir edilen işleriň möçberlerini has doly açyp görkezýän käbir sanlary getireýin.
Biz jemi içerki önümiň ösüşini ýeterlik derejede ýokary depginde saklaýarys. Geçen döwürde jemi içerki önümiň ösüşi 11,1 göterime barabar boldy. Oýlanyşykly alnyp barylýan syýasatyň netijesinde, ýurdumyzda maýa goýumlarynyň möçberiniň ýylsaýyn artýandygyny bellemek isleýärin. 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 2,9 esse artyp, ol häzirki döwürde jemi içerki önümiň 48,8 göterimine barabar boldy.
Şu ýyl ýurdumyzda dürli desgalaryň onlarçasy gurlup, ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Aşgabatda gurlan süýji-köke önümlerini öndürýän «Hasar» hojalyk jemgyýetini, Abadan şäherindäki nah-egirme fabriginiň ikinji nobatdakysyny, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan balyk ösdürip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän önümçilik toplumy ýaly iri desgalary, şeýle hem Serdar şäherinde gurlan demir ýol menzilini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan myhmanhanalary, institutlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň täze binalaryny we köp sanly ýaşaýyş jaýlaryny görkezmek bolar.
Häzirki döwürde Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynda elewatorly un öndürýän 3 sany kärhananyň gurluşygy, şeýle hem iri senagat desgalarynyň birnäçesiniň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynda gurulýan kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny we sement zawodyny, şeýle hem beýleki desgalary görkezmek bolar.
Ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň nebitgaz ýataklarynda täze desgalaryň birnäçesi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde polipropilen örtüklerini öndürýän zawod, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda dokma we boýag fabrikler toplumy gurlup, ulanmaga berler. Şeýle hem, Lebap welaýatyndaky Ýylgynagyz maşyn kanalynyň durkuny täzelemek işleri, «Gazagystan—Türkmenistan—Eýran» halkara demir ýolunyň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän «Bereket—Gyzylgaýa—Serhetýaka» böleginiň we köp sanly beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlanar.
Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çäreler öz oňyn netijelerini berýär. Bu çärelere laýyklykda, ýurdumyzda umumy meýdany 2 million 900 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, 114 sany umumybilim berýän mekdep, 82 sany çagalar bagy, 125 sany durmuş maksatly desga we 11 müň 300 kilometrden gowrak inženerçilik desgalary gurlup, ulanmaga berildi!
Berkarar Watanymyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýy hem durnukly gowulanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärleriň zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberi 10 göterim, pensiýalaryň möçberleri bolsa, 15 göterim artar. Diýmek, baş maksadymyza ýetmek—halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň ölçeglerine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ýene-de bir möhüm ädim ädiler!
Döwletimiz ilatymyzyň durmuş taýdan kepillendirilen goragyny üpjün etmek syýasatyny dowam edýär. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, hususan-da, ilatymyzyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy, nahar duzy bilen mugt üpjün edilmegi, ýaşaýyş jaýlaryndan, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak üçin tölegleriň ujypsyz bolmagy we köp sanly beýleki ýeňillikler aýdyň şaýatlyk edýär!
Alnyp barylýan oýlanyşykly syýasatyň netijesinde, ilatymyzyň adam başyna düşýän girdejileri her ýyl durnukly artýar. Soňky döwürde bir hojalygyň umumy girdejileri we pul görnüşindäki girdejileri 1,5 esse artdy, hakyky girdejileri bolsa, 1,4 esse köpeldi.
Eýýäm häzirki döwürde Bütindünýä banky ýurdumyzy ilatynyň jan başyna düşýän girdejileriniň derejesi boýunça ortadan ýokary girdejili ýurtlaryň toparyna goşdy. Bu toparda biziň ýurdumyzdan başga-da, Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Eýran we birnäçe beýleki ýurtlar bar.
Biz arkaýyn bolmaly däldiris, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça geljekde hem yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris!

Gadyrly adamlar!
