Ï Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlaryň işewürlerini we resmi wekillerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlaryň işewürlerini we resmi wekillerini kabul etdi

view-icon 620
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Nebitgazsenagatçylar birleşiginiň geňeşiniň başlygy, “Soýuzneftegaz” döwletara nebit kompaniýasynyň müdüriýetiniň başlygy Ýuriý Şafranigi hem-de“Soýuzneftegaz” döwletara nebit kompaniýasynyň müdüriýetiniň başlygynyň birinji orunbasary Gissa Guçetli kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy hem-de mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, abadançylyk we oňyn özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan russiýaly hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip belledi hem-de “Soýuzneftegaz” döwletara nebit kompaniýasy Russiýanyň ýokary okuw merkezlerinde hünärli milli işgärleri taýýarlamakda işjeň ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhmanlar Türkmenistanda amala aşyrylýan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasyny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Ýuriý Şafranik Russiýanyň nebitgazsenagatçylarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da giňeldip, bilelikdäki täze taslamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini habar berdi.

Rus kompaniýasynyň nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny goldap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmakda ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär diýip belledi we degişli ugurda hyzmatdaşlyk boýunça anyk teklipleriň berilmegini tabşyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we “Soýuzneftegaz” döwletara nebit kompaniýasynyň wekilleri birek-birege täze üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin esasda üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Kogonini, “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Sergeý Tkaçenkony we “KamAZ FTS Сorp.” kompaniýasynyň direktory Artur Muraşkini kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iri rus kompaniýasynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy milli baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni hem-de röwşen Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Myhmanlar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, tutuş türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň ägirt uly özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “KamAZ” Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda giňden ulanylýan belli rus kompaniýasynyň tehnikasy özüni gowy tarapdan görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň barşynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy. “KamAZ”-yň Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirmek bilen, kompaniýanyň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.

Milli Liderimiz “KamAZ”-yň wekillerine özara gatnaşyklar bilen bagly meselelere düýpli çemeleşýändikleri üçin minnetdarlyk bildirip, ösüşiň geljegi uly meýilnamalaryny nazara almak bilen Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän oňaýly şertler döredildi diýip belledi.

Duşuşygyň ahyrynda belli rus kompaniýasynyň wekilleri hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini özara bähbitlere netijeli amala aşyrmak maksadynda ähli tagallalary etjeklerini aýtdylar.

* * *

Şu gun Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýkony, “SA Interbudmontaž” müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy, “Altkom” maliýe-senagat toparlarynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandyr Tislenkony we “Ýewroaziatskiý truboprowodnyý konsorsium” kompaniýalarynyň toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Andreý Çebanenkony kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna şanly sene bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollan Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanikowiçiň mähirli gutlag sözlerini ýetirdiler.

W.Maýko syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarda Türkmenistany Ukraina bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belläp, öz ýurdunyň ikitaraplaýyn ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundane beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlary mübärekläp we öz ukrain kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini ýetirip, Türkmenistanyň hem Ukraina bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ikitaraplaýyn peýdalylyk ýörelgelerine esaslanan däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalpandyrmaga çynlakaý üns berýändigini belledi.

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri hakynda bolan gyzyklanyp pikir alyşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň baştutanynyň orunbasary bbilelikdäki netijeli işiň uly tejribesi, şeýle hem iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryn nazara almak bilen netijeli gatnaşyklary gyşarnyksyz giňeltmäge taraplaryň erk-islegini we çuňňur gyzyklanýandygy bilen berkidilen bar bolan uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanmak bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň barşynda “Altkom” maliýe-senagat toparynyň, “Ýewraziýatskiý turuboprowodnyý konsorsium” kompaniýalar toparynyň we “Sa Interbudmontajyň” ýolbaşçylary türkmen bazarynyň örän geljeginiň uludygyny nygtap, Ukrainanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen , şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda, gurluşyk senagatynda we beýleki pudaklarda ýakyndan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýokary derejede gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ukrain işewürleriniň hyzmatdaşlyk etmäge jogapkärçilik bilen çemeleşýändiklerini makullap, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda täze tehnologiýalary we häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýan Türkmenistanyň hemişe dostlukly ýurtdan bolan kompaniýlaryň pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna we bilelikdäki taslamalara gatnaşmagyna degişli tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz we myhmanlar hoşlaşanlarynda, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de iki dostlukly ýurduň bähbitleri üçin üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Şewalýew hem gatnaşdy.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Ekson Mobil Apstrim Wençerz” amerikan nebit kompaniýasynyň wise-prezidenti Maýkl Krýuzy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy umumymilli baýram bolan Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy. Işewür kompaniýanyň nebit we gaz çykarmagyň möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurlygyny ýola goýmaga gönükdirilen öz energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Geljegi örän uly türkmen bazaryny häsiýetlendirip, Maýkl Krýuz şunuň ýaly ýokary bahanyň diňe bir garaşsyz ekspertleriň tassyklan ägirt uly uglewodorod serişdeleri üçin däl-de, eýsem, ýurtda işewürler üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny, syýasy durnuklylygy we Türkmenistanyň amatly ýerde ýerleşýändigini hem hasaba almak bilen berilýändigini nygtady.

