Ï Täze desgalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze desgalaryň açylyş dabaralary

view-icon 712
Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňýanynda Gurbansoltan eje adyndaky etrapda sport desgalarynyň üsti ýene bir täze bina bilen ýetirildi. Bu ýerde Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşligiň Meniş obasynda 365 orunlyk täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

“Allanur gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilen täze sport desgasynda woleýbol, basketbol, tennis, gandbol, boks, gündogaryň başa-baş söweşleri, dzýudo we beýlekiler ýaly sportuň birnäçe görnüşleri, bilen bir wagtyň özünde meşgullanmak üçin ähli şertler döredilipdir. Ýaşlar bu ýerdäki türgenleşik enjamlarynda ýa-da sagaldyş gimnastikasy bilen meşgullanyp öz saglygyny berkidip bilerler. Täze mekdep esasy sport zallarynda gurlan tomaşaçylar üçin gurlan münberiler netijesinde dürli bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüler. Zallaryň golaýynda eminleriň otagy, lukmançylyk otagy we beýleki şu halatlarda zerur bolan degişli jaýlar ýerleşdirilipdir. Mekdebiň ýanaşyk ýerleri birkemsiz abadanlaşdyrylyp, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda uly futbol meýdançasy bar, onuň töwereginde ylgaw ýodajyklary ýerleşýär.

Mekdebiň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy, türgenler we döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Dabara gatnaşyjylar oba ýerlerinde sport desgalarynyň şeýle ýokary depginler bilen gurulmagynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek we halk köpçüliginiň sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketine gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýandygyny bellediler.

Bu iri möçberli maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde welaýatyň ähli şäherlerinde we obalarynda stadionlary bolan iri sport toplumlary we häzirki zaman sport mekdepleri peýda boldy. Häzirki wagtda dürli maksatly sport desgalary sebitiň obalarynda hem gurulýar. Mysal üçin, dürli halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän agyr atletikaçy türgenleri bilen meşhur bolan etrabyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginde ýene bir täze sport mekdebi bina edilýär. Şeýle desgalar we 1500 orunlyk stadionlary bolan sport toplumlary S.A.Nyýazow adyndaky, Akdepe, Ruhubelent etraplarynyň geňeşliklerinde gurulýar.