Prezident maksatnamasynda ykdysadyýetimiziň önüm öndürýän pudagyny ösdürmäge niýetlenen maýa goýumlary esasy maksada—ykdysadyýetimiziň ýangyç-çig mal serişdelerine garaşly bolmagyny aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa, Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde esasy ýörelgedir. Bu ýörelge ykdysadyýetimizi ýylsaýyn düzüm taýdan döwrebap ýagdaýa getirmek ýoly bilen ynamly öňe gitmäge uly mümkinçilik berýär.
2012-2016-njy ýyllarda biz ykdysadyýetiň döwlete degişli we döwlete dahylly däl pudaklarynda 200 milliard manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini özleşdirmegi maksat edinýäris, önümçilik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň 450-den gowragyny gurmagy we durkuny täzelemegi göz öňünde tutýarys.
Maýa goýum maksatnamalarynyň ýakyn bäş ýylda önümçilik pudaklaryny giň gerimli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösüşini gazanmaga gönükdirilmegi bu maksatnamalaryň möhüm aýratynlygy bolup durýar. Ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmak bilen bagly uly möçberli taslamalar bilen bir hatarda, häzirki döwürde maýa goýum taslamalary himiýa, gurluşyk materiallary, derman senagaty we ýeňil senagat ýaly pudaklarda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda senagat pudagynda önümleriň täze görnüşlerini öndürýän önümçilik kuwwatlyklary döredilmelidir.
Şol kärhanalarda öndüriljek kaustik soda, hlor we hlor önümleri, kaliý dökünleri, polipropilen örtükleri, poliuretandan gurluşyk önümleri, keramiki daşky örtük daşlary, ýokary tehnologiýaly gurluşyk aýnasy, gurluşyk pudagynda ulanylýan örän inçe bazalt süýüminden gyzgyn geçirmeýän, kompozision serişdeler we beýleki serişdeler önümleriň täze görnüşleridir.
Ýurdumyzda maýa goýumlarynyň uly möçberi azyk senagatyny ösdürmäge, azyk önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmaga niýetlenýär.
Öň önümçiligi ýola goýlan we täze senagat önümlerini öndürmäge niýetlenen kiçi, orta we iri senagat kärhanalarynyň 200-e golaýynyň gurlup, ulanmaga berilmegi we tehniki taýdan döwrebap ýagdaýa getirilmegi bize goşmaça iş orunlarynyň onlarça müňüsini döretmäge, eksporta iberilýän harytlaryň düzümini giňeltmäge, esasy gurluşyk materiallarynyň, iri möçberli himiýa önümleriniň käbir görnüşleriniň we derman serişdeleriniň önümçiligini gurap, olaryň daşary ýurtlardan getirilmegini düýpli azaltmaga mümkinçilik berer.
Mallary bakmagy senagat esasynda ýola goýmagyň, oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, suwarymly ýerleriň durkuny täzelemegiň taslamalary ileri tutulýan ugurlar hökmünde oba hojalyk önümçiliginiň maýa goýum maksatnamasyna goşuldy.
Ýurdumyzyň derýalarynyň akymlaryny has doly sazlamak, döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän ekinlerden öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, iri desga bolan Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanynyň göwrümi giňeldilýär we onuň nobatdaky tapgyrlarynyň gurluşygy amala aşyrylýar.
Şeýle hem, Hanhowuz we Saryýazy suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, Garagum derýasynyň suw geçiriş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmak işleri dowam eder.
Geçirilen işleriň netijesinde, eýýäm şu güne çenli ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlary Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrdylar.
Iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şertleri hökmünde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň düýpli ýokarlanmagyna, mallardan alynýan önümleriň möçberleriniň has-da artmagyna garaşylýar!
Ulag ulgamynda maýa goýum maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sebitlerini bitewi ykdysady ulgama birleşdirmäge mümkinçilik berer, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmäge ýardam eder.
Bu maýa goýum taslamalary ulag ulgamynyň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini artdyrmaga we pudagyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Bu taslamalaryň hatarynda «Gazagystan—Türkmenistan—Eýran» halkara demir ýoly ýaly möhüm desganyň, «Gazojak—Şasenem—Daşoguz» we «Atamyrat—Ymamnazar» demir ýollarynyň gurluşygyny, «Türkmenbaşy—Bekdaş—Gazagystanyň serhedi», «Türkmenabat—Gazojak—Daşoguz», şeýle hem «Mary—Serhetabat» awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemegi görkezmek bolar.