Şunda türkmen Lideriniň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça öňe süren başlangyçlarynyň örän möhümdigi aýratyn bellenildi. Şol başlangyçlar bolsa daşary ýurt maýadarlarynyň Orta Aziýada we Hazar sebitinde iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň uly tejribä we nebitgaz pudagynda ägirt uly önümçilik kuwwatlyklara eýe bolan hem-de bütin dünýäde iň öňdebaryjy tehnolgiýalary işläp taýýarlamakda uly abraýdan peýdalanýan kompaniýa bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny tassyklady. Innowasiýa tehnologiýalaryny we inžener-tehniki pikiriň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak üçin geologiýa—gözleg işlerini geçirmekde ýurdumyzyň örän baý uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport düzümini döretmekde giň mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda myhman türkmen döwletiniň Baştutanyny “Ekson Mobil Apstrim Wençerz” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen köpugurly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny ynandyrdy.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutany bilen mähirli görşüp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köptaraply işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklap, halkara işewür toparlarynyň gyzyklanyp üns berýän, depginli ösýän türkmen bazarynyň ýokary derejede geljegi uludygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, “Iteranyň” Türkmenistanyň ygtybarly işewür hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde özüni görkezendigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol kompaniýa bilen bilelikde iri taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunda döwlet Baştutany biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady we durmuş düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça uly möçberli maksatnamalaryň örän dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklar üçin täze giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ösüşiniň esasy ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Jenap Igor Makarow kompaniýanyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat bermek bilen, “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başyny başlaýan täze tasalamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Işewüriň ynandyryşy ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy geljekde-de öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşer.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimize kabul edendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Igor Bukatony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň baş döwlet baýramy—Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat, ýurduň gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýandygyny belläp, Igor Bukato holdingiň netijeli özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutany gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Sankt-Peterburgdan bolan bu belli kompaniýa bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belledi. Bu kompaniýa Russiýanyň ýol-ulag gurluşygy ulgamynda we beýleki birnäçe ugurlar boýunça işleýän iň iri holding kärhanalarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, “Wozroždeniýe” kompaniýalar topary Türkmenistanda şu ýyl Aşgabatda we onuň eteklerinde—Ahal welaýatynyň çäklerinde, geçen ýyl bolsa deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde ulanmaga berlen iri ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň birnäçesiniň baş potratçysy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan, uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen iri möçberli toplumlaýyn durmuş-ykdysady ösüşi nazar almak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany bilen hoşlaşanda Igor Bukato “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň özüne bildirilen ynama buýsanýandygyny we geljekde hem hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çesmeleşjekdigine türkmen Liderini ynandyrdy.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Total” nebitgaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kristof de Maržerini kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirip, işewür milli Liderimizi döwlet Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bilen gutlady we özara duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden şatdygyny aýtdy.