Suw ulaglary pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalar hem işjeň durmuşa geçirilýär.
Bu taslamalar nebit guýujy tankerleriň ençemesini gurmaga, balyk tutujy, söwda, ýük flotuny ulanmagyň mümkinçiliklerini gowulandyrmaga niýetlenen gämi abatlaýyş zawodynyň gurluşygyny amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle hem, bu taslamalaryň çäklerinde Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda ulag-logistika (harytlaryň we hyzmatlaryň öndürijilerden sarp edijilere ýetirilmegini netijeli ýola goýmak) merkezini gurmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň paýtagtynda täze, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, uçuşlaryň howpsuzlygyny kepillendirýän we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän howa menziliniň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň howa ulaglarynyň bäsleşige ukyply bolmagyna şert döreder. Uly ykdysady ösüş mümkinçilikleri bolan Aşgabat, Türkmenabat, Daşoguz we Atamyrat şäherlerinde howa menzillerini gurmak we bar bolan howa menzilleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, howa gämilerini täzelemek boýunça amala aşyrylýan işler geljekde üstünlikli alnyp barlar.
Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynda möhüm taslamany amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde gürrüň milli emeli hemra ulgamynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak we älem giňişligine çykarmak barada barýar.
Öz emeli hemramyzyň bolmagy ýurdumyzda aragatnaşyk we Internet ulgamlarynyň, telewideniýäniň ösüşini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem köp sanly beýleki maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan amatly şertleri döreder!
Biz gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, minerallaryň täjirçilik taýdan ähmiýetli ýataklaryny özleşdirmegiň hasabyna senagat pudagynyň gerimini giňeltmegi maksat edinýäris.Garabogaz aýlagyndaky bejeriş maksatlary üçin ulanylýan duzly suwlaryň gidromineral serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly taýýar önümleri öndürýän zawodlar toplumyny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýarys.
Şeýle hem oba hojalyk çig malyny gaýtadan işlemek arkaly azyk we azyk däl harytlary öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrarys.
Milli senagatyň gerimini düýpli giňeltmek, onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek üçin ýokary tehnologiýalara esaslanýan himiki serişdeleri öndürmegiň, şol sanda uglewodorod çig malyny ulanmagyň zerurdygyny dünýä tejribesi görkezýär.
Ýurdumyzda ýokary düzümli etany özünde jemleýän gaz ýataklary bar. Bu bolsa, gazhimiýa pudagyny giň gerim bilen ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Mysal üçin, gazhimiýa toplumynyň örän gysga döwrüň içinde—4-5 ýylyň dowamynda gurulmagy bize polietileniň we polipropileniň giň möçberli önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Bu önümçilikleriň utgaşdyrylmagy bolsa, senagat önümleriniň ýüzlerçe görnüşlerini öndürmekde möhüm serişdeler hökmünde ulanylýan polimerleriň dürli görnüşlerini, şeýle hem rezintehnika we kauçuk önümçiliginiň çig mal binýady bolup durýan önümleri öndürmäge şert döreder.
Şonuň bilen birlikde, ösen gazhimiýa önümçiliginiň ýola goýulmagy tebigy gazyň turbageçirijiler arkaly eksport edilmeginiň ýerini tutup biljek beýleki bir möhüm ugurdyr.
Siziň bilşiňiz ýaly, tebigy gazyň turbageçirijiler boýunça eksport edilmegine bolsa, geosyýasy ýagdaýlar, nebitiň nyrhlarynyň pese düşmegi öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Nebitiň nyrhlary bilen bolsa, belli bir derejede tebigy gazyň nyrhlary hem, dünýädäki maliýe çökgünligi hem baglydyr.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ýakyn on ýylyň dowamynda iri gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny, şeýle hem şol pudaklar bilen bagly senagat we hyzmat edýän önümçilikleri döretmegiň iri we bitewi taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny öwrenmelidirler hem-de anyk kesgitlemelidirler.
Şeýle hem, biz mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek boýunça alyp barýan işlerimizi has-da güýçlendirmelidiris.
Biziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatymyz, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny goramagyň we köpeltmegiň kanunçylyk taýdan kepillendirilmegi, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda döredilen kanunçylyk binýady şu maksatlara niýetlenendir.

Prezident maksatnamasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion ösüş ýoluna geçirmek boýunça öňde goýlan örän uly wezipeler bizden bazar usullaryny işjeň ornaşdyrmagy, ýerli şertlerde synagdan geçen netijeli daşary ýurt tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagy, çeýe karz-salgyt we gümrük syýasatyny ulanmagy talap edýär.
Şeýle hem, bu wezipeler ýurdumyzyň ähli ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ýokary derejede we netijeli peýdalanmagy, akademiki we ýokary mekdep ylym ulgamyny ösdürmegi, ileri tutulýan ylmy-barlag, tejribe-synag işlerini maliýeleşdirmegi, şol sanda ýörite ýardam serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Biz ylmyň, bilimiň we telekeçiligiň örän ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi üçin amatly şertleri döretmelidiris. Bu bolsa, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri guramagyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň şerti hökmünde aň-bilim, ylmy-tehniki mümkinçilikleri ösdürmegiň we netijeli ulanmagyň girewidir. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimizi ýokary taýýarlykly, ökde hünärmenler bilen üpjün etmek biziň esasy we ýakyn döwür üçin möhüm wezipelerimiziň biri bolup durýar.
Şonuň üçin hem, 2013-nji ýylda biz bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usuly binýadyny pugtalandyrmagy hem-de kämilleşdirmegi dowam etmelidiris.
Bilim ulgamyny düzümi boýunça hem, mazmuny boýunça hem öz durmuş-ykdysady ösüşinde ylmy-tehnologiýa babatda ýokary sepgitlere ýeten döwletleriň derejesine ýetirmek zerurdyr. Munuň özi bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryna: çagalara umumybilim bermäge hem, ýaşlaryň hünär taýýarlygyna hem degişlidir.
Bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak işi bilim babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary ýuwaş-ýuwaşdan ornaşdyrmak, şol sanda daşary ýurt bilim edaralary bilen hyzmatdaşlykda ornaşdyrmak arkaly, ähli bilim edaralary üçin Internet ulgamynyň doly elýeterli bolmagyny gazanmak arkaly amala aşyrylmalydyr.
Biz eýýäm şu ýyl iki sany täze ýokary okuw mekdebini—ökde inžener-gurluşykçylary, binagärleri we dizaýnerleri hem-de şähergurluşygynda işlejek beýleki ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň güýçli depginler bilen ösýän nebitgaz pudagyny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek üçin, Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny açmak arkaly bu ugurda möhüm ädim ätdik.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýyl 20 sany täze hünär ugry girizildi, 5700-den gowrak talyp okuwa kabul edildi.
Bu bolsa 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 700 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine hem 5700-den gowrak okuwçy kabul edildi.
Orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň ýurdumyzyň çäklerinde we sebitlerinde amatly ýerleşdirilmegi olaryň ilatymyz üçin elýeterli bolmagyny has ýokarlandyrdy.
Şonuň bilen birlikde, biz bilimleriň möçberiniň hemişe artýandygyna, geriminiň giňelýändigine şaýatlyk edýän halkara tejribesini hem nazara almalydyrys. Bu bolsa, öz nobatynda, bilimleri özleşdirmek üçin göz öňünde tutulan wagtyň artdyrylmagyny talap edýär. Umumybilim berýän mekdepde bilimleri özleşdirmek üçin azyndan 11-12 ýylyň gerekdigini dünýä tejribesi görkezýär. Bilimiň bu basgançagy tebigy-gumanitar ylymlaryň esaslaryny düýpli öwrenmegi hem, okuwyň tamamlaýjy tapgyrynda ugurlar boýunça ýöriteleşdirip okatmagy hem öz içine alýar.
Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetine bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri nazara alyp, umumybilim berýän mekdeplerde okuwyň mazmunyny baýlaşdyrmak we möhletini 12 ýyla çenli uzaltmak meselesine seretmegi teklip edýärin.
Biz häzirki döwürde daşary ýurt dilinde okadylýan ýokary okuw mekdeplerini döretmek, şeýle hem kanunçylyga laýyklykda tölegli bilim edaralaryny döretmek boýunça bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmek bilen bagly meseleleri çalt we netijeli çözmelidiris. Emma muňa garamazdan, ýakyn geljekde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň esasyny, umuman, tölegsiz döwlet bilim edaralary düzer.
Häzirki döwürde tölegli bilim edaralarynyň işini düzgünleşdirýän we döwlet bilim edaralaryna býujetden daşary serişdeleri giňden çekmäge mümkinçilik berýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek zerurdyr.
Şonuň bilen birlikde, bilimiň hilini döwlet ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen, Bilim ministrligi tarapyndan eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli bilim edaralarynda okuwyň hiline berk gözegçilik edilmelidir. Tölegli okuwlaryň girizilmegi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän uly ýaşly adamlara hem bilim almak, hünär taýdan kämilleşmek we ösmek üçin giň mümkinçilikleri döreder.
Biziň pikirimizçe, bu okuwlar gyzyklanma bildirýän iş berijileriň, şeýle hem telekeçilik pudagynyň hasabyna, şol sanda işgärleriň öz serişdeleriniň ýa-da bank edaralaryndan bilim üçin alynýan karz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylyp bilner. Şoňa görä-de, şu maksatlar üçin bank edaralaryndan alynýan karz serişdeleri elýeterli bolmalydyr.
Bilim ministrligi, Maliýe ministrligi, Merkezi bank bu meseleleri düýpli öwrenmeli we tölegli okuwlary girizmegi 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlamagy göz öňünde tutup, degişli resminamalary taýýarlamaly.

Biziň ykdysadyýetde we beýleki ugurlarda amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň esasy maksady, ilkinji nobatda, adamyň abadançylygydyr, bu özgertmeler her bir adamyň bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna hem-de ruhy taýdan ösmegine gönükdirilendir.
Prezident maksatnamasynyň esasy wezipeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň talaplaryndan gelip çykýar we raýatlarymyz üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş derejesini, adamyň ösüşiniň ýokary görkezijilerini üpjün etmekden ybaratdyr.
Häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan syýasatyň esasyny hem şu ýörelgeler düzýär. Bu syýasat raýatlarymyzyň ruhy-medeni we ahlak taýdan hemmetaraplaýyn ösmegine, ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garamaga, däp-dessurlarymyzy nesilden-nesle geçirmäge, milli hem-de taryhy däplerimiziň, ene dilimiziň özboluşlylygyny gorap saklamaga gönükdirilendir.
Türkmen halky öz uzak taryhynyň dowamynda özboluşly we baý medeniýeti döretdi. Bu medeniýet mähriban halkymyzyň durmuş ýörelgesinde, häsiýetinde, däp-dessurlarynda we adatlarynda, alyp barýan işlerinde, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda, milli garaýyşlarda we duýgularda, halkymyzyň beýleki halklara, başdan geçirýän wakalaryna, daşky gurşawa bolan garaýşynda aýdyň ýüze çykýar. Sebäbi akyldarlarymyz: «Medeniýet halkyň kalbydyr»—diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar.
Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerde saklanyp galan köpdürli medeni mirasy örän baýdyr, ajaýypdyr we beýikdir. 1999-njy, 2005-nji we 2007-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) ýörite komiteti tarapyndan Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak baradaky kararyň kabul edilmegi hem, biziň döwletimiziň çäklerinde ýerleşýän medeni mirasyň desgalarynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyna we olaryň halkara derejesinde ykrar edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Indi, bu taryhy şäherler öz çäklerinde ýerleşýän ähli ýadygärlikler bilen bilelikde, umumadamzat medeniýetiniň gymmatly baýlygy hökmünde ykrar edildi.