“Totalyň” ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, iri fransuz işewür toparlarynyň we ilkinji nobatda energetika pudagyna wekilçilik edýän, şeýle hem degişli düzümi ösdürmek, dürli ugurlarda ýokary tehnologiýalary işläp düzmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň Türkmenistana artýan gyzyklanmasy köp babatda biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginleri we bu ýerde döredilen oňaýly maýa goýum ýagdaýy bilen şetlendirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Kristof de Maržeri öz kompaniýasynyň Türkmenistan bilen maýa goýumlary ulgamynda , gözleg-barlag işlerinde, ýataklary özleşdirmekde we ulanmakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň iki ýurduň ýokary derejede gazanan ylalaşyklaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýdyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara gatnaşyklaryň şol meýilnamalarynyň biziň döwletimizi senagat taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerine gabat gelýändigini belledi. Şunda häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary diňe bir milli ykdysadyýetimiziň çig-mal pudagyna däl-de, eýsem, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmäge çekmek meselesi örän möhüm bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we türkmen-fransuz gatnaşyklaryny ilerletmäge ýardam etjek işewür gatnaşyklary has-da berkitmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” kompaniýasynyň baş direktory Žil Remini kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Žil Remi pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy umumymilli baýramçylyk—ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw etdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, belli fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Bu kompaniýa bilen netijeli gatnaşyklar eýýäm köp ýyllar bäri işjeň ösdürilýär. Türkmenistanda häzirki zaman tehnologiýalary we daşary ýurtly hünärmenleriň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýetiň berilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyz özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin, ilkinji nobatda dünýä işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we “Sifalyň” ýolbaşçysy netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Bilelikde üstünlikli işlemekde toplanan uly tejribe şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, fransuz işewürleri tarapyndan Türkmenistana üýtgewsiz artýan gyzyklanma köp babatda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi we onda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Žil Remi öz kompaniýasynyň dürli ugurlar boýunça, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat we ýaşaýyş jaý gurluşygynda, aragatnaşyk we elektronika, konsalting we ekspert hyzmatlary ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Žil Remi döwlet Baştutanymyza özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Winçi Konstruksýon Gran Prože” fransuz komaniýasynyň prezidenti we baş direktory Alen Bonnony kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk hildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurban baýramy bilen mähirli gutlady we döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň ýöredýän oňyn syýasaty Fransiýanyň we tutuş Ýewropanyň işewür toparlarynyň halkara giňişliginde abraýy günsaýyn artýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma birlirmegini şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda “Winçi Konstruksýon Gran Prože” ýaly kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman duşuşygyň barşynda bilelikde işlemekde toplanan tejribe we netijeli işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikler bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Alen Bonna döwlet Baştutanymyza kompaniýa ynanylan taslamalaryň ilerleýşi hakynda habar berip, “Winçi Konstruksýon Gran Proženiň” öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine berk eýerjekdigini aýtdy. Myhman şeýle hem halkara gurluşyk bazarynda öňdebaryäy orunlaryň birini eýeleýän fransuz kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga hem-de Türkmenistana öz önümçilik kuwwatyny, öňdebaryjy işläp düzmelerini we degişli hyzmatlaryň giň toplumyny hödürlemäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Alen Bonno döwlet Baştutanymyza özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Winçi Konstruksýon Gran Proženiň” Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylýandygyny tassyklady.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Tales” kompaniýasynyň wise-prezidenti Mişel Rikary kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Mişel Rikar milli Liderimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Işewür döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, şu baýramçylyk günleri Aşgabatda bolmak hem-de şanly senä gabatlanan dabaralara gatnaşmak mümkinçiligine şatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan öz ösüşinde innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ugur edinip, bu ulgamda esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, şol kompaniýalaryň arasynda öňdebaryjy tehnologiýalar babatda dünýä bazarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Tales” hem bar diýip belledi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan ýeri bolan Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Myhmanyň belleýşi ýaly, “Tales” kompaniýasy Türkmenistana dürli ugurlarda, şol sanda aerokosmiki tehnologiýalar ulgamynda toplan tejribesini we innowasion işläp düzmelerini hödürlemäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler raýat awiasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem Türkmenistanyň 2014-nji ýylda äleme çykarylmagy meýilleşdirilýän milli emeli hemrasyny döretmek boýunça fransuz kompaniýasyna ynanylan taslamany amala aşyrmagyň barşyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanymyza “Talesiň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny we geljekde hem özüne bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “NATA” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi.

Türk holdinginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutany bilen görşüp, duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Myhman türkmen bazarynyň örän özüne çekijidigini we daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň işlemekleri üçin döredilen amatly şertleri belläp, dünýäde iri gurluşyk potratçasynyň biri bolan, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen döwletiniň ykdysady we senagat düzümleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli özgertmeler maksatnamalaryna we taslamalaryna işjeň gatnaşýan türk hyzmatdaşlary bilen uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany we myhman “NATA” bilen bilelikde Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Işewür biziň ýurdumyzda Türkiýäniň esasy gurluşyk holdinginiň geçirýän işi hakynda Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem hyzmatdaşlyk taslamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz we “NATA”-nyň ýolbaşçysy gurluşyk we ulag-aragatnaşyk ulgamy ýaly türkmen ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde türk kompaniýasynyň işiniň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenip geçilişi ýaly, bu iri kompaniýa köpri gurluşyk we demir ýol düzümlerini gurmak babatda möhüm işi amala aşyrýan hyzmatdaş hökmünde özüni görkezdi, bu bolsa ýurdumyzyň ulag toplumynyň has depginli ösýän ugruna degişlidir. Myhman Türkmenistanda durmuşa geçirilýän uly möçberli milli taslamalar babatda mundan beýläk-de işewür gatnaşyklara degişli birnäçe teklipleri aýtdy.

Oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda “NATA” ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyny kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Polimeks Inşaat A.Ş.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy şanly sene--ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 21 ýyllygy, şeýle hem Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Häzir dünýäde Türkmenistana hem-de onuň Liderine uly gyzyklanma bildirilýär, döwlet Baştutanynyň alyp barýan özgertmeler syýasaty ýurduň ählumumy ykrar edilmegini we ýokary halkara abraýyny şertlendirdi diýip, türk işewüri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähdidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz “Polimeks Inşaat A.Ş.” gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gutlag sözleri we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň işewür hyzmatdaşy bolup durýan kompaniýanyň tutuş ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmaga uly goşant goşýandygyny belledi.

Kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge çuňňur gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Erol Tabanja hormatly Prezidentimize dürli maksatly desgalary gurmak boýunça kompaniýa ynanylan taslamalary amala aşyrmagyň barşy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi hem-de özüniň ýolbaşçylyk eýdän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny we sarpa goýýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanyna bildirýän uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, kompaniýanyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigini hem-de milli Liderimiziň başyny başlan, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen ägirt uly taslamalaryny durmuşa geçirmäge öz mynasyp goşandyny goşjakdygyny aýtdy.