Prezident maksatnamasynda köp asyrlyk taryhy bolan milli medeniýetimizi goldamak, şol sanda medeni maksatly desgalary gurmak üçin goýberilýän maliýe serişdeleriniň möçberlerini ep-esli artdyrmak göz öňünde tutuldy.
Bilşiňiz ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde, aýratyn hem, oba ýerlerinde täze muzeýler, medeniýet öýleri, klublar, kitaphanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Häzirki döwürde welaýat merkezleriniň her birinde döwrebap Ruhyýet köşgi, teatrlar, kitaphanalar we medeni maksatly beýleki desgalar bar. Örän gysga döwrüň içinde gurlan bu medeni edaralar özüniň binagärligi we daşky bezegi boýunça dünýäniň medeniýet ojaklaryndan birjik-de pesde durmaýar.
Milli medeniýetimiziň ösmeginde döredijilik işgärleriniň uly goşandy bar. Biz geçmişde ajaýyp eserleri döreden beýik akyldarlarymyza, häzirki döwürde döredijilik işi bilen meşgullanyp gelýän, ilhalar we kämil eserleri döredýän, halkymyzyň dünýägaraýşynyň ösmegine öz täsirini ýetirýän we uly goşant goşýan, kabul edilen iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge galkyndyrýan zehinli edebiýatçylaryň, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris we olara örän uly hormat goýýarys!
Häzirki döwürde biz milletimiziň örän baý medeni mirasyny aýawly gorap saklamak, dikeltmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähli zerur işleri amala aşyrýarys. Halkymyzyň baý medeni mirasy diňe bir biziň milli baýlygymyz bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bütin adamzat üçin hem uly gymmatlyga eýedir!
Jemgyýetçilik ösüşiniň umumy häsiýete eýe bolmagy dünýä medeniýetleriniň özara hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirýär. Biz milli medeniýetimiziň dünýäniň ruhy gymmatlyklaryna has-da ýakynlaşmagyna, olaryň özara baýlaşmagyna, halkara medeni-bilim gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen netijeli işlerimizi dowam ederis. Munuň üçin halkara festiwallaryny, forumlary we ylmy maslahatlary yzygiderli geçireris we hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşlerini giňden ulanarys. Bu çäreleriň geçirilmegi dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan ata Watanymyz Türkmenistany özleri üçin açmaga beýleki ýurtlara mümkinçilik berýär.
Medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň kinematografiýa ulgamyna, arhiw we neşirýat işiniň ösmegine ýardam bermek, kitaphanalary kompýuterleşdirmek we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerine elektron we neşir ediş serişdeleriniň maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak — biziň ýakyn döwürde öňümizde duran esasy wezipelerdir.

Halkymyzyň saglygy baradaky alada Prezident maksatnamasynyň örän möhüm ugurlarynyň biridir.
Bu Maksatnamanyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň hatarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini has giňden, yzygiderli ornaşdyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmanlary we maşgalanyň saglygyny goramak ulgamyny ösdürmek, ilata tölegsiz lukmançylyk hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilen görnüşlerini üpjün etmek meseleleri bar.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, adamyň ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn bolmagyny sazlaşykly utgaşdyrmak halkymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýän möhüm şertlerdir. Prezident maksatnamasynda bu sagdyn durmuş ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürüldi.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenýän Bütindünýä saglyk gününiň baýramlaryň sanawyna girizilmegi, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysallarydyr. «Saglyk» döwlet maksatnamasynda keselleriň öňüni almakda möhüm çäreleriň biri hökmünde ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek göz öňünde tutulýar.
Biz sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli iş alyp barýarys. Ähli welaýatlarda 10 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadionlar, şeýle hem awtodromlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýaly iri sport desgalary guruldy.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurulýan täze mekdeplerde we çagalar baglarynda sport zallary, basketbol, woleýbol, tennis oýnalýan meýdançalar, suwda ýüzmek üçin howuzlar göz öňünde tutulandyr.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berlen gämi gatnawly emeli derýa sport gaýyklarynda küreklemek, şeýle hem ýelkenli gämilerde ýaryşlary geçirmek üçin ajaýyp ýere öwrüldi.
Biziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatymyz, bedenterbiýe we sport boýunça amala aşyrýan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygymyz, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi we türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine gatnaşmagy ýurdumyzyň sport ulgamynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi.
Siziň bilşiňiz ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenen ýylynyň — 2011-nji ýylyň öňüsyrasynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Watanymyzyň paýtagtynda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada ikitaraplaýyn resminama gol çekmegine ýardam etdi.
Öz hataryna 45 döwleti birleşdirýän Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň kabul eden çözgüdi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýäni giň gerim bilen ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan halkara derejesindäki işlere gatnaşmak bilen bagly tagallalarynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde sportuň ýeňil we agyr atletika, basketbol, woleýbol, gandbol, kiçi futbol, erkin we nusgawy göreş, dzýudo, tekwando, milli göreş, tennis we stoluň üstünde oýnalýan tennis, gimnastika, welosiped sporty ýaly görnüşleri, şeýle hem sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.
Biz şol ýaryşlarda ussat türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etjekdigine örän uly umyt bildirýäris we bil baglaýarys. Olar öz tälimçileri hem-de ýurdumyzyň sport pudagynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde bu ýaryşlara çenli galan wagtyň dowamynda Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga tutanýerli we jogapkärçiligi doly duýup, taýýarlyk görmelidirler.
Şeýle iri sport çäresinde türgenleri kabul etmek we bu çäräni guramaçylykly geçirmek üçin biz Merkezi Aziýada örän iri sport desgalarynyň toplumyny—Olimpiýa şäherjigini gurýarys. Bu toplumyň diňe birinji tapgyry sport desgalarynyň we durmuş maksatly ulgamlaryň 30-a golaýyny öz içine alýar. Biziň Olimpiýa şäherjigini gurmak üçin goýberýän serişdelerimiz ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmäge, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, iri halkara ýaryşlaryny geçirmäge gönükdirilendir.
Elbetde, bu halkara ähmiýetli waka ýakyn ýyllarda aýratyn üns bereris. Ýöne, biz çagalar-ýetginjekler sport mekdepleriniň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň gerimini giňeltmek, halkara ölçeglerine laýyklykda ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi hem dowam ederis.
Bu bolsa, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini has-da ösdürmäge täze itergi berer. Ýurdumyzda sporty ýokary derejä götermek üçin ygtybarly binýady döreder.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýerli häkimiýet ulgamyny ösgertmegi, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmegi talap edýär.
Şu maksat bilen, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerini ösdürmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreleriň toplumy siziň garamagyňyza hödürlenýär. Bu meselä degişli ähli resminamalar size berildi. Siz olar bilen tanşansyňyz. Men şu ýerde bu meseläniň düýp mazmunyny ýatladyp geçeýin.
Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryş çykdajylaryny azaltmak, Geňeşleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, ilatly ýerleri amatly şertlerde, talabalaýyk ýerleşdirmek, dolandyryş merkezleriniň oba ilatynyň golaýynda bolmagyny gazanmak, oba ilatyna zerur hyzmatlary doly elýeterli etmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.
Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Mejlisine we Ministrler Kabinetine, welaýatlaryň häkimliklerine kiçi şäherçeleri iri şäherçelere birleşdirmek, şu çäreleri durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman talaplarynyň derejesinde ýaşaýyş jaýlary bolan şäher nusgaly täze şäherçeleri gurmak we ähli amatlyklary bolan şol şäherçelere ilaty göçürmek boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyrylýar.
Täze dörediljek geňeşlikleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen we öz üstüne ýüklenen wezipelerini ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, olary hojalyk taýdan özbaşdak bolarlary ýaly zerur maliýe serişdeleri bilen, şol sanda iri fermer hojalyklaryny döretmegiň hasabyna üpjün etmeli.
Oba ilatyna öz wagtynda we ýokary hilli jemagat hyzmatlaryny etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine täze dörediljek şäher nusgaly şäherçelere şertnama esasynda hyzmat etmek üçin olary öz hyzmat ediş çäklerine goşmak tabşyrylýar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Merkezi bankyna, Baş döwlet salgyt gullugyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine pes hasyl berýän ýerleri özleşdirmegiň we ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu maksatnamada fermer hojalyklaryna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, hojalygy ýörediji beýleki taraplara ýeňillikli karzlary bermegi we ýeňillikli salgyt salmagy göz öňünde tutmaly. Şeýle hem, ýerden we suwdan rejeli peýdalanmaga mümkinçilik berjek iň oňat taslamalary işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etmeli.
Türkmenistanyň Mejlisine we Ministrler Kabinetine, welaýatlaryň häkimliklerine bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bellenen çäreleriň netijeliligini we ähmiýetini anyklamak maksady bilen, her welaýatda bir etraby synag geçirmek üçin kesgitlemek teklip edilýär.
Oba ilatynyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin, ine, şeýle çäreler teklip edilýär. Siz bu çäreleri goldarsyňyz diýip, pikir edýärin.

Türkmenistanyň iň täze taryhynda möhüm waka öwrülen şanly senä—Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilen gününiň 17 ýyllygyna çenli iki aýa golaý wagt bar.
Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň aýratyn ornuny kesgitleýär, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga ýardam berýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde täze ýagdaýdyr.
Ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolandan soň, toplan ähli syýasy tejribesi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy saklamaga we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýokary derejede ýardam edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň adamzadyň durnukly ösüşine, ony harby we ekologik howplardan goramaga, dünýä giňişliginde ynanyşmak ýagdaýyny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryna Milletler bileleşiginiň ýokary baha berýändigini nygtamak isleýärin. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň münberinden Türkmenistanyň yglan eden başlangyçlarynyň dünýäde örän giň seslenme döredendigi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda has-da giňeltmek boýunça edýän tagallalary hem örän oňyn kabul edilýär.
Hususan-da, raýatlaryň syýasy partiýalara erkin birleşmegi, köp partiýalylyk ulgamynyň döredilmegi, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlaryň geçirilmegi we bu saýlawlaryň dowamynda häkimiýet ugrunda bäsleşik esasynda göreşmek üçin hakyky şertler we kepillikler göz öňünde tutulan «Syýasy partiýalar hakyndaky» kanunyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty ýurdumyzyň dünýä üçin giňden açyklygy, milli bähbitlere eýerýändigi, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini netijeli çözmäge taýýardygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirilendir. Şeýle hem, biziň alyp barýan syýasatymyz dürli döwletler bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklara, halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge esaslanýar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yglan eden başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Diňe bir ýurdumyzyň içerki bähbitlerine däl-de, eýsem, sebit we bütin dünýä derejesinde hem ýurtlaryň we halklaryň ösüşi bilen bagly örän möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilendigi bu başlangyçlaryň möhüm aýratynlygydyr.

Biz ýurdumyzyň geçen döwürde gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri barada durup geçdik. Şeýle hem, jemgyýetimiziň we ata Watanymyzyň, bütin halkymyzyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik maksatlara tarap mundan beýläk-de öňe gitmegi üçin ýakyn döwürlerde öňümizde durýan, amala aşyrylmaly wezipeleri kesgitledik. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalarymyzy goldarsyňyz diýip, pikir edýärin.
Biziň gazanan üstünliklerimiz bilen birjik-de arkaýynlaşman, öňe gitjekdigimize hem-de berkarar Watanymyzyň ykdysady we ruhy - medeni kuwwatyny artdyrmak üçin has uly möçberli maksatlary we belent wezipeleri durmuşa geçirmegi başarjakdygymyza berk ynanýaryn!
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleriň hem-de «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan strategik maksatlaryň doly we üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine men berk ynanýaryn!
Mähriban halkymyzyň iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän şertlerde, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna beýik işleri amala aşyralyň!
Hormatly adamlar!
Eziz Watanymyzyň—Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, yhlas edeliň!
Öňe, öňe, jan Watanym, Türkmenistan!